| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
6.2 Iblis we şeýtan„Şeýtan“ diýen söz terjime edip bolmaýan gadymy ýewreý sözi bolup, „garşydaş“ diýmekligi aňladýandyr. „Iblis“ sözi bolsa, “diabolis” diýlen grek sözünden terjime edilendir we „aldawçy“, „duşman“ ýa-da „ýalanlykda aýyplaýjy“ diýmekligi aňladýandyr. Eger-de biz özümizden daşda we günälerimize jogapkär bolan şeýtanyň we iblisiň jandardygyna ynanýan bolsak, onda biz Bibliýada bu sözlere duşanymyzda olary gänäli bir adama degişli ýaly etmelidiris. Bu sözleriň bibliýa ulanylyşy olardan adaty adamlary beýan edýän sypatlary emele getirip bilýändigini görkezýär. Bu fakt iblis we şeýtan sözlerini Bibliýada ulanyşlary ýaly, bizden daşda bolan nähilidir bir uly günäli şahsyýete ýa-da jandara degişli hasaplamaga mümkin däldigini görkezýär. Bibliýada „şeýtan“ sözi3 Patyşalyklar 11:14 biz şulary okaýarys: „Reb Süleýmana, Ader Idumeýana garşydaşy [duşmany] (beýleki ýerlerde „şeýtan“ hökmünde terjime edilýän şol bir gadymy ýewreý sözi) goýdy“; we soňra: „Hudaý Sülemanyň garşysyna ýene-de bir garşydaşy [duşmany] goýdy (başga şeýtany)... we ol Ysraýylyň garşydaşy (şeýtany) boldy“ (3 Patyşalyklar Kitaby 11:23, 25). Bu Hudaýyň Süleýmanyň garşysyna şeýtan bolup biler ýaly (garşydaşy), adaty bolmadyk bir şahsyýeti ýa-da Perişdäni ýaradandygyny aňladmaýar. Ol ýönekeý adaty adamlary ýaradypdy. Matta 16:22-23 başga bir mysal getirýär. Petrus Isanyň haçda ölmäge Ýerusalima gitmezligi üçin Ony pikirinden dändermäge çalyşdy. Isa yzyna öwrülip, Petrusa şeýle diýdi: „Çekil öňümden, şeýtan! Sen maňa päsgel berýärsiň, çünki sen Hudaý işlerini däl, ynsan işlerini oýlanýarsyň“. Şeýlelikde, Petrusa şeýtan diýildi. Haçanda Isa bu sözleri aýdanda, Ol Perişde ýa-da nägehan aýylganç zat bilen gürleşmän, eýsem Petrus bilen gürleşendigi bu ýerde örän aýdyňdyr. „Şeýtan“ sözi garşydaş diýmekligi aňladýandygy sebäpli, gowy adama-da we hatda Hudaýyň özüne-de „şeýtan“ diýlip bilner. Aslyýetinde, bu sözüň özi hiç hili günäli zady görkezmeýär. „Şeýtan“ sözünde bar bolan günäli häsiýet biziň günäli aslyýetimiziň özüniň iň uly „şeýtandygyny“ ýa-da garşydaşdygyny görkezýän fakta hem biraz degişlidir. Bu häsiýet şeýle hem bu sözüň adamlaryň günä bilen utgaşdyrýan dilinde ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Hudaýyň Özü-de biz üçin şeýtan bolup biler; çünki Ol biziň durmuşymyza synaglary goýberýändir ýa-da biziň mümkin eýýäm gadam basan ýalan ugry görkezýän ýolumyzda durandyr. Ýöne, eger-de biz Hudaýa şeýtan hem diýäýsek, bu Onuň Özüniň hem „günälidigini“ aňladýan däldir. Şeýle hem Patyşalyklar we Paralipomenon Kitaplary-da bu epizodlara öz beýanyny ýetirýändirler. Hoş Habardan dört bölüm-de şol bir zat hakda aýdýar, ýöne munuň üçin dürli stilistiki ugurlardan peýdalanýandyrlar. 