| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
5.3 Hudaýyň Patyşalygy geçmişdeHudaýyň Patyşalygy ynanýanlar üçin geljekki sylag bolar. Şuňa görä-de, bu olara gysga wagtlaýyndaky ejir çekmelerden we näsazlyklardan üstin çykmak bilen, Mesihiň ýaşaýşy ýaly ýaşamaga ruhlandyrýar. Şonuň üçin ynanýanlar özleriniň ähli gününi geljekki Patyşalygyň keramatlaryna has gowy düşünmekde we gadryny bilmekde geçirjekdiklerine garaşmak bolar. Bu olaryň ähli ruhy ýykgyn etmeleriniň jemi hem-de Hudaýa öz Atalary hökmünde söýgi bildirmeleri bolar. Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň Patyşalygynyň nähili boljakdygy hakda jikme-jik edip köp aýdýandyr. Bulardan diňe birnäçesine aýdyň düşünmek üçin, adam özüniň bütin ömrüni sarp etmeli bolar. Geljekki Patyşalygyň käbir esasy prinsiplerine düşünmegimiziň bir usuly hem, Hudaýyň Patyşalygynyň geçmişde Ysraýyl patyşalygynyň görnüşinde bolup geçendigine düşünmegimizdir. Munuň ýaly Patyşalyk Mesih gaýdyp gelende bolar. Geljekki Patyşalygyň gurnalşyna giňişleýin niýetde düşünip bilmegimiz üçin, Bibliýa bize Ysraýyl halky hakda köp maglumatlary berýändir. Köplenç ýagdaýda Hudaý „Ysraýylyň Patyşasy“ ýaly beýan edilýändir (Işaýa 44:6; Işaýa 41:27; 43:15; Zebur 47:3; 88:19; 149:2 bilen deňeşdiriň). Mundan Ysraýyl halkynyň Onuň Patyşalygy bolandygy aýdyň bolýar. Ysraýyllylar Müsürden çykyp, Gyzyl deňzinden geçenlerinden soňra Hudaý bilen Sinaý dagynda äht baglaşyp, Hudaýyň Patyşalygyna öwrüldiler. Olaryň bu ähti ýöretmek isleglerine görä, Hudaý olaryň „ähli halklaryň içinden miras...we mukaddes halk boljakdyklaryny“ olara aýtdy (Çykyş 19:5-6). Şeýlelikde, „Haçanda Ysraýyl Müsürden çykanda... Ysraýyl Onuň emlägine (ýa-da Patyşalygyna) öwrüldi“ (Zebur 113:1-2). Şeýle ylalaşygy baglaşyp, ysraýyllylar Sinaý çöllüginden geçdiler we wada berlen Kengan ýurdunda mesgen tutdylar. Olaryň Patyşasy Hudaýyň Özi bolandygy sebäpli, olary „patyşalar“ bolman, eýsem „kazylar“ dolandyrypdyrlar (mysal üçin Gedeon we Salman). Bu kazylar patyşa bolman, eýsem Gökler tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän administratorlar bolupdyrlar. Olar bütin ýurdy dolandyrman, eýsem ýurduň aýry-aýry böleklerini dolandyrypdyrlar. Hudaý olary kesgitli bir maksatlar üçin köplenç çagyrypdyr. Ysraýyllylaryň toba gelmesi hem-de olaryň duşmanlardan azat edilmesi muňa mysal bolup biler. Haçanda ysraýyllylar Gedeona özleriniň patyşasy bolmagy haýyş edenlerinde, ol „Men sizi dolandyrman... Reb sizi dolandyrýar“ diýip jogap beripdir (Kazylar Kitaby 8:23). Iň soňky kazy Şamuel bolupdyr. Onuň döwründe ysraýyllylar öz daş-töweregindäki halklar ýaly bolmak üçin özlerine patyşa-adamy haýyş edipdirler (1 Patyşalyklar Kitaby 8:5-6). Özüniň