| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
|
7.2 Päk Gyzdan dogulmasy Mesihiň göwrede döreýşiniň we dogulşynyň beýan edilmesi Onuň mundan öň hem bolandygy baradaky pikirler bilen asla gabat gelýän däldir. „Üçbirlik“ baradaky ýalan teoriýany ykrar edýän adamlar birwagt asmanda üç sany janly zadyň bolandygyny we soňra bolsa, olaryň biriniň ýok bolup, nähilidir bir usul arkaly Merýemiň göwresinde düwünçege öwürlendiginiň hem-de asmanda-da diňe beýleki ikisiniň galandygynyň netijesine gelmäge mejbur bolýarlar. Biziň eýýäm belläp geçişimiz ýaly, Mukaddes Ýazgyda Hudaý bilen hem birlikde, her bir janly zadyň fiziki bedenli bolýandygy ýazylypdy. Şuňa görä-de, bize Mesihiň nähilidir bir fiziki ýol arkaly asmandan inip, Merýemiň göwresine girendiginiň netijesine geläýmek galýar. Ähli bu çylşyrymly teologiýa Mukaddes Ýazgynyň çäginden daşdadyr. Mesihiň başlangyjy baradaky ähli aýdylanlar Onuň fiziki ýagdaýda asmany terk edip, Merýemiň göwresine girendigi hakda pikir etmäge hiç hili esas döredýän däldir. Bu çaklamanyň suburnamasynyň ýoklugy üçbirlik baradaky teoriýada uly „ýok bolýan bölegi“ düzýändir. Jebraýyl Perişde Merýemiň ýanynda şeýle habar bilen peýda boldy: „Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler... Merýem Perişdä diýdi: „Bu nähili bolar? Men äre baramok“ (ýagny, ol durmuşa çykmadyk päk gyz bolupdy). Perişde oňa jogap berip diýdi: „Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak Mukaddes Hudaýyň Ogly diýler“ (Luka 1:31-35). Isa Özüniň dogulşynda Hudaýyň Ogly boljakdygy iki gezek nygtalýar. Hudaýyň Oglunyň Özüniň dogulmazdan öň bar bolmadykdygy aýdyňdyr. Köp ýerlerde geljek zamanyň ulanylşyny ýene-de bir gezek bellemelidir, mysal üçin, „Ol uly bolar“. Eger-de Isa Perişdäniň bu sözleri Merýeme aýdan wagty eýýän fiziki ýagdaýda bar bolan bolsa, onda Ol şol wagt eýýäm uly bolardy. Isanyň göwrede emele gelşi Mukaddes Ruh arkaly (Taňrynyň demi/güýji bilen) Merýem erkek adam bilen jyns gatnaşykda bolmazdan, Isany göwresinde emele getirmäge ukyply boldy. Şeýlelikde, Ýusup Isanyň hakyky atasy bolmandy. Mukaddes Ruhuň adam däldigine hem düşünmelidir (ser. 2 baby), Isa Mukaddes Ruhuň Ogly bolman, eýsem Hudaýyň Ogludy. Özüniň Taňry Ruhy bilen Merýeme täsir ýetirmegi sebäpli, ondan „şonuň üçin Mukaddesiň dogran“ dünýä inene „Hudaýyň Ogly“ dakyldy (Luka 1:35). „Şonuň üçin“ sözüniň ulanylmasy Merýemiň göwresine täsir eden Mukaddes Ruh bolmazdan, Hudaýyň Ogly Isanyň dogulyp bilmejekdigi hakda aýdýar. Isanyň Merýemiň göwresinde „emele gelmeginiň“ (Luka 1:31) özi-de Onuň mundan öň fiziki ýagdaýda bolup bilmejekdigini tassyklamaga ýardam berýär. Eger-de biz bir ideýany „göwrämizde emele getirsek“, onda bu biziň içimizde bolar. Edil şonuň ýaly-da, Isa Merýemiň göwresiniň içinde emele getirildi. Ol ol ýerde edil beýleki adamlaryň bolşy ýaly, düwünçek ýaly bolup başlady. Bibliýadyky Ýahýanyň iň meşhur aýaty (3:16) Isanyň Hudaýyň „ýeketäk Ogly“ bolandygyny aýdýandyr. Bu aýaty okaýan milliýnlarça adamlar munuň manysyna aýratyn bir üns hem bermeýärler. Eger-de Isa „ýeketäk“ bolan bolsa, onda Ol öz „dogulşyny“ („ýeketäk“ sözüne golaý bolan söz) Özüniň Merýemiň göwresinde eýýäm emele getirilen wagtyndan başlady. Eger-de Isanyň Atasy Hudaý bolýan bolsa, onda bu Onuň Atasynyň Onuň Özünden has uly bolandygyna anyk subutnama bolardy. Çünki Hudaýyň başlangyjy ýokdur (Zebur 90:2). Şonuň üçin-de, Isa Hudaýyň Özi bolup bilmez (bu hakda 8 bapda has jikme-jik aýdylýandyr). Isanyň edil ilkibaşdaky Adam Ata ýaly ýaradylman, eýsem Hudaý tarapyndan „dünýä inderilendigi“ wajypdyr. Bu Hudaýyň Isa bilen ýakyn baglanyşygyny düşündirýär. „Hudaý dünýäni Özi bilen mesihde ýaraşdyrdy“ (2 Korintoslylar 5:19). Isa