2 Patyşalyklar 24:1 aýatda Hudaýyň Dawudy Ysraýyl halkynyň ilat ýazuwyny geçirmek üçin ýollandygy barada aýdylýar. Bu wakanyň muňa laýyk beýan edilmesi 1 Paralipomenon 21:1 şeýle görnüşde berlendir: „Şeýtan Ysraýylyň garşysyna gozgalaň turuzdy hem-de Dawuda ysraýyllylary sanamaga höweslendirdi“. Bir bölümde Hudaýyň Dawudy ilat ýazuňyny geçirmäge mejbur edendigi hakda, ýene beýleki bir bölümde bolsa, şeýtanyň hem ony edil muny ýerine ýetirmäge iberendigi hakda aýdylýar. Bu ýerde Hudaý Dawut babatda edil „şeýtan“ ýa-da garşydaş hökmünde bolandygyna ýeketäk netije çykaryp bolýar. Hudaý Eýubyň durmuşyna synaglary ýollap, oňa hem edil şonuň ýaly garady: „Sen maňa ýowuz garadyň; berk gollaryň bilen meniň bilen duşmançylyk edýärsiň“ (Eýup 30:21); hakykatda, Eýup şeýle diýdi: „Sen meniň garşyma şeýtan ýaly çykýarsyň“. Bibliýada „iblis“ sözi„Iblis“ sözi bilen hem edil ýokardaky ýalydyr. Isa: „Men dälmi eýsem siziň on ikiňizi (resullary) we sizden biriňizi iblisi saýlan?“ diýdi. Ol adaty ýönekeý adamsy bolan Iuda Iskariot hakda aýdypdy. Ol muny şahly ýa-da ruh diýilşi ýaly şahsyýet hakda aýtmandy. „Iblis“ sözi bu ýerde ýöne günäli adama degişlidir. 1 Timoteos 3:11 başga bir mysaly getirýär. Ruhanylaryň aýallary „töhmetçiler“ bolmaly däldirler. Bu ýerde ilkibaşdan gelýän grek sözi „diabolis“ beýleki ýerlerde hem „iblis“ ýaly terjime edilýändir. Pawlus şeýdip ýygnakdaky gartaşan zenanlaryň „töhmetçiler“ ýa-da „iblisler“ bolmaly däldikleri hakda Titusa duýdurýar (Titus 2:3). Edil şonuň ýaly-da, ol Timoteosa hem aýtdy (2 Timoteos 3:1, 3): „Soňky günlerde...adamlar...zalym (iblisler) bolarlar“. Bu olaryň adaty bolmadyk görnüşe öwrüljeklerini aňladýan däldir. Olar ýöne öňküden-de has günäli bolarlar. „Iblis“ we „şeýtan“ sözleriniň ýykylan Perişdä ýa-da dizden daşda bolan nähilidir bir günäli jandara degişli däldigi indi has aýdyň bolandygy mümkin. Günä, şeýtan we iblis„Şeýtan“ we „iblis“ sözleri bizde bar bolan hakyky günäli endiklerimizi beýan etmek üçin göçme manyda ulanylýandyr. Biz bu hakda 6.1 bölümde aýdyp geçipdik. Bu hem biziň esasy „şeýtanymyzdyr“ ýa-da garşydaşymyzdyr. Bu sözler şeýle hem janly nusga hökmünde ulanylyp bilner. Munuň ýaly ýagdaýda „iblisi“ biziň garşydaşymyz, hakykaty ýoldan çykarýan töhmetçi hökmünde bellemelidir. Bu – biziň hakyky „ynsan aslyýetimiziň özüdir“ – hakyky iblis. Iblis we biziň içimizde bar bolan günäli isleglerimiziň, günäniň arasyndaky baglanyşyk birnäçe parçalarda aýdyň görkezilendir. „Çagalaryň (biziň) et hem gandandygyna görä, Özi (Isa) hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm (özüniň) güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak...bolup etdi“ (Ýewreýler 2;14). Bu ýerde iblis hakda ölüm üçin jogapkär bolan jandar hökmünde aýdylýar. Ýöne „Günäniň muzdy – ölümdir“ (Rimliler 6;23). Şonuň üçin, günä we iblis bir düşünjäni berýändir. Edil munuň ýaly-da, Ýakup 1:14 biziň günäli isleglerimiziň bizi günä hem-de şuňa görä-de, ölüme eltip, bizi muňa doly meýillendirýändigini aýdýar. Ýewreýler 2:14 aýaty bolsa, iblisiň ölümi getirýändigini belleýär. Edil şu aýatda hem Isanyň iblisi derbi-dagyn etmek üçin, biziň tebigi aslyýetimizde bolandygy hakda aýdylýar. Bu Rimliler 8:3 aýaty bilen gapma-garşy gelýändir: „Hudaý Öz Ogluny günä teni meňzeşliginde günä üçin ýollap (ýagny, biziň ynsan tebigatymyzda), tende günä iş kesdi“. Bu ýerde biziň adaty ynsan tebigatymyzda bar bolan iblisiň we günäli endiklerimiziň hakykatda, şol bir zatdygyny görkezýär. Isanyň hem edil biz ýaly, şol zeýilli meýillere uçrandygyna dogry düşünmek wajypdyr. Iblis