3.2 Erem bagyndaky wadalar

Adam atanyň günä batyşy baradaky täsirli hekaýa Barlyk Kitabyň  3 babynda gürrüňberlendir. Ýylan Taňrynyň sözüni nädogry beýa edendidigi hem-de How enäni bu sözden boýun gaçyrdyp azaşdyrany üçin näletlendi. Erkek we aýal özleriniň boýun bolmazlygy zerarly jezalandyryldy. Ýöne Hudaý ýylana şeýle diýende, umyt nury garaňkylyga aralaşýar:

„Seniň araňa we seniň aýalyň arasyna, hem-de seniň tohumyň arasyna we onuň tohumynyň arasyna duşmançylygy (ýigrenç, gapma-garşylyk) goýaryn; bu (aýalyň tohumy) seniň başyňdan urar, sen bolsaň onuň dabanyndan çakarsyň” (Barlyk Kitaby 3:15).

Bu aýat örän çürt kesikdir. Biz onuň düzümine girýän dürli sözler bilen kesgitleme bermäge synanyşarys. „Tohum” sözi nesli ýa-da çagany aňladýandyr. Ýöne bu şeýle hem kesgitli „nesil” bilen baglanyşykly bolan adamlara-da degişli bolup biler. Biraz soňra biz Ybraýymyň „nesliniň” Isadygyny hem göreris (Galatýalylara 3:16). Ýöne eger-de biz suwada çokundyrylyp Mesihde bolsak, onda biz hem onuň nesilleridiris (Galatýalylara 3:27-29). „Tohum” sözi şeýle hem nesliň ideýasyny hem aňladyp biler (1 Petrus 1:23). Hakyky tohumda atasynyň häsiýeti bardyr.

Ýylanyň tohumy ýylan bilen ganybir meňzeýlikdäki tohuma degişlidir; ol:

·        Taňrynyň sözüni ýoýýandyr;

·        Ýalan sözleýändir;

·        Beýlekileri günä itergi berýändir.

6 bapda biz muny berjaý edýäniň gös-göni manyda adam göz öňüne tutulmaýandygyny göreris.Ýöne biziň içimizde şular bardyr:

·        „Köne adamymyz” - ten (Rimlilere 6:6);

·        „Ruhy adam” (1 Korintoslylara 2:14);

·        „aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşly adam” (Efeslilere 4:22);

·        „Öňki ýaradylan adamöz işleri bilen” (koloselilere 3:9).

Biziň içimizde bar bolan günäniň bu „adamsy” ýylanyň tohumy bolan Bibliýadaky „şeýtandyr”.

Aýalyň tohumy aýratyn bir şahsyýeti aňladýandyr„sen (ýylanyň tohumy) onuň dabanyňdan çakarsyň” (Barlyk Kitaby 3:15). Bu adam hemişe ýylanyň tohumyny, ýagny günäni weýran ederol „seniň başyňdan urar”. Ýylanyň kellesine bolan urgy ölüm howply urgyny aňladýandyr. Çünki onuň ýüregi kellesindedir. Aýalyň tohumy bolan ýeketäk adam – bu Ren Isa Mesihdir.

„Ölümi weýran eden (we diýmek, günäniň güýjüni – Rimlilere 6:23) we ýaşýaýyş hem ölmezligi Hoş Habar arkaly aýan bolan (2 Timoteosa 1:10) biziň (haçdaky) Rebbimiz Isa Mesihdäki baky ýaşaýyş”.

„Hudaý Öz Ogluny günä teni meňzeşliginde günä üçin ýollap, tende günä iş kesdi”, ýagny ýylanyň tohumy bolan Bibliýadaky şeýtany (Rimlilere 8:4).

Isa „biziň günälerimizi Öz üstüne almak üçin geldi” (1 Ýahýa 3:5).

„Sen Onuň adyna Isa dakarsyň („Halasgär” diýmekligi aňladýan); çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder” (Matta 1:21).

