2.2 Taňrydan ruhlanma ylhamy

Biz Hudaýyň Öz Ruhy arkaly ýüze çykarýan Taňry Ruhuny Onuň güýji, pikirleri we häsiýeti hökmünde kesgitledik. Mundan öňki bölümde biz Taňrynyň Ruhunyň dünýäni nädip ýaradyşyny belläp geçdik: „Onuň ruhundan asmanyň ajaplygy” (Eýýup 26:13) – Taňrynyň Ruhy dünýäni ýaratmak üçin suwuň ýüzünde gaýmalapdyr (Barlyk kitaby 1:2). Şol bir wagtda bolsa biz „Gökler Rebbiň sözi bilen ýaradyldy” (Zebur 33:6). „Barlyk” Kitabynda Taňrynyň Sözi älemiň ýaradyjysy hökmünde gelýär. Şonuň üçin bu Onuň sözünde hem edil biziň sözümiziň biziň oý-pikirlerimizi görkezip, hakykatda „bizi” we örän dogry derejede görkezilişi ýaly örän güýçli görkezilýändir. Isa akyl paýhas bilen: „Çünki agyz ýüregiň (aňyň) dolulygyndan sözleýändir”  (Matta 12,:34). Şonuň üçin eger-de biz öz sözlerimizi kontrollyga lamagy isleýän bolsak, biz ilki bilen öz oý-pikirlerimizden başlamalydyrys. Taňrynyň Sözi – Onuň Ruhunyň ýa-da pikirleriniň keşbidir. Bizde  Bibliýada Taňrynyň ýazylan sözleriniň bardygy hem-de Taňrynyň Ruhuna ýa-da Onuň aňyna düşünip bilýändigimiz gör nähili ýagşy. Hudaý ýazylan sözlerde Öz Ruhuny şeýle gudratly edip görkezilmesine TAŇRYDAN RUHLANMA YLHAMY arkaly ýetdi. Bu termin „RUH” sözünde esaslanandyr.

TAŇRYDAN- RUHLANMA- YLHAMY

„Ruh” dem diýmegi aňladýandyr. „Taňrydan ruhlanma ylhamy” diýlen jümle özüniň manysy boýunça „ruhlandyrmak” diýen söze ýakyndyr. Bu Bibliýany ýazanlaryň ählisiniň Taňrynyň ruhlandyrmasy boýunça ýazandyklaryny aňladýandyr. Resul Pawlus bolsa Temoteusa ýüzlenip, Bibliýanyň keramatynyň Taňry Ruhunyň sözlerinden ybaratdygyny hem-de bize Hudaý barada bilmeli zatlaryň ählisini berýändigini unutmazlyga çagyrdy:

„Sen Mesih Isa bolan iman arkaly gutulyş üçin özüňi akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri bilýärsiň. Ýazgyularyň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr” (2 Tim. 3:15-17).

Eger-de ylhamlanan Mukaddes Ýazgylar Hudaý barada munuň ýaly doly bilimi berip bilýän bolsa, onda bize Hudaý barada hakykaty bermek üçin nähilidir bir „içki ýagtylyk” üçin zerurlyk ýokdyr. Ýöne adamlar öz duýgylaryny we şahsy tejribelerini özleriniň Hudaý baradaky düşünjesiniň çeşmesi barada ýaly köp aýdýarlar. Eger-de Taňra bolan imany kabul etmek üçin adamyň mesihi durmuşyny doly derejede baýlaşdyrmak üçin ýöne ruhlandyryjy sözler ýeterlikli bolýan bolsa, onda öz durmuşymyzdan başga bir dogrulygy gözlemegiň zerurlygy şok ekeni. Eger-de munuň ýaly zerurlyk bar bolýan bolsa, onda Pawlusyň bu edil şeýle bolar diýip aýtmagyna garamazdan, Taňrynyň Sözüniň bizi doly gurşap almadygyny aňladýandyr. Ellerimizde Bibliýany saklamak hem-de Taňrynyň Ruhy Sözüniň hakykatdan hem nämedigine göz ýetirmek üçin aýratyn bir iman talap edilýändir. Ysraýyllylar hem edil köp „mesihileriň” häzirki wagtda berjaý edişleri ýaly Taňrynyň Sözüne aýratyn gyzyklanypdyrlar. Biziň hemmämiz Pawlusyň şu aýdan sözlerine üns bilen garamalydyrys:

