| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
6.3 Al-Arwahlar (jynlar)Öňki iki makalalarda biz şahsyýet ýa-da elhenç jandar hökmünde, iblisiň ýa-da şeýtanyň bardyklaryna näme üçin ynanmaýandygymyzy düşündiripdik. Eger-de biz tebigatda munuň ýaly jandaryň ýoklugy hakda aýtsak, onda halk arasynda iblisiň gullary diýilýän arwahlaryň (jynlaryň) hem ýokduklary hakda kesgitli netijäni mundan çykarmak bolar. Köp adamlar Hudaýyň bize diňe durmuşdaky ähli gowy zatlary berýändigini, iblisiň we arwahlaryň (jynlaryň) bolsa, Hudaýyň bize beren ähli gowy zatlaryny elimizden alýandyklaryny hem-de bize diňe ýaramaz zatlary görkezýändigini hasaplaýarlar. Bibliýa Hudaýyň ähli güýjiň çeşmesidigini (ser. makala 6.1) hem-de Onuň biziň durmuşymyzdaky ähli gowy zatlara bolşy ýaly, erbet zatlara-da jogapkärdigini öwredýär: „Men ýagtylygy we tümlügi ýaradýaryn, parahatlygy edip, betbaglyklary-da emele getirýändirin; bularyň ählisini edýän Men, Rebdirin“ (Işaýa 45:7). „Ýerusalimiň derwezelerine Rebden betbagtçylyk indi“ (Miheý 1:12). „Şäherde surnaý welin çalynýarmyka, - we halk gorkmadymyka? Şäherde Rebbiň goýberip bilmejek betbatçylyklary bolýarmyka?“ (Amos 3:6). Şonuň üçin, haçanda biz durmuşymyzda kynçylyklara duçar bolanymyzda, biz bularyň Hudaýdan gelýändigini bilmelidiris hem-de munda iblisi ýa-da arwahlary (jynlary) aýyplamaly däldiris. Eýup Hudaýyň oňa peşgeş beren ähli zatlaryny ýitirdi, ýöne ol: „Hudaýyň maňa beren zatlarynyň ählisini bu al-arwahlar aldylar“ diýmändi. Tersine. Onuň diýen zatlaryna bir gulak asaýyň: „Beren Reb, alan hem Rebdir; goý Rebbiň adyna minnetdarlyk bolsun“ (Eýup 1:21). „Hudaýdan ýagşy zatlary kabul edenimizde, ýamany-da kabul edip bilmerismi? (Eýup 2:10). Haçanda biz ähli zatlaryň bize Hudaýdan berilýändigine göz ýetirýän bolsak, onda haçanda biziň durmuşymyzda kynçylyklar peýda bolanda biz Hudaýyň olary bizden almagyny sorap, Oňa doga-dileg edip bilýäris. Eger-de Hudaý bulary almaýan bolsa, onda Ol olary bize häsiýetimiziň ösmegi hem-de has uzak geljekde biziň gowy bolmagymyz üçin ýollaýandygy aýdyňdyr: „Oglum, Rebbiň terbiýe edişini äsgermezlik etme, Ol saňa käýände ruhdan düşme.Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir (Ol, arwahlar däldir), Ogullyga kabul edenini çalýandyr. Terbiýelenmek ugrunda kynçylyklara çydaýarsyňyz. Hudaý sizi Öz ogly kimin tutýar. Çünki haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär?Eger-de her kesiň alýan terbiýesi sizde ýok bolsa, onda siz ogul däl, nikasyz doglan oglanlarsyzňyz“ (Ýewreýler 12:5-8). Hudaý: bütin mümkin bolan güýjüň çeşmesidirHudaý ähli mümkin bolan güýjüň çeşmesidir. Hudaý diýlip terjime edilýän gadymy ýewreý sözi hakykatda güýç-kuwwatlygy aňladýandyr: „Men Reb we başgasy ýokdur; Mendan özge Hudaý ýokdur“ (Işaýa 45:5); „Menden başga Hudaý barmyka?Başga bir daýanç ýokdur, hiç birini bilmeýärin“ (Işaýa 44:8); „Reb (seniň Hudaýyň) Hudaýdyr we ondan başgasy ýokdur“ (Ikinji Kanun 4:35). Munuň ýaly aýatlar Bibliýada köp