Isa göni manydaaýaldan dünýä inendir (Galatýalylara 4:4). Ol Merýemiň ogly bolupdy, ýöne Onuň Atasy Hudaý bolupdy. Bu manyda Ol başga hiç bir adamyň dünýä inmeýşi usulda Hudaý tarapyndan dogulan bolsa-da, Ol aýalyň nesli bolupdy. Aýalyň tohumyna wagtlaýyn günä, ýagny ýylanyň tohumy degip biler - – „sen onuň dabanyňdan çakarsyň” (Barlyk Kitaby 3:15). Adatça ýylanyň daba çakmasy ýylanyň kellesine urgydan hemişekisi bilen deňeşdirilende wagtlaýyn ýaradyr. Biziň gürrüňimiziň köp jümlelerinde Bibliýanyň kökleri bardyr: şeýlelikde, „onuň kellesine urgy” diýlen sözler (ýagny bir zady doly sakla ýa-da tamamla) mümkin ýylanyň kellesine urgy salýan Isanyň bu weliliginden esaslanýandyr.

Günäniň, ýylanyň nesliniň ýazgarylmasy ilki bilen Mesihiň haça çüýlenmesiniň üsti arkaly amala aşdy. Ýokarda getirilen aýatlaryň öten zamanda Mesihiň ýeňişi hakda aýdýandyklaryna üns beriň. Isanyň dabanyna edilen wagtlaýyn ýara diýmek üç güniň dowamynda Onuň ölümine salgylanma bolupdyr. Onuň ölümden direlmegi Onuň günä beren ölüm howply urgusy bilen deňeşdirilende, diňe wagtlaýyn ýara bolandygyny tassyklady. Bibliýa degişli bolmadyk taryhy maglumatlaryň haça çüýlenýänlere çüýi dabandan geçirip agaç tagtasyna çüýleýändiklerini görkezýändigini bellemeklik gyzykly bolsa gerek. Şeýlelikde, Isa Özüniň ölümi arkaly „dabanyndan çakylypdyr”. Işaýa 53: 4-5 aýatlary Hudaýyň haçda Özüniň ölümi arkaly Mesihi „ýaralandygyny” aýdýarlar. Bu Barlyk Kitabynyň 3:15 Mesihiň ýylanyň nesli tarapyndan çakyljakdygy hakda aýdýan weliligine gös-göni derejede degişlidir. Hudaý Mesihi synagdan geçirmeli bolan zalymlygyň üsti bilen berjaý edýärdi. Ol bu ýerde Mesihi görgülige sezewar edýän ýaly, Onuň Ogluny gynan zalymlygyň güçlerini dolandyryp, beýan edilýändir (Işaýa 53:10). Hudaý şeýdip Özüniň her bir çagasyny synaglara duçar edip, zalymlygyň üsti bilen berjaý edýändir.

Bu günki dawa

Sizde şeýle soragyň ýüze çykmagy mümkin: „Eger-de Isa günäni we ölümi (ýylanyň tohumyny) ýok eden bolsa, onda näme üçin bu hadysalar häzir hem barka?” Munuň jogaby Isanyň haçda hakykatda günäniň güýjüni ýok edendiginden ybaratdyr: Barlyk Kitabynyň 3:15 aýatyndaky welilik ilki bilen Isanyň we günäniň arasyndaky dawany aýdýar. Indi bolsa, Isanyň bizi öz ýeňşine goşulmaga çagyrýandygy üçin, biziň hem ahyrsoňy günäni we ölümi ýeňip biljekdigimizi aňladýandyr. Hakyky imanly bolanlar özleriniň aýalyň nesli bilen baglanyşygynyň üsti arkaly günä we ölüme sezewar bolsalar-da, Mesihiň adyndan suwda çokundyrylma arkaly (Galatýalylara 3:27-29) olar öz günäleri üçin bagyşlanmany alyp bilerler hem-de günäniň netijesi bolan ölümden ahyrsoňunda halas bolarlar. Şeýlelikde, Isa haçda ölümi ýeňdi (2 Timoteos 1:10); we haçanda Hudaýyň ýer bilen bolan niýeti Mesihiň müňýyllyk patyşalygynyň ahyrynda amala aşanda, adamlar ölmegini bes ederler – ölüm ýer ýüzünden ýok bolar: „Çünki Ol bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir. Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir” (1 Korintoslylara 15:25-26).

