|
4.5 Direliş
Bibliýada Mesih gelen çagy imanlylaryň sylagynyň direliş boljakdygy nygtalýandyr
(1 Selaniklilere 4:16). Mesihiň ilkinji ýerine ýetirjek işi – bu ölüleri
direltmek bolar. Soňra bolsa, höküm başlanar. Eger-de adamyň ölüminden
soňra „jan“ asmana ugraýan bolsa-dy, onda direlşe bolan zerurlyk hem bolmazdy.
Pawlusyň aýdyşyna görä, eger-de ölüleriň direlşi bolmasa, onda Hudaýa
boýun bolmaga gönükdirilen biziň ähli tagallalarymyz-da biderek bolardy
(1 Korintoslylara 15:32). Eger-de ol ölümden soňra öz „janynyň“ asmana
göterilýändigine ynanan bolsa, onda elbetde beýle diýmezdi. Ýöne ol adam
üçin ýeketäk sylagyň bedeniň direldilmegi boljakdygyna ynanypdyr. Mesih
biziň imanly durmuşymyz üçin „direlişde“ sylag aljakdygymyzy aýdyp, bizi
ruhlandyrypdyr (Luka 14:14).
Bibliýada beden formasyndan aýratynlykda bar bolmaklyk barada aýdylmaýandygyny
ýene-de bir gezek bellemeklik zerurdyr. Bu Hudaýa, Mesihe, Perişdelere
we adamlara deň derejede degişlidir. Özüniň dolanyp gelmeginde Mesih „biziň
yjypsyz bedenimizi üýtgedip Öz şöhratly bedenine meňzeder“ (Filipililer
4:21). Çünki munuň häzir gan bilen däl-de, mümkin Ruh tarapyndan alnyp
barylýan gös-göni manyda beden formasynyň bardygy sebäpli, biz hem edil
munuň ýaly forma eýediris. Höküm güni biz öz bedenimizde nähili ýaşan
bolsak, şonuň ýaly hem tagallalary alarys (2 Korintoslylar 5:10). Öz dünýewi
durmuşy bilen ýaşanlar özleriniň adaty bedeninde galdyrylar. Soňra olaryň
bedeni çüýremeklige sezewar bolar hem-de ýene-de topraga öwrüler. Ýöne
öz tenini Ruha çalyşmak üçin dyrjaşanlar bolsa, ebedi ýaşaýşa eýe bolarlar.
Hoş Habarda şeýle ýazylandyr: „Çünki öz günäli teninde ekin eken tenden
çüýreme orar, Ruhda eken bolsa Ruhdan ebedi ýaşaýşy orar“ (ýagny Ruhdan
dolan ten görnüşde) (Galatýalylar 6:8).
Imanly bolmaklygyň sylagynyň beden formasynyň boljakdygy barada ummasyz
sanly subutnamalar bardyr. Bu tassyknamany kabul etmek bilen direlşiň
ýaşaýyş taýdan wajyplygy düşnükli bolýar. Ölüm bolan badyna biziň bedenimiz
öz ýaşaýşyny bes edýändigi hem aýdyňdyr. Ýöne, eger-de biz baky ýaşaýşa
hem-de beden formada ölmezlige eýe bolup bilýän bolsak, onda biziň bedenimiz
ýene-de direlip, Taňrynyň tebigatyny kabul edýäçä, ölümiň ýöne beýhuş
ýagdaýdygynyň netijesini çykarmak bolar. 1 Korintoslylaryň bütin 15 baby
direliş hakda jikme-jik aýdýandyr. Ony hemişe örän üns bilen okamalydyr.
1 Korintoslylaryň 15:35-44 aýatlary tohumyň neneňsi ekilşini, soňra onuň
ýerden gögerşini hem-de Hudaýyň beren (formasyny) keşbini alşy ýaly-da,
ölenleriň ýerden galyp, beden formasyna girjekdiklerini düşündirýär. Mesih
gabyrdan çykanda onuň öli bedeni ölmezlige öwrüldi. Hakyky imanlylar bilen
hem edil şeýle bolar (Filipililere 3:21). Suwa çokundyrylma arkaly biz
özümizi Mesihiň ölümi we direlşi bilen baglaşdyrýandyrys. Şeýdip, biz
hem Onuň Öz direlşinde alan sylagyny paýlaşýandygymyzyň imanyny görkezýändiris
(Rimlilere 6:3-5). Häzir Onuň görgülerini çekişýändigimiz arkaly biz şeýle
hem Onuň sylagyna-da şärik bolarys: „Isanyň ýaşaýşy tenimizde aýan bolsun
diýip, Onuň ölümini daýym (şindi) tenimizde göterýäris“ (2 Korintoslylara
4:10). „Isany ölümden Direldeniň Ruhy sizde mesgen tutýan bolsa, onda
Mesihi ölümden Direlden sizde mesgen tutan Ruhy üçin ölümli bedeniňize-de
ýaşaýyş berer“ (Rimlilere 8:11). Munuň ýaly umyt bilen biz „tenimiziň
halas bolmagyna“ onuň ölmez bolmagy arkaly garaşýarys (Rimliler 8:23).
Beden görnüşi almagyň bu umydyny Taňrynyň adamlary irki döwürlerden bäri
düşünip gelipdirler. Ybraýyma Kengan topragyna ebedilik miras boljakdygy
wada berlipdi. Ol uly ynam bilen onuň bar ýerine aýlanyp çykypdyr (Barlyk
Kitaby 13:17; ser. 3.4 Bölüme). Onuň bu wadalara bolan ynamlygy onda haçan-da
bir wagt, geljekde özüniň bedeniň gaýtadan dikeldiljekdigine we ölmez
boljakdygyna ynam döredipdir.
Eýüp bularyň ählisi babatda öz düşünjesini aýdyň bildirdi hem-de özüniň
teniniň gabyrda gurçuklaryň iýjekdigine garamazdan, sylagy ten görnüşde
aljakdygyny aýdypdyr: „Men bilýärin, meniň Halasgärim diridir. Ol iň soňky
güni meniň dargaýan bu derimi toprakdan gaýtadan dikelder; we men öz tenimde
Hudaýy görerin. Men Ony özüm görerin; özgäniň gözi dälde, eýsem meniň
gözlerim Ony görer. Meniň kalbym gursagymda eräp barýar!“ (Eýup 1925-27).
Işaýa pygamberiň hem umydy edil munuň ýaly bolupdy: „Seniň ölüleriň direler,
öli tenler ýerinden galar“ (Işaýa 26:19).
Biz munuň ýaly sözleri Isanyň ýakyn dosty bolan Lazaryň ölüminiň beýan
edilşinde hem duş gelýäris. Reb Isa onuň jany Göklere göterildi diýip,
öleniň uýalaryny köşeşdirmegiň deregine, ol direliş güni barada aýdypdy:
„Doganyň direler“. Lazaryň uýasy muňa derrew düşünip jogap gaýtardy: „Men
ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin“ (Ýahýa 11:23-24).
Bu jogap irki döwrüň hristianlarynyň özleriniň ölümden direljekdiklerine
şeýle güýçli ynamlarynyň bolandygyny görkezýär. Marfa hem edil Eýup ýaly,
ölümiň gökde unudylma duýguda bolup ýaşamak üçin derwezäni açmaýandygyna
düşünip, ýöne muňa derek, ol „iň soňky gündäki“ direliş barada pikir edipdir.
Reb şeýle wada berýär: „Atamdan eşidip, Ondan tälim alan her kes Maňa
geler...we Men ony ahyret güni direlderin“ (Ýahýa 6:44-45).
|