|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

5.5 Isa Mesihiň myňýyllyk Patyşalygy

Ünsi bolan okuýjy, mümkin häzir şeýle soragy berer: „Eýsem Hudaýyň Patyşalygynyň bu beýan edilmesi has-da ynsan pikiriniň ölçeginde bolup görünýän dälmidir?“ Patyşalykdaky adamlar edil öňküleri ýaly çaga-da dogurarlar (Işaýa 65:23) we hatda ölerlerem (Işaýa 65:20). Olaryň arasynda dawalar hem turar we Mesih olara höküm çykarar. Olar ýaşamaklary üçin edil öňki ýaly topragy taba getirip, ekin ekerler. Ýöne bu işler häzirkiden has ýeňil bolar. Bularyň bary imanlylaryň ol ýerde ebedi ýaşaýşyny aljak, Hudaýyňky ýaly tebigata eýe boljak hem-de nikalaşmaýan we köpelmeýän Perişdeler ýaly boljak ýeri hökmünde, Hudaýyň Patyşalygy barada eşidenlerimize meňzeş däl ýaly bolup görünýär (Luka 20:35-36). Munuň jogaby Hudaýyň Patyşalygynyň 1000 ýyl dowam etjekdiginden ybaratdyr (ser. Ylham 20:2-7). Bu döwürde ýer ýüzünde adamlaryň iki topary bolar:

  1. Mukaddesler – bu durmuşyny Mesihe ynanmak bilen geçirenler hem-de hökümde ebedi ýaşaýyş peşgeş beriljeklerdir. „Mukaddes“ sözüniň „çagyrylan“ adamy aňladýandygyna üns beriň. Bu islendik imanly bolana degişlidir.  
  2. Mesihiň dolanyp geljek pursatynda HoşHabary (Injili) bilmedik adaty ýönekeý, ýagny hökümiň öňünde jogapkärli bolmadyk adamlar bolarlar.

Hökümde Taňrynyň tebigatyny alan mukaddes adamlar ölmezler hem-de çaga-da dogurmazlar. Ikinji topara degişli adamlar bolsa, diri bolmagyna galarlar. Sylag hökmünde imanlylar biziň Hudaýymyza patyşalar we ruhanylar bolarlar (Ylham 5:10). Olar Mesihiň ikinji geljek pursatynda Hoş Habary bilmedikleri dolandyrarlar. „Mesihde“ bolmak bilen, biz Onuň peşgeşlerine şärikli bolýandyrys: „Özümiň Atamdan ygtyýar alşym ýaly, Men-de ýeňene... milletler üstünden ygtyýar bererin. Ol hem olary demir taýak bilen bakar...“ (Ylham 2:26-27).

 Şu wagt Mesihiň pul we şäher baradaky tymsalyny ýatlamagyň tüýs ýeridir. Wepadar gullar öz hojaýyndan ondan bäşe çenli bolan şäherleri Patyşalykdan aldylar (Luka 19:12-19). Rebbiň ýollaryny bilmeklik ýer ýüzüne derrew ýaýramaýar. Adamlar Hudaý hakda köp bilimi almak üçin Ýerusalima zyýarata gidip başlarlar (Işaýa 2:2-3). Dagyň (Hudaýyň Patyşalygyny görkezýän) kem-kemden bütin ýer ýüzüne ösüşini ýada salyň (Daniýel 2:35; 44). Mukaddes bolan adamlar Hudaý baradaky bilimi we şuňa görä-de, Onuň Patyşalygy hakdaky bilimi ýaýratmaga borçludyrlar.

Haçanda Ysraýyl öň Hudaýyň Patyşalygy bolanda, Hudaý barada wagyz etmek ruhanylaryň borjuna giripdi (Malahiýa 2: 5-7). Bu maksat bilen olar Ysraýylyň dürli şäherlerine ýerleşipdirler. Gaýtadan berkarar edilen has şöhratly Patyşalykda mukaddesler özlerine ruhanylaryň borjyny alarlar (Ylham 5:10).

