Hudaý özüniň adamlar bilen işlerinde dürli wagtda Öz güýjüni (Mukaddes Ruhuny) olara beripdir. Emma bu adamlara islän zatlarynyň ählisini ýerini ýetirmäge mümkinçiligi berip, hiç haçan „arassa çek” görnüşde ýerine ýetirilmändir. Mukaddes Ruhuň güýçleriniň ulanylyşy aýratyn maksat bilen berjaý edilipdir. Mukaddes Ruh öz işini berjaý edeninden soň yzyna alnypdyr. Biz Taňrynyň Ruhunyň Hudaýyň niýetini berjaý etmek üçin şeýle usul bilen hereket edýändigini ýatda saklamalydyrys. Onuň niýeti bolsa Onuň uzakwagtlaýyn maksadyny berjaý etmek üçin adamlaryň durmuşyna köplenç gysga wagtlaýyn ejir çekmeklige ýol berýär (ser. 6.1 Bölüme). Şeýlelikde, Mukaddes Ruhuň adamlaryň bu durmuşda çekýän ejirni ýeňletmek üçin hökman ulanylmaýandygyny bellemek bolar. Onuň döredýän her bir ýeňilligi Taňrynyň bize bolan niýetini bildirmegiň iň ýokary maksadyna gönükdiriler.
Ýokardaky aýdylan sözler Mukaddes Ruh babatynda häzirki giňden ýaýran garaýşa düýbünden garşy gelýändir. Mesihe bolan ynamyň fiziki ýeňilligini getirýändigi barada pikir ynandyrylýar. Mysal üçin kesellerden saplanşy Mukaddes Ruhuň ýerine ýetirýän işi hasaplaýarlar. Şonuň üçin-de, bu Uganda ýaly urşuň möwç alyp gidýän ýurtlarda adamlaryň sanynyň örän tiz derejede köpelýändigine olaryň ruhy taýdan kesellerden bejeriş peşgeşlerine eýe bolandyklary sebäpli düşündirilýär. Taryhy tejribäniň görkezmegine görä munuň ýaly hadysalar adamzadyň uly mätäçliginiň döwürleri bilen gabat gelýär. Munuň öz-özi Ruhy eýeçiligine bolan bu tassyklamalary şübhelendirýändir. Eger-de kimdir biri ynsan betbagtlyklaryndan üstin çykma mümkinçiliklerini gözlese, onda nähilidir bir ummasyz täzelik barada habar bermek aňsat bolar.
Köp „mesihiler” häzir özleriniň ajaýyp ruhy peşgeşlerine eýeçilik edýändikleri babarda aýdýarlar. Ýöne haçanda olardan munuň bilen nähili maksatlarynyň bardygy barada soralanda, olaryň aljyraňlygy ýüze çykaýýar. Hudaý hemişe belli bir çäklendirilen maksatlara ýetmek üçin Öz Ruhuny guýupdyr. Munuň netijesinde, hakykatdan hem ruhy peşgeşlerine eýe bolan adamlar bulary näme üçin ulanýandyklaryna aýdyň göz ýetiripdirler we şonuň üçin olar mundan peýdalanyp doly üsütünligi gazanypdyrlar. Ýöne olardan tapawutda bolan adamlar özleriniň ruhy peşgeşleriniň bardygyny tassyklap, köp sanly şowsuzlyklara uçraýarlar hem-de syrkawlary bejermekde diňe biraz üstünlige eýe bolýarlar.
Aşakda görkezilen ähli mysallar ruhy peşgeşleriň güýje girendikleriniň esasy sebäplerini we maksatlaryny suratlandyrýar. Bu wakalaryň hiç birinde hem peşgeşlere eýe bolmaklyk bilen baglanyşykly subýektiw element bolmandyr. Bulara eýe bolan adamlar olary özleriniň isleýişleri ýaly peýdalanyp bilmändirler. Biz Taňrynyň Ruhy barada söz açýandygymyz sebäpli, adamlaryň muny öz haýryna görä peýdalanyp bilendiklerini asla göz öňüne-de getirmek mümkin däldir. Çünki peşgeşler özleriniň wagtlaýyn eýeleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenmän, eýsem Hudaýyň kesgitli isleglerini berjaý etmek üçin berlipdir (Işaýa 40:13 bilen deňeşdiriň).
· Ysraýyllylar özleriniň ir döwürdäki taryhynda altaryň we beýleki mukaddes zatlaryň saklanmagy üçin çylşyrymly çadyry („doga-dileg okalýan ýer”) gurmak görkezmesini aldylar. Hudaýa tagzym etmek üçin zerur bolan zatlary berjaý etmek babatynda jikme-jik görkezmeler berlipdir. Bularyň baryny ýerine ýetirmek üçin Hudaý aýry adamlara Öz Ruhuny berdi. Olar „Haruna (mukaddes) geýimleri...we ş.m. zatlary etmek üçin akyl-paýhaslyk (we oýlanmalar) ruhundan dolan” bolupdyrlar. (Çykyş Kitaby 28:3).
"Taňrynyň Ruhy Zekerýany gurşap aldy...we olara şeýle diýdi: Reb şeýle diýýär: siz näme üçin Taňra boýun bolmakdan dänýäesiňiz?" (2 Par. 24:30).
Ýene beýleki mysallar Par.15:1-2 we Luka 4:18-19 aýatlarynda berlendir.
