| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
5.4 Hudaýyň Patyşalygy geljekdeMundan öňki makalalarda biz bu Patyşalygyň nähili boljakdygy hakda ummasyz derejede köp düşündirmeleri getirdik. Biziň bilşimiz ýaly, Ybraýyma onuň nesli arkaly dünýäniň ähli ýerindäki adamlaryň ak patany aljakdyklary wada edilipdi. Rimliler 4:13 öňe gidýär we bütin dünýäni „Ybraýymyň“ neslinden, ýagny, Mesihde bolan adamlaryň miras aljakdyklaryny aýdýar. Daniýel 2 weliliginde Mesihiň gelşi kiçijik bir daşyň gaçmagy hem-de onuň kem-kemden bütin dünýä Patyşalygynyň derejesine çenli ulalmagy bilen deňeşdirilýändir (Zebur 71:8 bilen deňeşdiriň). Käbir adamlaryň oýlanyşy ýaly, Ysraýyl ýurdy Hudaýyň Patyşalygynyň merkezi bolsa-da, bu munuň diňe bir Ýerusalimda ýa-da diňe Ysraýyl ýurdunda bolman, eýsem bütin dünýäde boljakdygyny aňladýandyr. Häzirki durmuşda Mesihde ýaşaýan adamlar „Hudaýymyzyň hyzmatynda patyşalar we ruhanylar bolarlar we biz dünýä üstünden höküm süreris“ (ylham 5:10). Biz dürli ölçeglerde we dürli sanly bolan obalary we şäherleri dolandyrarys. Biri on ýäheri dolandyrsa, beýlekisi bäşisini dolandyrar (Luka 19:17). Mesih Özüniň bütin topragy dolandyrmasyny biziň bilen bölüşer (Ylham 2:27; 2 Timoteos 2:12). „Patyşa (Isa) dogrulyk bilen şalyk eder, we knýazlar (imanlylar) kanun bilen dolandyrarlar“ (Işaýa 32:1 Zebur 44:17). Mesih Dawudyň gaýtadan dikeldilen tagtynda ebedilik şalyk eder (Luka 1:32-33), ýagny, Ol Ýerusalimda bar bolan Dawudyň ýerini eýelär. Onuň bu şäherden hökümdarlyk etjekdigi sebäpli Ýerusalim geljekki Patyşalygyň paýtagty bolar hem-de onuň territoriýasynda ybadathana gurnalar (Ýezekil 40-48). Adamlaryň Hudaýy dünýäniň dürli künjeginden şöhratlandyrjak döwri (Malahiýa 1;11), bu ybadathana bütindünýä Hudaýa gulluk edilme merkezi bolar. Halklar „Patyşa Reb Sawaofa tagzym etmek üçin hem-de ruhy baýramyny bellemek üçin ýyl-ýyldan“ Ýerusalimdaky ybadathana gelerler (Zekerýa 14:16). Ýerusalima bolan bu her ýylky zyýaratkeşlik şeýle hem Işaşa 2:2-3 pygaberlik edilipdi: „soňky günlerde bir dag bolar (Patyşalyk - Daniýel 2:35, 44), Rebbiň öýi (ybadathana) daglara baş goýlar (ýagny, Hudaýyň Patyşalygy we ybadathana adamlaryň patyşalyklarynyň üstin bolar)...we oňa ähli halklar bararlar. Köp halklar giderler hem-de aýdarlar: geliň we Ýakubyň Hudaýynyň öýüne, Rebbiň dagyna çykalyň we goý Ol bize Özüniň ýollaryny öwretsin... Çünki Siondan kanun çykar we Rebbiň sözi – Ýerusalimden çykar“. Haçanda Mesihiň şalyk etmegi hakdaky maglumat ýaýranda hem-de adamlar kem-kemden bütin ýurda ýaýrajak Hudaýyň Patyşalygynyň „dagyna“ gatnanlarynda Patyşalygyň ilkinji günleri şeýle göz öňüne getirilýär. Biz hem özümiziň Hudaýa çynlakaý tagzym etmegimizde beýik dabaranyň keşbini şeýle göz öňüne getirýändiris. Biziň günlerimiziň has uly tragediýalarynyň biri-de bu köp adamlaryň Hudaýa syýasy, jemgyýetçilik, medeniýet ýa-da ykdysady şertler üçin „tagzym“ etmegi hem-de Oňa öz Atasy we Ýaradyjysy hökmünde çynlakaý