Hudaý – bu biziň
keşbimiz ýaly bedenli, duýup bolýan hakyky
şahsyýetdir. Hristiançylygyň esasy dogmasy – Isa
Mesihiň Hudaýyň Ogludyr. Eger-de Hudaý fiziki
şahsyýet bomadyk bolsa, onda „Onuň barlygynyň
keşbi” (Ýewreýler 1:3) diýilýän ogul
Onuň üçin mümkin bolmazdy. Soňra bolsa, eger-de bu
„Hudaý” biziň aňymyzda älemiň bir ýerinde
mesgen tutýan goýy ruh kimin aňymyzda peýda
bolýan bolsa, onda „Hudaý” bilen janly meňzeşligi bolan
şahsyýeti göz öňüne getirmek kyn bolýar.
Köp dinlerde Hudaý barada munuň ýaly hakyky bolmadyk,
duýgur bolmadyk düşünjäniň bolmagy baradaky
şol fakt gaýgylandyrýar.
Biz bilen
deňeşdirilende, Hudaý şeýle bir beýikdir
welin, hatda biziň ahyrsoňy Hudaýy görüp biljegimiz
baradaky anyk wadalarynyň hasyl bolmagynyň mümkinçiligini
aradan aýyrýan şeýle imany köp adamlaryň
almaga ýykgyn etmegi aýdyň bolýar. Emma
şeýle bir iman bardyr we bu hem Hudaýy bilmekden we
Onuň sözüne iman etmekden saçýandyr:
„Ýüregi
päkler bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar” (Matta 5:8).
„Biziň (hatda hqzir hem) Hudaýyň
balalary adyny almagymyz üçin ata bize, gör, nähili
söýgi beripdir..Biz şindi Hudaýyň balalarydyrys; näme boljagymyz entek aýan bolanok; ýöne Mesih aýan bolanda (Özüni görkezende),
Onuň ýaly boljakdygymyzy bilýäris; çünki Ony bolşy
ýaly göreris” (1 Ýahýa 3:1-2).
„Bendeleri Oňa gulluk
eder. Onuň ýüzüni görer, maňlaýlarynda
Onuň ady bolar”
(Ylham 22:3-4).
Eger-de biz myňa
tüýs ýürekden ynansak, onda munuň ýaly
ajaýyp umytbiziň durmuşymyza uly täsir eder:
„Hemmeler bilen
parahayçylykda ýaşamak, mukaddes bolmak üçin
taglla ediň. Mukaddes bolman, hiç kim Rebbi görüp bilmez” (Ýewreýler 12:14).
Biz „Ony bolşy
ýaly göreris. Oňa umyt baglan her kes Onuň sap bolşy
ýaly, özüni saplar” (1 Ýahýa 3:2-3).
Bu durmuşda biziň
Göklerdäki Atamyz baeadaky düşünje doly bolman
galýar. Ýöne geçip bolmajak garňkylyň
içinden my ahyrsoňy Onuň bilen duşuşmaga
garaşyp bilýäris. Biziň Ony fiziki taýdan görşümiz
Ol barada oý-hyýalymyzdaky göz öňüne
getirmelerimiz bilen hökmany suratda deňeşdiriler.
Şeýdip Eýup hem ynsan ejir çekmeleriniň
gutarnyksyz çuňluklaryndan Hudaý bilen doly şahsy
baglanyşyga şatlanyp bilipdir we muňa ömrüniň
ahyryna çenli akyl ýetirip gelipdir: „Ol soňky gün
meniň bu lagşaýan derimiň jesedinden gaýtadan
diker (ýagny ölümden soň); we men tende
Hudaýy görerin. Men Ony özüm görerin; meniň
gözlerim özgäniň gözleri däldir, Ony
görerler” (Eýup 19:25-27).
Resul Pawlus özge
durmuşyň agyrsyndan we başagaýlygyndan seslendi: „Şindi
her zady aýnadaky ýaly ümüzli
görýäris, ýöne şol wagt
ýüzbe-ýüz göreris” (1 Korintoslylar 13:12).
Köne Ähtiň wajyp
materialynyň esasynda bar bolan Täze Ähtiň wadalary
Hudaý barada teni bar bolan şahsyýet hökmünde
aýdýarlar. Mukaddes Kitabyny öwrenmekde esaslanýan
hakyky diniň düşünjesine eýe bolmak üçin,
Hudaýyň aslyýetini bilmegiň şeýle
wajyplygyny aýtmak uly bolmasa gerek. Köne Ähtde hemişe
Hudaý şahsyýet hökmünde aýdylýar.
