4.2 Jan
Ýokarda aýdylanlardan adamda „ölmez-ýitmez janyň“ ýa-da onuň kalbyna tebigy tarapyndan berlen nähilidir bir ölmezlik bölegiň bardygyny göz öňüne tutmak mümkin däl. Häzir biz „jan“ sözüni gurşap alýan şol düşünmezlikleri aradan aýyrmaga synanyşalyň.
Bibliýada „jan“ diýlip terjime edilýän söz gadymy ýewreý we grek dillerinde şu aşakdakylary aňladyp bilýär:
· Beden;
· Dem;
· Döretme;
· Ýürek;
· Aň;
· Şahsyýet;
· Adamyň özi.
Şonuň üçin-de, „jan“ diýlen söz hem şahsyýete, hem bedene ýa-da onuň öz-özüne degişlidir. „Janymyzy halas ediň“ diýlen meşhur jümle anyk „Bizi ölümden halas ediň!“ diýmegi aňladýandyr. Görşümiz ýaly, „jan“ sözi şahsyýeti („sen“, „siz“) ýa-da adam şahsyýetini düzýän ähli zatlaryň jemini aňladýandyr. Şonuň üçin Bibliýanyň häzirki köp neşirleriniň „jan“ diýlen sözüni seýrek ulanyp, ony „sen“, „siz“ ýa-da „şahsyýet“ „adam“ söleri bilen terjime edýňndikleri aýdyň bolýandyr. Hudaý tarapyndan ýaradylan jandarlar – bu „janly mahluklar... süýreniji haýwanlaryü her bir janlysydyr“ (Barlyk Kitaby 1:20-21). „Nepheş“ diýlen gadymy ýewreý sözi bu ýerde „jan“ hökmýnde terjime edilýändir. Edil şony biz Barlyk Kitabyň 2:7 mysalda hem görýäris: „... we adam diri jan boldy“. Şeýlelikde, adam – bu jandyr we haýwanlar hem jandyrlar. Adamzat we haýwanatyü arasyndaky ýeketäk tapawut – bu adamyň aňynyň haýwanyňkydan üstin çykýandygyndadyr. Çünki ol Hudaýyň jiziki şekilinde ýaradylandyr (Barlyk Kitaby 1:26; ser. 1.2 bölüme). Mundan başga-da, käbir adamlar Hoş Habary bilmäge çagyralandyrlar. Çünki munuň üsti bilen olara ölmezlige bolan umyt açykdyr (2 Timoteos 1:10). Aýratyn tebigy taýdan berlenlenler hem-de ölüm babatda adamyň we haýwanyň arasynda asla tapawut ýokdur.
„Ynsan ogullarynyň kysmaty hem-de haýwanlaryü kysmaty – bir kysmatdyr“ (şol bir sözüň üç gezek gaýtalynyşyna üns beriň); olaryü ölüşi ýaly-da bular hem ölýändirler... Hemmeler (ýagny hem adam hem-de haýwan) bir ýere barýandyr (gabyra); ňhli zat gumdan emele gelendir we ňhlisi hem guma gaýdyp bararlar“ (Eklesiast 3:19-20). Eklesiast kitabynyň Hudaý tarapyndan ruhlanan ýazyjysy adamlaryň hem aslyýetinde janly mahlukdyklary baradaky şol hakykata düşümäge Hudaýyň adamlara kömek etmegini sorap doga-dilegde bolupdyr (Eklesiast 3:18). Dogry, köp adamlar özleriniň aslyýetiniň beýleki janly mahluklara deňelýändiklerine hem-de özüňi goramak üçin haýwanlarda bolşy ýaly, şol bir tebigy tapgyrlaryndan geçirilýändiklerine öýkelemegi mümkindir. Ekklesiast 3:18 aýatda (Bibliýanyü Täze Halkara Neşiri) Hudaýyň adama oýlanmagy mejbur edip „synagdan geçirýändigi“ we onuň aslynda janly mahlukdygy aýdylýar; ýagny, Onuň hakyky adamsy bolmagy üçin ýeterlikli derejede ümsim bolan adam bu hakykata düşüner, ýöne muňa düşünmeýä bolsa, by „synagdan“ geçýän däldir. Ýigriminji asyryň dowamynda bütin dünýäde gumanizm filosofiýasy bildirmän ýaýrapdyr. Bu adamlaryň beýik wajyplygyny we gymmatlygyny görkezýän ideýadyr. Oý-pikirimizi gumanizmiň täsirinden azat etmek üçin kyn bolan meseläni çözmelidiris. Munda bize şu aşakdaky aýatlar kömek eder: „Elbetde, her bir diri ynsan hysyrdadadyr“ (Zebur 39:6). „gidip barýan öz aýaklaryny gönükdirip bilmňge ygtyýarly däldir“ (Ýeremiýa 10:23).
