2.4 Peşgeşleriň yzyna gaıtarylyşy

Taňrynyň Ruhunyň ajaıyp peşgeşleri Mesih gaıdyp gelenden soňra Taňrynyň Şalygyndaky bar bolan dünıäni özgertmek üçin ıene-de imanlylar tarapyndan peıdalanylar. Şonuň üçin peşgeşlere „geljekki döwrüň güıçleri” diıilıär (İewreıler 6:4-5), we İoil (İoil 2:26-29) Ysraıyl halky toba edenden soňra Ruhuň peşgeşleriniň uly akylşyny beıan edıär. Mesih gaıdyp gelende bu peşgeşleriň imanlylara beriljekdigi baradaky faktyň özi bulara häzir eıe bolunmaıanynyň ıeterlikli derejedäki subutnamasy bolup durıar. Şol bir wagtyň özünde-de, Hoş Habara hem-de dünıäde bolup geçıän wakalara ser salıan her bir mesihçi Mesihiň gaıdyp gelşiniň uzak bolmadyk geljekdedigini görıär (ser. Goşmaça 3).

Birinji asyrda adamlaryň ruhy peşgeşlerine eıe bolan wagtynyň hem-de Mesihiň ikinji sapar gaıdyp gelmeginiň aralygynda peşgeşleriň biraz wagtlyk yzyna alynjakdygyny beıan edıän Bibliıanyň anyk welilikleri bardyr:

„…Pygamberlikler bolsa aırylar, diller dymar, bilim ıogalar.Çünki biz bölekleıin bilip, bölekleıin pygamberlik edıäris. İöne kämil bolan gelende, bölekleıin bolan aradan aırylar” (1 Korintoslylar 13:8-10).

„Haçanda kämil bolan gelende”  birinji asyrda eıe bolnan Ruhy peşgeşleri yzyna alynmalydyr. Bu Mesihiň ikinji sapar gelşini aňladıan däldir. Çünki şonda peşgeşler ıene-de gaıtarylar. „Kämil” diılip ıiti terjime edilıän grek sözi bigünä bir zady deňeşdirıän ıaly „doly zat ıa-da gutarnykly” diımekligi aňladıandyr.

Bu „doly zat’ irki döwrüň hristianlarynyň pygamberlik peşgeşiniň netijesi hökmünde eıe bolan ıarym bilimiň ıerini çalyşıandyr. Pygamberligiň Taňrynyň ruhlandyryjy sözleriniň peşgeşi bolandygyny ıatda saklaň; we bu sözleriň ıazylan görnüşi häzir Bibliıadyr.

Biziň eramyzyň birinji asyrynda ortaça ynanıan biziň häzir bilıän Täze Ähtimiziň diňe ıarysyny bilipdir. Ol öz ybadathanasynyň ıaşulylaryndan pygamberlikleriň diňe käbir sözlerini eşidipdir. Bu pygamberlikler bolsa durmuşyň dürli tejribeli ugurlaryna degişli bolupdyr. Ol Isanyň durmuşynyň gysagaça beıannamasyny bilipdir hem-de Pawlusyň bir ıa-da iki hatyny okan bolmagy ähtimaldyr. İöne pygamberlikleriň sözleri ıazga geçirilip tamamlanylan badyna, we olar ıüzlenmede bolanlaryndan soňra, olara geljekde eıe bolmak zerurlygy kesilipdir. Tamamlanylyp, Ruhuň peşgeşleriniň ıerini çalşypdyr we gutarnykly Täze Ähtine öwrülipdir:

„İazgylaryň hemmesi Hudaıyň ylhamy bolup, Hudaı adamy her bir oňat iş üçin taıyn, kämil bolar ıaly, öwretmek, käıemek, ıola getirmek, dogrulykda terbiıelemek üçin peıdalydyr” (2 Timoteos 3:16-17).

Bu kämil ıa-da doly bolan zat hem Bibliıadyr. Şeılelikde, bütin Bibliıa – bu Taňry ruhlandyrmasy bolup ıazylandyr we „bu kämil” başlap täsin peşgeşler yzyna alnypdyr.

Efeslilere bolan Hatyň aıatlary (4:8-14) bu düşüniımezligi ajaıyp usul bilen çözmek üçin bu ıerde örän amatlydyr:

„Munuň üçin: „(Isa)Belentlige (asmana) çykyp…adamlara sylaglar berdi…biziň hemmämiz imanda birlige (ıagny, bir imana) ıetıänçäk, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin Hudaıyň Ogluny tanamada, kämillige... her bir taglymatyň ıeli bilen kowulıan, eıläk-beıläk iteklenıän çagalar bolmazlygymyz ıaly…”.