duş gelýär. Hudaý ähli mümkin bolan güýjüň çeşmesi hem-de Ol –ýeketäk Hudaý bolandygy üçin, Ol bize köplenç Özüniň gabanjaň Hudaýdygyny ýatladýandyr (mysal üçin, Çykyş 20:5; Ikinji Kanun 4:24). Haçanda Hudaýyň adamlary başga hudaýlara ynanmaga başlanlarynda hem-de haçanda olar Oňa: „Sen – beýik Hudaý, ähli zady başarýan Hudaý, ýöne hakykatda welin, Sen ýaly güýçli-kuwwatly bolmasalar-da, biz Senden başga ýene-de birnäçe hudaýlara ynanýarys“ diýenlerinde Ol gabanjaň bolmaga başlaýar. Munuň ýaly ýalňyşlygy ysraýyllylar hem goýberipdiler. Köne Ähtde ýewreýleriň özge hudaýlara-da hakyky Hudaýa ynanyşlary ýaly ynanyp, Hudaýy gam-gussa batyryşlaryny beýan edýän köp ýerleri bardyr. Bibliýadan adamlaryň häzir hem ynanýan „arwahlarynyň“ („jynlaryň) ysraýyllylaryň ynanan şol ýalan hudaýlaryna meňzeşdigi mälimdir. Al-arwahlar (jynlar) – bular butlardyrKorintoslylara birinji hatda Pawlus mesihileriň (hristianlaryň) näme üçin butparazlyk bilen iş salyşmaly däldigini ýa-da bu zeýilli zatlara ynanmaly däldigini düşündirýär. Bibliýa zamanlarda adamlar al-arwahlaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklardan ýeňip geçmek üçin tagzym etmeli bolan kiçi hudaýlar bolandyklaryna ynanypdyrlar. Bu maksat bilen olar al-arwahlaryň şekillerini ýasapdyrlar. Bular hem beýleki butlar ýaly bolupdyrlar we olar bulara-da tagzym edipdirler. Ynha şonuň üçin-de Pawlus özüniň hatynda „al-arwahlar“ we „butlar“ sözlerini özara ulanýar: „Ýöne butparazlar berýän gurbanyny Hudaýa däl-de, jynlara berýär diýýärin. Men siziň jynlar bilen şärikçilik etmegiňizi islämok... Emma biri size: „Bu butlara berlen gurbanyň etidir“ diýse, ýaňky habar bereniň we ynsap hatyrasy üçin iýmäň...“ (1 Korintoslylar 10:20, 28). Şeýlelikde, butlar we jynlar şol bir zatdyr. Olaryň gurbany „Hudaýa däl-de, eýsem jynlara (butlara)“ getirýändikleri hakda Pawlusyň adýanyna üns beriň. Diňe ýeketäk Hudaýyň bardygy üçin, jynlarda hiç hili hakyky güýjiň ýokdugyny bellemelidir. Çünki olar – hudaýlar däldir. Bu pikir 1 Korintoslylar 8:4 anyk seljerilýändir: „Butlara berlen gurbanlaryň etinden iýilmegi barada bolsa, butuň (arwaha deň derejededir) dünýäde hiçdigini, bir Hudaýdan başga Hudaýyň ýokdugyny bilýäris". But ýa-da jyn asla ýokdur. Dünýäde diňe hakyky ýeketäk Hudaý ýa-da kuwwat bardyr. Soňra Pawlus şeýle dowam edýär (aýatlar 5-6): „Çünki ýerde bolsun, gökde bolsun/ „taňry“ diýilýänler näçe bolsa-da – ençeme „tarylaryň“ we ençeme „rebleriň“ bolşy ýaly – biziň (hakyky imanlylarda) bir ata Hudaýymyz bardyr, hemme zat Ondandyr (öň aýdyp geçişimiz ýaly ähli gowy zatlar ýaly erbet zatlar-da)“. Häzir hem dürli jynlaryň (al-arwahlaryň) bardygyna ynanýan adamlar bardyr – olardan biri işi ýitirmäge kömek etse, beýlekisi bolsa, aýalynyň öýden gitmäge bahana tapypdyr. Täze äht zamanlarynda adamlaryň jynlara butlar ýa-da „hudaýlar“ ýaly ynanandyklarynyň soňky subutnamasyny Resullaryň Işleri 17:16-18 duş gelýäris. Bu ýerde Pawlusyň „butlardan doly şäher“ bolan Afinada hoş