Biziň bilýän has esasy hakykatlarymyzdan biri hem – bu hakykatda hemme adamlaryň ölýändigindedir. Ahyrsoňy janly ýaradylanlaryň ählisi ölýärler. Şuňa görä-de, „jan“ hem ölýändir. Bu ölmez bir zada düýbünden garşydyr. Bibliýada „jan“ hökmünde terjime edilýän sözleriň üçden bir bölegi töwereginiň ölüm we janyň ýok bolmasy bilen baglanyşykdadygy geň däldir. „Jan“ sözüniň şeýle ulanylýandygy baradaky hakykatyň özi onuň ýok edilmän galynmajakdygyny we ölmez bolup bilmejekdigini görkezýär:
· „Günä edýän jan öler“ (Ýezekil 18:4).
· „... dowzahda hem teni, hem jany ýok edip bilýänden gorkuü“ (Matta 10:28). Janyň ölüminiň beýleki agzalmalary şu aýatlarda bardyr: Ýezekil 22:27; Süleýmanyň tymsallary 6:32; Lewit 23:30.
· Asor şäherinde bolan ähli „janlar gylyçdan öldüler (Isa Nawin 11:11; Isa Nawin 10:30-39 bilen deňeşdiriň).
· „... bütin jandarlar öldi“ (Ylham 16:3; Zebur 77:50 bilen deňeşdiň).
· Musanyň kanuny köplenç Rebbiň kanunyny bozan islendik „jandaryň“ ýok edilmelidigini nygtapdyr (mysal üçin, Sanlar 15:27-31).
· Janyň bogulmaga sezewar bolýandygy ýa-da aütalyp tutulýandygy baradky salgylanmalar diňe haçanda janyň ölüp biljekdigi göz öňünde tutulanda dogry bolup biler (Süleýmanyň tymsallary 18:7; 22:25; Eýup 7:15).
· Mesih „Öz janyny ölüme berdi“, şonuň üçin onuň „jany“ ýa-da ömri günä üçin peşgeş boldy (Işaýa 53:10, 12).
„Janyň biziň içimizdäki nähilidir bir ölmez uçguna degişli bolandan, eýsem adama ýa-da tene degişliligi bu sözüň duş gelýän köp sanly aýatlarynda görkezilendir. Aşakda munuň aýdyü myallary getirilýär:
· „Eý janym, Rebbe alkyş et, eý özenim, Onuň mukaddes adyna alkyş ediň. Eý janym Rebbe alkyş et, Onuň ähli ýagşylyklaryny unutma“ (Zebur 103:1-2).
· „Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer; ýöne kim janyny Meniň... ugrunda ýitirse, ony halas eder“ (Markus 8:35). Bu janyň biziň içimizdäki nähilidir bir ruhy bölege degişli däldiginiň ýeterlikli subutnamasydyr. Bu ýerde „jan“ sözi ( grekçe "psuche") diňe biriniň fiziki janyny aňladýandyr. Şonuň üçin bu ýerde ol şeýle hem terjime edilýändir.