baradaky derse düşünmezlik biziň Isanyň tebigatyny we işlerini dogry göz öňüne getirip bilmeýändigimizi aňladýandyr. Diňe Isanyň biziň tebigatymyzda bolup, Özüniň içine „iblisiň“ saklandygy sebäpli, biz halas bolmaga umyt baglap bileris (Ýewreýler 2:14;18; 4:15). Isa öz tebigatynyň isleglerinden, bibliýadaky iblisden üstün çykyp, iblisi haçda derbi-dagyn etmegi başardy (Ýewreýler 2:14). Eger-de iblis şahsyýet bolan bolsa, onda ol gaýdyp bolup bilmezdi. Ýewreýler 9:26 Mesihiň „Özüni gurban etmek bilen, günäni aradan aýyrmak üçin görnendigini“ aýdýar. Ýewreýler 2:14 muny Isanyň öz ölümi bilen iblisi derbi-dagyn edendigi hakdaky tassyknama bilen deň hasaplaýandyr. Özüniň ölümi bilen Isa „günäli teni“ (Rimliler 6:6 ýatyrdy, ýagny, biziň öz tenlerimiziň görnüşinde ýüze çykýan ynsan tebigatyny, günäni. „Günä edýän iblisdendir“ (1 Ýahýa 3:8), sebäbi günä – bu Bibliýanyň „iblis“ diýip atlandyrýan biziň öz tebigy, günäli isleglerimize (Ýakup 1:14-15) ýol bermegimiziň netijesidir. „Muňa görä-de Hudaýyň Ogly iblisiň işleri ýogaltmak üçin aýan boldy“ (1 Ýahýa 3:8). Eger-de biz iblis – bu biziň günäli isleglerimizdir diýip, dogry bolsak, onda biziň bu günäli isleglerimiziň netijesi günä bolar. Bu 1 Ýahýa 3:5 bilen hem deň gelýändir: „Ol (Isa) biziň günälerimizi Öz üstüne almak üçin aýan boldy“. Bu „biziň günälerimiziň“ hem-de „iblisiň işleriniň“ şol bir zatdygy baradaky netijämizi tassyklaýandyr. Resullaryň Işleri 5:3 iblis we biziň günälerimiziň arasyndaky bu baglanyşyga başga bir mysal berýär. Petrus Hananýa şeýle diýýär: „Şeýtanyň Mukaddes Ruhy alda diýen päline näme üçin ýüregiňden ýer berdiň?“. Biziň ýüregimize bir zatlaryň salynmasy hem ýüregimizi şeýtandan doldurmak bilen birdir. Eger-de biziň özümiz ýüregimize bir zatlary salýan bolsak, mysal üçin, günäli plany, onda ol biziň içimizde ösmäge başlaýandyr. Eger-de aýal göwreli bolsa, onda onuň çagasy onuň daşynda däldir; ol onuň içinde başlaýar. Ýakup 1:14-15 biziň „...höwesimiziň bogaz bolup, günäni dogurýandygyny; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandygyny“ beýan edende, şol bir düşünjeden peýdalanýandyr. Zebur 109:6 günäli bolan adamyny iblis bilen şeýle deňeşdirýär: „Duşmanynyň üstünden ýaman adamy goý, sagynda ýagy dursun“, ýagny, goý iblis onuň üstünden hökümini ýöretsin (Zebur 110:1 bilen deňeşdiriň). Janly nusgaEmma, siz doly esas bilen: „Iblis hakdaky bu gürrüňleriň ählisi edil adam ýaly alnyp barylýar!“ diýip bilersiňiz. Bu düýbünden dogrudyr. Ýewreýler 2:14 ol barada edil ölüm güýjine eýe bolan hökmünde aýdýandyr. Bibliýa hatda biraz çuňrak aralaşmak-da onda köplenç janly nusganyň ideýasynyň öňe çykýandygyny, abstrakt düşünje hakda edil adam ýaly gürrüň edilýändigini görkezýändir. Şeýlelikde, Süleýmanyň Tymsallary 9:1 özüne jaý guran akyl-paýhas diýilýän aýal hakda aýdylýar, Rimliler 6:23 günä ölüm görnüşde töleg goýberýän kassiriň üsti arkaly janlandyrylyp beýan edilýändir. Bu sorag Çekeleşme 5-de has jikme-jik seredelip geçilýändir. Biziň „diabolos“ iblisimiz köplenç biziň günäli höweslerimiziň özüdir. Ýöne adamda abstrakt „şeýtanlyk“ bolup bilýän däldir. Ynsan kalbynda bar bolan günäli höwesler adamdan daşda bolup bilýän