habary wagyz edendigi hakda aýdylýar. Afinanyň ýaşaýjylary hem adat bolşy ýaly köp dürli hudaýlara tagzym edipdirlr. Pawlusyň Hoş Habary wagyz edýändigini eşiden adamlar: „Ol ýat (ýagny, yäze bolan) taňrylaryň (jynlaryň) wagyzçysyna meňzeýär“ diýýärdi. Sebäbi Pawlus Isanyň Hoş habaryny we direlişi wagyz edýärdi“. Adamlar „Isanyň“ we „direlşiň“ özlerine wagyz edilen täze jynlar ýa-da butlar diýip oýlanypdyrlar. Eger-de siz babyň galan bölegini okasaňyz, onda siz Pawlusyň bu adamlara nädip wagyz etmegini dowam etdirendigini görersiňiz. 22 aýatda ol ýeşle diýýär: „Men sizi her taýdan gaty dindar görýärin“ (göni manyda: jynlara tagzym etmäge doly berilýärsiňiz). Soňra ol olara Hudaýyň olaryň jynlarynda ýa-da butlarynda ýokdugyny düşündirdi. Hudaýyň – güýç-kuwwatyň ýeketäk çeşmesidigini unutmaň. Eger-de Ol jynlarda bolmaýanbolsa, onda olarda hiç hili güý ýokdur. Çünki biziň dünýämizde güýjiň başga bir çeşmesi asla ýokdur. Şonuň üçin jynlaryň bolup bilmeýändiklerini aýtmak bolar. Köne Ähtiň al-arwahlary (jynlary) butlar bolupdyrlarKöne Ähte dolanyp gelmek bilen, biz „jynlaryň“ butlar bilen bir bolandyklaryna has köp subutnamalary tapýarys. Zebur 105:36-39 ysraýyllylaryň ýalňyşlyklary hakda aýdýar hem-de Kenganyň butlaryny jynlar bilen deňeşdirýär: „Olaryň butlaryna (ysraýyllylar) gulluk etdiler, butlar hem olara duzak boldular. Hawa, ogullaryny, gyzlaryny jynlara gurban etdiler. Kengan butlaryna gurban eden ogullarynyň, gyzlarynyň ganyny, ýazyksyz gany dökdüler; ýurt gan bilen haramlandy. Edenleri bilen murdar boldular, işleri bilen zyna etdiler“. Jynlaryň beýleki adynyň butlardygy doly aýdyňdyr. Hudaý ysraýyllylaryň jynlara tagzym etmek bilen, „edenleri bilen murdar boldular, işleri bilen zyna etdiler“ diýýär. Sebäbi olaryň jynlara bolan ynamy ynsan oý-pikirleriniň netijesi bolupdy. Olaryň döreden butlary bolsa, öz elleriniň işi bolupdy. Şeýlelikde, häzir hem jynlaryň bardygyna ynanýan adamlar hakykatda, Hudaýyň ýwredýän zatlaryna ynanman, eýsem adamlaryň oýlap tapan zatlaryna ynanýandyrlar. Ikinji Kanun Kitaby 32:15-24 Hudaýyň adamlarynyň jynlara ynananlarynda, Onuň nähili derejede gaharynyň gelýändigini şeýle beýan edýär: „Ýat hudaýlar bilen olar (ysraýyllylar) Onuň gaharyny getirdiler we hapa işleri (öz) bilen Ony gahar-gazaba mündirdiler. Gurbanlaryny hak Hudaýa getirmän, eýsem goňşylaryndan gelen hem-de atalaryňyzyň oý-hyýalyna-da gelmedik, olaryň bilmedik, täze hudaýlary bolan jynlara getirdiler... we diýdi (Reb): Öz ýüzümi olardan örterin...çünki olar azgyn nesildirler, dogrulyk bolmadyk perzentlerdir. Olar Meni hudaýlary bilen gaharymy getirmediler, özleriniň boş başagaýlyklary bilen Meni gynandyrdylar...Olaryň başyna betbagtçylyklary toplaryn hem-de Öz peýkamlarymy olara goýbererin“. Şeýlelikde, Hudaý jynlara butlar, hapa we boş başagaýlyk diýip atlandyrýar. Ol olara ynanmaz ýaly we janly däldigi aňladýan atlary dakýar. Jynlara bolan ynam Hudaýa bolan imanyň ýokdugyny görkezýändir. Hudaýyň biziň durmuşymyza