3.1 Hudaýyň wadasy: Giriş
Şeýlelikde,
derslerimiziň dowamynda biz Hudaýyň barlygy we Onuň
işleri barada has jikme-jik aýdyp geçipdik. Biz has kyn
bolan soraglaryň birnäçesini çözdük.
Häzir bolsa, biz Onuň wesýetlerini ýöretme
üçin „Rebbiň
Özüni söýenlere wada eden” (Ýakup 1:12; 2:5)
zadyna has aýdyň seretmäge çemeleşeris.
Hudaýyň
Köne Ähtdäki wadalary hakyky hristian umydydyr. Iň
aýgytlaýjy pursatda haçanda Pawlusyň ykbaly sudda
çözülende, ol geljek sylag üçin
özüniň durmuşyndaky ähli zady ýitirmäge
taýyndygyny aýdypdy: „Şindi
hem Hudaý tarapyndan ata-babalarymyza berlen wada umyt baglanym
üçin diwan öňünde durun…şu umyt
üçin…aýyplanýaryn” (Resullaryň Işleri
26:6-7). Ol özüniň ömrüniň ep-esli bölegini
şatlykly täzelikleri (Hoş Habary), ýagny
Hudaýyň Isany direldip (Resullaryň Işleri 13:32),
berjaý eden „ ata-babalarymyza
berlen wadany” wagyz etme bilen geçirdi. Pawlus Hudaýyň
wadasyna bolan ynamyň özüne ölülerden direlme (Resullaryň
Işleri 26:6-8, 23:8 bilen deňeşdiriň), Isanyň ikinji
sapar gelişi baradaky bilim, höküm hakynda hem-de
Taňrynyň Şalygynyň boljakdygy (Resullaryň Işleri
24:25; 28:20, 31) baradaky umydyny berendigini düşündirdi.
Bularyň bary
Köne Äht – bu ebedi ýaşaýyş barada
aýtmaýan Ysraýylyň diňe bölek taryhydyr
diýýän rowaýaty ýok edýär.
Ýöne 2000 ýyl mundan ozal Hudaýyň Isa arkaly
bize ebedi ýaşaýşyny bermek baradaky wadasy
garaşylmadyk ýagdaýda bolmandy. Bu niýet Onda
ilkibaşdan bäri bolupdy:
„Meniň bu resullygym ýalan
sözlemeýän Hudaýyň ezelden wada eden baky
ýaşaýşynyň umydyna daýanýar. Halasgärimiz
Hudaýyň buýrugy boýunça maňa
tabşyrylan wagyzda Hudaý Öz sözüni amatly wagtynda
aýan etdi”
(Titusa
1:2-3).
„Ýaşaýyş aýan
boldy, biz ony gördük, oňa güwä
geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan
ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size
habar berýäris” (1 Ýahýa 1:2).
Hudaýyň Öz adamlaryna baky ýaşaýşyny bermek baradaky niýetiniň Onda dünýä ýaradylandan bäri bolandygyny göz öňüne tutmak bilen, biz Onuň Köne Ähtde aýdylşy ýaly, 4000 ýylyň dowamynda adamlar bilen saklan gatnaşygy barada dymandygyna kän bir ynanmaýarys. Fakt boýunça, Köne Äht Hudaýyň Öz adamlary üçin taýynlan bu umydy barada ummasyz welilikleri we wadalary berýär. Şonuň üçin özümiziň halas bolmagymyz üçin ýewreý ata-babalarymyza berlen Hudaýyň wadalaryna akyl ýetirmek wajypdyr. Munuň üstesine-de, Pawlus Efesdäki imanlylara heniz bu barada bilmezlerinden ozal olaryň „şol wagtlar Mesihsiz, Ysraýyla raýatlykdan mahrum, wadanyň ähtlerine ýat, umytsyz, dünýäde Hudaýsyz bolandyklaryny” ýatladypdy (Efeslilere 2: 12). Olaryň mundan ozalky butparaz imanynyň özlerine Hudaý barada nähilidir bir umydy we düşünjäni berendigine ynam ýokdur. Köne Ähtde aýdylýan Hudaýyň wadalaryny bilmezligiň çynlakaý ähmiýeti şundan ybaratdyr, ýagny „umydy bolmazlyk we dünýäde Hudaýsyz bolmak”. Pawlusyň hristian umydyny edil „(ýewreý) ata-babalarymyza berlen wada umyt…” (Resullaryň Işleri 26:6) ýaly kesgitländigini unutmaň.
Gynansakda, ybadathanalaryň diňe birnäçeleri Köne Ähtiň bu ýerlerine üns berýärler. „Hristiançylyk” Täze Ähte esaslanan dininde ösüşden galdy. Ýöne bu ýagdaýda, bu mundan diňe aýatlaryň biraz böleginden peýdalanýar. Isa bu hakda şeýle aýdyň aýtdy:
„Eger-de (olar) Musa (ýagny, onuň ýazan Bibliýanyň ilkinji bäş kitabyna) hem pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar” (Luka 16:31).