bütin taryhynyň dowamynda Taňrynyň hakyky halky özüniň Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklarynyň gadryny bilmezlik we bu ýakyn gatnaşyklaryny özüni gurşap alýan dünýäni görmegiň hatyrasyna pida etmek ýaly günäli meýillerine köp gezek uçrapdyrlar. Bu zeýilli meýiller biziň häzirki dünýämizde hem örän güýçlidir. Hudaý Şamuele: „Meniň olaryň üstünden şalyk ýöredip bilmezligim üçin, olar Menden ýüz dönderdiler“ diýip nalapdyr (1 Patyşalyklar Kitaby 8:7). Emma Hudaý olara köp sanly patyşalary ýollapdy. Olaryň içinden ruhy taýdan has bilimli bolanlar Onuň Patyşalygyndan Ysraýylyň ýüz öwürendigine garamazdan, onuň heniz hem Hudaýyň Patyşalygy bolandygyny tassyklap gelipdirler. Munuň ýaly kazylar Ysraýyly özleriniň akly bilen dolandyrman, eýsem Hudaýyň adyndan dolandyrýandyklaryna düşünipdirler. Munuň ýaly esasa düşünmeklik bize Dawudyň ogly Süleýmanyň dolandyryşyny beýan etmäge mümkinçilik berýär. Çünki Hudaý ony „seniň Hudaýyň bolan Rebbiň Öz tagtynda patyşa edip oturmaga pata berdi“ (2 Par. 9:8; 1 Par. 28:5; 29:23). Süleýmanyň hökümdarlygy Ysraýyla parahatlygy we gülläp ösüşi berdi hem-de Hudaýyň geljekki Patyşalygynyň nusgasy boldy. Ynha şonuň üçin hem Süleýmanyň ysraýyllylaryň patyşasy bolup, olary Hudaýyň adyndan dolandyrandygy ýaly, geljekde Isanyň Hudaýyň tagtynda oturyp, olaryň Patyşasy hökmünde, olara hökümdarlyk etjekdigi nygtalýar (Matta 27:37, 42; Ýahýa 1:49; 12:13). Köne Ähtde aýdylýan köp sanly imanly patyşalaryň hökümdarlyk edişlerine Mesihiň geljekki Patyşalygynyň nusgasy ýaly düşünilipdir. Isa boljak Patyşalygy edil Süleýmanyň Hudaý üçin Ýerusalimda ybadathana gurnaýşy ýaly gurar (ser.Ýezekil 40:48). Ýezekiýa we Süleýmanyň goňşy halklardan sowgatlary we minnetdarlyklary kabul edip (3 Patyşalyklar Kitaby 10:10), Ysraýylyň ak pata berlen topragyny bol hasylly we gülläp ösýän edişleri ýaly (Işaýa 37:30), Mesihiň bütindünýä Patyşalygynda ähli zat mundan hem ençeme gezek köp bolar. Är-aýal durmuşyÖzüniň gowy başlangyjyna garamazdan, Süleýman eýýäm ýaşlygyndan özüniň är-aýallyk borçlarynda ýalňyşlyk goýbermäge başlapdyr. Bu hem onuň ýaşy gitdigiçe güýjüni kemeldipdir. „Süleýman patyşa köp özge ýurtly zenanlara aşyk bolupdyr... Rebbiň Ysraýyl ogullaryna: „Olaryň siziň kalbyňyzy öz hudaýlaryna boýun egdirmez ýaly, olara gatyşmaň, we goý olar hem size gatyşmasynlar“ diýen Moawitli, Ammonitli, Idumeýanly halklardan bolan zenanlara; Süleýman söýgi bilen olara ýanaşypdyr... we şeýdip onuň aýallary onuň ýüregini azdyrypdyrlar. Süleýmanyň garran döwri onuň aýallary onuň kalbyny özge hudaýlara çekipdirler, we onuň ýüregi doly derejede öz Hudaýy Rebbine wepaly bolmandyr... Süleýman Rebbiň halamaýan işlerini berjaý edipdir we Rebbe