diňe bir ýagşy zatlary ýollaman, eýsem erbet zatlary hem ýollaýandygyna ynanmak elbetde kyn düşýär. Erbet zatlaryň başga birinden ýollanýandygyny pikir etmek aňsatdyr. Çünki eger-de biz erbet zatlaryň bize Hudaýdan gelýändigini aýtsak, onda biz bu ýaramaz zatlary Hudaýyň bizden yzyna aljakdygyna ýa-da ahyrsoňunda munuň biz üçin çeni-çägi bolmajak ýalkanma boljakdygyna ynanmalydyrys. Jynlar (al-arwahlar) Köne ÄhtdeÝöne siz: „Köne Ähtde jynlar barada anyk aýdýan parçalar hakda nämeler aýdyp bilersiňiz?“ diýip sorap bilersiňiz. Ýöne bir ýagdaý düýbünden aýdyň bolmalydyr: Bibliýa öz-özüne garşy çykýan däldir; ol ähli zatdan belentde bolan Hudaýyň Sözüdir. Eger-de bize Hudaýyň bize kynçylyklary ýollaýandygyny hem-de Onuň ähli güýjüň çeşmesi bolup durýandygyny aýtsalar, onda Bibliýa jynlaryň Hudaýyň garşysyna gidýän we şol bir wagtyň özünde-de bize ähli betbagçylyklary we kynçylyklary getirýän kiçijik hudaýlardygyny aýdyp bilýän däldir. „Jynlar“ diýlen söz Köne Ähtde baryýogy diňe dört gezek gabat gelýär we bular hemişe butlara tagzym etmek bilen baglanyşykly bolan kontekstde aýdylýandyr. Ýöne Täze Ähtde bu söz has köp duş gelýär. Biz muny haçanda Hoş Habaryň ýazylan wagty, adamlaryň arasynda düşnüksiz bolan islendik keseliň jynlar tarapyndan ýollanýandygyna dörän ynamyň bolandygy bilen baglanyşdyrýandyrys. Eger-de jynlar hakykatdan hem bar hem-de biziň kesellerimize we näsazlyklarymyza günäkär bolan bolsalar, onda bu hakda Köne Ähtde hem aýdylardy hem-de bu oňa has köp agzalyp geçilerdi. Ýöne biz bu kontekstde jynlar barada asla okamaýarys. Jynlar (al-arwahlar) Täze ÄhtdeHaçanda biz kimdir-birinden jynlaryň çykarlandygy hakda okanymyzda, biz bu jyn çykarylan adamalryň akyla zeper ýeten nähilidir bir näsazlykdan ýa-da şol döwürde düşünmedik kesellerden saplanmaga sezewar bolandyklaryny bilýäris. Biziň eramyzyň birinji asyrynda ýaşap geçen adamlar özleriniň düşünmedik zatlarynyň ählisinde jynlary aýyplamaga endik edipdirler. Akyla zeper ýeten keseller adamlaryň şol döwürdäki lukmançylyk bilimleriniň derejesine görä düşünüksiz bolupdyr. Şonuň üçin şol zeýilli syrkawlara „jyn uran“ diýipdirler. Köne Äht zamanynda akyl taýdan yza galan adamlar hakda erbet ýa-da zalym ruhuň täsirine düşenler diýipdirler (Kazylar 9:23; 1 Patyşalyklar Kitaby 16:14; 18:10). Täze Äht zamanynda zalym ruhlara/jynlara eýe bolmak hakda aýdylan sözler aňa zeper ýetmekden ejir çekýän adamlara degişli bolupdyr. Jynlar we keselleriň arasyndaky baglanyşyk şu aýatlarda görkezilendir: „Agşam düşende arwah-jyn uran köp adamalry Onuň (Isanyň) ýanyna getirdiler. Ol hem bir söz bilen erbet ruhlary çykardy, syrkawlaryň hemmesini sagaltdy. Bütin bular Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçin boldy: „Biziň ejizliklerimizi Öz üstüne aldy, syrkawlyklarymyzy Öz gerdeninde çekdi“ (Matta 8:16-17). Şonuň üçin adamlaryň syrkawlyklary hem-de keselleri – bu „jynlarda“ we „erbet ruhlarda“ bolmak diýen ýalydyr. Adamlar Isa aklyndan azaşandyr