|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

6.1 Hudaý we günä

Köp hristian sektalarynyň agzalary we şeýle hem beýleki köp dinlere ynanýan adamlar biziň durmuşymyzda we dünýäde bar bolan kynçylyklary döredýän hem-de biziň goýberýän günälerimize jogapkär bolýan şeýtan ýa-da iblis atly elhenç bir janly zadyň bardygyna ynanýarlar. Bibliýa Perişdeleriň günä edip bilmeýändiklerini aýdyň öwredýär. Eger-de biz muňa tüýs ýürekden ynanýan bolsak, onda biz ähli zatdan belent bolan Hudaýyň garşysyna gelip biljek nähilidir bir adaty bolmadyk jandaryň biziň älemimizde bolup bilmejekdigine ynanýarys. Eger-de biz hakykatdan hem munuň ýaly jandaryň bardygyny hasaplaýan bolsak, onda şeýle pikir etmek bilen, biz ähli zatdan belent bolan Hudaýyň beýikligine şübhelendigimiz bolar. Bu sorag örän wajypdyr. Şonuň üçin oňa juda dogry düşünmelidir hem-de ony has wajyp doktrina hökmünde öwrenmelidir. Ýewreýler 2:14 aýaty Isanyň iblisi Öz ölümi arkaly ýok edendigini aýdýar; şonuň üçin eger-de biz iblis hakdaky düşünjä dogry çemeleşmesek, onda biz Mesihiň işlerine we tebigatyna düşünip bilmeris.

Asla dünýäde we aýratynda „hristiançylyk“ diýilýän dünýäde durmuşdaky ähli gowy zatlaryň Hudaýdan gelip çykýandygy we ähli ýaramaz işleriň bolsa, şeýtandan ýa-da iblisden gelip çykýandygy barada pikir bar. Bu pikir täze däldir. Bu diňe bir mesihilikden dänýänler üçin mahsus däldir. Mysal üçin, wawilonlylar iki hudaýyň, ýagny, ýagşylygyň we ýagtylygyň hem-de ýamanlygyň we garaňkylygyň hudaýynyň bardygyna ynanypdyrlar. Olar bu hudaýlaryň hemişe biri-birine garşy elhenç uruşlary alyp barýandyklaryny hasaplapdyrlar. Persiýanyň beýik patyşasy Kir hem muňa ynanypdyr. Şonuň üçin, Hudaý oňa şeýle diýdi: „Reb Mendirin, we başgasy ýokdyr; Menden başga Hudaý ýokdyr... Men ýagtylygy emele getirýändirin hem-de garaňkylygy döredýändirin, parahytlygy edýändirin we betbagtlyklary döredýändirin; bularyň baryny berjaý edýn Men, Rebdirin“ (Işaýa 45:5-7, 22). Parahatlygy döredýän Hudaýdyr hem-de ýamanlygy ýa-da betbagtlygy hem emele getirýän Onuň Özüdir. Bu manyda Hudaý – „ýamanlygyň“ awtorydyr, ýaradyjysydyr. Bu manyda bolsa, „ýamanlygyň“ we adamyň edýän günäsiniň arasynda tapawutlyk bardyr. Günä bu dünýä günä eden adam bilen girdi; ol dünýä Hudaý tarapyndan girizilmedi (Rimliler 5:12).

Hudaý Kir patyşa hem-de Wawilonyň ilatyna şeýle diýdi: „Menden başga (beýleki) Hudaý ýokdyr“. „Hudaý“ diýlip terjime edilýän gadymy ýewreý sözi „el“ aýratynda „güýç ýa-da güýjiň çeşmesi“ diýmekligi aňladýandyr. Hudaý Özünden başga güýjiň çeşmesiniň ýokdugynyu aýdýar. Ynha şonuň üçin-de Hudaýa ynanýan adam adaty bolmadyk iblis ýa-da şeýtanlar hakdaky ideýany kabul edip bilýän däldir.