“Çünki Hoş Habar bize wagyz edilişi ýaly, olara-da (çöldäki ysraýyllylara-da)  wagyz edildi, ýöne eşiden sözlerini iman bilen utgaşdyrmanlary üçin  onuň olara peýdasy bolmady” (Ýewreýler 4:2).

Biziň kabul edýän Taňrynyň Ruhunyň/Sözüniň güýjüne doly iman bilen galmagyň deregine biz has gysga usuldaky bolan dogry ruhy ýoly has ajaýyp görýäris: ýagny durmuşymyzy öz islegimiz boýunça Taňrynyň Sözüne boýun egdirmek bilen onuň agyrysyny duýup, munda Taňrynyň Ruhuna kalbymyza çynlakaý täsir etmäge ýol berenden, takwalyk güýjüniň özüniň bizi ýagtylandyryp, bizi Hudaýa golaý etjekdigi barada has oýlanýarys.

Taňrynyň Sözünde jemlenen ummasyz ruhy güýjüni kabul etmäge bu isleg bildirilmezlik köp „mesihileriň” bütin Mukaddes Ýazgylaryň hakykatdan hem Hudaý tarapyndan doly derejede ruhlandyrylandygyna akyl ýetirmek üçin döreden köp sanly soraglarynyň netijesi boldy. Olar Mukaddes Ýazgyda (Bibliýada) köp ýazylan zatlary gartaşan akyldar adamlaryň şahsy pikirleri diýip oýlanypdyrlar. Ýöne Petrus munuň ýaly özdiýenli çaklamalary aýgytly derejede inkär edýär:

"Şeýle, pygamberlik sözi biziň üçin has berkedi. Ozaly bilen, Mukaddes Ýazgynyň pygamberlik sözleriniň hiç biriniň öz-özünden many çykarma däldigini bilip bu söze üns berseňiz, ýagşy edersiňiz. Çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepläpdirler" (2 Petrus 1:19-21).

Mukaddes Ýazgy ýazanlar

Mukaddes Ýazgynyň doly derejedäki Taňry ruhlandyrmasyna bolan berk ynamyň örän uly ähmiýeti bardyr. Mukaddes Ýazgyny ýazan adamlar Ruhyň täsiriniň astynda bolupdyrlar. Ruh olary ruhlandyryp ýörelge salgy beripdir. Şonuň üçin-de olaryň aýdan sözleri olaryň öz şahsy sözleri bolmandyr. Taňrynyň Sözi hakykat bolandygy (Ýahýa 17:17) we käýemek hem-de ýola getirmek üçin peýdalydygy (2 Timoteos 3:16) sebäpli köp adamlaryň mundan çekilýändikleri geň däldir. Çünki hakykat agyry getirýär. Haçanda Ýeremiýe pygamber özüne Hudaýyň ruhlandyrýan sözlerini agzanynda uly nägilelikleri eşidipdir. Şonuň üçin ol özüniň Ondan alýan sözlerini göçürmezlik hem-de çap etmezlik kararyna gelipdir. Ýöne Taňrynyň Szölerini ýazmaklyk adam islegi bolman, eýsem Hudaýyň erkiniň netijesi bolandygy sebäpli onda baýga hiç hili çykalga galmandyr. „Her gün meniň üstümden gülünýär, her kim meni masgaralaýar… Şonda men şeýle oýlandym: „men Ol hakda ýatlatmaryn we gaýdyp Onuň adyndan geplemerin”; ýöne meniň kalbymda süňklerime siňen ýanýan ot kimin boldy, men ony saklap halys güýçden gaçdym we ony saklap bilmedim" (Ýeremiýa 20:7, 9).