däldir; ynha şonuň üçin-de „iblis“ janly nusga arkaly beýan edilýändir. Günä köplenç jenabyň görnüşinde görkezilýändir (mysal üçin, Rimliler 5:21; 6:6, 17; 7:3). Şonuň üçin „iblisiň“ hem janly nusga arkaly beýan edilýändigi bellidir; munda „iblis“ şeýle hem günä degişlidir. Edil şonuň ýaly-da, Pawlus biz hakda tenimiziň içinde ikä bölnen şahsyýet ýaly aýdýandyr (Rimliler 7:15-21); munda teni bolan „iblis“ adamsy ruhy adam bulen göreşýändir. Ýöne gönümel manyda bir biri bilen göreşýän şahsyýetleriň içimezde ýokdugy doly düşnüklidir. Biziň tebigy aslyýetimiziň bu günäli bölegi Matta 6:13 „ýalançy“ sözi bilen janly nusgada beýan edilýändir; bu bibliýa iblisi manysyndadyr. 1 Korintoslylar 5:13 „ýalançyny“ aňladýan şol bir söz „azgyn“ (ýoldan çykan) diýlip terjime edilýändir. Bu adamyň günä, ýagny öz „ýalançysyna“ ýol berende, onuň „azgyn“ ýa-da „iblis“ bolýandygyny görkezýändir. „Iblis“ we „şeýtan“ syýasy kontekstdeHaçanda biziň ýaşaýan ahlaksyz günäli dünýämiz beýan edilende hem „iblis“ we „şeýtan“ sözleri ulanylýar. Adamzadyň jemgyýetçilik, syýasy we galp-dini köpbasgançaklylygy hakda hem „iblis“ manyda aýtmak bolar. Täze Ähtde iblis we şeýtan köplenç ýewreý we rim sistemalaryň syýasy we jemgyýetçilik häkimiýetine degişlidirler. Imanlylary gözenege sezewar edýän iblis barada biz şeýle okaýandyrys (Ylham 2:10); munda imanlylary gözenege salýan rim häkimiýeti göz öňüne tutulýandyr. Şu kontekstde biz şeýtanyň oturýan ýerine ýa-da tagtyna golaý ýerleşen Pergam ybadathanasy hakda okaýarys. Bu ýerde Pergamda ýerleşen rim koloniýasynyň ýerleşýän ýeri hem-de imanlylar toparynyň bolan ýeri barada aýdylýandyr. Biz eger-de şeýtan bar bolan bolsa, Pergamda onuň öz tagtynyň bolandygyny aýdyp bilýän däldiris. Ýekebara berjaý edilen günä ýeke adamyň Taňrynyň kanunyny bozmagy hökmünde kesgitlenilýär (1 Ýahýa 3:4). Ýöne Hudaýyň garşysyna syýasy we jemgyýetçilik ýaly, köpçülikleýin ýerine ýetirilen günä ýekebara günäden has güýçlidir. Käte güýçli jandar hökmünde janly nusgada beýan edilýän bu köpçülikleýin güýje iblis diýilýändir. Bu manyda, Eýran we beýleki yslam ýurtlary Birleşen Ştatlaryna „beýik şeýtan“ diýip atlandyrýarlar. Çünki bu olaryň syýasy we dini ugurlaryndaky alyp barýan işleri üçin uly garşydaşdyr. Bu Bibliýada köplenç „iblis“ we „şeýtan“ sözleriniň ulanylyşy ýaly suratlandyrylýan mysallardan biridir. Netijede, bu soraga beýlekilerden has çuňňur çemeleşmek zerurdyr. Bibiliýanyň ähli ýerinden alnan umumy netijede öz düşünjämizi esaslandyrmak zerurdyr. Iblis hakdaky ähliumumy ýaýran pikirlere degişli ýüzleý parçalary öz içine alýan birnäçe aýatlardan çynlakaý netijäni çykarmaly däldir. 6.1 we 6.2 bölümleri ýene bir gezek üns bilen okamaklyk peýdalydyr. Olarda iblis we şeýtan babatda ähli bölümlere dogry düşündirmeleri berýän şol garaýşyň gysga beýannamasy berlendir. Bu sözler adaty sypatlary ýasamak üçin ulanylyp bilner ýa-da käbir ýerlerde olar biziň öz ynsan tebigatymyzyň ýazygyna görä berjaý edilýän günä degişli bolup bilerler. Giňden ýaýran ynançlara giňişleýin goldaw bermek üçin getirilýän has ýalňyş düşünilýän parçalardan käbirleri bu babyň soňunda getirilýän Çekeleşmelerde seredilip geçilýär. |