Munuň netijesinde, belli bir maksat üçin Taňrynyň Ruhuny peýdalanmak peşgeşe eýe bolunmaýandygy aýdyň bolýar:
· Halas edilmä kepillenme;
Mukaddes Ruhuň peşgeşleri barada örän köp şübheli soraglaryň bardygyny bellemek gerek. Şeýdip käbir adamlar özleriniň Mukaddes Ruhuny alandyklaryny yglan edýärler we köp ýewangeliýon zallarda wagyz-nesihatçylar Isa ynanýanlar hasaplanylýan adamlaryň öňünde „Mukaddes peşgeşleri” alan ýaly edip, ýöne käşiri görkezýärler. Ýöne „Bu näheli peşgeş bolýarmyş?” diýlen sorag ýüze çykýar. Adamlaryň nähili peşgeşlere eýe bolýandyklaryna göz ýetirip bilmeýändiklerine ynanmak örän kyn. Haçanda Şamşon arlap duran duran haýwanyň öňünde duranda, oňa bu ýolbarsy öldürmäge ruhy peşgeşi berlipdi (Kazylar Kitaby 14:5-6). Ol özüne bu peşgeşiň näme üçin berlendigine gowy düşünipdir. Bu barada onda hiç hili şübhe bolup bilmändi. Şamşon bilen bolan waka häzir özleriniň Mukaddes Ruhy alandyklary barada aýdýan adamlar bilen düýbünden garşy gelýändir. Çünki olar aýratyn hiç bir hereketi berjaý edip bilmeýärler we onuň üstesine-de özleriniň nähili peşgeşlere eýe bolandyklaryny hem bilmeýärler.
Munuň ýaly adamlarda öz durmuşynda hristiançylyk bilen baglanyşykly bolan nähilidir bir dramatiki joşgunly wakanyň bolandygy barada netije çykarmak üçin başga hiç hili alternatiwanyň ýokdugyny dogry aýtmak bolar we olaryň durmuş babatyndaky soňky aýlawy olaryň içinde bir täze geň täsiri galdyrdy. Bu barada göz ýetirip, olar Mukaddes Ruhuň peşgeşleri babatynda Bibliýanyň parçalaryna ýapyşdylar hem-de şeýle netije çykardylar: „Bu meniň duýgyny başdan geçirýän zatlarym bolmagy mümkin”. Olardan tamasy çykan pastorlary bolsa, olaryň eňegine el ýetirip, şeýle diýýär: „Bu hut şeýledir, Hudaýa şükür!”. Soňra ol beýlekileriň hem Mukaddes Ruhuny almagyny ynandyrmaga çalşyp, munuň ýaly wakalary „subutnama” hökmünde görkezýär. Munuň ýaly gapma-garşylygyň esasy sebäbi özüni „ynanýan” hasap edýän adamda bu sorag barada bibliki düşünjäniň ýokdugyndadyr.
Biz öz-özümiziň ýalan duýgularymyzyň garşysyna çykyp durkak (Ýeremiýa 17:9) biz bibliýa esaslarynda berk durmalydyrys. Taňrynyň Ruhunyň nähili hereket edýändigine göz ýetirmekden başga zerur bolan zat ýokdyr. Biziň hemmämiz Taňrynyň güýjüniň biziň durmuşymyzda biziň bilen bilelikde hereket edýäbdigini pikir edýäris. Ýöne Ol muny nähili we näme üçin şeýele edýärkä? Bibliýada gürrüň berilýän adamlarda bolşy ýaly bizde hakykatdan hem Ruhu peşgeşler barmyka? Eger-de biz hakykatdan hem Hudaýy bilmek hem-de Onuň bilen janly gatnaşygy isleýän bolsak, onda biz bu hadysanyň dogry düşündirilmesiniň zerurlygyny kabul etmelidiris.
Biziň eýýäm Taňry Ruhunyň peşgeşleri barada göz ýetiren aýratyn esaslaryny ýatlap biz häzir irki ybathanada bolan Täze Ähtiň ruhy peşgeşleri barada, ýagny Isa Mesihden soňky nesilde ýaşap geçen ynanýanlaryň toparlary beýan etmäge geçýäris.
Mesihiň resullar üçin soňky öwüt-nesihaty bütin äleme gidip, Hoş Habary äşgär etmek bolupdyr (Markus 16:15-16). Olar hem ilki bilen öz diňleýjilerine Mesihiň ölümi we Onuň direlşi barada wagyz edip diýilşi ýaly berjaý edipdirler. Ýöne şol döwürde biziň häzirki wagtda bilýän Täze Ähti heniz bolmandyr. Olaryň bazarlarda ýa-da sinagogalarda Nasyraly Isa atly bir adam barada gürrüň berip durkalar olaryň bu gürrüňi geň bolup görünmegi hem ähtimaldyr, ýagny bu birkemsiz adam bolup ölen we soňra bolsa Köne Ähtiň weliliklerine görä direlen hem-de indi olaryň çokundyrylmagyny sorap, Özüniň yzyny eýermegi ündeýän ýönekeý Ysraýylly agaç ussasy bolupdyr.
Şol günlerde başga bir adamlar hem munuň ýaly yz eýermek kultyny ösdürmäge çalşypdyrlar. Olara mesihilere wagyz edilen habaryň demirgazyk Ysraýylyň balykçylarynyň filosofiýasyndan bolman, eýsem Hudaýyň hut Özünden bolandygyny dünýäni ynandyrmaga usul gerek bolupdy.
Biziň günlerimizde biz Isa Mesihiň işleri we öwgütleri barada aýdýan hem-de bu Ýazgylaryň Hudaýyň ýollan habarydygyny ynandyrýan Täze Ähtiň Ýazgylaryny okaýarys. Emma Bibliýanyň heniz ýazylmadyk günlerinde Hudaý wagyz nesihatçylara aýdýan zatlarynyň hakykatdygyny tassyklamak üçin Özüniň Mukaddes Ruhundan peýdalanmaga ygtyýar beripdir. Bu dünýäniň gözüniň alnynda peşgeşleri ulanmak üçin aýratyn bir pursat bolupdyr. Çünki ýazylan Täze Ähtiň ýoklugy sebäpli ynanýanlaryň täze toparlaryny imanda berkitmek ýeňil düşmezdi. Olarda dörän köp sanly praktiki kynçylyklar anyk çözgüdi tapmandyrlar; özleriniň Mesihe bolan ynamyny güýçlendirmäge olarda ýeterlikli derejede mümkinçilik bolmandyr. Şol sebäplere görä-de, irki döwrüň ynanýanlaryny alyp barmak üçin Mukaddes Ruhuň peşgeşleri Isa Mesihiň bu habarlary we öwgütleri ýazylyp çap edilýänçä Hudaýdan ruhlanyp gelen habarlaryň üsti arkaly ýetirlip gelnipdir.
