|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

4.9 Dowzah
Halk arasynda dowzah (ölüler diýary) – bu günäli „ölmeýän janlara“ jeza berilýän ýerdir ýa-da höküm güni ýüz dönderilenleri kösemek üçin niýetlenen ýerdir. Biziň ynanmagymyza görä, Bibliýa bize dowzaha hemmeleriň ölenden soň düşýän gabyrydyr diýip öwredýär.
„Dowzah“ diýlip terjime edilýän gadymy ýewreý sözi „şeol“ ýagny „üsti ýapyk ýer“ diýmekligi aňladýandyr. Şonuň üçin haçanda biz „dowzah“ sözüni okanymyzda onuň takyk doly terjimesine düşünýzn däldiris. Bibiliýanyň görkezmesine görä, bu „üsti ýapyk ýer“ ýa-da „dowzah“ gabyrdyr. Owaldan gelýän „şeol“ sözüniň „gabyr“ diýlip terjime edilýändigini tassyklaýan köp sanly mysallary bardyr. Hakykatda welin Bibliýanyň käbir häzirki neşirleri ony has takyk „gabyr“ sözi ýaly terjime edip, „dowzah“ sözünden seýrek peýdalanýarlar. „Şeol“ sözüniň „gabyr“ diýlip terjime edilmesini görkezýän birnäçe mysallar dowzahy oduň ýanýan hem-de günälileriň gynalýan ýeri ýaly beýan edýän halk arasyndaky düşünjeleri puja çykarmalydyr:
• „Erbetler utansyn, olar ölüler diýarynda dymsyn“ (gabyrda- şeol [Zebur 31:17]) – olar görgüde ah çekmezler.
• „Emma Hudaý 'lüler diýarynyň elinden meniň janymy azat eder“ (şeol [Zebur 49:15]) – ýagny Dawudyň jany ýa-da teni gabyrdan ýa-da „dowzahdan“ direler.


Dowzahyň günäkärleriň jeza edilmeli ýeri bolup, olaryň ondan çykmaga ukypsyzdyklaryna bolan ynam bu aýata gabat gelýän däldir; imanly adam dowzaha (gabyra) girip hem-de ondan ýene-de gidip hem bilýändir. Osiýa 13:14 muny tassyklaýandyr: „Dowzahyň elinden men olary azat ederin, olary ölümden-de halas ederin“. Edil şunuň ýaly-da, biz Mesihiň dolanyp geljek mahalyndaky direliş babatda 1 Korintoslylar 15:55 görýäris. Edil şunuň ýaly-da, ikinji direlşiň öňden görülmeginde (ser. Bölüm 5.5) „ölüm we ölüler diýary-da özlerindäki ölüleri tabşyrdylar“ (Ylham 20:13). Ölüm, ýagny gabyr bilen dowzahyň (ölüler diýary) birmeňzeşligine üns beriň (şeýle hem ser. Zebur 6:5-6). 1 Patyşalygyň 2:6 aýatyndaky Annanyň şeýle sözleri doly düşnüklidir: „Reb öldürýändir hem-de direldýändir (direliş arkaly), dowzaha-da (şeol) salýandyr hem-de çykarýandyr“.
„Dowzahyň“ gabyrdygyny bilmek bilen, imanlylaryň ondan ebedi ýaşaýyş üçin direliş arkaly halas ediljekdikleri barada oýlanmalydyr. Şeýlelikde, „dowzaha“ ýa-da gabyra girip, soňra bolsa, ondan direliş arkaly gitmeklik doly mümkindir. Munuň iň ýokary mysalyny bize Isa görkezipdi, çünki „Ol ne ölüler diýarynda goýuldy, ne-de teni çüýredi“ (Resullaryň Işleri 2:31), sebäbi Ol direldi. Mesihiň „jany“ we Onuň „teni“ ýa-da bedeni ýaly sözleriň arasyndaky birmeňzeşligi belläň. Onuň teniniň dowzahda (ölüler diýarynda) goýulmadygy hakdaky sözler onuň ol ýerde biraz wagt bolandygyny, ýagny takyk, onuň ol ýerde üç günüň dowamynda bolandygyny aýdýarlar. Mesihiň „dowzahda“ (ölüler diýarynda) bolandygy bolsa, munuň günälileriň iberilýän ýeriniň däldigine subutnama bolýandygyny görkezýär.


