|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

4.7 Sylag beriljek ýer: Asmandamy ýa-da Ýerde?


Taňrynyň Patyşalygynyň ýagny wada berlen sylagyň boljak ýeriň ýerde däl-de, eýsem asmanda boljakdygyna ynanýanlaryň ählisi şu aşakdaky ýagdaýlara düşünmeklik zerurdyr:°


• Özleriniň Reb Hudaýa ýüzlenýän dog-dileglerinde ynanýanlar Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegini soraýarlar (ýagny, olar Mesihiň dolanyp gelmegi barada dileg edýärler), haçanda Hudaýyň islegleri edil häzir gökde berjaý bolşy ýaly, ýerde-de berjaý bolanda (Matta 6:10). Şonuň üçin biz Hudaýyň Patyşalygynyň ýere gelmegini dileg edýäris. Hudaýyň Patyşalygynyň eýýäm asmanda berjaý edilendigine we ýeriň weýran ediljekdigine doly ynanýan müňlerçe adamlaryň bu dogany oýlanmazdan ýöne gaýtalaýandyklary örän gynançlydyr.
• „Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar“ (Matta 5:5), - bu ýerde olaryň janlarynyň asmana ugraýandygy aýdylmaýar. Bu imanlylar üçin iň soňky sylagyň ýerde boljakdygy barada doly beýan edýän Zebur 36 degişlidir. Günälileriň öz wagtlaýyn bolan şol bir ýerinde hem imanlylara ebedi ýaşaýyş peşgeş beriler hem-de olar günälileriň höküm süren şol bir topragyna hem baky eýelik ederler (Zebur 37:34-35). „mylakatlylar ýeri miras alarlar... Onuň ak pata berenleri ýeri miras alarlar... Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar“ (Zebur 37:11, 22, 29). Ýerde (wada berlen ýerde) ebedi ýaşamaklygyň özi hem asmanda ebedi ýaşaýşyň mümkin däldigini aňladýandyr.
• Dawut "öldi we jaýlandy... Dawut göklere çykanok" (Resullaryň Işleri 2:29, 34). Munuň deregine Petrus öz umydynyň Mesih dolanan wagty ölümden direlmekden ybaratdygyny düşündiripdir (Resullaryň Işleri 2:22-36).
• Ýer - bu Taňrynyň adamzat bilen berjaý edýän zähmetleriniň görkezme ýeridir: „Gökler Rebbiň gökleridir, emma ýeri Ol adam ogullaryna berdi“ (Zebur 115:16).
• Ylham 5:10 aýatda imanlylaryň höküm güni jogap bermäge gelenlerinde aýtjak zatlary baradaky görnüş beýan edilýär: Mesih „bizi Hudaýymyzyň hyzmatynda patyşalyk ýagdaýyna sokup, ruhany etdi. Biz dünýä üstünden höküm süreris“. Taňrynyň Patyşalygynyň ýerde şalyk sürjekdigi baradaky bu ýatladylma biziň nirelerdir asmanda „ýatdan çykarma“ duýguda boljakdygymyz baradaky düşnüksiz bolan ideýadan örän tapawutlanýandyr.
• 2 we 7 baplardaky Daniýeliň aýdan pygamber welilikleri Mesih dolanyp gelende ahyrsoňundaky Taňrynyň Patyşalygy bilen çalşyljak politiki hökimiýetiň ýok bolmasy barada aýdýarlar. Patyşalyk „bütinleý asman astynda“ bolar hem-de „bütin ýeri“ doldurar (Daniýel 7:27; 2:35; 44 aýat bilen deňeşdiriň). Bu baky Patyşalyk „bütinleý asman astynda bolup, Beýi Biribaryň mukaddes halkyna berler“ (Daniýel 7:27); şonuň üçin olaryň sylagy asmanlaryň astyndaky ýerde boljak Patyşalykda boljak baky ýaşaýşy bolar.


 
Index