Hemişe bolşy ýaly, bu sebäpler Mukaddes Ruhyň ýollanmagy üçin örän aýdyň bolupdyr:
· "Munuň üçin: "(Isa) belentlige çykyp... adamlara sylaglar berdi"... mukaddeslere gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin", ýagny ynanýanlarryň (Efeslilere 4:8, 12).
Hoş Habaryň wagyz edilmesini tassyklamak üçin peşgeşleriň peýdalanyşy babatynda biz şeýle okaýarys:
· "Çünki biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe bir söz bilen däl-de, gudrat bilen, Mukaddes Ruh bilen, uly ynam bilen gelip gowuşdy” görkezilýän gudratlaryň üsti arkaly (1 Selanikliler 1:5; 1 Korintoslylar bilen deňeşdiriň 1:5-6).
Wagyz etme boýunça resullaryň boýun bolmasy barada şu sözler arkaly ählisini jemlemek bolar: „Olar-da çykyp, hemme ýerde wagyz edýärdiler, Reb hem olar bilen işläp, olara hemralyk edýän alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy” (Markus 16:20).
Bu ruhy peşgeşler aýratyn işler üçin aýratyn döwürlerde berlipdir. Bular bütin ömrüň dowamynda hemişe täsin peşgeşe eýediklerini ynandyrýan adamlaryň ýalňyşlygyny görkezýärler. Isa asmana göterilenden soňra basym resullar we şeýle hem Petrus „ählisi Mukaddes Ruhdan doldular” (Resullaryň Işleri 2:4). Şonuň üçin olar hristian Hoş Habary joşgunly äheňde wagyz etmek üçin beýleki dillerde gürläp bilipdirler. Haçanda häkimlikler olara çäre görmäge çalşanlarynda „şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup” olara ynandyryjy jogap bermegi başarypdyr (Resullaryň Işleri 4:8). Zyndan azat edilenden soňra olar Ruhuň täsiri astynda bolup, wagyz etmelerini dowam etdiripdirler hem-de „ähli Mukaddes Ruhdan dolupdyrlar hem-de Taňrynyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar” (Resullaryň Işleri 4:31).
Bulary üns bilen okaýan okaýjynyň bu aýatlarda haçanda olaryň bu işleri ýerine ýetirenlerinde „olaryň Mukaddes Ruhdan eýýäm dolandyklary” aýdylmaýandygyny bellemegi mümkindir. Olar aýratyn bir işleri ýerine ýetirmek üçin Ruhdan dolan bolupdyrlar. Ýöne Taňrynyň islegindäki bolan soňky işleri berjaý etmek üçin olar ýene-de Ruhdan dolmaly bolupdyrlar. Pawlus hem edil şonuň ýaly bolup, özüniň suwa çokundyrlmasy mahaly „Mukaddes Ruhdan dolupdyr”, ýöne birnääçe ýyl geçenden soň betpäl adamy kör edip jeza bermek üçin ol ýene-de „Mukaddes Ruhdan dolmaly” bolupdyr (Resullaryň Işleri 9:17; 13:9).
Täsin peşgeşler barada aýtmak bilen, Pawlus irki döwür ynanýanlaryň bu peşgeşlere „Mesihiň sylagynyň ölçegine görä” eýe bolandyklaryny ýazyp geçipdir. „ÖlçegÖ diýen grek sözi „kesgitli bölek ýa-da dereje” diýmekligi aňladýandyr (Strongyň alfawit görkezmesi). Ölçegsiz peşgeşlere diňe Isa eýe bolupdyr, ýagny Ol olary doly derejede Özüniň isleýşine görä ulanypdyr (Ýahýa 3:34).
Biz häzir biziň eramyzyň birinji asyrynda has ýygy ulanylandygy barada aýdylýan ruhy peşgeşler barada durup geçeris.
„Pygamber” diýen grek sözi „Taňrynyň Sözüni wagyz edýän adam” diýmegi aňladýandyr, ýagny wagtal-wagtal geljek wakalary öňünden aýdylmaly bolan Taňrynyň sözlerini aýtmaga ruhlanan islendik adamdyr (ser. 2 Petrus 1:19-21). Şeýlelikde, wakalary öňünden aýtma peşgeşe eýe bolan weli (pygamber) adamlar – „Iýerusalimden Antakiýa geldiler, bulardan Agabus atly biri galyp, bütin dünýäniň başyna uly açlyk gelmelidigini Ruh arkaly bildirdi (bu hem kaýsar Klaudiusyň zamanynda boldy). Şonda Ýahudada ýaşaýan doganlara goldaw üçin şägirtleriň her biri gurbunyň çatdygyndan pul ýollamagy karar geldiler” (Resullaryň Işleri 11:27-29). Birnäçe ýylyň dowamynda doly derejede berjaý bolan munuň ýaly adaty bolmadyk welilik häzirki zamanda özleriniň welilik peşgeşlerine eýediklerini nygtaýan adamlaryň arasynda asla ýok diýen ýalydyr. Şol bir wagtda irki zamanyň imanlylary bu peşgeşiň diňe özlerinden birinde bolandygyna şeýle bir ynamly bolupdyrlar welin, bular hatda öňünden aýdylan bu betbagtlyga uçrajak adamlara kömek bermek üçin özleriniň wagtyny we pul serişdelerini hem sarp edipdirler. Häzirki zamanda „Hudaý tarapyndan ylhamlanan” diýilýän ýygnanyşyklarda (ybadathanalarda) munuň ýaly mysallara duş gelmek köp bolmasa gerek.
