|
4.4 Ölüm – bu beýhuş ýagdaýdyr
Şu wagta çenli jan we ruh barada ähli eşidenlerimizden öli adamyň doly
derejede beýhuş ýagdaýda bolýandygynyň netijesini çykarmak bolar. Bibliýada
Hudaýyň Özüne jogapkärli bolanlaryň işlerini bilýändigi barada aýdylýar
(Malahiýa 3:16; Ylham 20:12; Ýewreýlere 6:10), ýöne munda öli adamda nähilidir
bu huşyň bardygy barada agzalýandygy aýdylmaýar. Ýokarda aýdylanlar babatda
şu anyk tassyklamalaryň garşysyna garşy çykmak kyn:
• „Onuň ruhy çykyp (adamyň), topraga öwrülip, niýetleri şol günüň özünde(şolbada)
puja çykar“ (Zebur 146:4).
• „Ölüler hiç zady bilmeýärler... we olaryň söýgüleri-de, we olaryň ýigrenji-de,
we olaryň gabanjaňlary-da eýýäm ýok boldy“ (Eklesiast 9:5-6). Gabyrda
akyl-paýhaslyk ýokdur (Eklesiast 9:10) – oý-pikir-de ýokdur we şonuň üçin
aň hem ýokdur.
• Eýup öz ölüminden soňra „boldakyk ýaly“ boljakdygyny aýdýar (Eýup 10:19).
Ol ölüme dogulmazdan öň bolşy ýaly unudylma, beýhuş bolma we ýaşaýşyň
doly derejede togtadylmasy bolan ýagdaý hökmünde garapdyr.
• Adamlar hem edil haýwanlaryň ölüşleri ýaly ölýändirler. Eger-de adamyň
aňy bir ýerde ölümi ýeňip bilýän bolsa, onda haýwanlar hem edil munuň
ýaly etmeli bolardylar. Emma ylym hem edil Hoş Habary ýaly bu barada doly
derejede dymmagy saklaýar.
• Hudaý „biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň
ýadynda. Ynsanyň günleri bolsa ot kimindir; ol meýdanyň güli kimin , şeýle
gülleýär. Onsoň onuň üstünden ýel geçip, ol ýok bolýar we ýeri ony gaýdyp
tanamaýar“ (Zebur 103:14-16).
Ölüm – bu hakyky beýhuşlyk bolandygy üçin, fakt hatda ynanýanlaryň hem
öz ömürleriniň dowamly bolmagy üçin hemişe Hudaýa doga-dileg edip gelendiklerini
aýdýar. Çünki olar ölümden soňra özleriniň Hudaýy öwmäge we şöhratlandyrmaga
ukyply bolmajakdyklaryny bilipdirler. Çünki ölüm – bu beýhuşlyk ýagdaýydyr.
Muňa Ýezekiýa anyk mysal bolup biler (Işaýa 38:17-19) we Dawut (Zebur
6:4-5; 30:9-10; 38:13-14; 115:17). Ölüm ynanýanlara bolşy ýaly günäliler
üçin hem edil düýş ýa-da dynçlyk ýaly ençeme gezek agzalyp geçilýändir
(Eýup 3:11, 13, 17; Daniýel 12:13). Ýeterlikli derejede ýygnanylan subutnamalaryň
esasynda, biz ynanýanlaryň ölümden soňra peşgeş-sylaglary almak üçin gös-göni
asmana gidýändikleri hem-de olaryň uly eşretde bolýandyklary baradaky
halk ynanmalarynyň tassyknamasynyň Bibliýada ýokdugyny uly ynam bilen
aýdyp bileris. Ölüm we ynsan tebigaty baradaky hakyky öwgüt uly rahatlyk
duýgusyny berýändir. Ynsan ömrüniň ähli şikestlerinden we jebir-jepalaryndan
soňra gabyr doly unudylma ýeri bolýandyr. Hudaýyň ündewlerini we talaplaryny
bilmedikleriň ňhlisi üçin bu unudylma ýagdaýy baky dowam eder. Olaryň
öňünde gaýdyp hiç haçan hasyl bolmadyk islegler bilen, biderek baglanan
umytlar bilen hem-de öz ynsan aklyny ýitirmek üçin dörän gorky duýgusy
bilen dolan bu pajygaly durmuşyň köne çuň yzlary indi peýda bolmaz.
Bibliýa öwrenilende hakykaty tapmagyň kesgitli sistemasy bardyr; ýöne
gynansakda, adamlaryň dini oý-pikirlerinde Bibliýa üns berilmezlik edilip
garalýan ýalňyşlyk sistemasy hem bardyr. Adamyň öz soňky ölüm kysmatynyň
ýumşadylmasyny tapmak üçin eden umytsyz tagallay gözlegleri ony „ölmezek
janyň“ bardygyna ynanmaklyga getiripdir. Haçanda adam özünde munuň ýaly
ölmezlik bölegiň bardygynyň netijesine gelen badyna, ölümden soňra onuň
nirä gitjekdigi barada pikir etmäge başlapdyr. Bu bolsa, ölüm bolan badyna
imanly we günäli adamlaryň ykballarynyň arasynda nähilidir bolsa bir tapawudyň
bolmalydygy baradaky pikire eltipdir. Adam bu soragyň üstünde oýlanyp,
„ölmezek ýagşy janlaryň“ barar ýaly nähilidir bir ýeriň bomalydygynyň
netijesine gelipdir we bu ýer üçin ol Asmany saýlap alypdyr. „Ölmezek
günäli janlar“ üçin bolsa, ol dowzah adyny beren başga ýeri saýlap alypdyr.
Mundan öň biz bibliýa taglymatyna görä, „ölmezek janlaryň“ bolmaýandygyny
görkezipdik. Adamlaryň arasynda bar bolan beýleki ýalan ideýalar şulardan
ybaratdyr:
1. Ölüm bolanda, „biziň ölmezek janymyzyň“ belli bir ýere gidýändigi ömrümiziň
sylagy bolmagy.
2. Ölüm bolanda, imanlylaryň we günälileriň arasynda bölünişigiň bolmagy.
3. Imanlylar üçin sylag – bu olaryň asmana iberilmegi.
4. Eger-de her kimde „ölmezek jan“ bolýan bolsa, onda bu olaryň her haýsynyň
asmana ýa-da dowzaha gitmeli bolmagy.
5. Günäli „janlaryň“ dowzah diýlip atlandyrylýan jezalandyrylma ýerine
ugramagy.
Indi bolsa, biz ýokarda agzalan ähli tassyknamalara analiz bermäge synanyşalyň.
Özümiziň analizimizde biz diňe inkär edýän jogaby bermäge dyrjaşmarys.
Biz diňe bu babatda Bibliýada bar bolan hem-de ynsan tebigaty babatda
wajyp bölekden ybarat bolan hakykaty ýüze çykarmagy isleýäris.
|