doly gulak asmandyr... Şonda Rebbiň Süleýmana gahary gelipdir... hem-de Reb Süleýmana diýipdir... Men senden patyşalygy alaryn“ (3 Patyşalyklar Kitaby 11:1-11). Süleýmanyň imanda pese düşüşi bütin ömründe dowam edipdir. Ysraýyl Hudaýyny äsgermeýän aýallar bilen onuň gatnaşyk etmesi ony olaryň ýalan hudaýlaryna tagzym etmegine has-da köp getirmäge başlapdyr. Onuň aýallarynyň söýgüsi ony şeýle bir kör etdi welin, hatda ol hakyky Hudaýa-da şol hudaýlar kimin azgynly seretmäge başlapdyr. Wagtyň geçmegi bilen onuň kalby Ysraýyl Hudaýyndan daşlaşdy. „Onuň ýüregi ýerinde bolmandy“ , ýagny, onuň kalby ýalan hudaýlara tagzym etmäge garşy bolmandy. Onda hakyky Hudaýa ýürekden bolan ysnyşygy bolmazlygy „Hudaýyň ýňünde ýamanlyk boldy“ hem-de Hudaýyň Süleýman bilen öz gatnaýyklarynyň kesmegine getirdi. Ysraýyl ogullaryna beýleki halklardan aýal almaly däldigi telim gezek aýdylypdy (Çykyş 34:12-16; Isa Nawin Kitaby 13:12-13; Ikinji Kanun Kitaby 7:3). Mesihiň adyndan çokundyrylyp, biz-de ruhy ysraýyllylar bolýandyrys. Eger-de biz ýalňyz bolsak, onda biz öz imanymyza ýärik bolýan we „Rebde“ (1 Korintoslylar 7:39) bolan, ýagny, „Mesihiň adyndan“ çokundyrylan adama öýlenmelidiris ýa-da durmuşa çykmalydyrys. Ýöne eger-de biz çokundyrylýan wagtymyz eýýäm öýlenen ýa-da durmuşa çykan bolsak, onda biz öz ýanýoldaşymyz bilen aýrylyşmaly däldiris. Biziň är-aýallyk gatnaşyklarymyz biziň imanymyz arkaly mukadde edilendir (1 Korintoslylar 7:12-14). Hakyky Hudaýy tanamaýanlara akyl ýetirme bilen öýlenmeklik ýa-da durmuşa çykmaklyk ahyrsoňy biziň imandan dänmegimize getirer. Mümkin Süleýman Hudaýyň bular ýaly aýallar hakdaky duýduryşlaryň wajyplygynyň gadryny bilen däldir: „Olar siziň kalbyňyzy syndyrarlar“ (3 Patyşalyklar Kitaby 11:2; Çykyş 34:16). Munuň ýaly düzgünden çykmak üçin özüňe uly erk etme hem-de çynlakaý toba etmeklik gerekdir. Mundan ýň bia prawoslaw hristianlaryň hristian umytlarynyň ewreý esaslaryna düşünmeýändiklerini aýdypdyk; olar Ysraýylyň hakyky Hudaýyny bilmeýärler. Munuň ýaly adamlaryň garym-gatym nikalary biziň halas bolmagymyzyň esasy bolup durýan şöhratly doktrinaly hakykatlardan adatça kem-kemden daşlaşmagyna eltýär. Şu sebäpli hem Yshak we Ýakup özleriniň öýlenip biljek aýallaryna kynlyk bilen sataşydyrlar. Yshak özüniň imanynda bolan geljekki aýalyny uzak wagtlap gözläp, diňe 40 ýaşynda öýlenipdir. Ezdranyň we Neýeminiň ýewreýleriň ýewreý bolmadyklar bilen nikasy babatda gam-gussada bolmaklary bu soragyň wajyplygyny tassyklaýandyr (Ezdra 9:12; Neýemin 10:29, 30). Biz okyýjylaryň kesgitli göwün seslenmeleriniň bolmagy üçin bu soragy häzir gozgadyk; är-aýallyk hakda 11.3. bölümde has jikme-jik aýdylýandyr. Taňrynyň hökümiSüleýmanyň imandan dänmeginiň