Hudaý: betbagtçylyklaryň Ýaradyjysydyr

Bibliýada Hudaýyň adamlaryň durmuşyna hem-de bu dünýä „ýamanlygy“ girizişi hakda köp mysallar bardyr. Amos 3:6 eger-de şäherde erbetlik bar bolsa, muny Hudaýyň goýberendigini belleýär. Mysal üçin, eger-de şäherde ýer titrän bolsa, onda adamlar köplenç munuň şähere betbaglygy inderen „şeýtanyň“ işidigini aýdýarlar. Ýöne Hudaýa hakyky ynanýan adam muňa Hudaýyň jogapkärdigine düşünmelidir. Şeýlelikde, Miheý 1:12: „Betbagtlyk Ýerusalimiň derwezelerine Rebden geldi“ diýýär. Eýubyň kitabynda biz Eýup dogruçyl adam bolsa-da, durmuşynda ähli bar bolan zatlaryny ýitirendigini okaýarys. Bu kitap adamyň durmuşyndaky „ýamanlygyň“ tejribesiniň onuň Hudýa boýun bolşuna ýa-da bolmazlygyna göni proporsional däldigini öwredýändir. Eýup „Rebbiň berendigine hem-de Rebbiň yzyna alandygyny“ boýun alypdyr (Eýup 1:21). Ol: „Reb hä berdi welin, şeýtan ony aldy“ diýmändir. Ol öz aýalyna şeýle jogap berýär: „Hudaýdan gowy zatlary alyp, eýsem, Ondan ýamany-da kabul etmerismi?“ (Eýup 2:10). Kitabyň soňunda garyndaşlary we tanyşlary „Rebbiň onuň başyna inderen ähli ýamanlygy üçin oňa göwünlik beripdiler“ (Eýup 42:11 deňeşdiriň 19:21; 8:4 bilen). Şeýlelikde, Hudaý biziň bu durmuşda bar bolan kynçylyklarymyzyň soňky çözüjisi bolandygy manyda, Ol ýamanlygyň çeşmesidir.

„Çünki Ren söýýänini terbiýeleýändir... Eger-de siz kynçylyklara çydasaňyz... ýöne bu soňra şeýle ýetişdirilenler üçin dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýändir“ (Ýewreýler 12:6-11). Bu sözler Hudaýyň bize ýollaýan şol zeýilli synaglaryň ahyrsoňunda bizi ruhy ösüşine alyp barýandygyny görkezýändir. Eger-de Hudaýyň sözleri şeýtanyň bize günä etmäge itergi berýändigini we biziň nädogry bolmagymyzy mejbur edýändigini we şol bir wagtyň özünde bolsa, biziň „dogrulygyň asuda miwämiziň“ ösüşine eltýän durmuşymyza kynçylyklary girizýändigini aýdýan bolsa, onda bu sözler öz-özüne garşy gelerdiler. Iblis hakdaky ortodoksal ideýa bu ýerde çynlakaý kynçylygy emele getirýändir. Düşünmek üçin aýratyn bir kynçylyk munuň ýaly ýagdaýda adamyň şeýtana bolan tebigaty hakda aýdýan, „ruhy gutular ýaly“ ýa-da „olaryň (ýagny, adamlaryň) küpür etmezligi öwrenmekleri üçin“ (1 Korintoslylar 5:5; 1 Timoteos 1:20) ýaly bölümleri görkezýär. Eger-de şeýtan hakykatdan hem adama günä etmegi mejbur edýän hem-de adamlara ýaramaz ruhy täsirini ýetirýän jandar bolýan bolsa, onda näme üçin bu parçalar şeýtan hakda polojitel ýagdaýda aýdýarlar? Munuň jogaby „şeýtanyň“ ýa-da durmuşdaky kynçylyklaryň imanlynyň durmuşyna köplenç polojitel ruhy netijelerini getirýändiginden ybaratdyr.

Eger-de biz ýamanlygyň Hudaýdan çykýandygyna ynanýan bolsak, onda biz özümizdäki bar bolan kynçylyklarymyza bir zatlaryň etmegini sorap, haýyş bilen Oňa doga-dileg edip ýüz tutup bilýäris. Mysal üçin, Onuň olary bizden aýyrmagyny diläp bilýäris. Eger-de Ol muny berjaý etmese, onda biz bularyň Hudaý tarapyndan biziň ruhy ösüşlerimiz üçin ýollanadygyny bilýändiris. Eger-de biz kynçylyklarymyzy emele getirýän şeýtan ýa-da iblis diýilýän nähilidir bir ýamanlygyň bardygyna ynanýan bolsak, onda onuň bilen özara düşünişmäge bizde hiç hili ugur ýokdyr. Güýçleriň ýitmegi, keseller, duýdansyz ölüm ýa-da betbagtçylyk – bularyň hemmesi şowsuzlyk ýaly kabul edilmelidir. Eger-de iblis nähilidir bir güýçli günäli Perişde bolýan bolsa, onda ol bizden has güýçlidir. Şonda bize onuň elinden ejir çekäýmekden başga alaç galmaýar. Munuň tersine, biz özümize Hudaýyň baştutanlygy bilen „bütin zatlaryň (durmuşda) bähbid üçindigi“ bilen teselli berýändiris (Rimliler 8:28). Şonuň üçin imanlynyň durmuşynda „şowlulyk“ diýlen ýaly düşünje ýokdyr.

