3.5 Dawuda berlen wada

Edil Ybraýym ýaly, Dawudyň we Taňry wadalarynyň beýleki mirasgärleriniň durmuşy ýeňil bolmandyr. Dawut uly maşgalanyň kiçi ogly bolup kemala geldi. Bu Ysraýylda, Mesihiň dünýä inmezinden 1000 ýyl ozal onuň goýun bakyp gezendigini hem-de öz uly doganlarynyň buýruklaryny ýerine ýetirip gelendigini aňladypdyr (1 Patyşalyk 15-17). Bu döwrüň dowamynda ol diňe käbir adamlara mahsus bolşy ýaly, Hudaýa bolan imana göz ýetiripdi.

Ysraýyllylaryň agressiw duşmanlary bolan goňşy filistimlileriň görkezen garşylygyny kabul etmeli güni hem gelip ýetdi. Ýehudylar öz aralaryndan filistimlileiň çempiony bolan äpet Goliat bilen göreşip biläýjek bir adamyny orta çykarmaga borçly bolupdylar. Goýlan şerte görä, ýeňiji ýeňilen halky dolandyrmaly bolupdy. Dawutda diňe keman we daşlar bolsa-da, ol onuň bilen söweşip, Taňrynyň kömegi bilen ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş Dawuda patyşadan (Saul) hem ýokary meşhurlygy getirdi. Ýöne „gabanjaňlyk dowzah kimin ýowuzdyr” (Aýdymlar 8:6) – bu sözler Ysraýylyň günorta çöllüklerinde edil alakany tutjak bolýan ýaly 20 ýylyň dowamynda Dawudy öldürmek maksady bilen kowalan Saulyň soňky hereketleri bilen tassyklanandyrlar.

Ahyrsoňunda Dawut patyşa bolýar. Özüniň yzarlanyp gizlenen döwründe Hudaýyň özüne bildiren söýgüsu üçin Dawut minnetdarlyk bildirmegiň şanyna, Oňa ybadathana gurmak kararyna geldi. Emma Hudaý Dawuda onuň ogly Süleýmanyň ybadathana gurjakdygyny we Dawudyň bolsa, özüne jaý gurmagyny aýtdy (2 Patyşalyk 7:4-13). Soňra bolsa, edil Ybraýyma aýdylşy ýaly, köp zatlary öz içine alýan jikme-jik wada aýdyldy:

„Haçanda saňa berlen ömür ahyrlanda, we sen öz ata-babalaryň ýanyna gideniňden soňra, Men senden boljak seniň zürýadyňy goýaryn hem onuň şalygyny berkiderin. Ol Meniň adyma jaý dikelder, we Men onuň patyşalyk tagtyny ebedilik goýaryn. Men oňa ata bolaryn, we ol Meniň oglum bolar; we eger-de ol günä etse, Men ony ärleriň hasasy we ynsan ogullarynyň urgulary bilen jezalandyraryn; ýöne Men seniň öňüňde Sauldan ýüzüwi öwürip, ondan Öz rehimdarlygymy alşym ýaly ondan almaryn. Seniň öýüň we seniň şalygyň Meniň huzurymda ebedilik sarsmaz bolar hem seniň tagtyň baky durar” (aýatlar 12-16).

Biziň öňdäki derslerimizden „zürýadyň (nesliň)” Isa boljakdygyny bilýäris. Onuň Taňrynyň ogly kimin beýan etmesi (2 Patyşalyk 7:14) muny Bibliýanyň beýleki köp ýerlerinde tassyklaýyşlary ýaly tassyklaýandyr:

·       „Men Dawudyň köküdirin we neslidirin” diýip Isa aýtdy (Ylham 22:16).

·       „Ten boýunça Dawudyň tohumyndan bolan Öz Ogly (Isa) hakda” (Rimliler 1:3).

·       „Onuň neslinden (Dawudyň) Ysraýyl üçin Isany halasgär edip çykardy” (Res.Iş. 13:23).