Resullar ýerde Taňrynyň Şalygynyň boljakdygy barada hoş habarlary („Ýwengelion”) wagyz edendikleri sebäpli olar öz sözlerini gudratlar bilen tassyklamaly bolandyklary aýdyňdyr. Bu gudratlar haçanda „körleriň gözleri açylar, kerleriň gulaklary açylar. Şonda agsak aýagyna galar...” (Işaýa 35:5-6) diýlen sözleriň nähili zamanda boljakdygy barada oýlandyrmaly bolupdyr. Taňrynyň Şalygy barada 5-nji Bapda has jikme-jik aýdylar. Haçanda Taňrynyň Şalygy ýerde bolanda şonuň ýaly wadalar munuň ýaly ýarym-ýalta berjaý bolmaz; şeýle hem Şalygyň bu ýerde ýa-da ene bir başga ýerde bolmaly baradaky sorag hem ýüze çykmaz. Şonuň üçin bu Şalyk baradaky Taňrynyň ajaýyp tassyklama habary her bir garşylygy aradan aýyrýan ynandyrjy we kesgitli formada ýerine ýetirilmeli bolupdy. Şol sebäpli hem köp sanly täsin sagaldyşlar bütin jemagatyň öňünde irki zamanyň imanlylaray tarapyndan geçirilipdir.
Ybadathananyň gapysynyň agzyna her gün ir bilen dileg etmäge getirilip oturdylýan agsak gedaýy Petrusyň sagaldyşy klassiki derejedäki mysal bolup biler. Resullaryň Işleriniň 3:2 aýatlarynda onuň tanymal şahsyýet bolandygy üçin her gün oturdylandygy barada aýdylýar. Petrusyň ruhy peşgeşi bilen sagalyp, ol „ýokary towusdy-da, dik durup, ýöräp başlady. Gezmeläp, towsup, Hudaýa alkyş okap, olar bilen birlikde ybadathana girdi.Bütin halk onuň ýöräp, Hudaýa alkyş okap ýörenini gördüler. Onuň dilenmek üçin ybadathananyň Owadan gapysynda oturýan adamdygyny tanadylar, başyndan geçeni geň görüp, haýran galdylar. Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýahýany goýbermän durka, bütin halk geňirgenişip, olara tarap Süleýmanyň Eýwany diýen ýere ylgaşyp geldiler” (Resullaryň Işleri 3:7-11).
Şonda Petrus derrewiň özünde daşarda Mesihiň direlşi barada gürrüň bermäge başlady. Gedaýyň sagalşynda ýalana çykaryp bolmajak ynandyryjy subutnamany görüp, biz diňleýjileriň Petrusyň aýdan sözlerini edil Hudaýyň Sözleri kimin kabul edendiklerine ynanyp bileris. „Doga wagty” (Resullaryň Işleri 3:1) ybadathana edil şenbe gününiň ir ertiri ýaly adamlardan dolupdy. Bu ýer Hudaýyň Öz Sözüni şeýle netijeli we aýdyň gudratly wagyz edilmesiniň tassyklanmagy üçin saýlap alan ýeri bolupdy. Pentikost –tebipleriň we olara kybapdaş bolanlaryň adaty ynandyrmalary taýýarlyksyz biedep jemagatyň öňünde bolman, eýsem başga bir uly bolmadyk ybadathanalarda ýa-da „gudraty” görmäge uly isleg bildirýän „ynanýalaryň” öňünde bolup geçen wakalyň daşynda bolup geçýärler.
Bu setirleriň awtorynyň özlerinde Ruhyň barlygyny tassyklaýan adamlar bilen bu soraglary çözmekde az bolmadyk tejribesiniň bardygyny aýtmak gerek. Ol şeýle hem bu Ruhy ýüze çykarmakda geçirilýän seanslarada köp gezek gatnaşypdyr. Emma welin köp sanly ynandyryjy bolmadyk „sagaldyşlara”we ýarym-ýalta bolan sagaldyşlara meniň „şahsy şaýat bolmagym” köp sözlere mynasyp bolmaýar. Munuň ýaly ybadathanalaryň islendik dogruçyl adamy meniň sözüm bbilen ylalaşar diýip pikir edýärin. Köp ýagdaýlarda men pentikostlaryň dini guramasynyň agzalary bolan hoşniýetli dostlaryma şeýle diýipdim: „Men siziň mümkin şeýle uly güýje eýedigiňize ynanmazlyk etmek islemeýärin. Ýöne Hudaý Öz güýjüne kimiň eýedigini we kimiň eýe däldigini hemişe aýdyň görkezýändir. Şonuň üçin men siziň ukybyňyzy mende hem görkezmegiňizi haýyş etmäge ýerlikli diýip pikir edýärin. Şonda mümkin men hem häzirki wagtda Hoş Habar (Ýewangeliýe) bilen deňeşdirip bilmeýäm siziň doktrinaňyzy kabul etmäge häzir bolaryn. Emma maňa hiç haçan „ruhuň we güýjiň” ýüze çykarylyşy aýdyň görkezilmedi.
