2.5 Bibliýabu ýeketäk abraý

Bu bapda aýdylyp geçilenleriň ählisinden ugur alyp, Taňry Ruhunyň Onuň aňyna, niýetine hem-de güýjüne degişlidigini aýtmak bolar. Bular arkaly Ol Özüniň ýaradyş işlerini amala aşyrýar. Biz Ruhuň bize Taňry Sözleriniň sahypalarynda aýan bolýandygyny belläp geçdik. Köp kynçylyklar häzirki zamanyň hristianlarynyň muňa doly düşünmeýändikleri zerarly ýüze çykýar. Şeýle uly güýjiň ýeke kitaba jemlenendigine düşünmek kyn bolandygy üçin, Bibliýadan başga Hudaýyň adama ýene başga bir görnüşli ylhamynyň bardygyna pikirlenmek islegi döreýär. Biziň juda hapalanan ynsan tebigatymyza (Ýeremiýa 17:9) Taňrynyň Sözüniň päk hakykatayna düşünmäge kyn bolandygy (Ýahýa 17:17) zerarly adamlaryň köpüsi özleriniň ynsan aňyna has oňaýly bolan başga görnüşli ylhamlary kabul etmegi makul bilýärler. Aşakda bularyň birnäçesiniň mysallary getirilýär:

Imana tabyn bolmasy ýa-da dini
(
ybadathana)

Dalaş edilýän beýleki görnümli ylhamlar

Adam üçin bu görnüşiň artykmaçlygy /ajaýyplygy

Ýegowanyň Şaýatlary

Hudaý tarapyndan ruhlanan hasaplanýan Minara Sakçylar Jemgyýetiniň neşirleri.

Bibliýany dogry düşündirilişiniň dogrulygy babatda oýlanmak üçin hiç hili şahsy tagalla gerek bolmaýar.

Rim Katosilizmi

Papanyň we ruhanylaryň aýdan pikirleri. Olaryň sözlerine görä, bu pikirler Taňry Aklynyň şekilidir.

Öz-özüň Bibliýany okamaklygyň zerurlygy ýok. Geçmişde Katosilizm muny etmegi gollamandy we hatda muny gadagan edipdi. Olaryň sözleriniň dogrulygyny tassyklamaga tagalla bolmazdan, adamlaryň sözlerine ynanmak.

Mormonlar

Mormonyň Kitaby

Bibliýanyň düşünmage kyn bolan doktrinalaryna ynanmaklyk zerurlygyny aradan aýyrýar. Bibliýa Hoş Habary öwrenmäge çagyrylmadyklary zerarly umytsyz ýaşaýan we ölýän adamlaryň bardygyny aýdyp durka, Mormonyň Kitaby köptaraplaýyn halas bolmak mümkinçiligini berýär.

Hudaý tarapyndan ruhlanan” hristiançylyk

Olaryň pikirine görä Içki ýagtylyk – bu Mukaddes Ruhdyr.

Olar özleriniň islendik duýgularynyň dogrudygyna ynanýarlar hem-de Taňry Ruhy özleriniň Bibliýa bilen baglanyşykly bolmadyk ýollarynda gönükdirýär we ruhlandyrýar diýip hasaplaýarlar.

Bularyň bary Bibliýany Taňrynyň Sözi hökmünde doly öwrenmeklik hem-de onuň sahypalaryndan hakyky ylhamy tapmaklyk zerurlygyny nygtaýar. „Näme üçin Bibliýa ýeke, emma ybadathana köp?” diýen soraga garşy soragyny bermelidir, her ybadathananyň Taňry Ruhunyň beýleki görnüşli ylhamyny belli bir derejä çenli kabul edişini, ýagny, Bibliýada bu barada aýdylandan başga Onuň erkini, öwütlerini we oýlanmalaryny nygtamalydyr.

Eger-de siz ýeke hakyky ybadathananysyny, ýeke hakyky imany we ýeke hakyky suwa çokundyrylmasyny (Efesliler 4:4-6) tapmak isleýän bolsaňyz, onda size „Bibliýa tarap yza!” diýlen batly we anyk çagyryş bolmalydyr.