Hudaý duýgylara we emosiýalara eýe bolan hakyky şahsyýet bolandygy üçin Öz perzentleri bolan biz bilen Öz isleglerini we duýgylaryny paýlaşmak hem-de Onuň häsiýetine laýyk bolan şeýle usul bilen biziň durmuşymyza täsir etmek üçin nähilidir bir usullaryň Onda bardygyna garaşmalydyr. Bularyň baryny Hudaý Özüniň Ruhy arkaly berjaý edýändir. Eger-de biz Hudaýy bilmek isleýän hem-de Onuň bilen aktiw garyndaşlyk gatnaşygyny edinmek isleýän bolsak, onda biz Taňrynyň Ruhunyň nämedigini hem-de onuň nähili derejede hereket edýändigini bilmelidiris.
„Ruh” diýlen söze takyk kesgitleme bermek şeňil däldir. Mysal üçin, eger-de siz toýdan dolanyp gelýän bolsaňyz, onda siz: „Ol ýer hakykatdan hem gowy ruhda bolupdy!” diýip aýdyp bilersiňiz. Bu sözler bilen siz toýda gowy atmosferanyň bolandygyny, ähli zadyň guramaçylykly geçendigini hem-de adamlaryň gowy geýimleri geýip ajaýyp derejede bolandyklaryny we ýene-de ş.m. zatlaryň bolandyklaryny aýtmak isleýärsiňiz. Ynha şonuň ýaly dürli zatlar hem toýyň „ruhuny” döredýärler. Taňrynyň Ruhy hem edil şonuň ýaly Ol baradaky ähli zady jemleýändir. Köne Ähtde „Ruh” diýli terjime edilýän gadymy ýewreý sözi gös-göni aýdylanda „dem” ýa-da „güýç” diýmegi aňladýandyr. Şeýlelikde, Taňrynyň Ruhy Onuň „demidir”, Onuň aňyny ýüze çykarýan Hudaýyň barlygynyň özüdir. Biz bir zadyň aňy we häsiýeti babatynda „Ruh” sözüniň ulanylyşynyň mysallaryny 5 bölümde aýdyp geçeris.
Mukaddes Kitapda ynsan pikirleriniň onuň işlerinde ýüze çykýandygy aýdylýar (Süleýmanyň Tymsallary 23:7, Matta 12:34). Biziň hereketlerimiz baradaky uly bolmadyk oýlanma muny tassyklaýandyr. Biz bir zat barada pikir edýändiris. Soňra bu babatynda kesgitli bir hereketleri berjaý edýändiris. Biziň „ruhumyz” ýa-da aňymyz özüniň keşbini biziň ajygandymyz barada görkezýän hereketlerde ýüze çykýandyr. Biz gazjaýda banana gözümiz düşýär we şonda hem „ruhuň’ islegi hereketde amala aşýar – biz golumyzy öňe uzadýarys, babany alýarys, onuň daşyny sypyrýarys hem-de ony iýýäris. Bu ýönekeý mysal gadymy ýewreý „Ruh” sözüniň dem ýa-da aň, we şeýle hem „güýç” aňladýandygyny görkezýär. Biziň ruhumyz, biziň bolşumyz biziň oý-pikirlerimize degişlidir we şuňa görä-de, öz oý-pikirlerimizi ýa-da keýpimizi bildirmek üçin ýerine ýetirýän işlerimizede degişlidir. Taňrynyň Ruhy hem edil şonuň ýalydyr, ýöne ölçäp bolmajak uly göwrümdedir. Bu – güýçdir. Onuň üsti arkaly Ol Öz barlygyny, Öz häsiýetini hem-de niýetini ýüze çykarýandyr.