Meniň pikirlerimden tapawutlykda biziň eramyzyň birinji asyryndaky ordodoks ysraýyllylary hristianlaryň Taňrynyň Ruhunyň täsin peşgeşlerine eýe bolmak mümkinçiligi inkär etmändirler. Olar hatda şeýle tassyklama edipdirler: „Çünki bular arkaly göze ilginç alamatyň ýüze çykanyny bütin Ýerusalim ilaty bilýär, biz muny inkär edip bilmeris” (Resullaryň Işleri 4:16). Adamlaryň häzirki zamandaky pentikostlylara has ünsli bolandyklary sebäpli, olar olaryň görkezýän gudratlary baradaky tassyklamalary bilen az-da-kän ylalaşýarlar. Bu soraga has üns bilen garalmaladyr. Eger-de bütin Ýerusalimde diňe bir gudrat mälim bolan bolsa, onda hakyky gudratyň Londondaky Trafalgar meýdanynda ýa-da Naýrobiniň (Keniýa) merkezi seýigähinde hem bolandygyny adalatly çak etmek bolanda käbir adamlaryň Taňrynyň täsin peşgeşine eýe bolandygyna bütin dünýäniň makullamasy bolardy. Muňa derek, pentikostlylar özleriniň imanynyň haýryna görkezýän „subutnamalaryna” dünýäniň haýran galmagyny garaşýarlar:
· (Belli bir ýagdaýlarda) aşgazan ýarasyndan sagaldyş. Sagaldyş işiniň doga ýygnagyndan soňra başlanýandygy hasaplanýar;
Bu mysallara ýene-de biri goşulmalydyr. Haçanda tiz kömegiň awtoulaglary hassahanalardaky syrkawlary Osborn dini şypa beriş merkezine (Keniýa) getirenlerinde sürüjilerde galmalymy ýa-da yza dolanmalymy diýen ýaly etiki ikigöwünlik döreýär. Eger-de olar galsalar, onda syrkawlaryň ýeňilligi almaýandyklaryna şaýat bolýarlar.
Muňa garamazdan, köp afişalar adamlaryň şypa berijileriň tomaşasyna gelmeklerini çagyrýarlar: „Gudrat görmägege geliň!” Psihologyň pikirine görä bu gurnalýan oýun öz-özüňi ynandyrmak ýaly we şuňa meňzeş bolan çäreleri geçirmekde ýeňillik üçin gurnalýar. Ýöne Täze Ähtiň hiç ýerinde gudrat döretmek üçin munuň ýaly güýçli psihologiki täsiriň zerurlygy barada asla hiç hili ýaňzydylyp aýdylan hem söz ýokdyr.
Munuň ýaly psihologiki işiň netijesine dogalary manysyz gaýtalamak, deprek owazlary we joşgundyryjy saz arkaly ýetilýändir. Munda Hudaý barada ýa-da ýene-de bir başga bir zat barada asla hiç hili pikiriň bolmazlygy şübhesizdir. Çünki ähli zat kellede gapylýar. Bu kitabyň ýazyjysy munuň ýaly ýygnaklara dürli ýerlerde gatnaşandygyny ýadyna salýar we her gezek ol deprekleriň owazynda we el aýalarynyň galgadylmasynda durnuklylygy, özüňi saklamaklygy we bibliki düşünjäni saklamak üçin göreşmekden güýçli kelle agyrlaryna-da sezewar bolupdyr. Bularyň bary pentikost „gudraty” üçin zerur bolan nyýan bolup görünýär hem-de munuň ýaly „sagaldyşlaryň” Taňrynyň Ruhunyň gös-göni görkezilmesi bolman, eýsem emosional we psihologiki ýagdaýlaryň netijesidigine ýeterlikli derejede tassyklama bolup hyzmat edýär.
Mundan tapawutlykda, haçanda syrkawlar köçelerde düşeklerde ýa-da krowatlarda ýatanlarynda, Petrus bu syrkawlary sagaltmak üçin gudratlaryň halyky peşgeşini ulanyp bilipdir (Resullaryň Işleri 5:15). Pawlus Listr şäherinde ýaşap geçen ynamsyz häkimiň we köp sanly butparazyň gözleriniň alnynda keramatly peşgeşden peýdalandy (Resullaryň Işleri 14:8-13). Ruhy peşgeşleriň öz maksadynyň we aslyýetiniň talap edişi ýaly bu gudratlaryň ählisi jemagatyň öňünde alnyp barylypdyr hem-de nähilidir bolsa başga bir manifestasiýalar bilen hiç-hili üsti ýapylmandyr. Bu Hudaýyň hyzmatçylarynyň üsti arkaly aç-açan berjaý edilen hakyky Taňrynyň güýjüniň aýan bolmasy bolupdyr.
Munuň ýaly täsirli netije Mesihiň ýerine ýetiren sagaldyş gudratlarynyň biri tarapyndan görrkezilipdir: „Bary (ýagny kim muny gören bolsa) haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyryp: „Biz beýle zady asla görmändik” diýişdiler” (Markus 2:12).
Käbirleri öň ýönekeý balykçy bolan resullar Hoş Habary wagyz edip, bütin dünýä gitmäge uly tabşyryk aldylar (Markus 16:15-16). Mümkin olaryň ilkinji täsiri şeýle bolandyr: „Ýöne men dilleri bilemok ahbetin!” Olara hatda: „men mekdepde asla dilleri öwrenip bilmedim” diýmek hem bolmandy, çünki olar asla hiç haçan mekdebe-de gitmändirler. Olaryň ählisiniň daşky sypaty boýunça „olaryň okuwsyz, garamaýak adamlardygy” (Resullaryň Işleri 4:13) ýazylypdy. Hatda has sowatly bolan wagyz-nesihatçylar (mysal üçin Pawlus üçin) üçin hem dil kynçylygy diýseň wajyp bolupdyr. Haçanda adamlar imana gönükdirilende (Täze Äht ýazylan bomansoň) wagyz işleri alyp barmak üçin dil bilmezlik möhüm bolupdyr.
