1.4 Perişdeler

Ýokarda ähli aýdylanlara salgylanyp, Perişdeler barada bulary aýtmak bolar:

·         Fiziki şahsyýetler;

Biziň eýýäm 1.3 bölümde aýdyşymyz ýaly „Hudaý” diýlip terjime dilýän sözleriň iň giňden ýaýrany bu „ellohimdir”. Bu hakykatda  „kuwwatlylar” diýmegi aňladýandyr. Bibliýanyň esasy düşündirilişi diňe ýeketäk Hudaýyň bardygyny aýdýar (Ikinji Kanun 6:4; Işaýa 45:5; 1 Korintoslylara 8:4; Efeslilere 4:6). Özünde Taňrynyň adyny göterýän  „kuwwatly” bular Onuň bilen ýakyn aragatnaşygyň esasynda hakykatdan hem Hudaý diýlip bilner. Bu bar bolanlara Perişdeler diýilýär.

Dünýäniň ýaradylyşy beýan edilende (Barlyk Kitaby 1) Hudaý ýaradylyş babatynda kesgitli görkezmeleri aýdandygy we „munuň şeýle bolşy” aýdylýar. Taňrynyň görkezmeleriniň ýerine ýetirijileri Perişdeler bolupdyrlar:

"Eý Onuň sözüniň owazyny eşidip, sözüni berjaý edýän, gudraty güýçli perişdeler, Rebbe alkyş ediň" (Zebur 103:20).

Şonuň üçin Hudaýyň dünýäni ýaradyşy Perişdeler arkaly amala aşyrylypdyr diýmeklik makul bolar. Eýýubyň 38:4-7 aýatlary hem munuň şeýeldigini ýaňzydýar. Indi bolsa Barlyk Kitabynda 1 aýdyly ýaly dünýä ýaradylyşyň wakalaryny jemlemeklik zerurdyr:

Birinji gün: "Şeýlelikde Hudaý aýtdy: goý ýagtylyk bolsun. Şonda ýagtylyk boldy" (3 aýat).

Ikinji gün: "Şonda Hudaý aýtdy:goý, suwuň ortarasynda gaty ýer bolsun, we goý ol suwy suwdan bölsün (bu şeýle boldyt). Şonda Hudaý gaty ýeri ýaratdy; hem-de gaty ýeriň aşagyndaky suwdan gaty ýeriň üstündäki suwy böldi. By şeýle hem boldy" (6-7 aýatlar).

Üçünji gün: "Şonda Hudaý şeýle diýdi: goý asmanyň aşagyndaky suw bir ýere üýşsin hem-de gury ýeri emele getirsin. Bu şeýle hem boldy" (aýat 9).

Dördünji gün: "Şonda Hudaý şeýle diýdi: goý asmand giňişliginde  yşyklar bolsun... Bu şeýle hem boldy" (aýatlar 14-15).

Bäşinji gün: "Şonda Hudaý şeýle diýdi: goý suw süýrenijileri, diri jany  ýaratsyn; goý guşlar ýeriň ýokarsynda, asman giňişliginde uçsunlar (Bu şeýle hem boldy). Şonda Hudaý uly balyklary hem-de suwyň ýaradan süýrenijileriň, haýwanlaryň toparlaryna görä islendik görnüşini ýaratdy we ganatly guşlaryň islendik görnüşini ýaratdy” (aýatlar 20-21).

Altynjy gün: "Şonda Hudaý şeýle diýdi: goý toprak özüniň toparyna görä diri janawerleri, mallary, hem ýylanlary, hem-de toparyna görä ýer haýwanlaryny  ýaratsyn. Bu şeýle hem boldy” (aýat 24).

Adam hem şol altynjy gün ýaradyldy. "Şonda Hudaý şeýle diýdi:  Öz keşbimize, Öz meňzeşligimize görä adamy ýaradalyň” (Barlyk Kitaby 1:26). Biz bu aýat barada eýýäm 1.2. bölümde aýdyp geçdik. Indi bolsa, biz „Hudaý” sözüniň bu ýerde göni Hudaýyň Öz şahsyýetine degişli däldigini belläp geçesimiz gelýär. „Adamy ýaradalyň” diýlen sözler „Hudaý” sözüniň birden köp bolana degişlidigini görkezýär. Gadymy ýewreý diliniň asyl nusgasynda bu ýerde „kuwwatlylar” diýlip, Perişdelere salgylanylýan „ellohim” sözi ulanylypdyr. Perişdeleriň bizi öz keşplerine görä ýaradandyklary baradaky şol fakt olaryň hem edil biziňkä kybapdaş beden keşpleriniň bardygyny aňladýandygyny görkezýär. Şonuň üçin olar hem Hudaýa mahsus bolan tebigata eýe bolan örän hakyky we göze görünýän bedenli jandarlardyrlar.