Erbet adamlaryň bolşy ýaly-da, gowy adamlar hem „dowzaha“, ýagny gabyra girýändirler; Isa Mesihe hem „zalymlar bilen bilelikde tabyt bellediler“ (Işaýa 53:9). Munuň bilen birlikde, imanly adamlaryň hem dowzaha, ýagny gabyra girýändikleriniň beýleki mysallary-da bardyr. Şeýlelikde, Ýakup „diýdi: menaglap oglumyň ýanyna (Ýusubyň), dowzaha ýas tutup barjak“ („ölüler diýary“ [Barlyk Kitaby 37:35]).
Emma Hudaýyň prinsipe esaslanan postulatlarynyň biri-de ýerine ýetirilen günä üçin ölüm jezasydyr (Rimliler 6:23; 8:13; Ýakup 1:15). Mundan öň biz ölümiň bütinleý beýhuş ýagdaý bolýandygyny görkezipdik. Ol ebedi jebir-jepa däl-de, eýsem doly ýok bolma eltýändir (Matta 21:41; 22:7; Markus 12:9; Ýakup 4:12), - bu hem adamlaryň edil älemiň suw almasyndan heläk bolşy ýaly (Luka 17:27, 29) hem-de ysraýyllylaryň çölde heläk boluşlary ýaly dogrudyr (1 Korintoslylar 10:10). Bu wakalaryň ikisinde hem günäliler ebedi jebir-jepa sezewar edilmän, heläk bolupdylar. Şonuň üçin, günälileriň göz-görtele ebedi jebir-jepalara we ejirlere sezewar edilmeklikleri mümkin däldir.


Biz şeýle hem eger-de Hudaýyň sözlerini bilmeýän ýagdaýymyzda (Rimliler 5:13), Onuň günäkärlemeýändigini hem-de günäni biziň üstümize ýüklemeýändigini görkezipdik. Munuň ýaly ýagdaýda bolanlar öli bolmagynda galarlar. Günäkärleriň aljak ezasy – bu ölümdir, çünki bu günäniň tölegidir. Şuňa görä-de, Mesihiň höküm etjek ýerine barylandan soňra olara jeza yglan ediler we soňra olar ýene-de ölerler. Bu gezekde olar ömürlik öli bolarlar. Bu Ylham 2:11; 20:6 aýatlarynda aýdylýan „ikinji ölüm“ bolar. Bu adamlar birwagt bütinleý beýhuş ölümi bilen ölüpdiler. Mesih dolanyp gelende bu adamlar direldiler we jeza berler. Soňra bolsa, olaryň edil birinji gezekdäki bütinkleý beýhuş ölüminde boluşlary ýaly, ikinji ölüm jezasyny alarlar. Bu ikinji gezekdäki ölüm bolsa indi ömürlik bolar.
Bu manyda, günä üçin beriljek jeza „ömürlik“ bolar, ýagny ölüm üçin indi ahyret bolmaz. Ömürlik öli bolup galmak – bu ebedi jezasynyň özüdir. Munuň ýaly jümläniň mysalyny biz Ikinji Kanun Kitabynyň 11:4 aýatynda görýändiris. Bu ýerde Hudaýyň faraonyň goşunyny Gyzyl deňzinde ýok edişi beýan edilýändir. Bu ömürlik dowamly ýok edilmesidir. Munuň netijesinde, edil şu goşun indi gaýdyp hiç haçan Ysraýyly bimaza etmez: „Ol Gyzyl deňiziň suwlarynda olary gark etdi... we olary Reb (Hudaý) hatda bu güne çenli hem öldürdi“.
Köne Ähtiň hatda has irki döwürlerinde hem imanlylar iň soky günde direlşiň boljakdygyna we ondan soňra bolsa, jogapkärli günäkärleriň gabyra dolanyp barjakdyklaryna düşünipdirler. Eýup 21:30, 32 aýatlary bu hakda aýdyň aýdýar: „Zalym... gyra çekiler (ýagny direldiler) ... we ony (soňra) gabyra ugradarlar“. Mesihiň dolanyp gelmegi hakdaky tymsallaryň birinde Onuň gözüniň alnynda ýenjilme mümkinçiligi barada hem aýdylýar (Luka 19:27). Bu günäkärleriň öz-özlerini bilmeklerini saklamak bilen, ömürlik boljakdyklary we olaryň hemişe gynalmaga duçar ediljekdikleri baradaky ideýa bilen ylalaşmaýar. Nähili bolsa-da, bu birneme oýlanyşyksyz jeza, ýagny 70 ýylyň dowamyndaky işler üçin ömürlik jezasy bolardy. Hudaý günäkärleri jezalandyrmakdan lezzet alýan däldir. Şonuň üçin-de, Onuň olara ömürlik jezany ýaplamajakdygyna çak etmek bolar (Ýezekil 18:23; 32; 33:11; 2 Petrus 3:9 bilen deňeşdiriň.