netijesinde Ysraýylyň patyşalygy iki bölege bölnendir: Süleýmanyň ogly Rowoam Iudanyň, Beniýaminyň hem-de Manassiýa urugynyň ýarysyny dolandyrdy. Şol wagt Ýerewoam beýleki on uruglaryny dolandyrypdy. On urugyna girýän patyşalyga Ysraýyl ýa-da Ýefrem diýlip atlandyryldy. Iki urugyna girýän patyşalyga bolsa, Iudeýa diölip atlandyryldy. Bu ähli uruglaryň ilatynyň aglaba bölegi Süleýmanyň ýaramaz göreldesine eýerdi. Olar özleriniň hakyky Hudaýa ynanýandyklaryny aýtsalar-da, şol wagtyň özünde hem goňşy halklarynyň butlaryna-da tagzym edipdirler. Pygamberleriň üsti bilen Hudaý olara munuň üçin toba gelmegi telim gezek ýüzlenipdi. Emma bularyň bary netijesiz boldy. Şonda Ol olary Ysraýyl patyşalygyndan çykardy we duşmanlarynyň topragyna kowup, olara jeza berdi. Bu Ysraýyla çozup, olary ýesirlige alan assiriýleriň we wawilonlylaryň üsti arkaly boldy. „Sen (Hudaý) köp ýyllap äwmediň, we Öz pygamberleriň üsti bilen olara Öz Ruhuň bilen ýatladypdyň, ýöne olar diňlemändiler. Şonda Sen olary özge ýurtly (goňşy) halklaryň eline berdiň“ (Neýemin 9:30). On urugyň düzüminde bolan Ysraýyl Patyşalygynyň asla gowy patyşalary bolmandyr. Ýerewoam, Ahaw, Ohoziýa we beýlekiler Patyşalyklaryň kitabynda aýdylyşy ýaly butparazlar bolupdyrlar. Ysraýylyň soňky patyşasy Osiýa bolupdyr. Onuň dolandyran döwründe assiriýler ysraýyllylary derbi dagyn edip, on urugynyä aälisini hem öz ýanlary bilen ýesirlige alyp gidipdirler (4 Patyşalyklar Kitaby 17). Olar bu ýesirlikden dolanyp gelmändirler. Iudeý patyşalygynyň birnäçe gowy patyşalary bolupdyr (mysal üçin, Ýezekiýa, Iýosiýa). Ýöne olaryň aglabasy ýaramaz bolupdyrlar. Halkyn telim gezek gaýtalaýan günäleri zerarly, Hudaý Iudeýadan Öz patyşalygyndan ýaly ýüz öwüripdir. Haçanda wawilonlylar Iudeýa çozup, onuň ýaşaýjylaryny Wawilona ýesir alyp gidenlerinde, şol wagt halka Sedekiýa hökümdarlyk edipdi (4 Patyşalyklar Kitaby 25). Ýesir bolanlar Wawilonda 70 ýylyň dowamynda galypdyrlar. Mundan soňra olardan birnäçeleri Ezdranyň we Neýeminiň baştutanlygy bilen Ysraýyla dolanyp bardylar. Şondan bäri olaryň öz patyşalary bolmandyr. Olar wawilonlylaryw, grekleriň we rimlileriň hökümdarlygynyň astynda bolupdyrlar. Isa rim hökümdarlygy döwründe dogulypdyr. Ysraýyllylaryň Isadan ýüz döndermeginiň netijesinde rimliler olaryň ýerine biziň eramyzyň 70-nji ýylynda çozupdyrlar hem-de olary dünýäniň ähli künjegine pytradypdyrlar. Diňe 100 ýyl mundan öň ýewreýler Isanyň gelmegini jar edip, ýene-de Ysraýyla dolanmaga başlapdyrlar (ser. Goşmaça 3). Ýezekil 21:25-27 Ysraýyl halkynyň bolşuna görä, Taňrynyň Patyşalygynyň soňuna pygamberlik edipdir: „Sen, mynasyp bolmadyk, Ysraýylyň jenaýatçy serdary (ýagny, Sedekiýa), günüň şeýle boldy... Reb Hudaý