ýönekeý toprakdan ýaradylman, eýsem Hudaý tarapyndan dünýä inderilendigi baradaky fakt bize Öz Atasy Hudaýyň ýoluny eýermäge Onuň özboluşly häsiýetine düşünmäge ýardam berýär. Işaýa pygamber 49:5 aýatda Mesih babatda dünýäniň ýagtylygy hökmünde welilik berýär. Bu öňden aödylan weliligi Isa berjaý etdi (Ýahýa 8:12). Mesih: „Meni göwrede Özüne gul edip emele getiren Reb“ diýýär (Işaýa 49:5). Şeýlelikde, Mesih Hudaý tarapyndan Merýemiň göwresinde Öz Mukaddes Ruhunyň güýji arkaly „emele getirildi“. Merýemiň göwresiniň Isanyň fiziki başlangyjynyň ýeri bolandygy aýdyňdyr. 7.1 bapda belläp geçişimiz ýaly, Zebur 21 baby Mesihiň haçdaky pikirleri hakda weliligi berýär. Ol şeýle pikir edýär: „Sen (Hudaý) meni ýatgydan çykaran... Men doglanymda Saňa atyldym; ejemiň göwresinden çykalym bäri Hudaýym Sensiň“ (Zebur 22:9-10). Mesihiň ölmezinden öň ýany Özüniň gelip çykyşy hakda ýatlady – Merýem ejesiniň ýatgysynda Hudaýyň güýji bilen ýaradylandygyny ýatlady. Hoş Habarda Mesihiň enesi hökmünde Merýemiň beýan edilmesiniň özi-de Merýemiň Ony dogurmazdan öň Özüniň bar bolandygy baradaky her bir pikiri puja çykarýandyr. Merýem adaty bir ynsan bolupdy. Onuň ene-atasy hem adaty adamlar bolupdyrlar. Merýemiň doganoglany ýönekeý adam bolan Ýahýa Çokundyryjyny dogurypdy (Luka 1:36). Rim-katoliki ybadathanasynyň Merýemde adaty ynsan özboluşly häsiýetiň ýokdugy baradaky taglymaty Mesihiň „adam ogly“ ýaly bolup bilmeýşi ýaly-da, Hudaýyň hem Ogly däldigini aňladýandyr. Bu titullar köplenç halatda Täze Ähtiň ähli ýerinde duş gelýär. Onuň hakyky ynsan enesiniň bolandygy üçin „ynsan ogly“ bolmagy hem-de Hudaýyň Merýeme Mukaddes Ruh arkaly täsir edendiginiň netijesinde Ol „Hudaýyň Ogly“ bolupdy (Luka 1:35) we bu hem Onuň Atasynyň Hudaýdygyny aňladypdy. Eger-de Merýemiň adaty zenan bolmadygy çaklansa, bu ajaýyp gurluşygyň soňy geler. „Päk bolmadykdan kim päk bolup doglar? Hiç bir kişi... Adama päk bolar ýaly, ol nämekä? hem-de aýal bolup doglan nädip päk bolar?“ (Eýup 14:4; 15:14; 25:4). Bu Merýemiň we şeýle hem Isanyň päkligi babatda ýüze çykan islendik şübhäni aýryp bilýändir. Adaty ynsan ene-atadan „aýal bolup doglan“ Merýemde biziň päk bolmadyk ynsan tebigatynyň bolandygy we ony Isa hem geçirendigi ähtimaldyr (Galatýalylar 4:4). Isanyň „aýaldan dogulandygy“ baradaky sözler Onuň fiziki sypatda bolup bilmedigini tassyklamaga geljekde ýardam berýandir. Çünki Ol mundan öň Merýemden dogulmandy. Hoş Habarda köplenç Merýemiň ynsan aslyýeti nygtalýandyr. Merýemde ruhy düşünmekligiň ýoklugy üçin Isa oňa iň bolmanda azyndan üç gezek igenmelidi (Luka 2:49; Ýahýa 2:4); Merýem Isanyň aýdýan zatlarynyä ählisine düşünmändi (Luka 2:50). Taňrynyň Oglunyň enesi bolup, adaty ynsan häsiýetlerine mahsus zenanyň bu zeýilli bolmagy geň däldir. Şonuň üçin Isada hem adam tebigaty bolsa-da, ruhy taýdan akyl ýetirmekde Ol enesinden has aýradyr. Mesih dogulandan soň Ýusup Merýem bilen jyns gatnaşygynda ýaşapdyr (Matta 1:25). Şonuň üçin mundan soň olaryň adaty är-aýal gatnaşyklarynyň bolmandygy hakda oýlanmaga hiç hili esas ýokdur. Matta 12:46-47 Mesihiň „enesini we öz doganlaryny“ agzamagy Isadan soň Merýemiň başga çagalarynyň hem bolandygyny aýdýandyr. Isa onuň diňe ilkinji çagasy bolupdyr. Merýemiň gyzlygyna galyp, soňra bolsa, asmana göterilendigi barada nygtalýan katoliki taglymaty Bibliýada asla duş gelýän däldir. Beýleki adaty adamlar ýaly, Merýem garrap ölmeli adam bolupdy. Mundan başga-da, Ýahýa 3:13 biz: „Hiç kim asmana göterilmedigini“ okaýarys. Mesihde ynsan tebigaty bolmagy (ser. Ýewreýler 2:14-18, Rimliler 8:3) Onuň enesinde hem şonuň ýaly tebigatyň bolandygyny aňladýandyr. Munuň tersine, Onuň Atasynda bu ynsan tebigaty bolan däldir. |