Bu kynçylyklardan üstin çykmak üçin olara daşary ýurt dillere (ýa-da aňsatlaşdyryp aýtmak bilen „şiwe dillerde”) düşünmeklik we geplemek peşgeşi berlipdir. „Şiwe dilleriň” hem-de özlerini „täze dünýä inen mesihiler” hasaplap, öz wagyzlaryny „şiwe” diýip atlandyrylýan düşnüksiz bulam-bujar sesleriň arasynda uly tapawudyň bardygy aýdyňdyr. Bu işe aýdyňlygy girizmek üçin „şiwe” sözüniň bibliki kesgitlemesiniň „daşary ýurt dilleri” diýmekligi aňladýandygyny bellemek gerek.
Mesih asmana göterilenden soňra basym tiz wagtyň içinde ýewreýleriň Pentikost baýramyna resullar „bary Mukaddes Ruhdan dolup, Ruhuň gepledişine görä başga dillerde gürläp başladylar...Halaýyk bir ýere ýygnandy (peşgeşleriň ýene-de aç-açan ýüze çykmasy). Olar haýran galdylar, çünki hersi öz dilinde eşidýärdi. Hemmeler haýran galdylar, geňirgenişip biri-birlerine diýdiler: „Ine, bu gepleýänleriň hemmesi Jelileli dälmi näme?Onda biziň her birimiz nähili öz ene dilimizi eşidýäris?(„diller” ýaly terjime edilýän şol bir grek sözi). Biz Parfiýalylar, Midiýalylar.. olaryň öz dilimizde Hudaýyň uly işlerini gürrüň berişlerini eşidýärismi? Olaryň bary haýran galdylar” (Resullaryň Işleri 2:4-12). Ybadathana gelýänleri özlerinde peşgeşleriň bardygy bilen ynandyryp, ýaramaz ses bilen çykýan düşnüksiz, bulam-bujar dilde häzirki zamanda wagyz edýänlere adamlar resullaryň Işleri 2 beýan edilişi ýaly haýran galman, tersine, olar muňa gyjalat berip, biparh garaýarlar.
Resullaryň Işleri 2 aýdylşy ýaly „şiwe” we „diller” sözleriniň manysyna aýdyň düşünmeden başga „diller” diýlen söz Täze Ähtiň beýleki bölümlerinde „daşary ýurt dilleri” manyda aýdyň görkezilýändir. „Adamlar, we milletler, we diller” jümlesi Ýer planetasynyň ähli halklary barada aýdylanda Ylhamda bäş gezek duş gelýär (Ylham 7:9; 10:11; 11:9; 13:7; 17:15). „Diller” aňladýan grek sözi Köne Ähtiň grek terjimesinde („Septuaginta” diýilýän) „daşary ýurt dilleriÖ manysynda ulanylýandyr (ser. Barlyk Kitaby 10:5; Ikinji Kanun 28:49; Daniýel 1:4).
Korintoslylarda 14 1 babynda dillerden peýdalanmak babatynda tabşyryklaryň sany berilýär. 21 aýat bu peşgeşiň ysraýyllylaryň garşysyna ulanyljakdygy barada aýdýan Işaýa 28:11 beýan edýär: „Kannda ýazylan: özge dillerde we özge lebizlerde bu halka geplejek...” Işaýa 28:1 aýat ilkinji nobatda adamlaryň bilmejek daşary ýurt dillerinde („özge dillerde”) öz halky bilen gepleşýän Ysraýylyň okkupantlaryna degişlidir. „Dilleriň” we „lebizleriň” arasyndaky deňlik „dilleriň” – bu daşary ýurt dilleridigini aňladýandyr. Korintoslylar 14 1 babynda „diller” sözüniň „daşary ýurt dilleri” manysynda ulanylýandygynyň beýleki görkezmeleri hem köpdir. Bu bap irki zamanyň ybadathanalarynda orun tutan peşgeşleriň nädogry ulanylyşy babatynda Pawlusyň ruhlandyryjy ýazgarmasydy we şeýle hem bu peşgeşleriň, dilleriň we welilikleriň aslyýetine aralaşmaga ýardam berýändir. Häzir biz bu barada gysgaça bellik bermäge çalşarys.
37 aýat wajypdyr:
"Özüni pygamber ýa-da ruhda kämil saýan adam size ýazýanlarymyň Rebbiň buýrugydygyny aňlasyn”.
Eger-de kimdir biri özünde ruhy peşgeşiniň bardygyny aýtsa, onda ol peşgeşlerdebn peýsdalanmak baradaky buýrugyň Hudaýdan berilýändigini boýun almalydyr. Bu buýruklary ýerine ýetirmeýän islendik adam bu gün Hudaý tarapyndan ylhamlanan Sözlere özüniň biparhlygyny aç-açan yglan edýändir.
Aýatlar 11-17:
„Ýöne aýdylýana düşünmesem, onda men gepleýäne bigäne, ol hem maňa bigäne bolar. Şeýlelikde, siz hem ruhy sylaglara yhlas edişiňize görä, ýygnagy abatlamak üçin sylaglara baý bolmaga çalşyň. Şonuň üçin bilinmeýän dilde gepleýän adam ony manylandyrar ýaly doga etsin. Çünki men başga bir dilde doga edýän bolsam, ruhum doga edýändir, ýöne akylym miwesizdir. Näme etmeli? Men ruh bilen doga etjek, ýöne akyl bilen hem doga etjek; ruh bilen nagma aýtjak, ýöne akyl bilen hem nagma aýtjak. Sebäbi sen ruh bilen sena etseň, bilimsiz adamlar seniň şüküriňe nähili „omyn” diýsin? Sebäbi ol seniň näme aýdýanyňa düşünýän däldir. Dogry, sen gowy şükür edýärsiň, ýöne beýleki abatlanmaýar”.
Şonuň üçin tagzym etmäge gelenleriň düşünip bilmeýän dilinde geplemek bidereklikdir. Keramat diýip ynanylýan ýalan dilde geplemeklik bolmaz, çünki hiç kimiň düşünmeýän „doganyň” ahyrynda nädip „omyn’ diýip aýdyp bolar? „Omyn” sözüniň: „Goý şeýle bolsun”, ýagny, „Bu dogada aýdylan zatlar bilen men doly ylalaşýaryn” diýmekligi aňladýandygyny ýatda saklaň. Seniň doganlaryň düşünip bilmeýän dilinde geplemek – bu Pawlusyň belleýşi ýaly, olary abatlamak däldir.