garamaýandyklarydyr. Patyşalykda Rebbiň ýollaryny bilmek ýaly deňi-taýy bolmadyk isleg dörär hem-de bu maksat bilen, adamlar biziň Ýaradyjymyz hakda has köp bilimi almak üçin dünýäniň ähli künjeginden Ýerusalima zyýarat ederler. Adamlaryň kanunlaşdyran sistemalarynyň we kazyýet guramalarynyň çykarýan bulam-bujarlygyň we adalatsyzlygyň deregine diňe ähliumumy bir kodeks bolar – Ýerusalimden Mesihiň aýdýan „Rebbiň kanuny we sözleri“ bolar. Muny eşitmek üçin „ähli ýerden halklar toparlanyşyp gelerler“; Hudaýy çynlakaý bilmek hakdaky ähliumumy isleg käte özüni häzirki durmuşda hem Reb Hudaýymyzy bilmäge bagyş edýän adamlaryň arasynda özara bolýan dawalary düzleýşi ýaly-da, halklaryň arasynda turýan adaty dawalary hem düzlär. Ýerusalime akym bolup geljek ähli halkalryň beýan edilmesi Işaýa 60:5 aýatynda beýan edilme ýalydyr. Munda ýewreýleriň „hemmesi... toplanyşyp“ ýewreý bolmadyklar bilen bilelikde Ýerusalimda Hudaýa tagzym edýärler. Bularyň ählisi Zekerýa 8:20-23 aýatlarynda beýan edilen Patyşalyk hakdaky pygamberlige doly gabat gelýändir: „Halklar we köp şäherleriň ilatlary gelerler; we bir şäheriň ilaty beýlekisiniň ilatyna baryp, şeýle diýerler: Rebbiň huzuryna doga-dileg etmäge gideliň, we Reb Sawaofy tapalyň; we her haýsy diýer: men hem giderin. Köp tireler we güýçli halklar Reb Sawaofy Ýerusalimdan gözlemäge gelerler... ähli dürli dildäki halklardan on adam Iudeýa daklyşarlar we diýerler: biz seniň bilen gideris, çünki biz Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik“. Bu ýerde ýewreý halkynyň öz toba gelmekleriniň hem-de boýun bolmaklarynyň netijesinde ähli halklaryň „guýrugy bolman, eýsem başydygyny“ görýändiris (Ikinji Kanun Kitaby 28:13). Şonda Taňrynyň halas etmesiniň ýewreý esasy hemmeler tarapyndan kabul ediler. Şonda häzirki döwrüň hristianlarynyň (mesihileriniň) ýüze çykarýan äsgermezlikleri şolbada bes ediler. Adamlar uly tolgunmalar we şatlyk bilen bolup geçýän wakalar barada gürrüň ederler hem-de ýewreýlere: „Biz Hudaýyň siz bilendigini eşidipdik“ diýerler. Şonda adamlaryň gep-gürrüňlerinde häzirki dünýäniň çendenaşa pikirleri bilen doldurýan kesgitli bolmadyk bolgusyz temalar bolman, eýsem ruhy temalar bolar. Haçanda adamlar Hudaýa munuň ýaly uly derejede garanlarynda, Mesihiň „halky sud etjekdigi we köp tireleri aýyplajakdygy, we öz gylyçlaryny azala we naýzalaryny oraga eredirtjekdikleri; halkyň beýleki halka gylyç galdyrtmajakdygy hem-de uruşmaga gaýdyp öwretmejekdigi“ (Işaýa 2:4) geň däldir. Mesihiň kämil abraýy hem-de Onuň dawalary doly adalatly derejede çözmegi halklaryň uly höwes bilen öz galkan-gylyçlaryny oba hojalyk maşynlaryna çalyşmaklaryna getirer. Olar şeýle harby türgenleşikleriniň ähli görnüşlerini ýatyrarlar. „Onuň günlerinde dogry adam güllesin“ (Zebur 72:7)- şonda ruhulyk ösüşi başlar hem-de Taňrynyň söýgi, rehimdarlyk, adalat we ş.m. ýaly häsiýetlerini görkezen adamlar uly hormata eýe bolarlar. Muny tekepbirligiň, özüne bolan göwnühoşlygyň