4.1 Ynsan tebigaty
Adamlaryň aglaby bölegi ölüm ýa-da ahyrsoňunda ölümiň sebäbi bolýan şahsy tebigat barada oýlanmaga mümkin az wagt sarp edýändirler. Öz-özüňe munuň ýaly analiz etmezlik öz-özüňi tanamagyň ýoklugyna getirýändir. Şuňa görä-de, adamlar özleriniň adaty islglerine laýykda çözgüde gelip, durmuşyň akymy bilen gidýärler. Muňa garamazdan, her bir adam kalbyndan öz ömrüniň ýöne ötegçidigini hem-de iru-giç ölüm bilen ýüzbe-ýüz durmaly boljakdygyny kabul edýär. „Ýaşaýşyňyz näme? Ol bir az wagt görnüp, ondan soň ýitirim bolýan bugdur” (Ýakup 4:14). „Biz öleris we ýere dökülen we ýygnap bolunmajak suw ýaly bolary” (2 Patyşalyk 14:14). „Ertirine biten ot ertirine gülläp ösýär (biziň ýaşlygymyz) gijesine orulyp guraýar” (Zebur 90:6). Musa akylly-başly adam bolup, muňa göz ýetiripdir hem-de Hudaýa ýüzlenip, dileg edipdir: „Biz hikmetli ýürek ediner ýaly, günlerimizi sanamagy bize öwret” (Zebur 90:12). Ömrümiziň uzak däldigini göz öňünde tutup, biz durmuşymyzyň hakyky akyl-paýhasyny ähli zatdan öňdäki abraý ýaly garamalydyrys.
Adamlar özleriniň ölümi baradaky pikire dürli-dürli garaýarlar. Käbir medeniýetler adamynyň ölümini we jaýlanmasyny onuň durmuşynyň bir bölegi hökmünde göz öňüne getirmäge çalşypdyrlar. Şeýle etmek bilen olar onuň ýoklugy baradaky gynanjy bildirmejek bolupdyrlar hem-de ömrüň gysgalygy baradaky pikiriň üstini ýapypdyrlar. Özlerini „hristianlar” hasaplaýan adamlaryň köpüsi adamda „ölmeýän janynyň” bardygy ýa-da sylagy ýa-da jezany almak üçin bir ýerlere gidip, ölümi başdan geçirýän ölmez-ýitmez bir bir bölegiň özlerinde bardygy baradaky netijä gelipdirler. Ölüm ynsan barlygynyň esasy problemasy we tragediýasy bolandygy üçin ynsan aňynyň özündäki bu jan howsalasyny azaltmak üçin nähilidir bir usuly tapjakdygyna garaşmak bolar. Şonuň üçin ölüm we ynsan tebigatynyň özi babatynda birtopar ýalan teoriýalaryň ýüze çykmagy geň galdyrýan däldir. Bu soragyň hakykatyna göz ýetirmek üçin hemişe bolşy ýaly, Bibliýa ýüz tutmaklyk hem-de bu barada onda näme ýazylandygyny bilmeklik wajypdyr. Ýöne Bibliýada aýdylýan iň ilkinji ýalanyň Erem bagyndaky ýylanyň ýalany bolandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Adamyň günä eden ýagdaýynda „ölüm bilen öljekdigi” (Barlyk Kitaby 2:17) barada Hudaýyň aýdyň aýdan zatlaryna garamazdan, ýylan: „Ýok, ölmersiňiz” (Barlyk Kitaby 3:4) diýipdi. Ölümiň soňuny we şertsizligini ret etmek baradaky bu synanyşyk ähli ýalan dinlere häsiýetnama boldy.
Özümiziň hakyky tebigatymyza gös ýetirmek üçin, diňe Bibliýanyň adamyň ýaradylyşy barada aýdýandygyny bilmelidiris. Bu wakanyň beýan edilişi ýönekeý we aýdyň dilde berlendir. Eger-de oňa gönümel manyda garalsa, tebigatymyz boýunça, özümiziň kimdigimiz baradaky soraga asla şübhe galmaz (Barlyk Kitabynda aýdylýan gönümellik babatynda ser. Çekeleşme 18). „We Reb Hudaý ýeriň topragyndan adamy ýasady… çünki topraksyň, we topraga-da öwrülersiň” (Barlyk Kitaby 2:7; 3:19). Bu ýerde adamda ölmez-ýitmezligiň bolup biljekdigine asla hiç-hili kakdyrylyp-da aýdylmaýar; onuň ölüminden soňra ýaşap biläýjik bölegi galmaz.
