4.3 Adam ruhy
Gynansakda, köp adamlaryň başynda jan we ruh sözleriniň arasyndaky tapawutlyk boýunça bulam-bujarlyk bar. Bu köp dillerde we Bibliýanyň terjimelerinde „jan“ we „ruh“ sözleriniň bir ekwiwalentden ybarat bolandygy zerarly ýüze çykýandyr. Adamyň aýratyn-da bütin konstitusiýasyna degişli bolan jan käte şeýle hem ruha-da degişli bolup biler. Emma bu Bibliýada ulanylyşy ýaly „jan“ we „ruhuň“ arasyndaky manyda adatça tapawutlar bardyr; jan we ruh „bölünip“ bilýändirler (Rimlilere 4:12).
„Ruhy“ aňladýan gadymy ýewreý we grek sözleri (Ruach" we "Pneuma") şeýle terjime dilip bilner:
· Ýaşaýyş;
· Ruh;
· Aň;
· Şemal;
· Dem.
Biz eýýäm „Ruh“ temanyň üstünde 2.1. bölümde durup geçipdik. Hudaý ýaradanlarynyň asly tebigatyny (şeýle hem adamyň aslyny) saklamak üçin Öz Ruhuny ulanýar. Şonuň üçin ynsanyň içinde bar bolan Taňrynyü Ruhy onuü için ýaşaýşa wajyp bolan güýçdir. „Ten ruhsyz ölüdir“ (Ýakup 2:26). „We Reb Hudaý ýeriň topragyndan adamy ýasady; we onuň burnuna ýaşaýyş demini (ruhuny) üfledi; we adam diri jan boldy“ (diri mahluk [Barlyk Kitaby 2:7]). Eýup „Taňry ruhy“ barada „meniň burnumyň deşiklerinde“ bar ýaly edip aýdýar (Eýup 27:3; Işaýa 2:22 bilen deňeşdiriň). Şuňa görä-de, ýaşaýyş ruhy bize dogulamyzda berilýändir hem-de tenimiz ölýänçä galýandyr. Haçanda Taňry Ruhy bir zatdan alnanda, şol zat derrewiň özünde ölýär; çünki Ruh ýaşaýyş güýjüdir. Eger-de Hudaý „Özüne onuň (älemiň) ruhuny we onuň demini alan bolsady, onda şolbada bütin ten ölerdi, we şonda adam topraga gaýdyp barardy. Şe,lelikde, eger-de seniň aňyň bar bolsa, onda muny diňlegin“ (Eýup 34:14-16). Iň soňky sözlemde adamyň öz hakyky tebigy barlygyny kynlyk bilen kabul edýändigine ýene-de kakdyrylyp aýdylan sözler bardyr.
Haçanda biz ölenimizde Hudaý bizden Öz Ruhuny gaýdyp alanda, onda biziň diňe bir tenimiz ölmän, eýsem biziň bütin aň düşünjämiziň hem soňy gelýändir. Dawut muňa düşünipdir hem-de adam ýaly gowşak ýaradylana däl-de, eýsem Hudaýa ynanypdyr. Zebur 146:3-5 gumanizm barada has aýdyň aýdylýandyr: „Şazadalara, adam ogluna bil baglamaň, çünki onda gutaryş ýokdur. Onuň ruhy çykyp, topraga öwrülip (biziň ýasalan topragymyza), niýetleri şol günüň özünde puja çykar. Kömekçisi Ýakubyň Hudaýy bolan adam nähili bagtly“ (Zebur 146:2-5).
Ölüm bilen „toprak öňki bolşy ýaly topraga-da dolanar; ruh bolsa, özüni beren Hudaýa dolanar“ (Eklesiast 12:7). Öň biz Hudaýyň Öz Ruhy arkaly ähli ýerde bardygyny görkezipdik. Bu manyda „Hudaý Ruhdur“ (Ýahýa 4:24). Haçanda biz ölenimizde, „biz soňky gezek dem alýandyrys“. Çünki bu bizdäki Taňry Ruhunyň bizi taşlap gidýändigidir. Bu biziň daş-töweregimiziň ähli ýerinde bar bolan Taňry ruhuna gaplanan ruhdur; şonuň üçin ölümimiz bilen „ruh Hudaýa dolanyp barýandyr“.
Bütin ýaradylanlar Taňry Ruhunda bolandygy üçin, ölümiň şol bir prosesi haýwanlarda hem bolup geçýändir. Adamlaryň we haýwanlaryň içinde şol bir Ruh ýa-da ýaşaýyş güýji bardyr. „Ynsan ogullarynyň kysmaty we haýwanlaryň kysmaty – bir kysmatdyr; bularyň ölüşi ýaly-da olar hem ölýändirler (ýagny, edil şonuň ýaly), hemmeleriň demi (ruh) birdir, ynsanyňky hem malyňkydan artykmaçlykda däldir“ (Eklesiast 3:19). Şol bir ruhy bar bolan we şol bir ölüm bilen ölen adamlaryň we haýwanlaryň beýan edilmesi Hudaýdan ýaşaýyş demini alan adamlaryň we haýwanlaryň (Barlyk Kitaby 2:7; 7:15) dünýä suwa gark bolanda şol bir ölüm bilen ölendikleri baradaky beýannamada berilýändir: „We ýer ýüzünde hereket eden bütin mahluklar, guşlar, mal-gara, we wagşy haýwanlar we ýer ýüzünde her süýrenýän, we her adam öldi; Bütin gury ýerde bolanlardan, burunlarynda ýaşaýyş ruhunyň demi bolanlaryň hemmesi öldi. Bütinýer ýüzünde ýaşaýan her zat süpürilip aýryldy“ (Barlyk Kitaby 7:21-23). Zebur 89:6 ölümi dünýäniň suwa gark edilmesi bilen deňeşdirilişine üns beriň. Barlyk Kitabyň 7 babyndaky beýan edilme „her bir ten... her bir janly“ diýilmegine aýratynda adamyň hem degişlidigini anyk görkezýär. Bu onuň hem edil haýwanda bar bolşy ýaly şol bir ruha eýedigi bilen düşündirilýändir.