|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

4.8 Hudaýyň öňündäki borçnama
Eger-de adamyň tebigy tarapyndan „ölmez-ýitmez jany“ bar bolýan bolsa, onda özüniň baky ykbalyny geçirmek üçin onuň nirelerdir bir ýerlerde ýeri hem bolmalydyr. Ol bu ýeri ýa sylag ýa-da jeza hökmünde alýar. Ýöne Bibliýa laýyklykda biz adamyň hem edil haýwan deý ölöändigini görkezipdik. Emma käbir adamlara Taňrynyň Patyşalygyndaky baky ýaşaýyş wada berlipdi. Birwagt ýaşap geçen her bir adamyň direlmejekdigi düşnüklidir. Çünki adam hem edil haýwan deý ölüp, topraga dönýändir. Ýöne käbirlerin jeza beriljek we ýene käbirlerine bolsa, ebedi ýaşaýyş beriljek höküm gününiň boljakdygy üçin höküm üçin direlip sylagy almak üçin adamzat arasynda adamlaryň belli bir toparynynyň boljakdygy barada netije çykarmak mümkin.


Ölen adamyň direljegi ýa-da direlmejegi onuň hökümiň öňündäki borjuna baglydyr. Onuň Taňrynyň sözlerine nähili garandygy göz öňüne tutular. Mesih: „Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäniň üstünden höküm çykarjak bardyr; Meniň aýdan sözüm ahyret güni ony höküm eder“ (Ýahýa 12:48). Mesihiň sözüni bilmedikler ýa-da düşünmedikler ony kabul etmäge ýa-da ondan ýüz dödermäge mümkinçiligi bolmadyk adamlardyr. Şonuň üçin olar hökümiň öňünde borçly bolmazlar. „Mukaddes Kanuny bolman (ýagny Taňrynyň kanunyny bilmedik) günä edenler bikanun we heläk bolar; kanun astynda günä edenler kanun boýunça höküm ediler“ (Rimliler 2:12). Şeýlelikde, Taňrynyň talaplaryny bilmedikler edil haýwan ýaly heläk bolarlar. Ýöne Taňrynyň kanuny bilip, şol bir wagtyň özünde hem ony bozanlar welin höküm edilmä sezewar bolarlar we şuňa görä hem, olar onuň öňüne durmak üçin direlerler.
Hudaýyň görkezmesine görä „kanun berilmezden öň hem dünýäde günä bardy; ýöne kanun bolmasa, günä hasaba alynmaz... çünki günä kanunsyzlykdyr (ýagny, Taňrynyň kanunyny bozmakdyr“ günäni bilmek kanun arkaly döreýändir“ (Rimliler 5:13; 1 Ýahýa 3:4; Rimliler 3:20). Onuň Sözünde aýan edilişi ýaly, Taňrynyň kanunyny bilmezden adama „günä hasaba alynýan däldir“. Şonuň üçin-de şonuň ýaly günäliler höküm edilmez ýa-da direldilmez. Şuňa görä-de, Taňrynyň Sözüni bilmedikler edil haýwanlarda we ösümliklerde bolşy ýaly öli bolmagyna galarlar. Çünki olaryň hemmesiniň hem ýagdaýy birdir. „Düşünmeýän adam haýwanlar kimindir; olar heläk bolarlar“ (Zebur 49:20). „Olar goýunlar kimin ölüler diýaryna sürler...ölüler diýaly olaryň öýüdir“ (Zebur 49:14).
Taňrynyň ýollaryny bilmeklik bizi öz etmişlerimiz üçin Onuň öňünde borçly edýär. Şuňa görä-de, bu biziň direlip, hökümde bolmagymyza zerurlyk döredýändir. Diňe imanly bolanlar ýa-da suwa çokundyrylanlar direldilmän, eýsem Hudaýy tanap, Onuň öňünde borçly bolanlaryň ählisiniň hem direldiljekdigini bilmelidir. Bu tema Mukaddes Ýazgyda ýygy gaýtalanýandyr:


• Ýahýa 15:22 borjuň Sözi bilmegi getirýändigini görkezýär: „Men (Isa) gelip, olara aýtmadyk bolsam, onda günäleri bolmazdy, ýöne indi günäleri üçin ötünçleri ýok“. Rimliler 1:20-21 hem Hudaýy tanamaklygyň adamlary „ötünçsiz“ goýýandygy barada aýdýandyr.
• „Atamdan eşidip, Ondan tälim alan her kes...Men (Mesih) ony ahyret güni direlderin“ (Ýahýa 6:44-45).
• Hudaý diňe Özüniň ýollaryny asla bilmeýänleriň hereketlerine seredýändir. Ýöne Ol Özüniň ýollaryny bilýänleri synlaýandyr we olardan jogaba garaşýandyr (Resullaryň Işleri 17:30).
• „Agasynyň islegini bilip, taýynlanmadyk, onuň islegini ýerine ýetirmedik hyzmatkär köp ýenjiler; ýöne bilmän, taýaga mynasyp iş eden az ýenjiler (mysall üçin, öli bolmagyna galar). Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp hem islener“ (Luka 12:47-48), - şeýlelikde, Reb, nähili uludyr?
• „Kim ýagşylyk etmegi bilip-de, etmeýän bolsa, ol gükärdir“ (Ýakup 4:17).
• Ysraýyllylaryň Hudaýyň öňündäki esasy borjy Onuň Öz-Özi baradaky ylhamdan ybaratdyr (Amos 3:2).
• Borçluk hakdaky bu öňgüdiň yzysüresi „gowusy olar (Hudaýdan soň daşlaşan) üçindogrulyk ýoluny bilmezlik, ony bilip-de, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrukdan ýüz döndermekden gowy bolardy“ (2 Petrus 2:21). Bu tema boýunça Ýazgynyň şu ýerlerinde hem bardyr: Ýahýa 9:41; 3:19; 1 Timoteos 1:13; Osiý 4:14; Ikinji Kanun 1:39.
Hudaýy tanamaklyk bizi hökümiň öňüne borçly edýändir. Şonuň üçin hem bu bilimi bolmadyklar direlmezler. Çünki olary höküm etmäge zerurlyk ýokdur we olarda bu bilimiň ýoklugy olary „heläk bolýan haýwanlar kimin“ edýändir (Zebur 49:20). Birwagt ýaşap geçenleriň hemmesiniň direlmejekdiklerini subut edýän köp tassyknamalary bardyr:
• Gadymy Wawilonyň ýaşaýjylary ölümden soň „oýanmazlar“. Sebäbi olar hakyky Hudaýy tanamandyrlar (Ýeremiýa 51:39; Işaýa 43:17).


• Işaýa pygamber özüni şeýle taryplapdyr: „Reb, Hudaýymyz biziň (Ysraýylyň!)! senden başga beöleki hökümdarlar biziň üstümizden öz hökümlerini ýöretdiler (filistimliler we walilonlylar), ýöne diňe Seniň adyň üsti arkaly biz Seni şöhratlandyrýandyrys. Ölüler direlmez; refaimler turmazlar; sebäbi Sen olaryň ýanyna baryp, olary weýran etdiň hem-de olar hakdaky her bir ýatlamany ýokladyň“ (Işaýa 26:13-14). Olaryň direlmejekdikleri barada ençeme gezek gaýtalanýandygyna üns beriň: „Direlmezler...turmazlar (ýene-de) ...olar hakdaky her bir ýatlamany ýoklady“. Mundan tapawutlykda, ysraýyllylaryň hakyky Hudaýy tanandyklary üçin olaryň öňünde direliş güýjüne bolan umyt bolupdyr: „Seniň (Ysraýylyň) ölüleriň direler, öli bedenler ýerinden turar!“ (Işaýa 26:19).
• Taňrynyň halky bolan Ysraýyl barada aýtmak bilen, Mesih dolanyp gelende „ýer topragynyň gumunyň astynda ýatanlaryň köpüsinden birentekleriniň ebedi ýaşaýyş üçin, ýene birleriniň bolsa ebedi masgaraçylyk we nälet üçin oýanjakdyklary“ (Daniýel 12:2) bellenilip geçilýär. Şeýlelikde, ähli ýewreýler direlmän, eýsem Onuň saýlanan halky hökmünde Hudaýyň öňünde borçly bolandyklaryň „köpüsi“ direlerler. Olardan hakyky Hudaýy düýbünden bilmeýänler „ýykylarlar we indi turmazlar“, çünki olar „Rebbiň sözlerini“ tapmak ýagdaýynda bolmazlar (Amos 8:12, 14).


Şeýlelikde, biz şulary bilýändiris:
6. Taňrynyň Sözlrini bilmeklik Onuň öňünde borçly bolmaklygy döredýändir.
7. Diňe borçly bolanlar direler hem-de höküme sezewar bolarlar.
8. Şuňa görä-de, hakyky Hudaýy tanamaýanlar edil haýwanlar ýaly öli bolmagynda galarlar.
Bu netijeler ynsan mertebesine güýçli urgyny ýetirýändir we bize bular hakykatdan hem düşünmek kyn düşýändir: öň birwaglar ýaşap geçişleri ýaly häzir-de ýaşap ýören, ýöne hakyky Hoş Habaryny bilmedik adamlaryň milýonlarçasy; akyl taýdan agyr hassa bolanlar hem-de Bibliýanyň Ýazgylaryna düşünmäge ukypsyz bolanlar; Hoş Habara akyl ýetirmäge heniz ulalyp ýetişmedik emýän we kiçi çagalar; adamlaryň ähli bu topary hakyky Hudaýy bilmeýärler we şuňa görä-de, olar Onuň öňünde borçly däldirler. Bu olaryň ene-atalarynyň ruhy statusyna garamazdan, direlmejekdiklerini aňladýandyr. Bu gumanizmyň ideallaryna hem-de biziň özboluşly isleglerimiziň we duýgylarymyzyň ählisine düýpli derejede garşy gelýändir. Ýöne muňa garamazdan, Taňrynyň Sözleriniň ahyrky hakykatynyň öňünde çyn boýun bolmaklyk biziň şahsy bolşumyz baradaky ýönekeý pikir bilen goşulyp, biziň hakykaty kabul etmegimize getirer. Adamzat barlygynyň faktlaryny irginsiz öwrenmeklik, hatda Hoş Habaryň ýardam bermezliginde-de bizi ýokarda agzalan adamlaryň topary üçin geljekki durmuşa bolan umydyň bolup biljek däldigi baradaky netijä getirýändir.