Eger-de biz  „Isanyň adyndan suwda çokundyrylsak”, onda Barlyk Kitabyň 3:15 aýatyndaky Isa baradaky şol wadalar bize-de gös-göni degişli bolup biler. Ondan soň olar Bibliýanyň diňe gyzyklary ýerleri bolmaz; bu welilikler we wadalar göni bize berlendir. Aýalyň tohumy hökmünde, biz hem özümizde gysga wagtlaýyn günäniň ýeňşini göterip gezeris. Eger-de Reb biziň ömrümiziň dowamynda dolanyp gelmese, onda edil Mesih bilen bolşy ýaly, biziň hem dabanymyzdan çakarlar we öleris. Ýöne eger-de biz hakykatdan hem aýalyň tohumy bolsak, onda bu „ýara” diňe wagtlaýyn bolar. Mesihiň adyndan suwa çümüp çokundyrylanlar, özlerini suwdan çykyşlygy aňladýan Onuň ölümi hem direlmegi bilen baglaýandyr (ser, Rimliler 6:3-5).

Eger-de biz hakykatdan hen aýalyň tohumy bolýan bolsak, onda biziň durmuşymyz Barlyk Kitabyň 3:15 aýatdaky sözlerigörkezer – biziň içimizde dogryň we nädogryň arasynda hemişelik dawa duýgysy („göreş”) bolar. Beýik resul Pawlus özüniň kalbynda möwç alan öz-özüniň we günäniň arasyndaky şizofreniki diýen ýaly dawany beýan edipdi (Rimlilere 7:14-25).

Mesihiň adyndan suwa çokundyrylmadan soňra, biziň kalbymyzda günäniň garşysyna bolan bu dawa köpeler we bütin ömrümiziň dowamynda ösmegini dowam edtdirer. Bir tarapdan bu örän kyndyr. Sebäbi günäniň güýji ulydyr. Ýöne beýleki bir tarapdan bolsa bu dawa onçakly möhüm däldir. Çünki biz Mesihiň eýýäm bu dawada göreşip ýeňiş gazanandygyny bilýäris. Imanlylaryň Efeslilere 5:23-32 aýatlaryndaky aýal ýaly beýan edilýändiklerine üns beriň, ýagny biz aýalyň tohumyndan bolup, edil aýal ýalydyrys.

Şeýlelikde, aýalyň tohumynyň hem-de onuň häsiýetine eýe bolmak isleýän adamlaryň Isa bolandygy üçin, ýylanyň tohumy hem-de günäniň we ýylanyň häsiýetini aýdyň görkezýän adamlar hem günäniň özüdir (Bibliýadaky „şeýtan”). Munuň ýaly adamlar Taňrynyň Sözüne äsgermezçilik ederler ýa-da ýoýarlar. Bu bolsa ahyrsoňy olary günäniň utanjyna eltýär hem-de edil Adam Ata we How Ene bilen bolup geçişi ýaly, Hudaýdan çetleşdirer. udaýdan çetleşdirer. sdssggddrsgIsany ölüme elten, ýagny aýalyň tohumynyň dabanyndan çakan adamlaryň ýewreýler bolandygy üçin, olaryň ýylanyň tohumynyň ilkinji mysaly bolandyklaryny çaklamak bolar. Bu Ýaha Çokundyryjy we Isa arkaly tassyklanýar:

„Ýahýa köp fariseýleriň we sadukeýleriň-de (Isany höküm eden ýewreýler topary) çokundyrylmaga gelýändiklerini görüp, olara şeýle diýdi: „Eý alahöwrenler (ýylan) nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi?” (Matta 3:7).

„Emma Isa olaryň (fariseýleriň) pikirlerini bilip diýdi... Eý alahöwrenler nesli, siz özüňiz erbetkäňiz, nähili oňat zatlar sözläp bilersiňiz?” (Matta 12:25,34).

