|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

4.6 Höküm
Bibliýanyň höküm babatdaky dersi bir ynamyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgä suwa çokundyrylma däbi kabul edilinçä dogry düşünilmelidir (Resullaryň Işleri 24:25; Ýewreýlere 6:2). Mukaddes Ýazgylar „höküm güni“ barada (mysal üçin, 2 Petrus 2:9; 3:7; 1 Ýahýa 4:17; Ýahudy 1:6); ýagny, Hudaýy tananlaryň öz sylagyny aljak wagty hakda ýygy aýdýar. „Çünki biziň barymyz Mesihiň höküm kürsüsü öňünde durmalydyrys“ (Rimlilere 14:10); „Bedendekäk öz edenlerimize laýyk almytymyzy almak üçin hemmämiz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde häzir bolmalydyrys“ (2 Korintoslylara 5:10).


Daniýel pygamber kürsi görnüşde görnen höküm gününiň gelmegi bilen, Mesihiň ikinji sapar gelşini düýşünde görüpdir (Daniýel 7:9-14). Tymsallar biraz derejede bulara jikme-jik düşünmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, Hoş Habarlarda bir jenabyň öz gullaryny çagyryp, olara pul (talant) berişi hem-de beren pullaryny nätjekdiklerini bilmek üçin, gidişi gürrüň berilýär (Matta 25:14-29). Balykçylar baradaky tymsal Hoş Habaryň dürlü adamlary ýygnaýan balyk tory bilen baglanyşykly bolan çagyryş bilen deňeşdirilýär; soňra gowy balygy erbetden saýlamak üçin balykçylar işe girişýärler (höküm güni bilen deňeşdiriň) (Matta 13:47-49). Munuň düşündirilişi ynha şeýledir: dünýäniň ahyretinde Perişdeler öňe çykarlar hem-de imanlylaryň we günälileriň arasynda saýlaw geçirerler.
Ýokarda ähli aýdylanlardan şeýle netijäni çykarmak bolar: ýagny, Mesih dolanyp gelenden hem-de ölüler direlenden soňra, kesgitli bir ýerde we kesgitli wagtda Hoş Habary kabul edenleriň ählisi bir ýere toplanylar. Şol ýygnakda olar Mesih bilen duşuşarlar. Şonda şol ýere baran her bir adam Oňa öz durmuşy barada hasabat berer. Şonda Isa Mesih Taňrynyň Patyşalygyna girmek sylagyna mynasyp bolany kesgitlär. Diňe şol pursatda imanlylar özleriniň sylagyny alarlar. Bularyň ählisi barada goýunlar we geçiler baradaky tymsalda aýdy;ýandyr: „Ynsan Ogly Öz şöhraty içinde ähli Perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar“ (Ýerusalimdäki Dawudyň tagtynda, Matta 25:31). Şonda onuň öňüne ähli halklar ýygnanar (ýagny, ähli milletlerden bolan adamlar). Çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol her olary biri-birinden saýlar. Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar. Onsoň Patyşa sagyndakylara diýer: „Eý Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly siziň üçin taýarlanan patyşalygy miras alyň“ (Matta 25:31-34).


Taňrynyň Patyşalygyny miras almak, Ybraýyma peşgeş berlen wadalara şärikdeş bolmak – bu imanlylara beriljek sylagyň hut özüdir. Ýöne bu zatlaryň ählisi Mesih gelendäki hökümden soňra bolar. Şonuň üçin heniz Mesih gelmänkä wada berlen sylagy almak mümkin däldir. Şonuň üçin Mesihiň ölen wagtyndan we direliş pursadyna çenli ynanýan doly akyl-huşly bolup bilmez. Çünki bedensiz islendik görnüşde bar bolmak mümkin däldir.
Haçanda diňe Mesihiň dolanyp gelen wagty sylag peşgeşi berler. Ýöne bu mundan ir berilmez. Ençeme gezek gaýtalanýan Mukaddes Ýazgylaryň esasy ýörelgesi hem mundan ybaratdyr:
• „Şeýlelikde, Baş Çopan (Isa) aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz“ (1 Petrus 5:4; 1:13 bilen deňeşdiriň).
• „Hudaýyň öňünde, dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarjak Mesih Isanyň öňünde Onuň gelmeginiň, Patyşalygynyň haky üçin saňa ündeýärin...Mundan beýläk, dogrulyk täji meniň üçin taýar durandyr. Adyl Kazy Reb ol günde ony maňa berer“ (2 Timoteos 4:1, 8).
• Soňky günler Mesh edileniň dolanyp gelmeginde „ýeriň topragynda ýatanlardan köpüsi (Barlyk Kitaby 3:19 bilen deňeşdiriň) oýanar. Birleri ebedi ýaşaýyş üçin we ýene birleri bolsa, ebedi masgaraçylygyna we kemsidilmesine sezewar edilmek üçin oýanarlar“ (Daniýel 12;2).
• Haçanda Mesih höküme gelende „Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň eşitjek wagty geler...eşidenler ýaşar... şer iş edenler höküm üçin direler“ (Ýahýa 5:25-29).
• Isa dişdi: „Ine, basym gelýärin! Berjek sylaglarym ýanymdadyr. Her kese etmişine görä hak bererin“ (Ylham 22:12). Almytymyzy almak üçin biz göklere göterilýän däldiris. Mesihiň Özi biziň her birimiziň işine görä Asmandan sylaglary alyp geler.