öýdüpdirler hem-de Onda jynyň bolmagy mümkin diýipdirler: „Ol Jynly, däliräpdir“ (Ýahýa 10:20; 7:19,20; 8:52). Syrkawlara şypa berilşi„Jyn urulmadan“ saplananlaryndan soň adamlar özleriniň „sagdyn aklyna“ gaýdyp barypdyrlar. „Jyn uran“ bolmak akyl taýdan näsag diýmekligi aňladypdyr. Hoş Habarda „jyn uranlaryň“ sagalyp bilendikleri hakda aýdylýar. Munda „jyn uran“ keseli beýan etmegiň başga bir usulyny görkezýändir. Luka 10:9 Isanyň öz ýetmiş şägirtlerine „syrkaw bolanlary“ sagaltmagy buýrandygyny hem-de olaryň muny ýerine ýetirendiklerini okaýarys. Haçanda olar gaýdy gelenlerinde, olar: „Reb! jynlar Seniň adyňdan bize boýun bolýarlar“ diýdiler. Bu ýerde jynlar ýene-de keseller bilen deň manyda gelýär. Resullar käte syrkawlara Isanyň adyndan şypa beripdirler (Resullaryň Işleri 3:6; 9:34). Şu döwrüniň diliŞeýlelikde, biz Täze Ähtde akyl taýdan näsazlyk ýa-da hiç kimiň düşünmedik keselleri bolan „jyn uran“ adamlary beýan etmek üçin öz döwrüniň diliniň ulanylýandygyny görýäris. Bibliýa adamlaryň düşünip biljek dilinde ýazylandyr. Biziň dilimizde akyl taýdan syrkaw adamyny beýan etmek üçin „lunatik“ sözi bardyr. Göni manyda bu syrkawyň „aýyň urmasyna“ uçrandygyny aňladýandyr. Mundan köp ýyl öň adamlar eger-de adamyň aý tegelenende gije öýünden daşa çykyp aýlansa, onuň aý urmasyna uçrap biljekdigine hem-de akyl taýdan syrkawlap biljekdigine ynanypdyrlar. Häzir bolsa, biz „lunatik“ sözüni dälirän adamy beýan etmek üçin ulanýarys. Ýöne bu däliligiň aýyň täsir etmeginiň netijesidigine ynanýanymyzy aňladýan däldir. Eger-de bu sözleriň iki müň ýyl geçenden soňra ýene-de okaljakydygyny hem-de şol döwre çenli Isanyň dolanyp gelmejekdigini çak etsek, onda şondaky adamlar aýdan adamlaryň dälirändigine biziň hem ynanandygymyzy çak ederler. Ýöne olar munda dogry bolmazdylar. Çünki biz Isanyň iki müň ýyl mundan ozal edişi ýaly, diňe öz döwrümiziň dilini ulanýandyrys. Edil munuň ýaly-da, biz „keramatly Wittanyň tansy“ ýaly nesilden-nesle geçýän keseller hakda aýdýandyrys. Emma bu asla „tansy“ aňladýan däldir. Ýöne biz bu keseli şeýle atlandyryp, ýöne öz döwrümiziň dilini ulanýandyrys. Isa Mesihiň 25 Dekabrda dogulmadyhy aýdyňdyr. Ýöne muňa garamazdan, haçanda häzirki döwrüň ýazyjylary bu gün hakda aýdanlarynda, olar „Rojdestwo güni“ sözlerini ulanýarlar. Ýöne men bu güni Mesihiň doglan güni ýaly bellemelidigimize ynanmaýaryn. Hepdäniň günleriniň atlary hem köp hudaýly milletleriň butparazlygyna esaslanadyr. Mysal üçin, „ýekşenbe“ güne tagzym edilýän güni, „şenbäniň“ Saturn planetasyna tagzym edilýän güni, „duşenbe“ aýa tagzym ediýän güni we ş.m. aňladýandyr. Biz bu sözleri ulanmagymyz bilen, biziň häzirki dilimizi ilkibaşda döreden şol adamlaryň butparaz imanyna boýun bolýandygymyzy aňladýan däldir. Ýezekiliň döwründe Ysraýyl topragynyň özünde ýaşaýan adamalara betbagtçylyklary getirýändigi barada rowaýat bolupdyr. Bu nädogry bolupdy. Ýöne Hudaý ysraýyllylaryň pikiri bilen ylalaşýan ýaly bolup, şol wagt halkyň arasynda giňden