Köp parçalar Taňrynyň Ruhuny Onuň güýji bilen anyk utgaşdyrýarlar. Älemi döretmek üçin „Taňrynyň Ruhy suwuň ýüzünde gaýmalapdyr. We Hudaý şeýele diýdi: goý ýagtylyk bolsun. We ýagtylyk boldy" (Barlyk Kitaby 1:2-3). Taňrynyň Ruhy güýç bolupdyr we onuň kömegi bilen ähli zat (mysal üçin: ýagtylyk) emele getirlipdir."Onuň Ruhundan asman ajaplygy; Onuň goly tiz içýany emele geirdi" (Eýup 26:13). "Gökler Rebbiň Sözi bilen, ähli gök jisimleri Onuň demi bilen ýaradyldy" (Zebur 33:6). Şonuň üçin, Taňrynyň Ruhy şeýle beýan edilýär:
Onuň demi;
Onuň sözi;
Onuň goly.
Şuňa görä-de, bu – Onuň güýjüdir we onuň üsti arkaly Ol ähli zady berjaý edýändir. Şeýlelikde, Hudaýyň erkine görä, ynanýanlar gaýtadan dogulýandyrlar. (Ýahýa 1:13), ýagny Onuň Ruhy arkaly. Onuň erki Ruh arkaly herekete girişýändir. Bütin dünýäni döretmek babatynda biz şulary okaýarys: "Sen Ruhuňy iberýärsiň, olar ýaradylýarlar; Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň" (Zebur 104:30). Bu Ruh/güýç ähli zady döretmegiň serişdesi bolşy ýaly ähli zat üçin daýanç bolup hem hyzmat edýär. Bu dünýäde pajygaly durmuşyň Taňrynyň Ruhunyň aktiw hereketi bolmazdan näsazlyklary ýerine ýetirkjekdigi düşnüklidir. Bu dünýäden ýadan adam bolan Eýuba beýleki pygamber şeýle ýatladýar: „Eger-de Ol Öz ýüregini Özüne öwürip hem-de Özüne onuň ruhuny we onuň demini alan bolsa-dy, - birdenkä ähli janlylar heläk bolardy, we adam hem guma öwürlerdi” (Eýup 34:14-15). Dawut hem göwünçökgün ýagdaýada Hudaýdan Öz Ruhunyň goldaw bermegi bilen janynyň aman galdyrylmagyny diledi (Zebur 50:13).
4.2 bölümde biz bize we ähli ýaradylanlara berlen ruhuň biziň durmuşymyza goldaw berýän zadyň özüdigini göreris. Biz Hudaýyň bize dünýä inenimizde (Zebur 103: 30, Ýewreýler 12:9 bilen deňeşdiriň) beren „ýaşaýyş ruhunyň demi” içimezde saklaýandyrys. Bu Ony „Her bir janly-jandaryň ruhunyň Rebbi, Hudaýy edýändir” (Sanlar 27:16, Ýewreýler 12:9 bilen deňeşdiriň). Hudaý bütin älemi saklaýan ýaşaýyş güýji bolandygy üçin Onuň Ruhy hem ähli ýerdedir. Dawut nirä ugrasa-da, Hudaýyň Öz Ruhy bilen hemişe onuň bilen bile bolandygyny boýun alypdyr we şol Ruh/güýç sebäpli hem Ol onuň aňynyň we pikirleriniň her bir künjegini bilipdir. Şeýlelikde, Taňrynyň Ruhy – bu Onuň hatda Özüniň asmanda bolmagyna garamazdan, Onuň ähli ýerde barlygyny görkezýän serişdedir.
„Oturyşymy, turşumy bilýärsiň; pikirlerime uzakdan düşünýärsiň...Men Seniň Ruhuňdan niräk gideýin? Seniň huzuryňdan hiräk gaçaýyn? Säheriň ganatlaryny alyp, deňiz aňyrsynda mesgen tutsam, ol ýerde hem Seniň eliň (Ruhuň üsti arkaly) maňa ýol görkezer, sag eliň meni tutar” (Zebur 139:2, 7, 9, 10).