Munuň ýaly-da, haçanda Balam Ysraýyly näletlemäge doly karara gelende, oňa derek Taňrynyň Ruhy oňa Ysraýyla ak pata berdirmäge mejbur edipdir (Sanlar 24:1-13; Ikinji Kanun 23:5 bilen deňeşdiriň).

Hudaýyň Öz Sözüni wagyz etmäge ruhlandyran adamlary wagtal-wagtal muny ýerine ýetirmek islemeseler-de, ol adamlaryň sany haýran galdyrýar. Ynha olaryň san ýazgysy:

·         Musa (Çykyş Kitaby 4:10);

Bularyň bary 2 Petrus 1:19-21 aýatlarynda aýdylan sözleri tassyklaýar, ýagny Taňrynyň Sözi – bu adamlaryň şahsy pikirleriniň bildirmesi bolman, eýsem Taňry tarapyndan ruhlandyrylmanyň netijesidir, ýagny olara aýan edilen zatlary ýazmaklykdan ybarat bolupdyr.

Munuň beýleki subutnamasy bolsa, Mukaddes Ýazgyny ýazyjylaryň öz ýazan zatlarynyň hemmesine düşünmäge ukypsyz bolandyklarydyr. Olar dogry düşündirmäni hem-de özleriniň ýazanlary barada „gözläpdirler”, çünki „häzir size yglan edilen zatlar bilen özlerine däl-de, size hyzmat edýändikleri olara äşgär boldy” (1 Petrus 1:9-12). Özleriniň gözleýän şol sözleri hakykatda olaryň özleriniňki bolmandyr. Olaryň özleri-de bularyň manysyna düşünmäge çalşypdyrlar. Bu aýatlar munuň gürrüňsiz subutnamasydyr: Daniýel (Daniýel 12:8-10); Zekerýa (Zekerýa 4:4-13); Petrus (Resullaryň Işleri 10:17).

Eger-de bu adamlar diňe ýarym derejede ruhlanandyrylan bolsalar, onda biz hakyky Sözi ýa-da Taňrynyň Ruhuny bilmeris. Eger-de olar Taňrynyň Sözüni ýazan bolsalar, onda olaryň Mukaddes Ýazgyny ýazan mahaly doly derejede Taňrynyň Ruhunyň täsiriniň astynda bolandyklaryny aýtmak bolar. Mukaddes Ýazgynyň Sözleriniň doly derejede Hudaýdan çykýandygyna akyl ýetirme bizi Ýazgyny (Bibliýany) okamaga we oňa boýun bolmaga ruhlandyrýar. „Seniň sözüň gaty sap, bendäň ony söýýär” (Zebur 119:140).

Şeýlelikde, Bibliýanyň Kitaplary ýazyjylaryň eseri bolman, eýsem Taňrynyň zähmeti bolupdyr. Täze Ähtiň Köne Ähtiň Ýazgylaryna bolan garaýşy hem munuň tassyknamasy bolup hyzmat edýändir:

·         "Mukaddes Ruh Dawudyň agzy bilen ozaldan bildiren ýazgysynda bildirdi..." (Resullaryň Işleri 1:16. Petrus Zeburyň aýatyny şeýle beýan edipdir: Ýewreýler 3:7 bilen deňeşdiriň).

Şonuň üçin irki döwrüň hristianlary üçin Bibliýanyň ýazyjylary wajyp bolmandyr. Diňe olaryň sözleriniň Mukaddes Ruhuň ruhlandyrmasy astynda ýazylandygy baradaky hakykat wajyp bolupdyr.

Biz Taňry Ruhunyň bize Onuň ýazylan sözi arkaly aýan bolýandygyny görkezýän aýatlar bilen bu baby gutararys:

·         Isa: "Meniň size aýdýan sözlerim…ruhdyr" (Ýahýa 6:63); Ol Hudaýdan ruhlanyp aýdypdyr (Ýahýa 17:8; 14:10).

