|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

Bölüm 2

„Isa Mesihiň ady baradaky Hoş habary wagyz edýän...“ (Resullaryň Işleri 8:12)

Bap 7

Isanyň döreýşi

7.1 Köne Ähtiň Isa baradaky welilikleri

3 bapda Hudaýyň adamlary halas etmek baradaky maksadynyň Isa Mesihde jemlenendigi düşündirilipdi. Onuň How Enä, Ybraýyma hem-de Dawuda beren wadalarynda Isanyň olaryň göni mirasgäri hakda aýdylypdy. Dogrudanam, bütin Köne Äht Mesihiň geljekdigini öňünden aýtmaga gönükdirilipdi. Ysraýyllylaryň Mesih döremezden öň ýöretmeli bolan Musanyň Kanuny hemişe Ol hakda welilik edipdir: „...kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy“ (Galatýalylar 3:24). Şeýlelikde, ýewreý Pashasynda kemi bolmadyk guzy soýulmaly bolupdy (Çykyş 12:3-6). Bu guzy Isanyň gurban bolmagynyň nyşany bolupdy: „Ine, şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr“ (Ýahýa 1:29; 1 Korintoslylar 5:7). Gurbanlyk getirilmeli bolan mallaryň birkemsizligi we arassalaygy Isanyň kemçiliksiz häsiýeti hakda şaýatlyk edipdi (Çykyş 12:5, 1 Petrus 1:19 bilen deňeşdiriň).

Köne Ähtiň mezmurlarynda we pygamberliklerinde Mesihiň nähili boljakdygy hakda öňden aýdylan ummasyz weliliklerden dos-doludyr. Bular aýratyn-da Onuň nädip öljekdigine gönükdirilendirler. Iudeýleriň Mesihiň ölümi hakdaky ideýany kabul etmekden ýüz döndermesi bu weliliklere diňe üns bermezlik bilen baglaşyp biler. Aşakda bulardan birnäçeleri mysal getirilýär:

Köne Äht welilikleri

Mesihde berjaý bolmagy

„Hudaýym, Hudaýym, (maňa garasana) näme üçin meni terk etdiň?“ (Zebur 22:1).

Edil şu sözleri Mesih haçda aýdypdy (Matta 27:46).

„Emma men bir gurçuk, ynsan däl; men ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni. Meni görenleriň ählisi maňa gülýär; olar dodak çöwrüp, baş ýaýkap: „Rebbe daýandy, goý ony Ol halas etsin, goý ony Ol azat etsin, çünki Oňa ýaraýar“ diýýärler“ (Zebur 22:6-8).

Ysraýyllylar Isa sögüp, Onuň üstünden güldüler (Luka 23:35; 8:53); olar başlaryny ýaýkadylar (Matta 27:39), haçanda Ol haça çüýlenende, Oňa bulary diýdiler (Matta 27:43).

„Dilim kentlewwügime ýapyşdy…(olar) ellerimi, aýaklarymy dildi“ (Zebur 22:15-16).

Bu Mesih haçda suwsanda berjaý boldy (Ýahýa 19:28). Elleri we aýaklary dilmeklik haça çüýlenmegiň fiziki usulyna degişlidir.

„Eşiklerimi özara paýlaşýarlar, eginbaşym üçin bije atyşýarlar“ (Zebur 22:18).

Bu sözleriň sözme-söz berjaý bolmagy Matta 27:35 görkezilendir.

Zebur 21:23 aýatynyň Isa Ýewreýler 2:12 aýatda aýratynda gabat gelýändigine üns beriň.

„Doganlaryma bigäne, ejemiň ogullaryna keseki boldum. Çünki Seniň öýüňe yhlaslylyk meni iýdi, Seni ryswa edýänleriň ryswalygy üstüme ýykyldy“ (Zebur 69:8-9).

Bu sözler Onuň ýewreý doganlaryndan hem-de öz şahsy maşgalasyndan aýralyk duýgysyny gowy beýan edýändir (Ýahýa 7:3-5; Matta 12:47-49).

„Olar nahar ýerine maňa öt berdiler, suwsanymda sirke içirdiler“ (Zebur 69:21).

Bu haçanda Mesih haçda bolan wagty bolup geçdi (Matta 27:34).