Ynamdan dönen hristianlar köplenç ýagdaýda „dowzah“ sözüni ot we kösençlik ideýasy bilen utgaşdyrýarlar. Bu Bibliýanyň dowzah (gabyr) baradaky taglymatyna düýpli garşy gelýändir. „Olar ölüler kimin ölüler diýaryna sürler (dowzah); olary ölüm otarar...“ (Zebur 49:14). Bu aýat gabyryň asuda ýatdan çykarylma ýeridigini düşündirýär. Mesihiň janynyň ýa-da teniniň dowzahda üç günüň dowamynda bolandygyna garamazdan, ol çüýremeändir (Resullaryň Işleri 2:31). Eger-de dowzah oduň ýanýan ýeri bolan bolsa, onda bu beýle mümkin bolmazdy. Ýezekil Kitabynyň 32:26-30 aýatlary goňşy halklaryň kuwwatly goşunlarynyň öz gabyrlarynda asuda ýatandyklaryny beýan edýär: „Gylyçdan öleneriň ählisi özleriniň goşun ýaraglary bilen dowzaha (ölüler diýaryna) düşdiler we öz gylyçlaryny başlarynyň aşagynda goýup, olar gylyçdan heläk bolup gabyra girdiler“. Bu ölen esgerleriň gylyçlaryny başlarynyň aşagynda goýup, ýaraglary bilen bilelikde jaýlanylan döwürlerdäki däbe degişlidir. Şeýle beýan edilme bilen, „dowzah“ – bu gabyrdan başga zat bolup bilýän däldir. Dowzahda kuwwatly esgerleriň we hemmeleriň (ýagny öz gabyrlarynda ýatan) ýatmagy dowzahyň ýanyp duran otly ýeriň däldigini tassyklap biler.
Ýunus bilen bolup geçen wakalar hem muňa garşy gelýändir. Haçanda uly läheň balygyň ony diriligine ýuwudanda „Ýunus öz Reb Hudaýyna läheňiň içinden doga etdi hem-de diýdi: özümiň agyr hasratymda Rebbi çagyrdym... dowzahyň içinden men bagyrdym“ (Ýunus 2:2-3). Bu ýerde „dowzah içi“ läheňiň içi bilen deňeşdirilýär. Hakykatdan hem läheň balygyň içi „ýapyk ýer“, ýagny „dowzah“ sözi diýlip terjime edilýän „şeol“ sözüniň gös-göni manysy bolupdy. Munuň otly ýeriň bolmandygy düşnüklidir. Çünki haçanda läheň Ýunusy gaýtaranda, ol „dowzahyň içinden“ çykdy. Bu Mesihiň dowzahdan (gabyrdan) direlmeginiň öňden aýdylmasy bolup ýardam berdi – ser. Matta 12:40.


