3.3 Nuha berlen wada

adam taryhynyň ösüşi boýunça, Adam Ata we How Eneden soň adam has-da zaýalan gidipdir. Wakalar şeýle bir ugurda ösüpdir welin, hatda siwilizasiýada moral taýdan pese düşmek derejesine baryp ýetdi. Şonda Hudaý ähli jandarlary ýer ýüzünden ýok ýetmek kararyna geldi. Muňa diňe Nus we onuň maşgalasy degişli bolmandy (Barlyk Kitaby 6:5-8). Hudaý Nuha özüne gämi ýasamagyny buýurdy. Bu gämide ol öz maşgalasy we haýwanlaryň her görnüşinden alyp, dünä suwa gark edilýänçä ýaşamaly bolupdy. Bibliýada dünýäniň suwa gark edilmegini beýan edilşinden başga-da munuň hakykatdygyny tassyklaýan ylmy görkezmeleriň ýeterlikli derejede bardygyny bellemek zerurdyr. Ýeriň (ýagny, gönümel manyda aýtsak, biziň planetamyz) ýok edilmändigine üns beriň; onda bar bolan ahlaksyz ynsan jemgyýeti heläk bolupdy. „Ýer ýüzünde gyrmyldaýan her bir jandar heläk boldy” (Barlyk Kitaby 7:21). Isa (Matta 24:37) we Patrus (2 Petrus 3:6-12) Nuh eýýamynda bolup geçen sudda Mesihiň ikinji gezek gelende boljak şol suduň şekilini gödüler. Nuh eýýamyndaky ahlaksyz adamzat Mesih dolanyp gelende boljak jeza sezewar ediljek biziň häzirki dünýämiz bilen şeýle deňeşdirilýär.

Adamlaryň uly günäliligi zerarly we şeýle hem biziň planetamyzyň öz-özüni ýoklama programmasyna girizýändigiň netijesinde biziň ýerimiň ýok boljakdygy baradaky ynam hatda hristianlaryň arasynda hem barha ösýär. Munuň ýaly oýlanma Hudaýyň biziň planetamyzyň işlerine örän üns berýändigi hem-de bu ýerde Taňrynyň Patyşalygyny dikeltmek üçin basym Isanyň dolanyp geljekdigi baradaky Bibliýanyň esasy hatlarynyň doly derejede bilinmeýändigini aýdyň görkezýär. Eger-de adama öz planetasyny ýoklamaga ygtyýar beriläýse, onda bu wadalar berjaý edilip bilmez. 4.7 bölümde we 5-nji bapda Taňrynyň Patyşalygynyň ýerde boljakdygynyň degerli subutnamalary berilýär. Şu pursatda ýeriň we gün sistemasynyň ýok edilmejekdiginiň subutnamalary hökmünde Bibliýadan birnäçe bölekler getirilýär:

·        Mukaddes mekanyny belentlikler kimin, ebedi guran dünýäsi kimin bina etdi” (Zebur 78:69).

·        „Ýer ebedilikdedir” (Ekkl. 1:4).

·        „Gün we Aý... ýyldyzlar... gökler... Ol... olary ebedi we mydama berkarar etdi we bir kanun goýdy, ondan geçmezler” (Zebur 148:3-6).

·        „Ýer suwyň deňizi dolduryşy ýaly, Rebbiň girişinden (biliminden) doldurylar” (Işaýa 11:9; Sanlar 14:21) – Hudaýyň ýeriň özüni weýran etmäge ygtyýar bermegini göz öňüne getirmek kyndyr. Bu wada heniz berjaý edilenok.

·        „Ol ýeri emele getiren we ony ýaradan Hudaýdyr; ony biderek ýere ýaratmady; Ol ony ýaşaýlmak üçin emele getirdi” (Işaýa 45:18). Eger-de Hudaý ýeriň diňe weýran edilendigini görmek üçin ýaradan bolsa, onda Onuň ýaradany biderek bolardy.

Ýöne Hudaýyň bularyň baryny Nuha wada edendigigini görkezýän Barlyk Kitabyna tarap yza dolanalyň. Haçanda dünýä suwa gark edilenden soňra Nuh ýene-de täze dünýäde ýaşap başlanda, mümkin başga bir ähliumumy weýran edilme barada howatyrlanandyr. Haçanda dünýä gark edilmeden soňra ýene-de ýagyş ýagyp başlanda, onuň aklyna şol pikiriň gelendigi mümkindir. Şonuň üçin Hudaý munuň gaýdyp hiç haçan gaýtalanmajakdygyna äht (wada) etdi:

„Men siziň bilen Öz ähtimi goýýaryn...Öz ähtimi siziň bilen goýýaryn (munuň ýaly gudrata üns beriňHudaý ýönekeý adama wada bermek üçin, oňa ýüzlenip, „Men” at çalyşmasyny ulanýar), gaýdyp hiç bir jan suwa gark edilmez,we indi ýeri boşatjak suw bolmaz” (Barlyk Kitaby 9:9-12).

Bu äht älemgoşar bilen tassyklandy:

„Haçanda Men ýere bulut iberemde, älemgoşar (Meniň) bulutda peýda bolar; we şonda Men Meniň siziň bilen aramyzdaky hem-de her bir jandaryň arasyndaky Öz ähtimi ýada salaryn... Şuldur ähtiň nyşany” (Barlyk Kitaby 9:13-17).

Munuň Hudaýyň we adamlaryň we ýer ýüzüniň haýwanlarynyň arasyndaky baky äht bolandygy üçin, ýerde hemişe adamlaryň we haýwanlaryň ýaşamalydygyna netije çykarmak bolar. Munuň özi Taňrynyň Patyşalygynyň asmanda bolman, eýsem, ýerde boljakdygyna subutnama bolup ýardam berýär.

Şeýlelikde, Nuha berlen wadanyň Patyşalygyň Hoş Habarynyň özenidigini görkezýär. Bu Hudaýyň biziň planetamyza uly üns berýändigini hem-de ondaky ebedi ýaşaýyş baradaky niýeti Özünde saklaýandygyny görkezýär. Hatda gahar-gazapda bolsa-da, Ol duýgydaşlygy ýadyna salýandyr (Awwakum3:2). Onuň söýgüsi şeýledir. Ol hatda Özüniň ýaradan haýwanat dünýäsiniň hem aladasyny edýändir (1 Korintoslylara 9:9; Ýunus 4:11 bilen deňeşdiriň).