Men Billi Gremiň direginiň ýanynda broşýuralarynyň we pamfletleriň paýlanyp duran wagtynda bolan waka ýadyma düşýär. Munda adamlara hristiançylyga has berk bibliýa esasy bilen dolanmaga çayryşlar bardy. Bir gaharly zenan meniň hristiandelfin doktrinamyň „şeýtandan bolan doktrinadygyny” ynandyrmaga çalyşýardy. On minudyň dowamynda ol on dilde gepledi. Dogry, men munuň ýaly „abatlanma” bilen onuň bu ynamyna hiç boýun bolup bilmedim. Pawlus hem edil şonuň ýaly „abatlanma” usulynyň garşylygyny duýdurýar.
Aýat 18:
„Men dillerde hemmäňizden köp gepleýänime Hudaýa şükür edýärin”.
Pawlus Mesihiň öwgütlerini wagyz edip, köp syýahatlary başdan geçirenligi üçin ol daşary ýurt dillerini („dilleri) bilmäge hemmelerden has mätäç çekipdir.
Aýat 19:
„Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwreder ýaly, akylym bilen bäş sözi aýtmagy başga dilde on müň söz aýtmakdan gowy görýärin”.
Bu şeýle ýönekeýdir. Islendik rus adamsyna Mesih barada rus dilinde ýönekeý gysgaça sözlem daşary ýurt dilinde ýa-da ýene bir başga düşnüksiz bolan dilde uzak wagtyň dowamynda wagyz edilmeden has gowudyr
Aýat 22:
„Şeýlelikde, diller iman edenlere däl-de, iman etmediklere, pygamberlik hem iman etmediklere däl-de, iman edenlere alamatdyr”.
Şonuň üçin dilleri bilmek aýratynda Hoş Habary imansyzlaryň arasynda wagyz etmek üçin talap edilipdir. Bu gün bolsa”dilleri” bilýänleriň köpüsi imanlylaryň topary bolup, (göz-görtele) ikiçäklikde şahsy gatnaşyk üçin ulanylýar. Munda Hoş habary meşhur etmek maksady bilen daşary ýurt dillerinde gepläp biljek şonuň ýaly adamalaryň hroniki kemçilikleri synalýar. 1990-njy ýyllaryň başynda Gündogar Ýewropada Mesihiň öwgütlerini wagyz etmek üçin mümkinçilik açyldy. Ýöne özlerini „ýewangelion” hasaplaýan ybadathanalar öz edebiýatyny dil kynçylyklary sebäpli iňlis dilinde ýaýratmaly boldy. Eger-de olaryň dilleri bilmek ukyby bolan bolsa, onda munuň peýdaly boljakdygy gürrüňsizdi. Öz wagyz-nesihatlaryny biçak köp jemagatyň öňünde okaýan hatda beýik ýewangelçi (hoş habaryny ýaýradyjy) Reýnard Seýber hem kampala şäherinde (Uganda) halk bilen terjimeçiniň üsti arkaly geplemeli bolupdyr.
Aýat 23:
„Bütin ýygnak bir ýere üýşüp, ählisi başga dillerde geplese we bilimsizler ýa-da iman etmedikler içeri girse, olar: „Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz” diýmezmi?
Bu hakykatdan hem şeýledir. Musulmanlar we imansyzlar deň derejede Günbatar Afrikada dilleri bilýän diýýänleriň düşnüksiz ösüni baryşlarynyň üstünden gülýärler. Hatda durnukly mesihçi hem pentikostlylaryň ýygnagyny bir burda durup hem-de synlap, özüniň öňünde akylyndan azaşanlaryň durandygyny pikir edip, günä höweslerini başdan geçirýär.
Aýat 27:
„Kimdir biri bilinmeýän dilde gepleýän bolsa, onda iki ýa-da iň ýokarysy üç adam nobatma-nobat gepläp, biri-de manylandyrsyn”.
Islendik gullugyň dowamynda diňe iki ýa-da üç adam dürli dillerde gepläp bilipdirler. Auditoriýada üç dilden artyk geplenmese ýagşydyr. Çünki munuň ýaly ýagdaýda her sözlem iki dilden artyk terjime edilende gulluk öz durkuny ýitirip-de bilerdi. Eger-de dil peşgeşi Londonyň merkezi bölegindäki ýygnanyşykga ýüze çykan bolsady hem-de muňa birnäçe fransuz we nemes turistleri hem gatnaşan bolsalar, onda oratorlar öz çykyşlaryny şeýle başlardylar:
Pastor (Iňlisçe): Good evening.
Fransuz oratory: Ben soir.
Nemes oratory: Guten abend.
Ýöne olar elbetde yzly-yzyna nobatma-nobat geplemeli bolardylar. Eger-de olaryň bary bir wagtda geplän bolsalar, onda bulam-bujarlyk bolardy. Emma „birnäçe dilde gepleýän” häzirki zaman adamlaryň tebigy ukyplarynyň netijesinde haçanda birnäçe adam bir wagtda gürlände, edil şonuň ýaly çykyşlar bolýar. Men diňe bir adamyň gepläp başlanda, tiz bilen beýlekileriň hem edil şonuň ýaly edýändiklerini hem görüpdim.