·       Perişde Merýem gyza onuň ogly Isa babatda şeýle diýdi: „Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz” (Luka 1:32-33). Dawudyň nesli babatdaky bu wada (2 Patyşalyk 7:13) Isa degişlidir.

Nesliň Isa bolandygyny pugta kesgitläp, biz häzir birnäçe wajyp soraglara üns bermelidiris:

·       „Seniň tohumyňdan boljak nesliň seniň... Men oňa ata bolaryn we ol meniň oglum bolar”; ... tagtyňda seniň biliňden öneni oturdaryn” (2 Patyşalyk 7:12, 14; Zebur 132:11). Isa zürýat hökmünde, Dawudyň gönümel beden nesli bolupdyr we şol bir wagtyň özünde-de onuň Atasy Hudaý bolupdyr. Bu hakda Täze Ähtde aýdylşy ýaly, diňe el degmedik gyzdan dünýä inme arkaly amala aşyp bilerdi. Isanyň ejesi Dawudyň neslinden bolan Merýem bolupdy (Luka 1:32), ýöne onuň atasy ynsan däl-de Hudaý bolupdy. Merýem göwreli bolmak üçin, Hudaý Mukaddes Ruhuň keramatly usuly arkaly onuň göwresine täsir etdi. Perişde bu hakda şeýle diýdi: „Şonuň üçin hem doguljak Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler” (Luka 1:35). „Päk gyzdan dogulma” wadalary bolmalysy ýaly berjaý etmek üçin ýeketäk ýol bolupdy.

·       „Ol Meniň adyma jaý gurar” (2 Patyşalyk 7:13). Bu sözler Isanyň Hudaý üçin gönümel hem-de ruhy manyda ybadathana bina etjekdigini aňldýandyr. Ýezekil 40-48 baplarynda Altyn asyrda Ysraýylda nähili ybadathananyň bina ediljekdiginiň jikme-jik beýannamasy berilýär (Mesihiň ikinji gezek ýere geleninden soňra, Taňry Şalygynyň ilkinji 1000 ýyllygy). Taňrynyň „jaýy” – bu Hudaýyň ýaşajak jaýydyr. Işaýa 66:1-2 aýatlarda şeýle hem Hudaýyň Öz sözüne boýun bolýan adamlaryň kalbynda ýaşamak üçin geljekdigi aýdylýar. Şonuň üçin Isa häzir hakyky iman edýänlerden Hudaýyň ýaşajak ruhy ybadathanasyny gurýandyr. Bu ýerde Isa hakda Taňry ybadathanasynyň gymmatly burç daşy hökmünde (1 Petrus 2:4-8) hem-de mesihiler hakda bolsa, ybadathana bina edilmeli boljak diri daşlar barada (1 Petrus 2:5) Petrusyň aýdan sözlerini getirmek ýerliklidir.

·       „Men onuň (Mesihiň) patyşalygynyň tagtyny ebedilik goýaryn… Seniň (Dawudyň) öýüň we seniň şalygyň ebedilik sarsmaz bolar… hem seniň tagtyň baky durar” (2 Patyşalyk 7:13, 16; Işaýa 9:6-7 bilen deňeşdiriň). Şuňa görä-de, Mesihiň Patyşalygy Ysraýylda – Dawudyň şalygynyň esasynda bina bolar. Bu Taňrynyň Patyşalygynyň geljeginiň Ysraýyl şalygynyň gaýtadan dikeldilmesi boljakdygyny aňladýandyr. (Bu barada 5.3 bölümde has giňişleýin aýdylýandyr). Bu wadany berjaý etmek üçin Mesih Dawudyň „tagtynda” ýa-da onuň dolandyran ýerinde şalyk eder. Gönümel manyda, bu Ýerusalimda bolmalydyr. Bu wadalaryň berjaý bolmagy üçin, Patyşalygyň bu ýerde dikeldiljekdiginiň ýene bir subutnamaydyr.