Bu soraga dogry düşünmeklik bize Hudaýy güýçli aktiw bolan janly zat hökmünde açýar. Köp adamlar Hudaýa bolan düşnüksiz ynam bilen ösüp ulaldylar, ýöne hakykatdan welin, „Hudaý” olaryň kellesindäki diňe pikirdir, beýniniň ýarysyndaky gara ýeşikdir. Onuň Ruhy arkaly hakyky Hudaýa we biziň daşymyzda Onuň hakyky barlygy biziň ýaşaýyş baradaky düşünjämizi doly derejede üýtgedip biler. Biz Ruh arkaly gurşap alnandyrys we bize Hudaýy aýan edýän onuň işlerine biz hemişe şaýatlyk edýändiris. Dawut bu barada şeýle aýdypdyr: „Bu bilim meniň üçin örän ajaýyp, belent, men oňa ýetip bilmeýärin!” ( Zebur 139:6) we şol wagtyň özünde hem muny bilmeklik bilen jogapkärçilik hem gelýär. Biz öz pikirlerimizň we edýän işlerimiziň Hudaý üçin doly derejede açykdygyny boýun almalydyrys. Haçanda biz Onuň öňünde öz ýagdaýymyza seredenimizde we aýratynda haçanda suwa çokundyrylma barada pikirlenemizde, muny göz öňünde tutmalydyrys. Ýeremiýe pygambere aýdylan Hudaýyň belent sözleri şeýle hem bize-de degişlidir: „Adam Meniň görüp bilmejek gizlin ýerde gizlenip bilermi? Diýýär Reb. Asmany we ýeri Men (Ruhum bilen) doldurmarynmy eýsem? (Ýeremiýe 23:24).
Biz Taňrynyň Ruhuny göz öňüne getirmek üçin giňişleýin düşünjedigini görýäris; bu – Onuň aňy we häsiýetidir, we şeýle hem Onuň Öz pikirini herekete girizmek üçin ulanýan güýjüdir. „Çünki ol (adam) içinden nähili oýlanýan bolsa, şeýledir” (Süleýmanyň Tymsallary 23:7); şeýlelikde, Hudaý – bu Onuň pikirleri, bu manyda bu Hudaýyň şahsyýet däldigini aňladmaýan bolsa-da (ser. Çekeleşme 1), Ol Onuň Ruhunyň Özüdir (Ýahýa 4:24). Taňrynyň Ruhunyň giňligine göz ýetirmek üçin , biz Ony „Mukaddes Ruh” diýip okaýarys.
„Mukaddes Ruh” termini Täze Ähtde doly derejede ulanylýar. Resullaryň Işleri Kitabynyň 2-nji babynda Pentikost güni Mukaddes Ruhyň resullaryň başyna inişi beýan ediläýr. Petrus muny „Meniň (Taňrynyň) Ruhunyň” (Resullaryň Işleri 2:17) inişi barada aýdylyp, Ýoile berlen weliligiň amala aşyrylyşy hökmünde düşündirdi. Köne Ähtde „Mukaddes Ruh” termini bilen bilelikde oňa golaý bolan „Taňrynyň Ruhy” ýa-da „Rebbiň Ruhy” ýaly sözlemler ulanylýar. Luka 4:1 aýatda Isanyň „Mukaddes Ruhdan dolup, Ýordana gaýdyp gelendigi” aýdylýar; soňra edil bu bapda hem Isa bu barada Işaýanyň hoş habarynyň berjaý bolşy barada ýaly aýdýar: „Rebbiň Ruhy Mende bolupdy”. Mukaddes Ruhyň Taňrynyň güýji bilen şu böleklerde utgaşyşyna üns beriň:
· "Mukaddes Ruh Seniň (Merýemiň) üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar” ( Luka1:35);
Pawlus özüniň wagyzny ýalana çykaryp bolmajak Taňrynyň gudratlarynyň ýüze çykmasy bilen berkedip bilipdir: "Sözüm hem wagzym ...Ruhuň we Onuň güýjüniň görkezilmegine daýanýardy" (1 Korintoslylar 2:4).