Metaforiki ody
Emma Hudaýyň günäkäri ahyrsoňunda gabyrda doly derejede ýok edýän günä bolan gahar-gazabyny görkezmek üçin, Bibliýada köplenç ebedi oduň obrazy ulanylýar. Sodom şäheri „baky ot“ (Ýahudy 1:7) bilen jezalandyrylypdy, ýagny bu şäher öz ýaşaýjylarynyň günäli durmuşy sebäpli doly weýran edilipdi. Häzir bu şäher Öli deňziniň suwlaryna gark bolan weýrançylykda ýerleşýändir; eger-de biz „baky ot“ sözüne gös-göni derejede düşünen bolsak, onda pikir edişimize görä, bu şäher oda ýanmalydy. Emma bu şeýle bolmady. Edil şunuň ýaly-da, ýewreýleriň günäsi zerarly Ýerusalim şäherine hem Taňry gazabynyň baky ot howpy abanypdy: „Eger-de Maňa gulak asmasaňyz... onuň derezelerinde ot ýakaryn, we bu Ýerusalimiň jaýlaryny gaplap alar hem-de sönmez“ (Ýeremiýa 17:27). Ýerusalim geljekki Patyşalygyň wada berlen paýtagty bolandygy üçin (Işaýa 2:2-4; Zebur 48:2), Hudaý biziň bu sözleriň manysyna gös-göni derejede düşünmegimizi göz öňüne tutmandyr. Ýerusalimiň uly jaýlary oda ýandy (2 Patyşalyk 25:9). Ýöne bu oda tutulma ebedi dowam etmändi.


Edil şonuň ýaly-da, Hudaý Ýedom topragyny jejalandyrypdy. „Onuň ne gündizine ne-de gijesine öçer, onuň tüssesi ebedilik tütäp durar; nesilden nesle çenli boş bolmagynda galar... hem hüwi hem-de garga onda mekan tutar... onuň köşklerini tikenli ösümlikler tutar“ (Işaýa 34:9-15). Weýran edilen Ýedom topragynda haýwanlaryň we ösümlikleriň bolup bilendigini göz öňüne tutmak bilen, baky ot hakdaky söze gönümel manyda düşünmän, eýsem ony Taňrynyň gahar-gazabyna hem-de Onuň doly ýok eden ýerine degişli hasaplamalydyr. Taňrynyň Ýerusalimyň hem-de Ysraýylyň eden günälerine bolan gahar-gazaby ot bilen telim gezek deňeşdirilýändir: „Meniň gaharym hem-de Meniň gazabym bu ýere (Ýerulamiň başyna) guýulýandyr... we oda tutaşar hem-de sönmez“ (Ýeremiýe 7:20; beýleki mysallar Ýeremiýanyň Agysy Kitabynda 4:11 we 2 Patyşalyklar Kitaby 22:17).
Ot şeýle hem Taňrynyň günäni ýazgarmasy bilen baglanyşyklydyr, aýratynda Mesih dolanyp gelende: „Çünki ynha, ojak ýaly lowlap duran gün geler; şonda ähli tekepbirler we nädogry hereket edýänler saman ýaly bolarlar, hem-de olary geljek gün otlar“ (Malahiýa 4:1). Haçanda saman we hatda adam bedeni ýananda, şonda olaryň bary küle öwrülýär. Islendik zadyň, ylaýta-da ynsan teniniň doly manyda ebedilik ýanmagy mümkin däldir. Şuňa görä-de, „Sönmez ot“ sözleri gönümel manyda ebedi ejir çekmeklige degişli bolup bilmez. Eger-de ýanmaga zat bolmasa, onda ot ýanmagy hem baky dowam edip bilmez. „Ölüler diýary ot kölüne zyňyldy“ (Ylham 20:14) diýlenini göz öňünde tutmak gerek. Bu ölüler diýarynyň „ot köluniň“ özi däldigini aňladýandyr; bu doly ýok edilmesidir. Ylham Kitabynda gabyryň doly weýran ediljekdigi barada simwoliki aýdylýar, sebäbi Mesihiň müňýyllyk Patyşalygynyň (Altyn asyryň) ahyrynda gaýdyp ölüm asla bolmaz.