Bu ýerde „tebigat” diýilip ulanylýan söz özüniň manysy boýunça olaryň fiziki gurluşyna, olaryň häsiýetine we niýetine degişlidir. Bibliýada iki „tebigat” barada aýdylýandyr. Şahsy manysy boýunça sözlerde şol bir wagtyň özünde iki häsiýet bolup bilmez.

Taňrynyň tebigaty
("
Taňra mahsus bolan tebigat")

Ynsan tebigaty

Günä edip bilmeýär (birkemsiz) (Rimliler 9:14; 6:23; deňeşdiriň Zebur 90:2; Matta 5:48; Ýakup 1:13)

Günä höweslerine dpşmäge mahsusdyr (Ýakup 1:13-15), tebigy aňy bilen ýoldan çykmaga (Ýeremiýa 17:9; Markus 7:21-23);

Ölüp bilýän däldir (1 Timoteos 6:16)

Ölüme sezewar edilendir (Rimliler 5:12, 17; 1 Korintoslylar 15:22)

Güýçden we kuwwatdan doludyr (Işaýa 40:28)

Fiziki ýaly-da, örän çäkli aňa eýedir (Ýeremiýe 10:23).

BuHudaýyň we Perişdeleriň tebigaty. Bu Isa direlenden soňra berildi (Res.işleri 13:34; Ylham 1:18; Ýewreýlere 1:3). Bu tebigat bize hem wada berilýändir (Luka 20:35-36; 2 Petrus 1:4; Işaýa 40:28, deňeşdiriň 31).

Bu bu häzir ähli gowy we erbet adamlaryň eýe bolan tebigaty. Bu tebigatyň soňy - ölümdir (Rimlilere 6:23). Isa Özüniň ýer ýüzünde bütin ömrüniň dowamynda bu tebigata eýe bolupdyr (Ýewreýlere 2:14-18; Rimlilere 8:3; Ýahýa 2:25; Markus 10:18).

Gynansakda, „tebigat” diýlen söz giňden ýaýran sözdir: biz muny munuň ýaly sözlemde ulanyp bilýäris: "Jonuň gowy asly (tebigaty) bar", erbet bolmak onuň aslyýetinde (tebigatynda) däldigini aňladýandyr; ýöne ol özüniň ynsan tebigatyna doly mahsus bolup, özüniň maşynyna guwanyp biler. Emma, bu – haçanda biziň kitabymyzda ulanýan „tebigat” sözüni ulanymyzda, göz öňüne tutýan many däldir.

Perişdeler Hudaýyň tebigatyna eýe bolan bolansoňlar, olar günäsiz bolmalydyrlarlar we şonuň üçin ölüp hem bilýän däldirler. Çünki günä ölümi getirýändir (Rimlilere 6:23). Olarda ýaşaýşyň göni fiziki formalary bolmalydyr. Ynha şonuň üçin-de, haçanda perişdeler ýerde görnenlerinde, olar adaty adamlar ýaly görnüpdirler:

·         Perişdeler Ybraýyma Taňrynyň sözlerini ýetirmäge geldiler. Olar ilkibaşda Ybraýymyň gürleşen „üç adamy” hökmünde” beýan edilýär. Çünki olaryň daş-keşbi adamlaryňka meňzeş bolupdyr: „Goý suw getirsinler hem-de siziň aýaklaryňyzy ýuwsunlar; we bu agajyň aşagynnda dynjyňyzy alyň” (Barlyk Kitaby 18:4).

