1.3 Hudaýyň Ady we Häsiýeti

Eger-de Hudaý bar bolsa, onda Onuň Özi barada bize habar ýetirmegiň nähilidir bir usullaryny işläp düzendigini hasap etmek bolar. Biz Bibliýanyň Onuň adama eden ylhamydygyna hem-de onda Hudaýy aýan edýän häsiýetini görýändigimize ynanýarys. Şonuň üçin-de Taňrynyň Sözi munuň „tohumydyr” (1 Petrus). Çünki eger-de ol biziň aňymyza täsirini ýetirýän bolsa, onda biziň içimizde özünde Hudaýyň häsiýetini jemleýän täze bir jan peýda bolýar (Ýakup 1:18; 2 Korintoslylar 5:17). Şonuň üçin biz Taňrynyň Sözüni näçe köp özümize siňdirip hem-de Onuň derslerine akyl ýetirip bilsek, şonça-da biz Hudaýyň birkemsiz häsiýetine laýyk bolan (Koloseliler 1:15) „Öz Oglunyň keşbine dönmäge” başlaýandyrys (Rimliler 8:29). Bibliýanyň taryhy bölümleriniň gymmatlygy hem şundan ybaratdyr. Munda hemişe şol bir esasy häsiýetleri ýüze çykaryp, Hudaýyň adamlara hem-de halklara nähili garandygy baradaky jümlelerden doludyr.

Gadymy ýewreý dilinde adamyň ady onuň häsiýetini ýa-da onuň özi baradaky maglumaty beýan edipdir. Ynha muňa birnäçe aýdyň bolan mysallar:

"Isa" = "Halasgär", çünki "Ol Öz halkyny günälerinden halas eder" (Matta 1:21).

"Ybraýym" = "Ummasyz köplügiň atasydyr" - "Men seni ummasyz köp halklaryň atasy ederin" (Barlyk Kitaby 17:5).

"How Ene" = "Ýaşaýan", “çünki ol ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy" (Barlyk Kitaby 3:20).

"Simun" = "Diňleýän" - "Reb meniň söýülmezdigimi eşitdi hem-de maňa muny berdi" (Barlyk Kitaby 29:33).

Şonuň üçin Hudaýyň atlarynyň we titullarynyň bize Ol hakda köp maglumaty berjekdiklerine garaýşmaklyk gerekdir. Hudaýyň häsiýetinde we niýetlerinde köp ugurlaryň bar bolandygy üçin Onuň ýeke adynyň ýokdugy bellidir. Hudaýyň atlarynyň jikme-jik öwrenilmegi suwa çokundyrylmadan soňra öwrenilse gowy bolar. Taňrynyň häsiýetiniň soňraky öwrenilmegi, munuň Onuň adynda nähili aýdylyşy biziň Reb Hudaýdaky bütin ömrümiziň dowamynda öwrenilmelidir. Aşakda görkezilen maglumatlar bu mugzuga bolan girişi görkezmekden ybaratdyr.

Haçanda Musa ömrüniň has aýgytly pursatlarynyň dowamynda imanada berkemek üçin Hudaý hakda has jikme-jik öwrenmegi islände, Perişde „Ýahweniň adyny ykrar etdi. Şonda Reb onuň huzuryna geçip, şeýle diýdi: Reb, Reb, ynsansöýüji we rehimdar, uzak çydamly we köp rehimdarly hem-de hakyky, müňlerçe nesle çenli rehimdarlygyny (hakykaty we bar bolan) saklaýan, ýazygy we jenaýaty we günäni bagyşlaýan, ýöne temmisiz goýmaýan Hudaýdyr" (Çykyş Kitaby 34:5-7).

Bu Hudaýyň atlarynyň Onuň häsiýetlerini aýan edýän aýdyň subutnamadyr. Hudaýyň bu atlara eýe bolmagy Hudaýyň şahsyýetdigini we biziň ynsan tohumymyzda şeýle hem ösüp biljek häsiýetleriň munuň ýaly yzlarynyň salgym ruhda bolýandygyny pikir etmegiň akmaklykdygyny tassyklamaga ýardam edýär.