Eger-de Mesih şu gün geläýse:

  1. Jogapkär bolan ölüler direler we jogapkär diri bolanlar bilen bilelikde höküme eltiler.
  2. Jogapkär bolan günäkärler ölüm jezasyny alarlar, dogruçyl bolanlar ebedi ýaşaýşyny alar.
  3. Dogruçyl bolanlar şonda şol wagtky diri , ýöne Hudaýyň öňünde borçly bolmadyk adamlary dolandyrar. Olar olara „patyşalar we ruhanylar“ ýaly (Ylham 5:10) Hoş Habary öwrederler.  
  4. Bu 1000 ýyllap dowa eder. Şol wagtyň içinde ähli ýönekeý adamlar Hoş Habary bilerler we şuňa görä-de, Hudaýyň öňünde jogapkärli bolarlar. Bu adamlar has dowamly ýaşarlar we has bagtyýar bolarlar.  
  5. Müňýyllyk Patyşalygyň soňunda Mesihiň we mukaddesleriň garşysyna gozgalaň turar. Bu gozgalaň Hudaý tarapyndan ýatyrylar (Ylham 20:8-9).
  6. 1000 ýylyň ahyrynda bu döwrüň dowamynda ölenler direler hem-de höküm öňünde bolarlar  (Ylham 20:5,11-15).
  7. Olaryň arasyndaky günäkärler ýok ediler. Dogruçyllar bolsa. bize birigerler we ebedi ýaşaýşyny alarlar.

Taňrynyň ýer babatdaky maksady şonda berjaý bolar. Ýerde ölmez-ýitmez, dogruçyl adamlar mesgen tutar. „Kuwwatlylaryň arasynda peýda boljak Birini“ aňladýan Hudaýyň „Ýahwe Elohim“ ady praktikada berjaý ediler. Ýer ýüzünde gaýdyp hiç haçan günä we şuňa görä-de, ölüm bolmaz. Şonda ýylanyň nesliniň başyna urgy berlip, doly derejede ýok ediljekdigi hakdaky wada berjaý bolar (Barlyk Kitaby 3:15). Mesih „bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir. Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir. Çünki hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edendir... Emma ähli zat Oňa (Hudaý) tabyn bolanda, Ogluň özi hem, Hudaý hem ähli zatda höküm sürer ýaly, Oňa ähli zady tabyn etdirene bolar“ (1 Korintoslylar 15:25-28).

Bu „haçanda Ol (Mesih) Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyranda, ahyrzaman bolar“ (1 Korintoslylar 15:24). Mundan soňky boljak zat, ýagny, haçanda „Hudaý ähli zatda bolanda“, bize nämälimdir. Biz diňe ebedi ýaşaýşyny, Hudaýyň tebigatyny aljakdygymyzy hem-de Hudaýy şöhratlandyrjakdygymyzy we Oňa tabyn boljakdygymyzy bilýändiris. Galan zatda bolsa, biz Mesihiň müňýyllyk Patyşalygyndan soňra nämeleriň boljakdygyny diňe çaklama bilen aýdyp bileris.

„Taňrynyň Patyşalygynyň Hoş Habaryna“ düşünmekde bu sözleri okaýan her bir okuýjyny halas etmek üçin uly ähmiýet bardyr. Bu babyň mazmunyny hem-de bu ýerde getirilen Bibliýanyň aýatlaryny ýene bir gezek okap çykmagyňyzy sizden haýyş edip bilýärismi?

Hudaý Öz Patyşalygynda biziň bolmagymyzy isleýär. Onuň ähli niýetleri biziň diňe Onuň döredijilikli ukyplary hakdaky gürrüňler bilen çäklenmän, eýsem Patyşalykda işjeň bolmagymyzdan ybaratdyr. Suwa çokundyrylma bizi Patyşalyk babatdaky wadalara golaýlaýandyr. Suwa çokundyrylmanyň we onuň soňundaky durmuşyň birnäçe ýyllarynyň bize bu şöhratly ebedi ýaşaýşyna gadam basmaga mümkinçilik berýändigine ynanmak kyndyr. Ýöne biziň Hudaýyň uly sögüsine bolan ynamymyz berk bolmalydyr. Biziň gysga wagtlaýyndaky kynçylyklarymyz nähili bolsa-da, bizde Mukaddes Ýazgynyň çagyryşyndan ýüz döndermäge hiç hili esasly bahanalarymyz bolmaly däldir. Şeýle dälmi?

„Hudaý bizlik bolsa, onda kim garşy?“ (Rimliler 8:31).

„Şu wagtky görgüler bize aýan boljak geljekki şöhrat bilen deňeşdirer ýaly däl“ (Rimliler 8:18).

„Sebäbi wagtlaýyn, ýeňil muşakgat biziň üçin juda artykmaç şöhratyň ebedi agramyny emele getirýär“ (2 Korintoslylar 4:17).


 
Index