Birinji asyryň peşgeşleri adamyň kämil ıa-da doly derejede ösıänçä iberilmeli bolupdyr. 2 Timoteos 3:16-17 aıatlary „bütin ıazgyny” kabul etmek arkaly „Taňry ynsanyň kämil boljakdygyny” aıdıar. Bütin İazgy eııäm bar bolandygy sebäpli, dürli ybadathanalaryň öňe sürıän köp sanly doktrinalaryň bar bolmagyna nähilidir has hakyky güwä ıokdyr. Diňe ıeketäk bir Bibliıa bardyr. Şeılelikde, „Seniň Sözüň hakykatdyr” (İahıa 17: 17) bolandygy üçin, onuň sahypalaryny öwrenmegiň üsti arkaly biz „imanyň birligi” (ıagny, Efesliler 4:13 aıdylyşy ıaly bir imany) tapyp bileris. Şonuň üçin hakyky mesihiler bu bir imana eıe bolmaga ıetdiler. Bu manyda bular Taňrynyň Sözüniň kämil ıazylan netijesi kimin doludyrlar („kämildirler”).

İogsa-da, Efeslileriň 4:14 aıatynda gudratly peşgeşleriň ruhy perzentligi bilen merhemete eıe bolmanyň deňeşdirilişine hem-de pygamberligiň esasynda, gudratly peşgeşleriň aırylmaly bolmalydygyna üns beriň. 1 Korintoslylar 13:11 aıatynda hem edil munuň ıaly aıdylıandyr. Şonuň üçin-de, ruhy peşgeşlere eıe bolma barada goh turuzmak ruhy taıdan ıetişilmäniň alamaty bolup durıan däldir. Bu sözleriň her bir okyjysy Taňrynyň ıazuw görnüşdäki Sözüne akyl ıetirmäge has köp ıykgyn etmelidigine, Taňrynyň Özi barada bize berıän esasy ylhamynyň dolulygyna şatlanmalydygyna hem-de muňa özümiziň sada boıun bolmamyz bilen jogap bermelidigine mundan netije çykarmalydyr.

Ruha eıe bolmaga häzirki zamandaky ymtylyş

Ahyrsoňy, özleriniň gudratly peşgeşlere eıediklerini telim gezek ykrar edıän adamlar barada birnäçe bellikler ıerine ıetirilmelidir:

Häzirki zamandaky „dillerde sözleıişde” gysga bogunlaryň köp gezek gaıtalanmasyna bolan meıli bardyr. Mysal üçin: „lala, lala, lala; şama, şama; Isa, Isa…” Bu sintaksisde nähilidr bir dil bilen baglanyşykda däldir. Haçanda adam kimdir biriniň daşary ıurt dilinde geplän durandygyny eşitse, şonda ol adamlaryň adatça nämedir bir zat barada gepleşip durandyklaryna düşünip biler. Mümkingadar, ol sözleriň özüne düşünmese-de, sözleriň nähilidir bir mahsus sesini eşidıär. İöne häzirki zamandaky „dillerde sözleıiş” munuň bilen tapawutlanıan däldir. Bu ıerde birinji asyrdaky peşgeşleriň maksady bolan şol pentlere bolan yşarat-da asla ıokdyr.

·         Käbir Pentikost ıygnanyşygynyň wekilleri dillerde geplemegiň özi „halas bolma” üçin talap edilıän alamatdygyny hem-de şonuň üçin munuň  täze imana öwrülmegiň her bir ıagdaıy üçin zerurdygyny tassyklaıarlar. Irki zamanyň ybadathanalary dürli peşgeşlere eıe bolanlary dürli organlara meňzeş bolan edaralary ıaly beıan edipdirlerİ Bu sözler bolsa, muňa düıbünden gapma-garşy gelıär. Her kim onuň eli ıa-da ıagy bolmandyr hem-de her kime nähilidir bir peşgeşe eıe bolmaklyk berilmändir. Mysal üçin diller peşgeşine. 1 Korintoslylaryň 12:17, 27-30 aıatlary muny şeıle düşündirıär:

"Tutuş ten göz bolan bolsa, onda eşidiş nirede bolardy?Bary eşidiş bolan bolsa, onda ysgaıyş nirede bolardy?Siz Mesihiň teni, aıry-aıry agzalarysyňyz. Hudaı İygnakda birinjileri resul, ikinjileri pygamber, üçünjileri öwrediji edip oturtdy; ondan soň hem gudrat görkezmeleri, ondan soň şypa sylaglaryny, ıardamlary, edaralary, dürli dilleri berdi. Hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir?Hemmeler öwredijimidir?Hemmeler gudrat görkeıänmidir?Hemmeleriň şypa sylagy barmy? Hemmeler dürli dillerde gepleıärmi? Hemmeler dilleri manylandyrıarmy?"