Taňry Sözüniň güýji

Taňrynyň Ruhy diňe bir Onuň aňyna/häsiýetine degişli bolman, eýsem Ol Öz pikirlerini bildirýän güýjüne hem degişli bolandygy üçin Onuň Ruhunyň – diňe bir Onuň aňynyň ýüze çykmasy bolman, eýsem Onuň Sözünde şeýle hem dinamiki güýjüniň bardygyny aýtmak bolar.

Bu güýjüň dogry bahasy bize ondan peýdalanmaga itergi berýär. Munuň ýaly hereketler bilen baglanyşykly bolan islendik howsalaly duýgylar halas bolma ugrunda bu durmuşyň netijesiz başagaşlyklaryndan gitmek üçin bize talap edilýän güýji berýän Taňrynyň Sözüne boýun bolma bilimimiz bilen düzlener. Pawlus özüniň uly durmuştejribesinden ugur alyp şeýle ýazypdyr:

"Çünki men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene Hudaýyň gutulma güýjüdir" (Rimliler 1:16).

Şonuň üçin Bibliýany öwrenmeklik hem-de ony öz durmuşymyzda ulanmaklyk dinamiki prosesdir. Haçanda Bibliýanyň käbir bölümlerine düşünmäge ýa-da olary durmuşda peýdalanmaga dyrjaşmazdan, gysgaça aýdylsa, bu teologlaryň sowuk akademiki ugurlaryna we şeýle hem „amatly bolan” hristian iman edilmeler bilen düýbünden gabat gelmeýär. „Hudaýyň sözi diri we täsirlidir”, „Özüniň (Taňry) güýçli Sözi bilen” (Ýewreýler 4:12; 1:3). „Hudaýyň Sözi…Siz imanlylarda işleýän sözdür” (1 Selanikliler 2:13). Özüniň Sözi bilen Hudaý hakyky ynanýanlaryň aňyna gündelik her sagat aktiw derejede hereket edýändir.

Şonuň üçin siziň öwrenýän Hoş Habaryňyzyň esasy ylhamy Hudaýyň hakyky güýjünden ybaratdyr. Eger-de siz muny berjaý etmäge rugsat berseňiz, onda siziň bu durmuşyňyzda Taňrynyň Ruhuny/aklyny birneme derejede ýüze çykaryp we Mesih dolanyp gelende Hudaýyň ruhy häsiýetine geçmäge taýýarlap (2 Petrus 1:4), durmuşyňyza täsir edip biler hem-de sizi Taňrynyň perzendine öwrer. Pawlusyň wagyz etmesi „Ruhuň we Onuň güýjüniň görkezilmeginde” boldy (1 Korintoslylar 2:4).

Biziň daş-töweregemizi özlerini Mesihiň yzyny eýerijiler hasaplap, Bibliýa Taňrynyň Sözi hökmünde ýarym-ýalta ynanýanýanlar gurşap alandyr. Şeýlelikde, olar özleriniň Hudaýa bolan ynamy barada aýdýarlar, ýöne şol bir wagtyň özünde-de, Onuň hakyky şahsyýet hökmünde bardygyny kabul etmeýärler. Olar Mukaddes Ýazgynyň doly derejesindäki ylhamyny hem-de munuň biziň şahsy duýgularymyzdan we pikirlerimizden ýokary derejeligini inkär edip, Hudaýyň güýjüni inkär edýärler. Munda 2 Timoteosyň 3:5 aýaty ýada düşýär: „Hudaýyň ýolundan ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler çykar”, ýagny, Hoş Habaryň güýjüni we sözlerini…

Dünýä biziň fundamentalizmiziň üstünden gülýär. Pawlus we onuň wagyz-nesihatçy topary bilen hem şeýle bolupdy: „Çünki haçyň sözi heläk bolanlar üçin akmaklyk, biz gutulanlar üçin bolsa Hudaýyň gudratydyr” (1 Korintoslylar 1:18).

Munuň baryna akyl ýetirip, biziň her birimiz elimize Bibliýany has uly sylag-hormat bilen alyp, muňa düşünmek hem-de boýun bolmak üçin has uly höwes bilen okamarysmy?