we şöhratparazlygyň häzirki ösüşi bilen deňeşdiriň. „Gylyçlary azala“ meýletinleýin guýmaklyk bütin ýer ýüzünde oba hojalygyň has düýpli özgerişleriniň bölegi bolar. Adam Atanyň günäsi zerarly ýer näletlenipdi (barlyk Kitaby 3:17-19). Munuň netijesinde, häzir ondan azyk önümlerini almak üçin uly tagallaly işler talap edilýändir. Patyşalykda „galla daglaryň başyna (öňki hasylsyz bolan) çenli ýurtda bol bolar, onuň hasyly Liwan kimin öwşün atar“ (Zebur 72:16). „Ýer sürüji ýene-de orakçyny tapar, üzümi basýanlar ekijini taparlar; şonda daglardan üzüm şiresi akar“ (Amos 9:13). Ýeriň bol hasyllygy ynha şeýle bolar. Erem bagynda ýere yglan edilen nälet azalar. Oba hojalygyň birden ýokary ösmegi özüne köp adamyň ünsüni çeker. Patyşalyk hakdaky welilik adamlaryň öz-özlerini nädip ähli zerur bolan zatlar bilen üpjin etjekdikleri hem-de oba hojalygy bilen meşgullanyp, oba şertlerinde ýaşajakdyklary hakda düşünjäni berýär: „Her kim öz üzüm hoşasynyň we öz injiriniň astynda oturar; hem-de hiç kim olary gorkuzmaz“ (Miheý 4:4). Öz-özüňi üpjin etmeklik pul üçin işçi güýjünden ulanmaga islendik sistema mahsus bolan ýetmezçiliklerden üstin çykýar. Beýlekileriň baý bolmagy üçin bütin ömrüňi zähmet bilen geçirmek şonda geçmişe öwrüler. „Jaýlary gurarlar we olarda ýaşarlar (özleri), üzümleri ekerler hem-de olaryň miwesini iýerler. Başganyň ýaşamagy üçin gurmazlar, başganyň iýmegi üçin ekmezler... we Meniň saýlap alanlarym öz elleriniň önümlerinden uzak peýdalanarlar. Biderek zähmet çekmezler...“ (Işaýa 65:21-23). Işaýa 35:1-7 hasylsyz bolan topragyň nähili özgerjekdigi hem-de onda zähmet çekýänlere şatlyk we bagt getirjekdigi; şonda adamlaryň zähmetiniň ýeňilleşjekdigi hem-de olaryň ruhy ýaşaýyşlarynyň has bolelin boljakdygy hakda deňi-taýy bolmadyk pygamberlik edýär. „Çöl we gury ýer şatlanar, we ýaşalmaýan ýurt şatlanar hem-de nerkes ýaly gülläp öser... ajaýyp güllär we şatlanar, dabaralanar we begenip joşar... çünki çölde suwlar dyňzap çykar we düzlüklerde suw akymlar bolar. Şonda suwlaryw salgymy köle we suwsan toprak suwlaryň gözbaşysyna öwürler“. Hatda haýwanlaryň arasyndaky ebedi duşmançylyk hem ýok bolar: „Möjek we guzy bile otlarlar“ hem-de çagalar ýylanlar bilen oýnarlar (Işaýa 65:25; 11:6-8). Ýeriň näletlenmesi azaljakdygy ýaly-da, adama ýüklenen nälet hem azalar. Ylham 20:2-3 simwoliki görnüşde „baglanyljak“ ýa-da müň ýyllap çetleşdiriljek iblis (günä we onuň netijeleri) hakda aýdylýar. Ömrüň dowamlylygy uzaldylar. Eger-de adam ýüz ýaşynda ölse, onda onuň ýaş ölendigi hasaplanar (Işaýa 65:20). Aýallar çaga doguranlarynda az kösenerler (Işaýa 65:23). „Şonda körleriň gözleri açylar we kerleriň gulaklary eşidip başlar.