Bu şol babyň özünde hem biraz irräk aıdylıar:

"Çünki Ruh arkaly birine akyldarlyk sözi, ıene birine şol Ruh arkaly bilim sözi, başga birine şol Ruh arkaly iman, beılekä şol Ruh arkaly şypa sylaglary, birine gudrat görkezme, ıene birine pygamberlik, başga birine ruhlary saıgarma, beıleki birine dürli diller, ıene birine dilleri düşündirme berilıär. Bularyň hemmesini bolsa şol bir Ruh emele getirıär. Ol her birine Öz halaışyna görä, aıry-aıry bölüp berıär. İöne teniň bir we agzasynyň köp bolşy ıaly, teniň agzasy köp bolsa-da, bir tendir; Mesih-de şeıledir" (1 Korintoslylar 12:8-12).

Munuň ıaly äşgärlige ähmiıet bermän geçmek bolmaz.

Pentikostlylar obşinasy babatda ıene-de başga mysaly getirmek bolar. Filipus täze imana gelenleri imana bagyş edıärdi, ıagny olar Bibliıany öwrenenlerinden soňra suwda çokundyrylypdyrlar. Emma olar Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini heniz almandylar. Sebäbi mundan soňra Petrus we İahıa olaryň ıanyna barypdyrlar hem-de „bular hem baryp, Mukaddes Ruhy alsynlar diıip, olar üçin doga etdiler…Şonda resullar ellerini olaryň üstünde goıanlarynda, olar hem Mukaddes Ruhy aldylar. Simun resullaryň elleriniň goıulmagy bilen, Mukaddes Ruhuň berlenini gördi..." (Resullaryň Işleri 8:4-18). Mümkin Ruhuň peşgeşleriniň geçirilişi diňe elleriň goıulmagy bilen amala aşyrylandyr hem-de häzirki döwrüň dalaşgärleri tarapyndan oňa eıe bolmaklyk o diıen ıygy geçirilıän däldir.

Pentikostlylaryň beıleki wekilleri dürli dillerde geplemekligiň halas bolunma heniz kepil bermeıändigini nygtaıarlar. Bu özlerinde peşgeşleriň bardygyny nygtaıanlaryň arasynda çynlakaı teologiki gapma-garşylyklarynyň bardygyny görkezıär. Şeılelikde, käbir „taňrydan ruhlananlar” Taňrynyň Şalygynyň ıerde dikeldiljekdigine ynanıarlar. İene başga birleri bolsa, onuň asmanda dikeldiljekdigini nygtaıarlar. Katoliki „taňrydan ruhlananlar” Mukaddes Ruhuň özlerine Merıemi we papany taňry derejä galdyrmagy buıurıandygyny nygtap durkalar, käbir pentikost „taňrydan ruhlanlar” özleriniň eıe bolan Mukaddes Ruhunyň olara papa edil antihriste garap, katoliki taglymatyny ıazgarmagy buıurıandygyny aıdıarlar. Emma Isa Göwünlik Berijä, ıagny Mukaddes Ruhuna eıe bolanlaryň hakykata tarap gönükdiriljekdigini şübhelenmän aıdypdyr.”…şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz…Göwünlik Berjisi…size ähli zady öwreder, meniň aıdan ähli zatlarymy ıadyňyza salar” (İahıa 16:13, 23; 14:26).

Göwünlik Berijä eıe bolanlaryň arasynda taglymatda göni gapma-garşylyklar bolmaly däldir we şol bir wagtyň özünde hem bu gapma-garşylygyň barlygy özlerinde ruhy peşgeşleriň bardygyny aıdıan adamlara çynlakaı ynanmaly däldigini görkezıär. Munuň ıaly käbir dalaşgärleriň Bibliıa salgylanyp, özleriniň ynam ıoluny düşündirmegiň anyk ukypsyzlygy olaryň Göwünlik Berijisi tarapyndan bütin hakykata we doly göz ıetirmä ugrukdyrylmaıandygyny görkezıär.

·         Käbir adamlaryň dürli dillerde geplemeklige döredıän uly ünsi bu babatda bibliıa düşündirmeleri bilen ylalaşmaıar. Efesliler 4:11 aıdylıan Ruhy peşgeşleriniň sanap geçilmesinde bu hatda ıok. Bu peşgeş baradaky ıatladylma diňe 1 Korintoslylaryň 12:28-30 aıatlarynda sanalyp geçmäniň ahyrynda agzalyp geçilıär. Hakykatda, Täze Ähtiň diňe üç ıerinde bu peşgeşiň ulanylyşyna görkezme bardyr (Resullaryň Işleri 2:4; 10:46; 19:6).