ýaýran şol ideýany ulanýar: „Reb Hudaý şeýle diýýär: siz barada şeýle adýanlary üçin: „sen-adamlary ýuwudýan hem-de öz halkyňy balasyz edýän topraksyň“: indi gaýdyp adamlary ýuwudmarsyň... diýýär Reb Hudaý“ (Ýezekil 36:13-14). Şol zamanda şeýle hem deňziň bütin topragy ýuwutmak isleýän äpet bir elhenç nägehandygy hakda meşhur ynam giňden ýaýrapdyr. Bu düýbünden ýalňyş bolsa-da, Bibliýada ilkibaşdaky okyýjylara göz öňüne getirilýän bu pikire düşündirmäge kömek üçin, onuň bilen baglanyşykly zatlaryň aýdylyp geçilmeleri köplenç duş gelýändir (ser. Иов 7:12; Amos 9:3; Ýeremiýa 5:22; Zebur 90:10; Abakum 3:10; Matta 14:24; Markus 4:37-39). Assiriýanyň rowaýatynda elhenç deňiz nägehanyna Raawom diýlip atlandyrylypdyr. Edil şunuň ýaly at Işaýa 51:9 Müsüriň deňiz nägehanysyna-da hem berlipdir. Bibliýa – bu Hudaý tarapyndan ruhlanan Mukaddes Ýazgysy bolandygy üçin, özüniň ýazylan döwründe bar bolan butparaz ugurlary onuň görkezendigi asla mümkin däldir. Hudaý Özüniň ýeketäk kuwwatly çeşmedigini hem-de ähli zatlary ýerine ýetirmäge diňe Özüniň ygtyýarlydygyny görkezmek üçin şol zamandaky ynançlary bilgeşleýin ulanan bolmagy ähtimaldyr. Şeýlelikde, Hudaý bu ýerde dünýäde adamlaryň Hudaýyň güýjüne deň gelmeýärmiş hem-de bu güýjüň ýamanlykdygyny aýdýan esasy ýalňyşlygy düzedýändir. Şol bir wagtyň özünde-de Bibliýa öz çäginden daşa çykýan däldir hem-de deňizde ýaşaýan elhenç nägehan ýa-da deňziň özüniň nägehandygy baradaky ynançlary ýazgarýan däldir. Asmandaky ýyldyrym çakmalary we gök gürrüldili gara bulutlary „tiz içýan“ ýaly suratlandyrmak hem başga bir mysal bolup biler (Eýup 26:13). Bu ýyldyrym çakmalaryň we gorkuly gök gürrüldili gara bulutlaryň içýana meňzeş bolmagy hakda aýdylýan şol döwürdäki butparaz ynançlara degişli bolandygy aýdyňdyr. Munuň ýaly parçalar bu zeýilli pikirleriň ýalanlygyny puja çykarmakçy hem-de ylym taýdan oňa düşündiriş bermekçi bolýan hem däldir. Muňa derek, olar Hudaýyň ähli tebigy hadysalaryny dolandyrýandygyna ýörelge berýändir. Mesihiň şol döwürde bar bolan jynlar babatdaky garaýşy hem edil munuň ýaly bolupdyr. Onuň gudratly işleri Hudaýyň güýjüniň bütinleý doludygyny hem-de „jynlar“ diýlip atlandyrylýan adam yrymlary bilen baglanyşykly däldigini anyk görkezipdir. Täze Ähtde „jynlaryň“ beýan edilmesine ynanýan adamlar olaryň bardygyny tassyklaýan bolsalar, onda olar deňziň hem elhenç bir nägehandygyna we asman ýyldyrymynyň bolsa, hakykatdan hem ullakan içýandygyna ynanmalydyr. Bu ýerde Bibliýanyň öz döwrüniň dilinde ýazylandygyny ýene-de bir gezek nygtamalydyr. Ýöne ol diliň esasyny düzýän şol ynançlary tassyklaýan däldir. Biziň eýýäm aýdyp geçişimiz ýaly, munuň ýaly aýratynlyk biziň öz dilimize-de mahsusdyr. Bibliýa Hudaýyň ähli zady başarýandygy, durmuşdaky biziň ähli näsazlyklarymyza jogapkärdigi, günäniň biziň özümizden döreýändigi we ýokarda ähli aýdylan zatlaryň Hudaýyň bizi halas etmekdäki beýikligini tassyklaýandygy barada 6.1 we 6.2 bölümlerde aýdylyp geçilen esasy hakykatlary