Köne Ähtde aýdylyşy ýaly Täze Ähtde-de
Hudaý bilen şahsy gatnaşyklar hakyky mesihiniň umydy
üçin ajaýyp hadysadyr. Aşakda getirilen mysallar
Hudaýyň ten bar bolan şahsyýet hökmünde
barlygyny tassyklaýan anyk şaýatlar hökmünde
ýardam edýändir:
· "Şonda Hudaý şeýle diýdi: adamy Öz keşbimize (hem-de) Özümize kybapdaş edip ýaradalyň" (Barlyk Kitaby 1:26). Şeýlelikde, adam Perişdeleriň üsti arkaly aýan bolşy ýaly Hudaýyň keşbine we şekline görä ýaradylypdyr. Bu sözler adamyň akyl taýdan keşbine degişli bolup bilmez. Çünki aslyýetinde biziň aňymyz Hudaýdan doly derejede aýrylandyr we köp taraplarda ol gös-göni Onuň takwalygyna garşy gelýändir: "Meniň pikirlerim – siziň pikirleriňiz däldir, siziň ýollaryňyzy bolsa, Meniň ýollarym däldir, diýýär Reb. Ýöne asmanyň ýerden beýikde bolşy ýaly, Meniň ýollarym siziň ýollaryňyzdan beýikdedir, Meniň oý-pikirlerim-de siziň pikirleriňizden ýokardadyr" (Işaýa pygamber 55:8-9). Şuňa görä-de, biziň Hudaý bilen bölüşýän keşp we şekil hem fiziki usulda bolmalydyr. Ýerde Perişdeleri haçanda görseler, olar hemişe adam keşbinde beýan edilýändir. Şeýlelikde, mysal üçin Ybraýym öňünde adaty adamlar duran öýdüp, oýlanmazdan Perişdeleri kabul edipdi. Biziň Hudaýyň şekline görä ýaradylandygymyz biziň öz-özümize meňzeş bolan şol hakyky zat barada nähilidir bir netije çyjaryp bilýändigimizi gürrüňsiz aňladýandyr. Biz Hudaýyň keşbine görä bolandygymyz üçin, Ol göz öňüne getirip bolmajak nähilidir bir bulaşyk bar bolan ýaly gökezilýän däldir.
·
Perişdleriň
özleri hem Hudaýyň şeklini
görkezýändirler. Şeýdip Hudaý Musa barada
şeýle aýdyp bilipdi: "Men onuň bilen dilme-dil
gürleşýärin hem-de aýdyň...we ol Rebbiň
keşbini görýär" (Sanlar 2:8). Bu Rebbiň
adyny göterýän Perişdäniň beren Musanyň
görkezmesine degişlidir (Çykyş Kitaby 23:20, 21). Eger-de
Perişde Rebbiň şeklinde bolan bolsa, onda mundan
Hudaýyň hem edil Perişdäniňkä kybapdaş
bolan görnüşdedigini aýtmak bolar, ýagny bu ten we
gandan has ýokary çäksiz tebigy bolmagyna garamazdan,
Onuň ynsanyň keşbi ýaly keşbindedigini aýtmak
bolar. "Reb biriniň edil öz dosty bilen
gürleşişi ýaly Musa bilen
ýüzbe-ýüz gürleşdi"
(Çykyş Kitaby 33:11; Ikinji Kanun 34:10). Reb Özüni
Öz Perişdeleriniň keşbinde aýan edipdir. Olaryň
ýüzleri we agyzlary Rebbiň Öz ýüzüne we
agzyna kybapdaş bolupdyr.
Eger-de Hudaý hakyky
şahsyýet bolmadyk bolsa, onda mukaddesligiň derejesine
düşünmeklik kyn düşerdi. Eger-de Hudaý doly
derejede takwa bolsa, ýöne material substansiýasy bolmadyk bolsa,
onda biz Onuň adamlara aýan edýän takwalygyny hakykatda
kabul edip bilmezdik. Ewreýler hem edil ynamdan dänen hristianlar
ýaly, Hudaýyň makul bilýän Taňrynyň
akyl taýdan şekilini bizde nähilidir bir ýol arkaly
döredýän salgym ýaly bolup duran „mukaddes
Ruhuň” üsti arkaly Hudaýyň dindarlygynyň
biziň durmuşymyzya girýändigini tassyklaýarlar.
Biz hem öz gezegimizde Hudaý diýilýän
şahsyýätiň barlygyny kabul edýän bolsak, onda
biz Onuň kömegi hem-de Onuň sözüniň täsiri
arkaly öz gylyk-häsiýetlerimizi gowulamak işlerini
geçirip we şeýle hem özümizde Taňrynyň
häsiýetlerini ösdürip bileris.