Hudaý Özüne diňe bir esasy ady saýlap aldy. Ol munuň üsti bilen tanymal bolmak hem-de adamlaryň bu boýunça Ozüni ýatlap bilmeklerini isledi. Bu Onuň adamlar bilen niýetiniň jemidir, netijesidir.

Ysraýyllylar Müsürde gul bolupdyrlar hem-de özleri babatynda Hudaýyň Öz niýetlerini ýatlatmagyna mätäç bolupdyrlar. Musa Hudaýyň adyny olara yglan etmek tabşyrylypdy. Bu olara Müsürden çykmaga hem-de wada edilen ýere ugramak ýolyny başlamaga sebäp tapmaga ýardam bermelidi (deňeşdiriň 1 Korintoslylara 10:1). Ýöne suwa çokundyrylmadan hem-de Taňrynyň Şalygyna tarap ýolumyzy ugrukdarmaga başlamazdan öňürti biz Hudaýyň atlary babatyndaky wajyp esaslara düşünmelidiris.

 Hudaý Özüniň adynyň „Ýawhedigini” ysraýyllylara aýtdy. Bu „Men Bardyryn” diýmegi aňladýandyr ýa-da has dogry terjime edilende „Men kim bolsam, şol hem bolaryn” diýmegi aňladýandyr (Çykyş Kitaby 3:13-15). Bu at soňra birneme giňeldilipdir: "Şonda Hudaý Musa ýene şeýle diýdi: Ysraýyl ogullaryna şulary aýt: REB (Ýahwe), siziň atalaryňyzyň Hudaýy maňa göründi, Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy we Ýakubyň Hudaýy...Ynha Meniň müdümilik adym hem-de Men hakda nesilden nesle ýatlama" (Çykyş Kitaby 3:15).

Şuňa görä-de, Hudaýyň doly ady „REB Hudaý”.

Köne Äht uly möçberde gadymy ýewreý dilinde ýazylypdyr we haçanda „Hudaý” sözüni aňladýan gadymy ýewreý sözleri barada aýdylanda islendik terjime alaçsyz köp zatlary goýberýär. „Hudaý” diýlip terjime edilýän gadymy ýewreý sözleriniň iň giňden ýaýranynyň biri hem „ellohim” sözüdir. Bu „kuwwatlylar” diýmegi aňladýandyr. Bizň Ol barada ýatlamagymyz üçin Onuň isläýn „ýadygär” ady ÝAHWE ELLOHIMDIR. Bu KUWWATLYLARYŇ TOPARYNDA ÖZÜNI AÝAN EDÝÄNIŇ ÖZÜDIR.

Şonuň üçin-de, Hudaýyň niýeti adamlaryň uly toparynda Öz häsiýetini we öz barlygyny aýan etmekden ybaratdyr. Onuň sözüne boýun bolup, biz häzir hem Taňrynyň birnäçe häsiýetlerini kämilleşdirip bilýändiris. Şonuň üçin hem Hudaý Özüni bu durmuşda hakyky ynanýan adamlarda aýan edýändir.Ýöne Hudaýyň ady gelejek wagtyň hem weliligidir. Çünki şol wagt ýer ýüzi Onuň häsiýetine we aslyna görä kybapdaş bolan adamlardan dolar (deňeşdiriň 2 Petrus 1:14). Eger-de biz Hudaýyň niýeti bilen utgaşmagy hem-de ebedi durmuşa eýe bolup, ony doly kämil derejede alyp baryp, Onuň ýaly ölmez-ýitmez bolmagy isleýän bolsak, onda biz Onuň ady bilen hem utgaşmalydyrys. Munuň üçin birinji Onuň adyndan, ýagny Ýahwe Ellohimiň (Matta 28:19) adyndan suwa çümdürilip çokundyrylmalydyrys. Bu şeýle hem bizi Ybraýymyň nesilleri („tohumy”) edýändir (Galatýalylar 3:27-29). Çünki bu Taňrynyň adynyň weliligini beýan etjek „kuwwatlylar” („ellohim”) topary tarapyndan olara ebedi miras ýeri wada berlipdi ( Barlyk Kitaby 17:8; Rimliler 4:13). 3-nji bapda bu hakda has jikme-jik aýdylýar.