Bibliýada adamyň aýratynda toprakdan ybaratdygy telim gezek nygtalýar: „Biz – toýundyrys” (Işaýa 64:8); „adam toprakdandyr” (1 Korintoslylar 15:47); „esasy toprak bolan” adamlar (Eýup 4:19); „adam topraga gaýdyp baryp blerdi” (Eýup 3:14-15); Ybraýym özüne „toprak we kül” diýipdir (Barlyk Kitaby 18:27). Taňrynyň tabşyrygy Erem bagynda bozulan dessine Hudaý „ …indi elini uzadyp ýaşaýyş agajyndan alaýmasyn, we iýip-de, ebedi ýaşaýmasyn diýip Adam Atany kowupdyr” (Barlyk Kitaby 3:24, 22). Eger-de adamyň içinde ölmezlik bölegi bolan bolsa, onda bularyň bary elbetde artyk bolardy.
Kesgitli şertdäki ölmezlik
Hoş Habarda adamyň Mesihiň işleriniň üsti arkaly ebedi ýaşaýşyny we ölmezligi almagyň usulyny tapyp bilýändigini aýdýan sözler telim gezek gaýtalanýar. Bu Bibliýanyň ölmezligi almak barada aýdýan ýeketäk usulydyr. Mundan ugur alyp, özüniň eden günälerine akyl ýetirme bilen ejir çekjek adamyň ebedi ýaşaýyş baradaky her bir pikiriniň bibliýanyň nähilidir bir goldawyndan mahrum edilendigini aýtmak bolar. Ölmezligi almagyň ýeketäk ýoly – bu Hudaýyň buýruklaryna gulak asmakdan ybaratdyr. Diňe boýun bolan adamlar özleriniň dogrulygy üçin kämil ýagdaýda ebedi ýaşaýşa eýe bolarlar.
Şu aşakdaky bölekler ölmezligiň diňe kesgitli şertde beriilýändiginiň hem-de adamda bularyň ýokdugynyň anyk subutnamasy bolup biler:
· „Indi bolsa, ölümi aradan aýran, ýaşaýyş hem ölmezligi Hoş Habar arkaly yşyga çykaran Halasgärimiz Mesih Isanyň gelmegi bilen aýaş edildi” (2 Timoteos 1:10; 1 Ýahýa 1:2).
· „Ynsan Oglunyň tenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz. Meniň tenimi iýip, ganymy içeniň ebedi ömri bolar, onuň bu „ebedi ýaşaýýyna eýe bolmagy üçin” ahyret güni ony direlderin” (Ýahýa 6:53-54). 6 bapda Ýahýa Isanyň Özüne „ýaşaýyş çöregi” diýen hem-de Özüne dogry garalanda ölmezlige umydyň bolup biljekdigi barada aýdan sözlerini getirýär (Ýahýa 6:47, 50, 51, 57, 58).
· „Hudaý bize (imanlylara) ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr” (1 Ýahýa 5:11). „Mesihde bolmadyk” adamlar ölmezlige umyt baglap bilmezler. Ölmezlik diňe Mesih arkaly mümkindir. Ol – (ebedi) ýaşaýşyň awtorydyr (Res. Iş. 3:15); Ol „Onuň Sözüne gulak asanlaryň hemmesi üçin baky gutulyş çeşmesi boldy” (Ýewreýler 5:10). Şol sebäpli adamlar üçin ölmezlik Mesihiň işleri bilen baglanyşykdadyr.
· Hakyky imanly adam ölmezligi almaga ýykgyn edýändir we munuň üçin baky ýaşaýyş peşgeşi bilen sylaglanar. Bu peşgeş bolsa, adam dünýä inende öz-özünden berilýän däldir (Rimlilere 2:7; 6:23; Ýahýa 10:28). Biziň ölmeli bedenimiz Mesih dolanyp gelende „ölmezlik donuny geýmelidir” (1 Korintoslylara 15:53). Şeýlelikde, ölmezlik bu wada edilen zatdyr. Häzir bolsa, bu hiç kimde ýokdyr. (1 Ýahýa 2:25).
· Ölümsizligiň ýeketäk eýesi Hudaýdyr (1 Timoteos 6:16).