Günäniň gelip çykyşy

Günäniň öz-özümizden gelýändigini bellemek gerekdir. Biziň günälerimizde biziň öz-özümiz günäkärdiris. Elbetde, günälerimiz üçin hiç hili jogapkärçiligi çekmezlik biz üçin has gowy oýlanma bolardy. Eger-de bu şeýle bolýan bolsa, onda biz arkaýyn günä edip bilerdik hem-de ähli eden günälerimizi şeýtanyň üstüne ýükläp, özümizi aklap bilerdik. Günäkär bolan adamalaryň köplenç özleriniň günä edýän we hatda jenaýat edýän pursatlarynda aňyny şeýtana aldyrandyklaryny hem-de eden işleri üçin jogap berip bilmeýändiklerini aýdyp, özlerini aklaýandyklary geň däldir. Munuň ýaly bahanalara üns berilmezligi hem-de günäkärleriň öz „temmilerini“ almagy has adalatlydyr.

Biz „Günäniň muzdunyň ölümdigini“ ýatdan çykarmaly däldiris (Rimliler 6:23); günä ölüme eltýändir. Eger-de biz öz günälerimize jogapkärli däl, olara şeýtan jogapkärli diýip pikir etsek, onda adalatly bolan Hudaý bizi dälde, eýsem şeýtana jeza bermelidir. Emma biziň öz şahsy günälerimiz üçin özümiz höküm edilýändiris. Bu bolsa, günälerimize özümiziň jogap berýändigimizi görkezýändir. Biziň günälerimiz üçin şeýtanyň ýazyklygy hakdaky pikir biziň eden ýamanlygymyz üçin jogapkärçiligi aýyrmaga maksat edinýär. Bu Bibliýanyň ynsan tebigatynyň ýazyklygy hakdaky öwgüdini adamlaryň kabul etmekden ýüz döndermegini düşündirýän ýene bir mysaldyr.

„Adamyň içine daşardan giri-de, ony murdar edip biljek hiç bir zat ýokdur...Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, zynahorluk, ogrulyk, adam öldürme, azgynlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, bahyllyk sögünç, tekepbirlik we akylsyzlyk çykýar. Bu erbet zatlaryh ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär“ (Markus 7:15-23). Biziň içimize girýän hem-de bizi günä etmäge mejbur edýän nahilidir bir günäkär sunstansiýanyň daşymyzda barlygy hakdaky ideýa bu ýerde Mesihiň öwgütleri bilen gabat gelmeýär. Ähli günäli pikirler adamyň içki kalbyndan çykýandyr. Ynha şonuň üçin hem dünýä suwa gark bolanda Hudaý şeöle diýipdir: „Adamyň ýüreginiň pikiri ýaşlygyndan erbetdir“(Barlyk Kitaby 8:21). Eýup 1:14 bize şeýle diýýär: „Her kim (bu her bir adama gyradeň degişlidir) öz şöwketparazlygy bilen meşgullanyp we muňa maýyl bolup, muňa başyny aldyryp görýändir“ . Biz daşymyzda bolan zat bilen meýillenmän, eýsem öz şöwketparazlygymyza hem-de öz günäli höweslerimize başymyzy aldyýandyrys. Ýakup: „Agzalaryňyzda uruşýan höweslerden dälmi?“ diýip sorag berýär (Ýakup 4:1). Biziň her birimize mahsus bolan meýiller bardyr. Olar biziň öz günäli isleglerimiz arkaly döreýändir we gös-göni özümize degişlidir. Şeýlelikde, biziň öz-özümize duşman diýlenleri hem dogrudyr.