şeýle diýýär: özüňden täjiňi çykarda, ony ýygna (ýagny, Sedekiýanyň şalygynyň wagty ahyrlaýar); bu indi bolmaz... Syndyraryn, syndyraryn, syndyraryn, we degişli bolan Ol gelýänçä ol bolmaz, we Men ony Oňa bererin“ (Ýezekil 21:25-27). Parçalar yzly-yzyna Taňrynyň Patyşalygynyň ahyryny weliliklerde gam-gussada ýatladýar (Osiýa 10:3; Ýeremiýanyň Agysy 5:16; Ýeremiýa 14:21; Daniýel 8:12-14). Ýezekil 21:25-27 aýatlaryndaky „syndyraryn“ sözüniň üç gezek gaýtalanmasy Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň Ysraýyla üç gezekdäki çozuşyna degişlidir. Muny üns bilen okaýan talyp bu aýatlarda patyşalyga we onuň patyşasyna nähili garap boljakdygynyň mysalyny görer. Çünki Sedekiýanyň tagtdan agdarylan döwründe Hudaýyň Patyşalygynyň hem synan döwri bolupdy (ser. bölüm 5.2). Ysraýylyň halkynda bolan Hudaýyň Patyşalygy şeýle tamam boldy: „Men... Ysraýyl ojagynyň patyşalygynyň soňuny goýaryn“ (Osiýa 1:4). „We ol indi...çenli bolmaz...“ diýlen jümlede „şalyk degişli bolan, Ol gelende: we (Hudaý) Oňa berende“ Patyşalygyň ýene-de janlanjakdygyna duýduryş bardyr. Mesih dolanyp gelende „Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer...Onuň Patyşalygynyň soňy bolmaz“ (Luka 1:32-33). Patyşalygyň gaýtadan dikeldilmesi hakdaky wada diňe şonda berjaý bolar. Köne Ähtde Hudaýyň Patyşalygynyň Mesih gaýdyp gelende gaýtadan dikeldiljekdigi barada ýazylan köp pygamberlikler ýerleşendir. Mesihiň şägirtleri hem bu sorag bilen örän gyzyklanypdyrlar: „Indi bular özara ýygnanyşanlarynda Ondan soradylar: „Ýa Reb, Ysraýyl üçin patyşalygy gaýtadan şu wagt berkarar etjekmisiň?“, ýagny Ýezekiliň aýdan weliligi häzir berjaý edilermikä? Bu soraga Isa Mesih Özüniň ikinji geljek wagtynyň hiç haçan hiç kime kesgitli mälim bolmajakdygyny aýdyp jogap berdi. Mundan soň Perişdeler derrewiň özünde olaryň Onuň asmana göterilişini görüşleri ýaly-da, yzyna gaýdyp geljekdigini olara mälim etdiler (Resullaryň Işleri 1: 6-11). Şuňa görä-de, Hudaýyň Patyşalygynyň/Ysraýylyň gaýtadan berkarar bolmasy Onuň ikinji gelşinde bolar. Petrus Hudaýyň „Hudaýyň gadymdan mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdanlarynyň barynyň gaýtadan tertip-düzgüne salynjak wagtyna çenli gögüň kabul etjek (ýagny, ol ol ýerde galmaly bolar) Isa Mesihi“ iberjekdigini wagyz edipdi (Resullaryň Işleri 3:20-21). Mesihiň ikinji gelşi Hudaýyň Patyşalygyny Ysraýylyň köne patyşalygynyň gaýtadan berkarar edilmesi kimin gaýtadan dikelder. Hudaýyň Patyşalygynyň gaýtadan berkarar edilmesi hakykatda „ähli (Taňrynyň) mukaddes pygamberleriň“ umumy temasydyr.
Bu Patyşalygy berkarar etmek üçin Mesihiň gaýdyp gelmegi hakykatda „Ysraýylyň umydydyr“. Bu umyda biz hem suwa çokundyrylma arkaly şärik bolmalydyrys. |