Dürli dillerde geplemekde täjribe geçıän we gudratlary görmek bilen meşgullanıan häzirki zamanyň „taňrydan ruhlanan” mesihileriň talap etmeleri Taňrynyň Ruhunyň ıaradanlary babatynda biziň bu bapda aıdanlarymyzyň ählisini nazarda tutup, seljerilip geçilmelidir. Munuň ıaly esasy netijäni çykarmak bolar: munuň ıaly adamlar özleriniň üsütnlikleri barada nämeler aıtsalar-da, bu özleriniň Mukaddes Ruha eıeçilik etmekleriniň netijesi bolup bilıän däldir. Peşgeşlere ıe bolmak barada tassyklama bilen kim çykyş etse-de, ol biziň bu ıerde aıdyp geçen şol bibliki esaslara jogap bermek üçin ummasyz derejede öı işini ıerine ıetirmelidir.

Emma, näme üçin ıarym derejede sagalmagyň we „dillerde” geplemekligiň (butparazlyk manysynda) ıagdaılary ıüze çykıar diıen soraga biraz düşündiriliş bermeklik gowudyr.

Adamlaryň öz kelle beınisiniň uly bolmadyk böleginden peıdalanıandyklary bellidir. Käbir görkezmelere görä bu diňe 1% barabardyr. Şeıle hem aňyň bedene „fiziki” diıen ıaly gözegçilik edip bilıändigi hem kesgitlenendir. Oduň ıakyp bilmezligini öz-özüňe ynandyrmagyň üsti arkaly induslar aıaklaryny ıakman, aıakıalaňaç oduň üstünden ıöremegi başarıarlar. Aıratyn ruhlanma wagtlary biz öz beınimiziň adatdan has uly göterimde ukyplarymyzdan peıdalanyp bilıäris. Şonda hemmeler tarapyndan kabul edilen mümkinçiliklerden has ıokary bolıan bedenimiziň şeıle fiziki güıjüne ıetilıär. Söweş wagty uly tolgunma ıagdaıynda esger birnäçe minudyň dowamynda özüniň golunyň goparlandygyna-da üns berip bilmez.

Uly dini ynamda we belli bir höwes dörediji sazda, taňry ruhlanan ıolbaşçynyň täsiri bilen kadaly adamzat düşünjesiniň çäginde bolan hadysalaryň bolmagy mümkindir. Bu günki „mesihileriň” aıdıan gudratlary beıleki dinleriň ruhy hassa bolan tejribeleri ıaly bolan şol düzgüniň özüniň kadadan çykmalarydyr. Şamançylygyň muşdaklary şeıdip beıleki dillerde samyrdyly bolan düşnüksiz gepleşikde ulanylıan şol bir usullardan peıdalanıarlar. Musulmanlar hem häzirki zaman hristianlaryň görkezıän şeıle gudratlaryny tassyklap bilerler. İöne biziň eramyzyň birinji asyrynda Ruhy peşgeşlere eıe bolmaklyk beıleki dinler bilen deňeşdirilende hakyky mesihçiligiň aç-açan artykmaçlygynyň şertlerinde amala aşyrylypdyr. Şu wagtky hristiançylygyň häzirki zaman „gudratlarynyň” beıleki dinleriň şol bir „gudratlary” bilen meňzeşliginiň şol subutnamasy biziň eramyzyň birinji asyrynda bolup geçen Mukaddes Ruhuň şeıle peşgeşleriniň häzir ıokdugyna şaıatlyk edıär.

Eger-de meşhur „hristianlar” birinji asyrda berjaı edilen uly we ynandyryjy güıçleriň hakyky gudratlaryny berjaı eden bolsalardy, onda Yslamyň dowam edıän dabaraly ıörüşi Hristiançylyk bilen deňeşdirilende Afrikanyň köp böleginde orun tutup-da bilmezdi. Şonda „Göwünlik Berijiniň” emri bilen Mukaddes Ruhuň peşgeşlerine hakyky eıe bolanlar Isanyň görkezen gudratlaryndan-da has köp keramatlary görkezip bilerdi (İahıa 14:12,16). Eger-de hristianlarda şeıle uly ynam bolan bolsa, olaryň şolar ıaly gudratlary görkezip biljekdikleri baradaky pikir bu ıerde kesgitli şübhelenme döredıär. Sorag şeıle jemlenendir: olar ıa Göwünlik Berijiniň ajaıyp peşgeşlerine eıe ıa-da ıok. Eger-de olar özlerinde bu peşgeşleriň bardygyny tassyklaıan bolsalar, onda olar „uly güıçleri” diňe bir ıaradyp bilmän, eısem olary ıaradardylar (İahıa 14:12)!