Käbir adamlar özleri üçin diňe Isanyň direlmegine bolan bir imanyň ýeterliklidigini hasap edipdirler (Luka 16:30 deňeşdiriň). Ýöne Isa Köne Ähti bilmezden munuň ýeterlikli däldigini aýdypdyr.
Isa Özüniň haçda çüýlenenden soňra resullaryň imanynyň ýitirilmegini olaryň Köne Ähte üns bermeýändikleriniň netijesinde bolandygyny düşündiripdir:
„Isa olara diýdi: „Eý akmak adamlar, pygamberleriň ähli aýdanlaryna (bolmalysy ýaly) giç ynanýanlar! Mesih bu görgüleri görüp, şähratyna girmeli dälmidi?” Onsoň Musa bilen bütin pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdanlaryny olara düşündirdi” (Luka 24:25-27).
Onuň Köne Äht barada Özüniň çintgäp aýdyşyna üns beriň. Bu resullaryň hiç haçan Köne Ähtiň sözlerini okamadygynda ýa-da eşitmediginde bolman, eýsem olaryň bularyň çuň manysyna düşünmändiklerinde bolupdyr. Hakyky imany berkitmek üçin Taňrynyň Sözüni ýöne okandan, gowusy oňa dogry düşünmeklik zerurdyr. Ýewreýler Köne Ähtiň okalmagyna fanatiklerçe garapdyrlar (Resullaryň Işleri 15:21). Ýöne olaryň Köne Ähtiň Isa we Onuň Hoş Habaryna bolan baglanyşygyna düşünmändikleri üçin, olar Köne Ähte asla ynanmandyrlar we şonuň üçin Isa olara şeýle diýipdir:
„Siz Musa iman eden bolsadyňyz, Maňa-da iman ederdiňiz, çünki ol Men hakda ýazdy. Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdýanyma nähili iman ederdiňiz?” (Ýahýa 5:46-47).
Olaryň Bibliýany tutuş okanlaryna garamazdan, hökmany halas edilme baradaky pikir özlerine ýarasa-da, olar munda Isa baradaky hakyky habary görmändiler. Olara olara şeýle diýmelidi:
„Siz Mukaddes Ýazgylary agtaryşdyrýarsyňyz (ýagny olary üns bilen okaň, Resullaryň Işleri 17:11 bilen deňeşdiriň) , çünki ebedi ýaşaýyş şolardyr öýdýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda güwälik edýärler”(Ýahýa 5:39).
Köne Ähtiň käbir ýerlerine we ýagdaýlaryna ýüzleý garaýan köp adamlar bilen hem şeýle bolup biler: çünki olar bilimi Ýazgylaryň sahypalaryny tötänleýin açandyklary bilen alandyrlar. Taňrynyň Şalygy baradaky Isanyň we Hoş Habaryň ajaýyp sözleri edil öňküsi ýaly olardan daşlaşýar. Bu bapda Köne Ähtiň esasy wadalarynyň hakyky manysyny aýat etmek bilen, munuň ýaly adamlary bu ýagdaýdan çykarmaga synanyşylýar:
· Erem bagynda;
· Nuha peşgeş berilen;
· Ybraýyma;
· Dawuda.
Bu wadalaryň beýan edilmesi Musa tarapyndan ýazylan Bibliýanyň ilkinji bäş kitabynda (Barlyk Kitaby – Ikinji Kanun Kitaby) hem-de Köne Äht pygamberleriň kitaplarynda bardyr. Hristiançylyk Hoş Habarynyň ähli elementleri bu ýerde getirilýändir. Pawlus özüniň wagyz etmesiniň „pygamberler bilen Musanyň boljagyny aýdan zatlaryndan, ýagny Mesihiň görgi görmeli bolandygyndan, ölümden ilkinji direlen hökmünde hem öz halkymyza, hem-de özge milletlere nury yglan etmelidiginden başga ” (Resullaryň Işleri 26:22-23) hiç bir täze zady girizmäýndigini düşündirdi. Pawlusyň ömrüniň soňky günlerinde-de onuň aýdymy şol öňküsi ýaly galdy: „Ol Hudaýyň Patyşalygyna güwä geçmek bilen, ir ertirden giç agşama çenli Musanyň kanunyna, pygamberler ýazgysyna salgylanyp, olary Isa ynandyrmagy çalyşdy” (Resullaryň Işleri 28:23).
Ajaýyp
hristian bolan Pawlusyň bu umydy onuň ömrüniň ahyrynda
şöhratly nur bolşy ýaly, biziň hem umydymyz
bolmalydyr. Bu her bir hakyky hristian (mesihi) adamsynda bolmalydyr. Biz hem
munuň ýaly mysaldan ruhlanyp, häziriň özünde „Ýazgylary
barlag edip” bilýändiris.