Isanyň Öz ýany bilen biziň üçin sylaglary getirjekdigi baradaky sözler bu sylaglaryň biziň üçin eýýäm asmanda taýarlanyp goýulandygyny aňladýandyr. Ýöne olar Mesih ikinji gezek gelende ýere getiriljekdir. Ybraýyma wada berlen biziň ýer „mirasymyz“ bu manyda „ahyrky wagtda aýan bolmaga taýar duran gutulyş üçin Hudaýyň güýji bilen iman arkaly göklerde siz üçin goralýan“ ýaly düşünmelidir (1 Petrus 1:4-5).
Ýokardaky aýdylanlara dogry düşünmeklik bize köplenç nädogry düşündirilýän Ýahýanyň 14:2-3 bölüminiň manysyna dogry çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Isa şeýle diýdi: „Men size ýer taýarlamaga barýaryn. Gidip ýer taýarlanymdan soň (deňeşdiriň: „göklerde saklanýan“ sylag), siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin“. Başga ýerde Isa biziň almytymyzy bermek üçin ýene-de geljekdigini aýdýar (Ýewreýler 22:12). Biz munuň höküm güni boljakdygyny bilýäris. Ol Ýerusalimde Dawudyň tagtynda „ebedi“ şalyk eder (Luka 1:32-33). Ol bu ýerde ebediligi geçirer we Ol nirede bolsa-da – ýerdäki Taňrynyň Patyşalygynda bolan ýerinde biz hem bolarys. Onuň „bizi Özüne almak“ wadasyna bolsa, höküm güni bizi kabul etjekdiginiň sözleri ýaly düşünmelidir. Grekleriň „kimdir birini özüňe almak“ diýen jümlesi Mattanyň 1:20 aýatynda Ýusubyň Merýemi aýaly hökmünde „özüne kabul etmek“ kararyna gelen babatynda hem duş gelýändir. Şonuň üçin bu ýerde munuň hökmany suratda Isa gönükdirilen fiziki hereketi aňlatmaýandygy göz-görtele mälimdir.
Sylag ýa-da jeza baradaky kararyň diňe Isa dolanyp gelendäki hökümde çykaryljakdygy üçin, imanlyň hem günäliniň ölümden soň şol bir ýere, ýagny mazara gitjekdigini aýtmak bolar. Ölüm olaryň arasyna tapawut salýan däldir. Şu aýatlar bilen berlen salgylanmalar muny tassyklamaga ýardam eder:


• Ýonofan imanly, Saul bolsa günäli bolupdyrlar. Ýöne olar „ölümde-de aýra bolmandyrlar“ (2 Patyşalyk 1:23).
• Imanly Ybraýym „öz halkyna“ ýa-da butparaz bolan öz kowumyna goşuldy (Barlyk Kitaby 25:8; Isa Nawiniň Kitaby 24:2).
• Ruhy paýhasly hem akmak-da şol bir kysmata, ýagny ölüme uçrar (Eklesiastlar 2:15-16).
Bularyň bary „hristiançylyk“ halky bilen düýpli derejede gapma-garşydyr. Olaryň ölümden soň gös-göni asmana göterilmek baradaky taglymaty direlşe we höküme bolan zerurlygy aradan aýyrýandyr. Emma biz bu wakalaryň ählisiniň Taňrynyň halas etme planynda örän wajypdygyny gördük. Giňden ýaýran ideýa laýykda, imanly adam ölenden soň sylag görnüşde asmana gidýär. Onuň yzyndan bolsa, gündelik, her aý we her ýyl beýlekiler hem gidýändirler. Emma bu ähli imanlylaryň bilelikde şol bir wagtda sylaglanjakdygyny aýdýan Bibliýanyň taglymatyna düýpli garşy gelýändir:
• Hökümde goýunlar ýekän-ýekän geçilerden saýlanýandyr. Höküm gutaran badyna Mesih Özüniň sag tarapyna üýşen ähli goýunlara garap şeýle diýer: „Eý Atamyň gutlanlary! Geliň, düýä gurlaly bäri siziň üçin taýarlanan patyşalygy miras alyň“ (Matta 25:34). Şeýlelikde, ähli goýunlar diňe belli bir wagtda Patyşalygy miras alarlar ( 1 Korintoslylar 15:52 bilen deňeşdiriň).
• „Orum“ başlap Isa gaýdyp gelende höküm başlanar. Hoş Habarynda zähmet çekenleriň ählisi „bilelikde şatlanarlar“ (Ýahýa 4:35-36; Matta 13:39 bilen deňeşdiriň).
• Ylham Kitabynyň 11:18 aýatyndaky "ölüleriň üstünden höküm çykarmak" haçanda Hudaýyň „Seniň gullaryňa almytyny...mukaddeslere hem-de seniň adyňdan gorkýanlara“ berýän wagty, ýagny ähli imanlylara bilelikde berýän wagty hökmünde kesgitlenýändir.


Ýewreýleriň 11 babynda Köne Ähtiň köp imanly adamlary sanalyp geçilýär. Bu babyň 11 aýatynda Hudaýyň Patyşalygyna girmek arkaly halas edilme barada Ybraýyma berlen „wadalary alman, olaryň barynyň ölendigi“ aýdylýar (Ýewreýler 11:8-12). Mundan soňra bu adamlaryň ölenden soň özleriniň mynasyp bolan sylaglaryny almaga yzly-yzyna asmana tarap gitmändiklerini aýtmak bolar. Munuň sebäbi 39-40 aýatlarda beýan edilendir: Olar „wada edilen zada gowuşmadylar, sebäbi Hudaý olar bizden aýry kämillige ýetmez ýaly, Hudaý biziň üçin bir has gowy zady taýarlapdy“. Olara wada berlen sylaglary bermekligiň togtadylmasyny Taňrynyň plany ähli imanlylaryň deň derejede diňe belli bir wagtda „kämillige ýetmelidigi“ bilen düşündirýändir. Bu olara Mesih dolanyp gelende hökümde yglan ediljekdir.


 
Index