| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
5.1 Patyşalygyň kesgitlemesiBiziň öňki baplarymyzda biz Hudaýyň maksadynyň Mesih gaýdyp gelende Özüniň wepadar bolan adamlaryna ebedi ýaşaýşyny peşgeş bermekden ybaratdygyny görkezipdik. Bu ebedi ýaşaşyş ýer ýüzünde bolar; bu barada Hudaýyň ençeme gezek aýdan wadalarynda imanlylaryň asmana göteriljekdikleri hakda hiç hili söz bolmandy. Ýerdäki ebedi ýaşaýyş babatda „Patyşalygyň Hoş Habary“ (ýagşy habarlar) (Matta 4:23) Hudaýyň wadalary görnüşde Ybraýyma habar berlipdir (Galatýalylar 3:8). Hudaýyň Patyşalygy haçan Mesih gaýdyp gelip, bu wadalar hasyl bolanda bolar. Hudaý Özüniň ýaradan dünýäsiniň häzir hem Patyşasy bolsa-da, Ol adama dünýäni we öz durmuşyny isledigiçe dolandyrmaga erk-ygtyýar berýär. Şeýlelikde, häzirki dünýä „adamyň patyşalygydyr“ (Resullaryň Işleri 2:37-44; 4:17). Haçanda Mesih gaýdyp gelende „dünýä Patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiniňki boldy. Ol hem ebedilik höküm sürer“ (Ylham 11:15) diýle sözler hasyl bolar. Şonda Hudaýyň erki we islegleri doly we aýdyň derejede ýerde hasyl bolar. Şonuň üçin hem Isa bize „...Patyşalygyň gelsin; Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn“ (Matta 6:10) diýip doga-dileg etmegi öwredýär. Bu ýerden „Hudaýyň Patyşalygy“ diýlen sözler „Gökleriň Patyşalygy“ diýlen sözler bilen çalşyrylýar (Matta 13:11; Markus 4:11 bilen deňeşdiriň). Biz hiç haçan „asmandaky patyşalyk“ diýip okamaýandygymyza üns beriň; ýöne asmanyň patyşalygyny Mesig gaýdyp gelenden soň dikelder. Perişdeleriň Hudaýyň erkine asmanda boýun boluşlary ýaly (Zebur 103:19-21), imanlylar hem ýerde „Perişdeler ýaly“ (Luka 20:36) Hudaýyň geljekki Patyşalygynda bolarlar. Mesih gelende Hudaýyň Patyşalygyna bolan giriş biziň bu durmuşda çeken ähli mesihi jebir-jepalarymyzyň soňky netijesi bolar (Matta 25:34; Resullaryň Işleri 14:22); şonuň üçin bu zatlaryň ählisine biziň dogry düşünmegimiz örän zerurdyr. Filipusyň Mesih hakdaky wagyz etmeleri „Hudaýyň Patyşalygy we Isa Mesihiň ady baradaky Hoş Habary“ (Resullaryň Işleri 8:5, 12) hökmünde kesgitlenýändir. Pawlusyň wagyz-nesihatlary hem „Hudaýyň Patyşalygynyň“ onuň esasy mowzugy bolandygyny ýatladýarlar (Resullaryň Işleri 19:8; 20:25; 28:23, 31). Şonuň üçin, ilki bilen biziň Hudaýyň Patyşalygy hakdaky öwgüdi doly derejede bilmegimiz has zerurdyr; çünki bu Hoş Habar ýazgylarynyň wajyp bölegidir. „Biz Hudaýyň Patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris“ (Resullaryň Işleri 14:22); bu biziň ýaşaýyş tunneliniň ahyryndaky ýagtylykdyr. Bu hem biziň hakyky mesihi durmuşymyza girýän pidalary ýerine ýetirmäge höwes döredýändir. Wawilon şasy Nawuhadonosor dünýäniň geljegini bilmek isläpdir (ser. Daniýel 2). Gije düýşünde ol dürli metallardan ýasalan ullakan heýkeli görýär. Daniýel bu heýkeliň altyn başynyň Wawilonyň patyşasyny aňladýandygyny düşündiripdir (Daniýel 2:38). Mundan soň Ysraýylyň daşyndaky ýerde uly patyşalyklar bolar we ahyrsoňunda bolsa „aýak çaryklarynyň ýary demirden, ýarysy bolsa, palçykdan bolşy ýaly, patyşalygyň ýarysy berk, ýarysy bolsa, gowşak“ boljak ýagdaý ýüze çykar (Daniýel 2:42). Häzirki wagtda dünýäde köp halklar ýaşaýandyrlar. Bularyň käbirleri güýçli bolsa, käbirleri hem gowşakdyrlar. Soňra Daniýel dagdan gopan uly bolmadyk bir daşyň bu heýkeli urup, onuň aýagyny döwendigini we özüniň bolsa, uly daga öwrülip, bütin ýeri tutandygyny aýtdy. Bu daş Isanyň nusgasy bolupdy (Matta 21:42; Resullaryň Işleri 4:11; Efesliler 2:20; 1 Petrus 2:4-8). Onuň bütin dünýäde ýaratjak bu „dagy“ hem Hudaýyň ebedi Patyşalygynyň özüdir. Bu Isa Mesihiň ikinji sapardaky gelşinde bolar. Bu pygamberligiň öz-özi hem Patyşalygyň asmanda bolman, eýsem ýerde boljakdygyny subut edýändir. Patyşalygyň Mesih dolanyp gelende doly bina ediljekdigi hakdaky sorag Bibliýanyň beýleki ýerlerinde hem beýan edilýändir. Şeýdip Pawlus Isanyň dirileriň we ölüleriň „Onuň we Onuň Patyşalygynyň gelmeginde“ üstünden höküm çykarjakdygyny aýdýar (2 Timoteos 4:1). Miheý (4:1) Daniýeliň Hudaýyň Patyşalygynyň ullakan dag ýaly boljakdygy barada aýdan ideýasynyň üstüni ýetirýär. „Soňky günler şeýle bolar: Rebbiň öýi dag kimin goýlar“. Soňra ýerdäki patyşalyk beýan edilýär (Miheý 4:1-4). Hudaý Ýerulamidaky Dawudyň tagtyny Isa berer: „we mydamalyk şalyk sürer, we Onuň Patyşalygynyň soňy bolmaz“ (Luka 1:32-33). Bu ýerde Isanyň haýsy pursatda Dawudyň tagtynda şalyk etmäge başlajakdygy hem-de Onuň patyşalygynyň haçan başlajakdygy barada sorag ýüze çykýar. Bu Mesih dolanyp gelende bolar. „Onuň Patyşalygynyň soňy bolmaz“ diýlen sözler Daniýel 2:44 aýatyndaky: „Göklerdäki Hudaý weýran bolmajak mydamalyk patyşalygyny bina eder we bu patyşalyk beýleki halka geçirilmez“ diýlen sözler bilen utgaşýandyr. Ylham 11:15 Mesihiň ikinji gelşi beýan edilende hem şol bir dil ulanylýar: „Dünýä patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiniňki boldy. Ol hem ebedilik höküm sürer“. Mesihiň patyşalygynyň we Onuň ýerde şalyk sürmeli wagtynyň nähilidir bir kesgitli wagty bolmalydyr. Munuň jogaby ýene şeýle bolar – bu Onuň gaýdyp gelen wagtynda bolar. |