Bu dünýäde we hatda dini dünýäsinde-de ýylanyň munuň ýaly häsiýetleri bardyr. Diňe Isada suwa çümdürilip çokundylanlar aýalyň tohumy bilen birleşendir; hemme galanlar bolsa dürli derejede ýylanyň tohumydyr. Aşakda Isanyň ýylanyň nesli bolan adamlara nähili garandygynyň mysallary getirilýär:

·        Ol söýgi bilen we hakyky gatnaşmada olara wagyz edipdi we şol bir wagtyň özünde-de

·        Ol olaryň ýollaryny we pikirlerini özüne täsirini ýetirmäge ygtyýar bermedi hem-de

·        Ol Öz durmuşyny mysal getirip, olara Hudaýyň söýýän häsiýetini görkezdi.

Muňa garamazdan, olar Isany ýigrenipdirler. Olar Onuň Hudaýa boýun bolmakda görkezýän tagllasyny gabanypdyrlar. Hatda Onuň maşgalasy (Ýahýa 7:5; Markus 3:21) we ýakyn dost-ýarlary (Ýahýa 6:66) Oňa päsgelçilik beripdirler. Käbirleri bolsa Ondan mydamalyk gidipdirler. Pawlus hem munuň ýaly ýagdaýa düýüpdir. Şonda ol birwagt özi bilen ähli wakalarda bolanlara nägileligini bildiripdir:

„Şeýlelikde, gepiň dogrusyny aýtmak bilen, men siziň duşmanyňyz boldummy?” (Galatýalylar 4:16).

Hakykat hiç haçan meşhur bolýan däldir; ony bilip we bolmalysy ýaly ýaşamak bilen, biz hemişe özümize nähilidir we hatda yzarlanma getirjek bir kynçylygy döredip geleris:

„Şol wagt tene görä doglan Ruha görä doglana (Taňrynyň Sözüni hakyky bilmek boýunça - 1 Petrus 1:23) nähili azar beren bolsa, şu wagt hem şeýle” (Galatýalylara 4:29).

Eger-de biz hakykatdan hem Mesihe birigen bolsak, onda biz hem Onuň şöhratly sylagyny paýlaşyp biler ýaly, Onuň käbir görgülerini başdan geçirmelidiris. Pawlus ýene-de bize muňa ajaýyp mysaly berýär:

„Bu bir dogry sözdür: Onuň (Mesih bilen) bilen bile ölen bolsak, Onuň bilen bile-de ýaşarys. Çydasak(Onuň bilen) , Onuň bilen höküm süreris...Şeýdip men baryna çydaýaryn” (2 Timoteos 2:10-12).

„eger-de Meni (Isany) yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar... Bu zatlaryň ählisini Meniň Adym sebäpli ederler” (Ýahýa 15:20,21).

Ýagny, biziň Reb Isanyň adyndan çokundyrylandygymyz sebäpli (Resullaryň Işleri 2:38; 8:16).

Munuň ýaly aýatlary okap, şeýle diýmäge höwes döreýär: „Eger-de bu aýalyň tohumy, Isa bilen bagly zat bolsa, onda men bu zatlaryň bary bilen bagly bolmazlygy makul bilýärin”. Ýöne haçan-da bolsa güýjümiziň ýetmejek zadyny etmegimize elbetde bizden garaşmaýarlar. Öz-özüňi doly bagyş etmek diňe Mesih bilen doly derejede birleşmek üçin bolsa-da, biziň Onuň bilen baglanyşygymyz bize şeýle bir uly sylagy berer welin, „hatda şu wagtky başdan geçirýän görgülerimiz, bizde aýan boljak şol şöhrat bilen asla deňeşdirip-de bolmaz”. Hatda häzir hem Onuň gurbanlygy bize durmuş kynçylyklardan üstin çykmak üçin hemaýat sorap edýän doga-dileglerimiziň Hudaýa ýetmegine ýardam berýär. Muňa köp hristadelfianlar tarapyndan Bibliýada aýratyn çintgelýän şu şöhratly tassyknamany goşuň:

„Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin synag bilen bilelikde çykalga-da açar” (1 Korintoslylara 10:13).

„Bu zatlary Mende parahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin” (Ýahýa 16:33).

„Ýeri, muňa näme diýersiň? Hudaý bizlik bolsa, onda kim bize garşy?” (Rimlilere 8:31).