Dil peşgeşleri pygamberlik üçin ýygy-ýygydan ulanylypdyr. Şonuň üçin Hudaý tarapyndan ýollanan ruhlanan habar daşary ýurt dilinde gepleýän adam üçin (dil peşgeşleri arkaly) aýdylyp bilnipdir (welilik ýa-da pygamberlik peşgeşi bilen). Iki peşgeşiň munuň ýaly ulanylyşynyň mysalyny Resullaryň Işleri 19:6 duş gelmek bolýar. Emma eger-de iňlisleriň we köp fransuz myhmanlarynyň gatnaşan Londondaky ýygnanyşykda orator fransuz dilinde geplän bolsa, onda mundaky iňlisler „abatlanyp bilmezdiler”. Şonuň üçin hemmeleriň aýdylýan sözi düşünip bilmekleri üçin dilleri terjime etmeklik peşgeşi bolmalydyr. Biziň bu mysalymyzda fransuz dilinden iňlis diline terjime edilmeli bolupdy. Şeýlelikde, eger-de kimdir-biri fransuz dilinde sorag beren bolsa, onda orator fransuz dilini bilmezden, fransuzça geplemek peşgeşine eýe bolsa-da, terjimeçiniň kömegi bolmazdan muňa düşünmäge ukyply bolmazdy. Munda oňa ýardam bermek üçin terjimeçilik peşgeşi bolmalydy.
Zerur bolan ýagdaýda terjimeçilik peşgeşine eýe bolan adam bolmasa, dil peşgeşini ulanyp bolmaz: „...biri-de manylandyrsyn. Düşündirýän ýok bolsa, onda ýygnakda dym” (1 Korintoslylar 14:27-28). Haçanda häzirki zamanda özlerini „dil” bilýänler diýip hasaplaýanlar hiç kimiň düşünip bilmejek dilinde gepleseler hem-de terjimesiz gepleseler, onda bu görnüş Pawlusyň buýruklaryna boýun bolunmaýandygy aýdyň görkezýändir.
Aýatlar 32, 33:
„Pygamberleriň ruhlary pygamberlere tabyndyr; Çünki Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, mukaddesler ýygnaklarynyň hemmesinde bolşy ýaly, parahatlyk Hudaýydyr”.
Şuňa görä-de, Mukaddes Ruhuň peşgeşlerine eýe bolmaklyk bu peşgeşleriň adamy normal akyl ýetirme realinden daşlaşdyrýandygy baradaky düşünje bilen bagly bolmaly däldir: Ruh – bu peşgeşler ýollanan adamyň subýektidir, bu adamyň öz hereketlerini dolandyrmaga erksiz edip gurşap alýan güýç däldir. Köplenç arwahlaryň ýa-da „zalym ruhlaryň” imansyz bolan adamlarda, Mukaddes Ruhuň bolsa, imanly bolan adamlarda mesgen tutýandyklary barada nädogry hasap edýärler. Ýöne 1 Korintoslylar 14:32 aýatda aýdylýan Ruhuň güýji oňa eýelik edýäniň barlagynyň aýry çäklerine çenli degişli bolandyr. Mundan başga-da, öňünçä aýdyp geçişimiz ýaly Mukaddes Ruhuň güýçleri belli bir iş üçin kesgitli wagtda resullara inipdirler hem-de olar bilen hemişelik galmandyrlar.
Peşgeşlere eýe bolanlar olary Taňrynyň parahatlyga bolan niýetine laýyklykda peýdalanmalydyrlar. Onuň tertipsizlige bolan ýigrenji (33 aýat) bolsa, pentikost ybadatçylaryna degişli bolmagy häzir ähtimaldyr.
Aýat 34:
„Ýygnaklarda aýallaryňyz geplemesin, çünki olara geplemäge rugsat edilen däldir. Olar kanunyň hem aýdyşy ýaly tabyn bolmalydyrlar”.
Ruhuň peşgeşlerinden peýdalanmak bilen baglylykda, aýallaryň ybadat gullugynyň dowamynda olardan peýdalanmaly däldikleri aýratyn nygtalýar. Emma häzir jemagatyň içinde bir adamdan beýleki adama geçýän emosional joşgun bilen düşündirilýän bulam-bujarly gepleşikde munuň ýaly kanuna köpçülikleýin närazylyk bildirilýär. Aýallar, çagalar hem-de aslyýetinde muňa gönükdirilen islendik adam saklap bolmajak joşguna gaplanyp bilner. Şonuň üçin olaryň gopgunly gykylyklary „daşary ýurt” dilleri kimin kabul edilip bilner.
Aýallaryň „Dillerde geplemeklik” we „pygamberlik” diýilýän häzirki zaman ybadathanalaryndaky göze ilýän orny 34-nji aýadyň anyk tabşyryklary bilen gabat gelip bilmeýär. Pawlusyň aýallary ýigrenýärmiş diýlen gürrüň gülkünç we ähmiýetsizdir. Indiki aýat muňa gös-göni garşydyr: „Özüni pygamber ýa-da ruhda kämil saýýan adam size ýazýanlarymyň Rebbiň (eýsem Pawlusdan däl) buýrugydygyny aňlasyn” (1 Korintoslylar 14:37).
Şonuň üçin Hudaý tarapyndan ylhamlanan bibliýa ynanýan islendik imanly 1 Korintoslylaryň 14 babynda berlen buýruklara çynlakaý çemeleşmelidigini kabul etmelidir. Bulara doly derejede äsgermezlik etmeklik diňe Hudaý tarapyndan ylhamlanan Hoş Habara bolan ynamyň ýoklugyny aňladyp biler ýa-da özünde ruhy peşgeşe eýe bolmak ukybyň ýoklugyna göz ýetirme bolar. Munuň ýaly garaýyşly adam 1 Korintoslylar 14 biziň üçin Hudaýyň tabşyryklarydygyny inkär eder. Bu tassyknamanyň özeni hakykatdan hem güýçli weýran edijidir. Munuň içinde siz nädip munuň ýaly ybadathananyň agzasy bolup ýa-da hatda oňa gatnaýanlar bilen gatnaşygy saklamaga islegde bolup bilersiňiz?