·       „Seniň öýüň we seniň şalygyň ebedilik sarsmaz bolar hem seniň tagtyň baky durar” (2 Patyşalyk 7:16) diýlen sözler Dawudyň Mesihiň ebedi şalygynyň bina bolmasynyň şaýady boljakdygy barada oýlanmaga esas döredýär. Bu onuň öz gözleri bilen Ýerusalimda Mesihiň dolandyrýan bütindünýä Patyşalygynyň bina edilşini görmek üçin gytaklaýyn aýdylan wada bolupdy.

Dawuda berlen bu wadalar düşünmek üçin juda wajypdyr. Dawut şatlanyp, „ebedi äht…meniň bütin halas bolmam we meniň bar islegim Ondan gelýändir” (2 Patyşalyk 23:5) diýipdir. Bu şeýle hem biziň halas bolmagymyza-da degişlidir. Biziň ähli islegimiz bu wadalaryň bize-de ýaýramagyndan ybaratdyr. Bu doktrinalaryň wajyplygyny ýene-de nygtamalydyr. Hristiançylygyň bu ajaýyp hakykata doly derejede gapma-garşy gelýän dogmalary wagyz edýändigi örän gynandyryjydyr:

·       Eger-de Isa dünýä inmezden ozal fiziki şahsyýet ýaly bolup geçen bolsa, onda Isanyň Dawudyň zürýady ýa-da onuň nesli boljakdygy baradaky ähli wadalar esassyz bolardy.

·       Eger-de Taňrynyň Patyşalygy göklerde dikeldiljek bolunsa, onda Isa Ysraýylyň Dawutly patyşalygyny gaýtadan dikeldip bilmeýär we şeýle hem ol Dawudyň tagtynda ýa-da onuň dolandyrýan ýerinde patyşalyk edip bilmez. Bularyň bary ýerde bolup geçipdir we şonuň üçin bularyň gaýtadan dikeldilmesi hem ýer ýüzünde bolmalydyr.

Wadalar Süleýmanda berjaý boldymykalar?

Dawudyň ogly Süleýman Hudaýyň Dawuda beren wadalarynyň bir bölegini berjaý etdi. Ol Hudaýa ybadathana gurdy (3 Patyşalyk 5-8) we onuň gülläp ösýän şalygy bolupdyr. Goňşy halklaryň hökümdarlary özleriniň hormatyny bildirmek üçin Süleýmanyň ýanyna öz wekillerini ýollapdyrlar (3 Patyşalyk 10). Ybadathana ýygy barylmadan bolsa, ýagşy ruhy işler çykýardy. Süleýmanyň Patyşalygy Dawuda berlen wadalaryň has köp berjaý edilmesini aýdýardy. Bu Mesihiň şalyk sürjek döwründe görner.

Käbir adamlar Dawuda berlen wadalaryň eýýäm Süleýmanda doly derejede berjaý edilendigini tassyklaýarlar. Emma welin, bu şu aşakdaky faktlar bilen tassyklanýan däldir:

·       Täze Ähtiň köp subutnamalary „nesliň” Süleýman bolman, eýsem Mesihdigini aýdýarlar.

·       „Nesliň” Patyşalygy ebedi bolmalydyr. Süleýmanyňky bolsa beýle bolmandyr.

·       Dawut wadalaryň ebedi ýaşaýyş barada bolandygyny boýun alypdyr. Bu bolsa, onuň gös-göni maşgalasyna asla degişli däldigini görkezipdir: ... Şeýle dälmidir Hudaýdaky meniň öýüm? Çünki Ol ebedi ähti meniň bilen baglaşdy” (2 Patyşalyk 23:5).

·       Dawudyň nesli – bu günäden azat edýän Halasgär bolan Mesihdir (Işaýa 9:6-7; 22:22; Ýeremiýe 33:5-6, 15; Ýahýa 7:42). Ýöne soňunda Süleýman özüniň köp özge ýurtly aýallary zerarly Hudaýdan daşlaşdy (3 Patyşalyk 11:1-13; Noýemin 13:26).