tassyklamak üçin ähli zady edýändir. „Ýokary tankytçylar“ diýilýän adamlar Mukaddes Ýazgynyň diliniň hem-de Bibliýada gürrüň berilýän şol döwürüniň yrymly ynançlarynyň arasyndaky baglanyşyga hemişe salgylanýandyrlar. Bu doly düşnüklidir. Çünki Bibliýa ýerli ynançlaryna bolan salgylanmalary öz içine alýan dilde ýazylandyr. Ýöne bu pygamberleriň dilleriniň aýdan ruhlanan sözleri ilkinji bolup okanlara mälim bolan ähli maýda ynsan ynançlardan-da beýik, deňi-taýy bolmadyk Ýahweniň ýeketäk Hudaýdygyny nygtamak üçin edilendir. Bu hakda pikir edilende, Bibliýada öz döwrüniň dilinde ulanylan ummasyz sanly mysallaryna we olaryň düzetmekçi hem bolunmadygyna haýran galýarsyň. Aşakda käbir mysallar berilýär:
Hakykatdan hem jynlar kesellere sebäp bolýarmykalar?Jynlaryň bardygyna ynanýan her bir adam öz-özüne şeýle soragy bermelidir: „Men syrkawlan mahalym, meniň syrkawlygy jynlar berýärmikä?“. Eger-de siz Täze Ähtde aýdylýan jynlary daş-töweregimizde aýlanyp ýören hem-de ýamanlygy getirýän hudaýjyklar hasaplasyňyz, onda siz elbetde soraga: „Hawa“ diýip jogap bermelisiňiz. Emma, pikir edişiňize görä, jynlaryň döredýän köp keselleriň häzir bejerilip bilýandigini ýa-da derman serişdeleri arkaly gözegçilik edilip bilýändigini siz nädip düşündirip bilerkäňiz? Gyzzyrma keseli muňa iň oňat mysal bolup biler. Afrikada adamlaryň köpüsi şu çaka çenli diýen ýaly gyzzyrma keselini jynlaryň emele getirýändiklerine ynanyp gezipdirler. Ýöne bu keseli hinin ýa-da başga derman serişdeleri bilen bejerip bolýandygyny biz bilýändiris. Siz ýa-da haçanda jynlar kiçijik derman girdejekleriniň Siziň bokurdagyňyzdan geçişlerini görenlerinde, gorkuşyp, uçup gidýändirler öýdýärsiňizmi? Isanyň bejeren ýa-da jyn urmanyň netijesi hökmünde beýan edilen käbir keseller bürmek ýa-da garaguş keselleri hökmünde kesgitlenendirler. Bu keselleriň ikisini-de dermanlar arkaly bejirip bolýandyr. Meniň dostum Kampala (Uganda) şäherinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän obadan gaýdyp geldi. Ol bize gyzzyrma keselini jynlardan görýän ol ýerdäki adamlaryň ynamlary hakda gürrüň berdi. Haçanda olar demanlaryň bu keseli tiz bejerýändiklerini görenlerinde, olar jynlara ynanmaklaryny bes edipdiler. Ýöne welin, haçanda adam serebral gyzzyrmasy bilen syrkawlanda (aňyň işlemegine çynlakaý zeper ýetirýän kesel), olar ýene-de jynlary aýyplamaga başlapdyrlar. Golaý şäherden gelen lukman gyzzyrma garşy güçýçli täsirini ýetirýän dermany olara hödürläpdir. Ýöne olar jynlar bilen göreşmek üçin aýratyn bir zadyň gerekdigini aýdyp, mundan ýüz öwüripdirler. Lukman mundan biraz soňra ýene-de dolanyp gelip: „Mende jynlary kowup çykarýan derman bar“ diýipdir. Syrkaw uly höwes bilen bu dermany alypdyr we özüni ýagşy duýmaga başlapdyr. Dermanyň ikinji girdejigini atanda hem, edil birinji gezekde bolşy ýaly bolupdyr. Lukman jynlara ynanmandyr. Ýöne ol 2000 ýyl mundan ozal Reb Isanyň „Beýik Lukman“ bolşy ýaly, syrkawa golaýlaşmak üçin şol adamlaryň dilini ulanypdyr. |