1.1 Hudaýyň barlygy

"Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir" (Ýewreýler 11:6). Bu okuw gollamanyň maksady Hudaýa gelmek isleýän hem-de „Onuň barlygyna” ynanýan adamlara ýardam bermekden ybaratdyr. Şonuň üçin biz bu ýerde Onuň barlygyna bolan ynamy berkidýän soraglarda saklanmarys. Öz bedenimiziň çylşyrymly gurluşyny öwrenmek bilen  (ser. Zebur 140:14), gülüň ajaýyp keşbine haýran galmak bilen, açyk howada gijesine asmanyň çäksiz uzaklygyna ser salmak bilen pikir edenimizde hem-de ýaşaýşyň beýleki köp sanly göze görünýän zatlary hakynda hem pikir edenimizde ateizm hakyndaky islendik pikiri gürrüňsiz aýyrýarys. Onuň barlygyna çuňňur ynam bilen bilen öwrenmekden Hudaýyň asla ýoklugyna ynanmazlyk has kynrakdyr, çünki Hudaýsyz älemde bolup geçýän ähli zadyň tertibi, maksady, manysy we doly düşündirişleri bolmazdy. Bularyň hemmesi özüni ateist hasaplaýan adamyň durmuşynda gürrüňsiz ýüze çykýar. Şol zerarly näme üçin hem köp adamlaryň materializmiň höküm sürýän jemgyýetinde ýaşamaklaryna garamazdan Hudaýyň barlygyna mümkinçilik berýändikleri aýdyň bolýar.

Emma, nähilidir bir ýokary güýjüň barlygy baradaky düşnüksiz düşünjäniň we Hudaýyň Özüne wepadar hyzmat edýänler baradaky berk düşünjäniň arasynda ullakan tapawut bar. Ýewreýlere 11:6 aýatda bu barada şeýele aýdylýar: „Iman etmezden hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, hem-de Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir".

Mukaddes Kitapda Taňrynyň halky bolan Ysraýyl barada köp aýdylýar. Olaryň Hudaýyň barlygyna bolan ynamlary Hudaýyň wadalaryna bolan imanlary bilen gabat gelmändigi birnäçe gezek bellenilip geçilýär. Olaryň beýik serdary Musa olara şeýle diýipdi: "Şeýlelikde muny bil hem-de Rebbiň ýokarda asmanda we aşakda ýerde Hudaýdygyny hem-de Ondan başga ýene hiç kimiň ýokdugyny kalbyňa sal. We Onuň buýruklaryny we Onuň wesýetlerini aýawly sakla" (Ikinji Kanun Kitaby 4:39,40).

Bu duýduryş bize hem degişlidir: Hudaýyň barlygy baradaky hakykat biziň Oňa gös-göni derejede göz ýetirip bilýändigimizi aňladýan däldir. Eger-de biz çyn ýürekden Ýaradyjymyzyň barlygyna ynanýan bolsak, onda biz „Onuň buýruklaryny we Onuň wesýetlerini aýawly saklamalydyrys”. Şonuň üçin-de, aşakdaky baplarda bu buýruklaryň we wesýetleriň nämäleri aňladýandyklaryna we olary neneňsi derejede ýöredmelidigine düşündirişler berilýär. Biz Mukaddes Kitapdan özümize gerekli bolan sowallary näçe tapdygymyzça, şonça hem biziň Hudaýyň barlygyna ynamymyz artar: Şeýlelik bilen, iman eşitmekden, eşitmek hem Hudaýyň sözi arkaly bolýandyr” (Rimliler 10:17). Edil şunuň ýaly-da Işaýa pygamberiň kitabyndaky aýatlar 43:9-13 Taňrynyň weliligini nähili düşünmelidigini görkezýär: "Men duýduryş beripdim hem-de halas etdim we habar berdim; sizde mundan başga zat ýokdyr, we siz Meniň Hudaýdygymyň – Meniň şaýatlarymsyňyz, diýýär Reb, günler başlaly bäri Meniň şol durşumdyr" (Işaýa 43:12,13) – başga sözler bilen, Taňrynyň Ady şunuň ýaly has dogry görkezilýär: "Men Bar Bolanyň Özüdirin" (Çykyş 3:14). Resul Pawlus Weriýa şäherine geldi. Bu Häzir Gresiýanyň demirgazygynda ýerleşýär. Hemişeki bolşy ýaly, ol Mukaddes Ýazgylary wagyz edipdi („ýagşy habarlary”). Ýöne adamlar diňe bir Resul Pawlusyň: „Olar her gün Ýazgylary gözleşdirip, sözi  (Pawlusy däl-de, eýsem Hudaýy) bütin göwünjeňlik bilen kabul etdiler: şeýdip birentegi iman etdi”  (Resullaryň Işleri 17:11-12). Olaryň imany öňden ynandyrylan bolman, eýsem Mukaddes Kitabyň wagtal-wagtal („gündelik”) we yzygiderli („bu hakykatdan hem şelemikä”) okalmagy bilen şertleşdirilendir. Hakyky iman olara edil Taňrydan garaşylmadyk ýagdaýda bolup gelmän, eýsem ýürekdäki özboluşly ruhy işler bilen Taňrynyň sözü bilen laýyk edilmän gelipdir. Onda Billi Grehemiň diregine ýa-da Pentikost sektasynyň agzalarynyň ýyganygyna gidýän adamlar yzlaryna „imanly” bolup gaýdýarkalar? Munuň ýaly iman Mukaddes Kitabyň hakykatyna esaslanmadykdyr. Şonuň üçin bu boşdur. „Täze iman edenler” özleriniň soňky mesihi durmuşlarynda muny hökmany suratda duýarlar. Şol zeraröy hem köp adamlar ýewangeliýon hereketden daşlaşýarlar.

Mukaddes Kitabyň esaslaryny öwrenmegiň maksady okyjynyň hakyky imana aralaşmagy üçin, Mukaddes Ýazgylary yzygiderli özbaşdak öwrenmek üçin ýoly açmakdan ybaratdyr. Hoş Habaryň hakyky sözüniň we hakyky imanyň arasyndaky baglanyşyk köplenç Mukaddes Kitaby beýan edip düşündirilende bellenilýändir.

·        „Korintoslylaryň köpüsi muny eşidip iman etdiler we çokundyryldylar” (Resullaryň Işleri 18: 8).

·        Adamlar „Hoş Haba sözüni eşidip, iman etdiler” (Resullaryň Işleri 15:7).

·        „Biz şeýle wagyz edýäris, siz hem şeýle iman getirdiňiz” (1 Korintoslylar 15:11).

·        „Tymsalyň manysy şeýle: tohum Hudaýyň sözüdir” (Luka 8:11).

·        „Reb diýdi: “Eger siziň bir gorçisa däänesi ýaly  imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Şu ýerden goparyl-da, deňizde göger!” diýsediňiz, ol size gulak asar” (Luka 17:6).

·        „Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir” (Rimliler 10:8).

·        „Imanyň eýeren oňat taglymatynyň sözleri bilen...” (1 Timoteos 4:6).

·        Hudaýa we Onuň sözüne bolan iman üçin açyk ýürekde (Galatýalylar 2:2; Ýewreýlere 4:2 bilen deňeşdir).

·        Resul Ýahýa Rebbimiz Isanyň durmuşyny beýam edip, şeýle diýdi: “Ol siz iman eder ýaly, özüniň dogry aýdýanyny bilýändir” (Ýahýa 19:35).

·        „Olary hakykatyň bilen mukaddes et, Seniň sözüň hakykatdyr” (Ýahýa 17:17).