Işaýa pygamberiň kitabynyň ähli 53 baby tutuş Mesihiň özlümi we direlşi baradaky adaty bolmadyk pygamberlikdir; onuň her bir aýaty hakykatda bolan zatlara gös-göni gabat gelipdir. Aşakda bu bapdan diňe iki mysal berilýändir:

„Ony edil soýuljak goýun kimin äkitdiler, gyrkylmagyň öň ýany dilsiz-agyzsyz goýun ýaly bolup, Ol Ýzüniň dilini hem ýarmady“ (Işaýa 53:7).

Taňrynyň Guzusy Isany aýyplanlarynda, hiç bir jogap bermedi (Matta 27:12-14).

„Oňa zalymlar bilen tabyt bellediler, ýöne Ol baýyň ýerinde jaýlandy“ (Işaýa 53:9).

Isa garakçylar bilen bir wagtda haça çüýlendi (Matta 27:38), ýöne Ol baý adamyň mazarynda jaýlandy (Matta 27:57-60).

Şonuň üçin-de, Täze Ähtiň bize Köne Äht „kanunynyň we pygamberleriniň“ biziň Mesihe akyl ýetirmegimiz üçin esas bolup ýardam edýändigini ýatladýandygy geň däldir (Resullaryň Işleri 26:22; 28:23; Rimliler 1:2-3; 16:25, 26). Eger-de biz „Musa we pygamberlere“ dogry düşünmesek, biziň Özüne düşünip bilmejegimizi Isanyň Özi duýdurypdy (Luka 16:31; Ýahýa 5:46-47).

Musanyň Kanunynyň Mesihi aňladandygy we pygamberleriň Ony öňden aýtmaklary baradaky şol fakt Isanyň dünýä inmezden ozal, fiziki taýdan bolmadygyna ýeterlikli derejedäki subutnama bolup ýardam edýändir. Mesih heniz dünýä inmezden öň hem „bolanmyş“ diýlen ýalan taglymat Onuň How Enäniň, Ybraýymyň hem-de Dawudyň „tohumy“ (neberesi) boljakdygy hakdaky gaýtalanyp gelýän wadalary ähmiýetsiz edýändir. Eger-de Ol şol wadalar berlen döwür eýýäm asmanda bolan bolsa, onda Hudaý nesliň Mesih boljakdygy barada bu adamlara beren wadasynda nädogry bolardy. Matta 1 we Luka 3 berilýän Isanyň geneologiýasy Hudaýyň bu wadalary beren adamlaryna çenli Onuň nesil yzarlap, nähili geçip gelendigini görkezýär.

Dawuda Mesih babatda berlen wadada, Onuň bu wada berlen wagty nahilidir bir fiziki taýdan bolup geçendigini aradan aýyrýandyr: „Men seniň biliňden önjek seniň tohumyňy (nesliňi) senden soň berkarar ederin... Men onuň tasy bolaryn we ol bolsa, Meniň oglum bolar“ (2 Patyşalyklar 7:12, 14). Bu ýerde geljek zamanyň ulanylyşyna üns beriň. Eger-de Hudaýyň Mesihiň Atasy boljakdygy belli bolsa, onda bu wadanyň berlen wagty Hudaýyň Oglunyň eýýäm bar bolandygyny göz öňüne getirmek mümkin däldir. Nesliň „seniň biliňden önjekdigi“ baradaky jümle onuň gös-göni Dawudyň neslinden boljakdygyny görkezýändir. „Reb Dawuda: „Tagtyňda seniň biliňden öneni oturdaryn...“ diýip, çyndan kasam etdi“ (Zebur 131: 11).

Bu wesýetiň berjaý bolmak bijesi ilkinki bolup Süleýmana düşmelidi. Emma bu wesýet berlen wagty onuň eýýäm fiziki taýdan bar bolandygy (2 Patyşalyklar 5:14) sebäpli, bu wesýetiň degişli bolan esasy adamsy Dawudyň fiziki nesli bolupdy we Taňrynyň Ogly – Mesih (Luka 1:31-35). Men „Dawuda dogruçyl Nesli“, ýagny Mesihi berkarar ederin.

Geljek zaman şeýle hem Mesihe degişli bolan beýleki pygamberliklerde-de ulanylýandyr. „Men olara (ysraýyllylara) olaryň doganlarynyň içinden (Musaňkylardan) Pygamberi goýaryn“ (Ikinji Kanun 18:18) diýlen aýatdaky „Pygamber“ sözi Isa hökmünde kesgitlenýändir. „Bir gyz (Merýem) göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emanuýel dakarlar“ (Işaýa 7:14). Mesihiň dünýä inmesi bilen, bu weliligiň berjaý bolandygy aýdyňdyr (Matta 1:23).


 
Index