Perişdeler günä etmeýärler

Perişdeler Taňry aslyýetiniň tebigatyna eýe bolandyklary üçin, olar ölüp bilýän däldirler. Günäniň muzdy ölüm bolandygy üçin olaryň günä edip bilmeýändiklerini bellemek bolar. „Perişde” sözi bilen terjime edilýän asyl grek we gadymy ýewreý sözleri „baglaşyjy, ýollanylan” diýmekligi aňladýandyr. Perişdeler – bu ýollananlar ýa-da Hudaýa boýun bolan hyzmatçylarydyr. Şonuň üçin olar hakda günäkärler barada ýaly pikir etmeli däldir. Şeýlelikde, „Perişdeler” di,lip terjime edilýän „aggelos” diýlen grek sözi haçanda adamlar göz öňüne getirilende „baglaşyjylar, ýollananlar” diýlip hem terjime edilip bilner. Mysal üçin Ýahýa Çokundyryjy (Matta 11:10) we onuň ýollananlary (Luka 7:24); Isanyň ýollanlary (Luka 9:52) hem-de Rahaby yzarlan adamlar (Ýakup 2:25). Mümkin, elbetde ynsan manysynda bolan ýollanan „perişdeler” günä edip bilerler.

Indiki bölümler ähli Perişdeleriň (eýsem, diňe bir käbirleri bolman) aslyýetinde Hudaýa tabyndyklaryny anyk görkezýärler we şonuň üçin-de, günä edip bilmeýärler:

„Reb tagtyny göklerde gurdy, Onuň patyşalygy hemmäniň üstünden höküm sürýär (ýagny göklerde Hudaýyň garşysyna pitne bbolup bilmez). Eý Onuň sözüniň owazyny eşidip, sözüni berjaý edýän, gudraty güýçli perişdeler, Rebbe alkyş ediň. Eý ähli goşunlary, islegini berjaý edýän emeldarlary, Rebbe alkyş ediň” (Zebur 103:19-21).

„Eý ähli perişdeleri, Oňa sena ediň; eý ähli goşunlary, Oňa sena ediň” (Zebur 148:2).

Olaryň (Perişdeler) ählisi gutulşy miras aljaklara (ynanýanlara)hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlar dälmi näme?” (Ýewreýler 1:14).

„Ähli” sözüniň gaýtalanmagy Perişdeleriň iki topara, ýagny gowy we erbet topara bölünmeýändigini görkezýär. Perişdeleriň aslyýetine anyk düşünmekligiň wajyplygy wepadarlyk üçin sylagyň olaryň tegigy aslyýetine birikjekdiginden ybaratdyr: „Ýöne ol döwre, ölülerden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de äre çykar. Artykmaç, ölüp hem bilmez; çünki olar Perişdeler ýalydyr” (Luka 20:35-36). Bu düşünmeklik üçin wajyp pursatdyr. Eger-de Perişdeler günä edip bilýän bolsalar, onda Mesihiň gelen wagty sylaga mynasyp boljaklar hem günä etmäge ukyply bolardylar. Günäniň bolsa, ölümi getirýänligi sebäpli (Rimliler 6:23) olarda ebedi ýaşaýyş-da bolup bilmezdi. Eger-de günä etmäge bizde mümkinçilik bar bolsa, onda bizde ölmäge hem ukyplylyk bolar. Şeýlelikde, eger-de biz Perişdeler günä edip bilýärler diýip aýtsak, onda bu Hudaýyň ebedi ýaşaýyş baradaky wadasynyň islendik manysyny ýitirýändir. Emma biz öz sylagymyzyň Perişdeleriň tegigatyny paýlaşmakdan ybaratdygyny bilýändiris.

Eger-de Perişdeler günä edip bilýän bolsalardy, onda Hudaý biziň durmuşymyza we biziň adaty işlerimize dogry täsir etmekde güýçsiz bolup bilerdi. Çünki Ol Özüniň ähli ýaradanlarynyň Özüniň Perişdeleriniň üsti arkaly amala aşyrýandygyny aýtdy (Zebur 102:19-21). Olar – „Hudaýyň ýaradan Ruhudyr”, ýagny bu Onuň Perişdeleriň üsti bilen täsir etmek bilen (Zebur 103:4), Özüniň Ruhy/güýçleriniň üsti arkaly ähli zady ýerine ýetirýändigini aňladýandyr. Şonuň üçin Perişdeleriň Oňa tabyn bolup bilmeýändikleri baradaky islendik pikir mümkin däldir. Mesihiler Taňrynyň Patyşalygynyň ýere gelmegi bilen bilelikde Onuň isleg-erkiniň bu ýerde edil häzir asmanda berjaý bolşy ýaly (Matta 6:10) amala aşyp bilmegi üçin gündelik doga-dilegde bolmalydyrlar. Eger-de Taňrynyň Perişdeleri ol ýerde günäli Perişdeler bilen bäsleşikde bolmaly bolan bolsalar, onda Onuň isleg-erki doly derejede amala aşyp bilmezdi we şonuň üçin-de, munuň ýaly ýagdaý Taňrynyň geljekki Patyşalygynda hem bolardy. Günäniň we boýun bolmanyň arasynda hemişe söweş meýdanyny göz öňüne getirip bolýan dünýäde ebediligi geçirmek gyzykly bir perspektiwa bolmasa gerek.