Geýenna (dowzah)
Täze Ähtde „dowzah (ölüler diýary)“ diýlip terjime edilýän iki grek sözi ulanylýar. „Hades“ sözi biziň öň aýdyp geçen gadymy ýewreý sözi bolan „şeol“ sözüne deň derejeli manyda gelýändir. „Gehenna“ (grek sözi) – bu Ýerusalimiň daşynda ýerleşýän hapa dökülýän ýeriň ady. Bu ýerde dürli zyňyndylar ýakylypdyr. Hususy at, ýagny hakyky bir ýeriň ady hökmünde bu „dowzah“ sözi diýlip asla terjime edilmeli däldi. „Gehenna“ bu „Ge-ben-Hinnom“ diýlen gadymy ýewreý sözüniň arameý ekwiwalendidir. Bu Ýerusalima golaý ýer bolupdyr (Isa Nawin 15:8) we Mesihiň zamanynda bu hapa galyndylaryň dökülýän ýeri bolupdyr. Öli bedenler oda taşlanypdyr. Şonuň üçin ol ýerde hemişe ot bolupdyr. Şonuň üçin hem Geýenna doly ýok edilmegiň we ýüz öwürmegiň nyşanyna öwrüldi.
Ähli oda zyňylan zatlaryň ol ýerde hemişelik galmadygyny ýene-de belläp geçmelidir. Çünki tenler küle öwrülipdiler. „Biziň Hudaýmyz höküm güni iýiji otdur (bolar) (Ýewreýler 12:29); Onuň günä bolan gahar-gazabynyň ody günälileri diňe çirkezme we janly ýagdaýda goýandan, gowusy olary doly ýoklar. Taňrynyň halky Ysraýylyň wawilonlylaryň elinden çykaran ozalky hökümleriniň döwründe Geýenna günällileriň we Taňrynyň adamlarynyň jesetlerinden doly bolupdy (Ýeremiýe 7:32-33).
Özüniň ajaýyp ýoly arkaly Reb Isa „geýenna“ sözüni ulanmakda Köne Ähtiň ähli bu ideýalaryny birleşdirdi. Ol Özüniň dolanyp gelende boljak höküm ýerinden ýüz öwürlenleriň „geýenna (ýagny, dowzaha) olaryň gurdy hem ölmeýän sönmez oduna“ (Markus 9:43-44) gitjekdiklerini köp agzap geçipdi. Geýenna ýewreýleriň aňynda ýüz öwürme we bedenleri ýok ediji düşünjede galar. Şunlukda, biz sönmez oduň günä bolan Taňrynyň gahar-gazabyny we ölüm arkaly günäli bolanlaryň hemişelik ýok edilmesini görkezýän idioma aňlatmasydygyny görýäris.
„Olaryň gurdy hem ölmeýär“ diýlen sözler doly ýok edilme baradaky bu idiomanyň bir bölegidigi bellidir. Çünki hiç haçan ölmeýän gurtlary göz öňüne getirmek mümkin däldir. Geýennanyň Taňrynyň adamlarynyň arasynda günäli bolanlara jeza berlen ýeri bolandygy baradaky fakt Mesihiň bu geýenna sözüni ulanmagynyň gabatlygyny tassyklaýandyr.


 
Index