Rimlilere ýazylan hat esasy günä hakda aýdýar: munda günäniň gelip çykyşy hem-de ondan dynmagyň usullary berilýär. Bu hatda iblis ýa-da şeýtan hakda az gabat gelýändigini hem-de Pawlus günäniň nireden gelip çykýandygyny aýdanda, iblisi ýa-da şeýtany agzamaýandygyny belläp geçmek wajypdyr. Täze Ähtde hem iblisiň kosepsiýasy hakda edil şonuň ýaly aýtmak bolar. Eger-de adamy günä itergi berýän daşky bir zat bar bolýan bolsa, onda bu hakda Köne Ähtde hem ençeme gezek agzalmazmy eýsem? Ýöne onda bu hakda çuň we gönümel hiç zat aýdylmaýar. Kazylaryň döwrüniň beýan edilmesi ýa-da ysraýyllaryň çölde bolmagy ýewreýleriň şol döwürlerde-de köp günä edendiklerini görkezýär. Ýöne Hudaý olaryň içine girip biljek hem-de olary günä etmäge mejbur edip biljek bir adaty bolmadyk bir güýçli jandaryň ýa-da güýjüň bardygy hakda olara duýduryş bermändir. Muňa derek Hudaý olaryň öz islegleriniň ugruna gitmezleri ýaly, olara Öz sözüne gulak asmaga çagyrypdyr (mysal üçin, Ikinji Kanun 27:9-10; Isa Nawin 22:5).

Pawlus: „Çünki mende, ýagny tenimde ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny bilýärin...sebäbi mende gowulyk islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn... Men islemeýänimi edýän bolsam, onda ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutat günädir“ (Rimliler 7:18-20) diýip nalaýar. Ol bu ýerde eden günäsi üçin ýazygyny iblis atly daşdaky jandaryň üstüne ýüklemeýär. Ol özüniň günäli aslyýetini günäniň hakyky çeşmesi hökmünde aýdýar: „men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir. Şeýlelikde, men bu kanuny tapýaryn (öz içimden); ýagşylyk etjek bolamda, mende erbetlik häzir bolýar“ (Rimliler 7:20-21). Pawlus özüniň „içimde mesgen tutan günä“ diýip atlandyrýan zadyndan çykýan günäniň ruhulyga garşy durýandygyny belläp geçýär. Ruhy taýdan ösen her bir imanly adam muny öz-özüniň başynda geçirmek bilen, munuň ýaly netijä geler. Hatda munuň ýaly ady belli imanly bolan Pawlusyň hem mesihilige geçenden soň öz aslyýet tebigatynyň özgermegini görmändir hem-de günä edip bolmajak we asla günä edip bilmez ýaly ýagdaýynda goýulmandyr. Häzirki zaman „ýewangelistik hereketiniň“ agzalary özleriniň munuň ýaly ýagdaýdadygyny tassyklaýarlar we şeýdip olar Pawlusy Rimliler 7:15-21 aýdan sözleri üçin „halas edmeýänleriň“ hataryna goşýarlar. Bu aýatlar olaryň dalaş etmeleri üçin aýratyn kynçylygyny tassyklaýar. Başga bir imanly bolan Dawut hem özüniň aslyýet tebigatynyň hemişeki ýazyklygy babatda özüniň ynjalyksyzlygyny görkezýär: „Çünki men öz jenaýatlarymy boýun alýaryn, günäm mydama öňümdedir“ (Zebur 51:3).

Bibliýa ynsan aslyýetiniň fundamental günäliligi hakda ýeterlikli derejede anyk aýdýar. Eger-de muňa dogry düşünilse, onda ynsan tebigatyndan daşda bar hem-de günälerimize jogapkärli bolan jandary oýlap tapmaga hiç hili zerurlyk bolmazdy. Ýeremiýe 17:9 adam ýüreginiň çendenaşa hapadygyny hem-de aldawçydygyny we onuň öz günäsiniň ölçegini dogry göz öňüne getirmäge-de ukypsyzdygyny aýdýar. Eklesiast 9:3 aýatda munuň şeýle anyk aýdylýy ýeterlikdir: „Ynsan ogullarynyň ýüregi ýamanlykdan dolandyr“. Efesliler 4:18 adamyň Hudaýdan adaty daşlaşyşynyň sebäbini şeýle düşündirýär: „olaryň ýüreginiň nadanlygynyň we gatylygynyň sebäbine görä...“. Özümiziň ruhy taýdan kör we nadan ýüreklerimiz zerarly, biziň oýlanyş ukyplarymyzy bizi Hudaýdan daşlaşdyrýandyr. Muňa laýyklykda, „ten işlerimiziň bellididihi“ hakdaky Galatýalylaryň 5:19 aýaty şeýle ýaňlanýandyr. Bize günä itergi berýän öz tenimizdir, bolşumyzdyr hem-de aslyýetimizdir. Ýokarda agzalan aýatlardan hiç birisi-de içimizdäki günäni iblisiň girizendigi hökmünde düşündirýän däldir. Bizde dünýä inelimiz bäri biziň adam endiklerimiziň aýratyn böleginden ybarat bolan günäli häsiýetlerimiz bardyr.


 
Index