Hudaýyň maksady
Özüni köp şöhratly mahluklarda görkezmekden
ybaratdyr. Onuň asyl Ýahwe Ellihim ady bu barada
şaýatlyk edýär (mysalda terjime edilende, bu „kuwwatly
boljak Birini” aňladýandyr). Ýöne gelejekde
Taňrynyň ýerdäki Şalygynda hakyky iman
üçin sylaglaryň beýannamasy munuň ýaly
imanly adamlaryň ynsan gowşaklyklaryny gaýdyp başdan
geçirmejekdiklerine garamazdan, göze görnüp duran beden
şekilde boljakdyklaryny görkezýär. Eýup hem
özüniň bedeniniň direlmegine garaşyp, „soňky
güni” üçin gaýgy-gama batypdyr (Eýup
19:25-27). Ybraýym hem ýer ýüzünde hakyky
ýer bolan wada berlen Kengan ýerini miras almagy üçin
(Barlyk Kitaby 17:8) munuň ýaly: „Topragyň gumunda uklap
ýatanlaryň köpüsi oýanarlar...ebedi
ýaşaýyş üçin” (Daniýel 12:2)
diýlen aýatda aýdylýan adamlaryň biri bolmaly.
„Takwallar hem gaty heşelle kakar...Takwalar şöhrat
içinde begensin, düşeklerine gygyryp aýdym
aýtsyn; hökümi olar barada ýerine ýetirsinler”
(Zebur 132:16; 149:5, 9). Ýewreýleriň hem-de
ýereý däl bolanlaryň munuň ýaly
aýatlara düşünmäge ukypsyzlygy Ybraýyma
berlen wadalaryň gös-göni manysy ýaly bolup,
„ölmez-ýitmez jany” adam ýaşaýşynyň
real formasy hökmünde ýalan düşünjä
getirdi. Munuň ýaly pikir Bibliýanyň goldawyndan doly
mahrum edilendir. Hudaý-ölmez-ýitmezdir. Ol –
şöhratly bar bolandyr. Ol erkekleriň we aýallaryň
geljekde Özüniň ýerdäki Şalygynda
ýaşap bilmeklikleri hem-de beden görnüşde
görkezilen Onuň häsiýetlerini paýlaşyp
bilmeklikleri üçin Öz maksadyny aýan
edýändir.
Şonuň netijesinde,
Hudaýyň şahsyýetdigi we diýseň kämil
bolmasa-da, biziň Onuň fiziki keşbini
görkezýändigimiz hem-de Taňrynyň Şalygynda
Onuň fiziki keşbini doly derejede kabul edip bilmegimiz
üçin Onuň oýlanma keşbini ösdürmäge
mätäçlik çekýändigimiz kabul
edilýänçä Hudaýa, dine tagzym etmegiň
ýa-da Hudaý bilen şahsy garyndaşlygy dikeltmegiň
akylly-başly konsepsiýasynyň ýokdugy bellenilmelidir.
Şonuň üçin Hudaý barada Atanyň öz ogluny
öwüt-nesihaty berşi ýaly bize öwüt-nesihat
berýän söýýän Ata hökmünde
aýdylýan aýatlardan köp manylary we
köşeşdirmeleri almak bolar (mysal üçin, Ikinji Kanun
Kitaby 8:5). Mesihiň görgüleri baradaky kontekstde biz onuň
„Gam-gussanyň içinde Rebbi çagyrdym, Hudaýyma
perýat etdim; Ol...sesimi eşitdi, perýadym Onuň
huzuryna, gulagyna ýetdi” (Zebur 18:6) diýse-de, „Ondan
üstin çykmak Rebbe ýaramly bolandygyny” okaýarys
(Işaýa 53:10). Taňrynyň ogly boljak tohum barada
Hudaýyň Dawuda beren wadasy adamyň geň dogluşyny
talap edipdi. Eger-de Hudaý şahsyýet bolmadyk bolsa, onda
Onuň ogly hem bolup bilmezdi.
Hudaýa dogry
düşünmeklik Mukaddes Kitaby öwrenmegiň durmuşa
möhüm bolan soraglaryň üstüni açmaga
ýardam berýär. Ýöne bir ýalanyň
beýleki ýalana getirşi ýaly, Hudaý baradaky
nädogry düşünje Mukaddes Ýazgylardaky Hakykatyň
küteldýändir. Eger-de siz kitabyň bu bölümini
makullaýjy kimin kabul eden bolsaňyz ýa-da hatda
ýarysyny hem dogry bilseňiz, onda şeýle sorag
ýüze çykýar: Siz hakykatdan hem Hudaýy
bilýärsiňizimi? Aşakda biz Ol barada bolan Mukaddes
Kitaby öwrenmäge seredip geçeris.