Perişdeler we ynanýanlar

Her bir hakyky ynanýan adamyň Perişdesiniň bolýandygyna ynanmaga ýeterlikli derejede sebäp bardyr. Mümkin olardan biri oňa durmuşda ýardam berýän aýratyndygy mümkindir:

·         "Rebbiň perişdesi Ondan gorkýanlaryň daşynda düşelge gurýandyr, olary halas edýändir”" (Zebur 34:7).

Eger-de Perişdeler ýaman bolup bilýän bolsalar-dy, şagny günäli manyda, onda Perişdeleriň tarapyndan bize gözegçilik hem-de olaryň biziň durmuşymyza ýetirýän täsirleri baradaky wadalar ýalkamanyň deregine nälet bolardylar.

Şeýlelikde, biz Perişdeleriň jandarlardygyny görýäris...

·         Taňrynyň ebedi tebigaty we beden keşbi bilen;

Emma...?

Ybadathananyň köp „mesihileri” Perişdeleriň günä edip bilýändiklerini hem-de günäli Perişdeleriň häzir hem bardygyny we olaryň ýerdäki günä we kynçylyklara jogapkärçiligi çekýändiklerini hasaplaýarlar. Biz bu ýalan düşünje barada soň has jikme-jik durup geçeris. Häzir bolsa, biz şu bellikleri ýerine ýetireris:

·         Mümkin biziň dünýämizden öň başga zadyň , ýagny Barlyk Kitabynyň 1 aýdylýan zatlaryň bolandygy ähtimaldyr. Häzirki Perişdeleriň ýagşyny we ýamany bilendikleri hem ähtimaldyr. (Barlyk Kitaby 3:5). Çünki olar hem biziň edil bu durmuşdaky  ýagdaýda bolşumyz ýaly bolupdyrlar. Şol asyrda ýaşap geçen käbir jandarlaryň günä edendikleriniň mümkinçiligini aradan aýyrmak bolmaz. Emma bularyň bary ynsan aklynyň ynanmagy islän ýöne bir çaklamasydyr. Bibliýa günäkär Perişdeleriň barlygyny aradan aýyrýan häzirki ýagdaý barada bilmelidigimizi aýdýar. Ähli Perişdeler doly derejede Hudaýa tabyndyrlar.

·          Asmanda günäkär jandarlaryň bolmaga haky ýokdyr. Çünki Taňrynyň päk gözlerine ýaman işe garamaklyk mahsus däldir (Awwakum 1:13). Şeýlelikde, Zebur 5:5-6 şeýle düşündirýändir: „Sen bet iş edýänleriň hemmesini ýigrenýärsiň. Sen ýalan sözleýänleri ýok edýärsiň; gana suwsan we hilegär adamy Reb nejis görýändir”. Şonuň üçin günäkär Perişdeleriň Asmanda Hudaýyň garşysyna bolan pitne baradaky pikiriň özi-de bu bölümlerde aýdylýan zatlara doly derejede garşy gelýändir.

·         „Angel” grek sözi „baglaşyjy, ýollanan” diýmekligi aňladýandyr hem-de biziň bu barada eýýäm aýdyp geçişimiz ýaly, adamlara degişlidigi hem mümkindir. Şonuň ýaly ynsan „baglaşyjylar, ýollananlar” elbetde günä edip bilerler.

·          Durmuşyň ähli ýüze çykýan negatiw wakalarynda aýyplanýan günäkär we ýaman jandarlaryň barlygy butparazlykda iň giňden ýaýran yrymlaryň biridir. Roždestwo babatyndaky bu butparaz yrymlar belli bir derejede hristiançylyga hem girdiler.

·         Häzir günäkär Perişdleriň barlygy baradaky pikiri tassyklamak üçin nädogry düşündirilip biljek diňe birnäçe bibliýa bölümleri bardyr. Bu barada „Şeýtanyň gözleginde” diýlen neşirde has jikme-jik aýdylyp geçilýär. Muny çap edijilerden alyp bolar. Bu bölümler Perişdeler barada ýokarda aýdylanlar babatynda Bibliýada bar bolan şol köp subutnamalary ýalana çykaryp bilmez.