Reb Hudaýyň ýollary baradaky biziň soraglarymyz ýerlikli bolmasa gerek: „Ýeri, eý adam, Hudaýa ters jogap gaýtarar ýaly, sen kim bolupsyň?“ (Rimliler 9:20). Biz köp zatlara akyl ýetirip-de bilmeris. Ýöne biz hiç haçan Hudaýy adalatsyzlykda ýa-da nädogrulylykda aýyplamaly däldiris. Hudaýyň bizi söýmezligi ýa-da biz babatda ýalňyşlyklara ýol bermegi baradaky pikir beýik Biribar bolan Hudaý Atanyň we Ýaradyjynyň bize akyl-paýhassyz we adalatsyz garaýandygy baradaky elhenç netijä eltýändir. Bu babatda patyşa Dawudyň öz perzendini ýitirşi, diri bolan wagty ogly barada doga-dileg edişi hem-de şol bir wagtyň özünde-de onuň ölümini yza gaýtarmagyň mümkin däldigine akyl ýetirşi barada 2 Patyşalyk 12:15-24 aýatlary öwran-öwran okamaklyk peýdalydyr: „Perzent diri bolan wagty men oraza tutyp aglapdym; çünki şeýle oýlanypdym: mümkin Rebbiň maňa haýpy geler we perzent diri galar? Indi bolsa, ol öldi; indi maňa oraza etmek nämä gerek? Eýsem, men ony gaýtaryp bilerinmi?...ol indi maňa dolanyp gelmez“. Şonda Dawut öz aýalyny köşeşdirdi we basym olaryň ikinji çagasy dünýä indi.
Netijede, köp adamlaryň Hudaýyň öňündäki bu kada düşünip, Oňa borçly bolmakdan we höküm edilmekden gorkup, Ol hakda köp bilim almak höwesini gaçyrýandyklaryny aýtmak bolar. Ýöne käbir derejede bular ýaly adamlar eýýäm Hudaýyň öňünde borçlydyrlar; çünki olaryň Taňrynyň Sözleri hakdaky bilimi olara Hudaýyň öz durmuşlaryna gatnaşýandygy we Özi bilen hakyky ýakyn gatnaşyklaryny olara teklip edýändigi barada maglumaty berendir. „Hudaýyň söýgüdigi“, Onuň „hiç biriniň heläk bolmagyny islemän...ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berendigi“ hemişe ýatda bolmalydyr (1 Ýahýa 4:8; 2 Petrus 3:9; Ýahýa 3:16). Hudaý Öz Patyşalygynda biziň bolmagymyzy isleýär.


Beýle hormat gutulgysyz derejede borçnamany döredýändir. Emma bu biziň üçin juda agyr däldir. Eger biz hakykatdan hem Hudaýy söýýän bolsak, onda Onuň halas etme teklibiniň kesgitli bir zähmet üçin gös-göni sylag bolman, eýsem Özüniň ajaýyp häsiýetine dogry düşünmekligiň üsti arkaly perzentlerine ebedi ýaşaýşyny bermek üçin ähli mümkin bolan zatlary bermek isleýän Özüniň söýgüli islegidigine düşüneris.


Biz Hudaýyň Sözi arkaly Onuň çagyryşyny eşitmäge we gadryny bilmäge başlaýandygymyz üçin özümiziň märekede ýöräp ýören çagymyz Hudaýyň uly üns bilen bizi ýzarlaýandygyna düşüneris. Çünki Ol bizden Özüniň öňündäki borçnama laýyklykda ýaşamak bilen uçran şowsyzlyklarymyzy däl-de, eýsem Özüniň bize bolan söýgüsiniň jogap alamatlaryna garaşýandyr. Söýýän bu göz hiç haçan bizden aýrylmaz; Hudaýyň öňündäki borçnamadan azat eder ýaly öz bedenmizi günä urmak üçin Ol hakdaky bilimimizi hiç haçan ýatdan çykaryp ýa-da bozup bilmeris. Muňa derek, biz Hudaý bilen aýratyn ýakynlygymyza şatlanyp bilýändiris hem-de şatlanmalydyrys. Şeýle hem, biz hemişe az däl-de, eýsem Ol barada has köp bilmäge islegde bolar ýaly, Onuň söýgüsiniň beýikligine ynanmalydyrys. Biziň Oňa has köp derejede meňzeş bolup bilmegimiz üçin, biziň Taňrynyň ýollaryna bolan söýgümiz hem-de islegimiz Onuň beýik mukaddesligine bolanda öz gorkaklygymyzdan belent bolmalydyr.


 
Index