Şonda maýyp edil sugun ýaly böküp aýaga galar we dil biraz nagma aýdar“ (Işaýa 35:5-6). Bularyň bary ýene-de adamlaryň başyna injek Ruhuň keramatly peşgeşleri arkaly bolup geçer (Ýewreýler 6:5 bilen deňeşdiriň). Emma Hudaýyň Patyşalygyny nähilidir bir tropiki adada boljak jennet kimin we imanlylary bolsa, ajaýyp tebigatyň kaşaň şertlerinde onda aladasyz ýaşaýan adamlar ýaly pikir etmeli däldir. Ýer ýüzi Onuň şöhratyndan „suwlaryň deňzi dolduryşy ýaly“ (Awwakum 2:14) dolýança, Patyşalygyň esasy maksady Reb Hudaýy şöhratlamakdan ybarat bolar. Hudaýyň ahyrky maksady şundan ybaratdyr: „diri Men (we hemişe-de Meniň adym ýaşaýar) we Rebbiň şöhratyndan bütin ýer ýüzi dolandyr“ (Sanlar Kitaby 14:21). Rebbe şöhrat diýmeklik -bu ýer ýaşaýjylarynyň Onuň dogry häsiýetlerine düşünjekdiklerini, öwgüleri aýtjakdyklaryny we özleşdirjekdiklerini aňladýandyr. Dünýaniň munuň ýaly ýagdaýda boljakdygy üçin, Hudaý bularyň baryny ýere aýan etmäge ygtyýar berer. Şeýlelikde, imanlylar diňe ýeňil durmuşdan lezzet almazlar; „mylakatlylar ýeri miras alar (Patyşalykda), bol (ruhy) parahatlykda hezil eder“ (Zebur 37:11). „Dogrulyga ajygyp-suwsanlar...(Patyşalykda olardan) doýup-ganarlar“ (Matta 5:6). Patyşalykda ebedi ýaşaýşyna eýe bolmak baradaky pikir adamlarda mesihilige bolan gyzyklanmany hyjuwlandyrmak üçin köplenç „käşir“ ýaly ulanylýar. Ýöne muňa munuň ýaly ýagdaýda eýe bolmaklyk biziň Patyşalykda bolmagymyzyň hakyky sebäbi bolman, eýsem ýöne tötänleýin bolar. Hakyky sebäp Hudaýy şöhratlandyrmakdan esaslanýandyr. Bu kitabyň awtory üçin doly derejeli kämillikden we oý-pikirdäki Hudaý bilen ysnyşykda bolmakdan şatlyk duýgysyndaky ömri oňa on ýylyň dowamynda bu durmuşyň ähli kynçylyklaryndan we günäli işlerinden üstin çykmaga ýardam berer. Munuň ýaly ýagdaýyň mydamalyk boljakdygyny göz öňüne getirmegiň özü-de biziň oý-pikirlerimizi ynsan düşünjesiniň çäginden daşa çykarýandyr. Eger-de bu käbir fiziki taraplara görä seredilse-de, biz bu dünýäniň artykmaçlyklaryndan we maddy hal-ýagdaýyndan ýüz dönderip, iň ýokary maksadymyzy Hudaýyň Patyşalygynda bolmakda goýýandyrys. Oý-pikirlerimizi golaý geljege gönükdirmegiň deregine, Mesih şeýle maslahat beripdi: „Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler“ (Matta 6:30-34). Häzir göz öňüne getirip bilýän hem-de ýykgyn edýän zatlarymyzyň ählisi biziň Hudaýyň Patyşalygynda bolmak baradaky ahyrky maksadymyz bilen deňeşdirilende asla ähmiýetsizdir. Biz Hudaýyň dogruçyllygyna tarap ýykgyn edýändiris, ýagny, özümizde Onuň häsiýetine bolan söýgüni ösdürmäge çalyşýandyrys. Bu bolsa, biziň Rebbiň Patyşalygynda bolmagy isleýändigimizi aňladýandyr. Biz moral taýdan päk bolmagy isleýändiris. Bu biziň ölümden gaça durmaga hem-de ýeňil durmuşda ebedi ýaşama çalyşdygymyz däldir. Emma köplenç ýagdaýda Hoş Habarynyň umydy ynsan şöhratparazlygyna gabat gelýän ýaly görünýändir. Elbetde, biziň Patyşalykda bolmagymyz üçin sebäp biraz derejede gün-günden üýtgeýändir. Biz munuň ýaly usuly teklip edýäris – ilki bilen biz Hoş Habaryny öwrenmelidiris hem-de Hudaýa boýun bolýandygymyzy suwa çokundyrylmagyň üsti arkaly görkezmelidiris. Onuň bize berýän umydy hem-de biziň Patyşalykda bolmak üçin hakyky isleglerimiz suwa çokundyrylmadan soň gülläp öser we kämilleşer. |