| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
5.2 Patyşalyk häzir bina edilmedikdirHudaýyň Patyşalygynyň häzir doly bardygy hem-de onuň häzirki imanlylardan –„ybadathanalardan“ ybaratdygy barada giňden ýaýran pikir bardyr. Hakyky ynanýanlar eýýäm „halas edilen“ hem bolsalar we olara Patyşalykdan gowy ýerler berlen hem bolsa, emma biziň häzir doly derejede Patyşalykda däldigimiz aýdyňdyr. Çünki ony bina etmäge heniz Mesih gaýdyp gelmedi. Biziň şu pursada çenli öwrenenlerimizden „et bilen ganyň Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilmeýänini“ aýdyň bolýar (1 Korintoslylar 15:50 ). Biz „Onuň Özüni söýenlere wada eden Patyşalygynyň mirasçylarydyrys“ (Ýakup 2:5); çünki suwa çokundyrylma bizi Ybraýyma berlen wadalaryň mirasçylary edýändir. Bu wadalar bolsa, Patyşalygyň Hoş Habarynyň esasyny düzýändir (Matta 4:23; Galatýalylar 3:8, 27-29). Şonuň üçin, Bibliýada mirasçylyk baradaky Ybraýyma berlen wadalaryň Mesih dolanyp gelende amala aşjakdygyny aýdýan aýatlaryň köp duş gelýändigi geň däldir (Matta 25:34; 1 Korintoslylar 6:9-10; 15:50; Galatýalylar 5:21; Efesliler 5:5). Geljekki mirasçylyk hakdaky bu aýatlardaky diliň özi hem Patyşalygyň häzirki imanlylardan ybarat däldigini görkezýändir. Isa „basym Hudaýyň Patyşalygy görünmelidir“ diýip oýlanýanlaryň pikirini düzetmek üçin olara bir tymsaly gürrüň berdi. Isa şonuň üçin diýdi: „Bir asylzada özüne patyşalyk alyp geljek bolup, biz uzak ýurda ýola düşýär“. Özüniň ýok boljak wagty ol öz hyzmatkärlerine kesgitli ýumuş beripdir. „Ol patyşalygy alyp, yzyna gelende, şol hyzmatkärlerini ýanyna çagyrypdyr“ hem-de olaryň üstünden höküm çykarypdyr (Luka 19:11-27). Iň ýokary derejedäki adam – bu Patyşalygy almak üçin „uzak ýurda“ ugraýan Isadyr. Ol ony alyp, höküm edilmeli wagta çenli dolanyp geler we bu hem Onuň ikinji sapardaky gelşi bolar. Şonuň üçin öz Rebleri ýok wagty, „hyzmatkärlerde“ Patyşalygyň häzir bolmagy mümkin däldir. Ýokarda aýdylanlar şeýle hem Bibliýanyň şu aşakdaky ýerleri bilen tassyklanýandyr:
Bu ynandyryjy delillere garamazdan, kök prawoslaw hristianlar öz imanyny Patyşalygyň ynanýanlaryň kalbynda häzir bardygynyň esasynda gurýandyrlar. Munda olar diňe bir jümleden ugur alýandyrlar: „Hudaýyň Patyşalygy siziň kalbyňyzdadyr“. Kontekste görä, Isa fariseýler bilen gürleşipdi (20 aýat); we şonuň üçin „siziň“ diýlen söz olara degişlidir. Elbetde, olar mesihi imanlylardan bolmandylar – Hudaýyň Patyşalygy olaryň kalbynda ýaradylan bolmandy. Ýewreýler Mesihi garşy almakdaky ýykgyn etmelerinden köpçülikleýin uly çykyşlary gurnadylar. Bu bölümde „Hudaýyň Patyşalygy“ diýlen sözleri „Mesih“ sözi bilen ýerini çalşyp bolardy. Çünki ol şol Patyşalygyň Patyşasy bolar. Şeýlelikde, haçanda Isa Ýerusalime girende, adamlar gygyryşmaga başlapdylar: „Hosanna! Rebbiň adyndan gelýän (Mesih) gutly bolsun! Atamyz Dawudyň golaýlap gelýän patyşalygy gutly bolsun!“ (Markus 11:9-10). Bu ýerde „patyşalyk“ diýlen söz „Mesih“ sözüne deňdir. Ýahýa Çokundyryjy öz wagyz-nesihatlarynda „Gökleriň Patyşalygy golaýlady. Çünki ol (Isa) öňünden aýdylanyň Özüdir“ (Matta 3:2-3). Haçanda fariseýler Isadan „Hudaýyň Patyşalygynyň haçan geljekdigi“ hakda soranlarynda, ol olara „Ynsan Oglunyň“ geljegi hakda jogap beripdir (Luka 17-20-24). Mesih ýewreýleriň Mesihiň gelmegine özleriniň garaşýandyklaryny güýçli derejede görkezendiklerini gördi. Olar özlerine duýdansyz güýjüň görkezilmegi hakda oýlanyp, hatda Mesihe, ýagny öz aralaryndaky Isanyň ýönekeý ýahsyýetindäki „Hudaýyň Patyşalygyna“ üns hem bermändirler. Ol olara şeýle duýduryşy hem beripdir: „Hudaýyň Patyşalygy ne göze görnüp geler, ne-de „ine, bu ýerde!“ ýa-da „ine, ol ýerde!“ diýerler. Çünki Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir“ (Luka 17:20-21). |