|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

7.3 Mesihiň Taňrynyň planyndaky orny

Hudaý Öz planlaryny howlukmaçlyk bilen ýerine ýetirýän däldir hem-de wagtyň geçmegi bilen olaryň üstüni ýetirmekçi hem bolýan däldir. Onuň plany dünýä ýaradylan pursatyndan bäri eýýäm taýýardyr (Ýahýa 1:1). Ogul edinmek islegi Onuň planynda ilkibaşdan bäri bolupdy. Bütin Täze Äht Hudaýyň Mesihdäki gutulma planynyň dürli taraplaryny aýan edýär.

Biz Köne Ähtdäki wadalaryň beýannamalarynda, pygamberleriň weliliklerinde hem-de Musanyň Kanunynyň hatlarynda Hudaýyň niýetiniň hemişe Mesihde aýan edilýändigini köplenç belläp geçipdik. Dünýäniň ýaradylşynyň özüni Hudaý berjaý etdi. Çünki Ol Oglunyň boljakdygyny bilipdi. Hudaýyň tarapyndan ýaradylan ynsan taryhynyň bütin asyrlary Mesih arkaly geçýändir (Ýewreýler 1:2). Şonuň üçin köp ýyllaryň dowamynda Hudaýyň adama bolan ylhamy Köne Ähtde aýdylşy ýaly, doly derejede Mesihe salgylanýandygynyň netijesini çykarmak bolar.

Mesihiň belentligini hem-de Hudaý üçin Onuň deňi-taýy bolmadyk uly ähmiýetini bize hatda göz öňüne-de getirmäge kyn düşer. Mesihiň fiziki taýdan Merýemden dünýä inmegine garamazdan, Ol ilkibaşdan bäri Hudaýyň oý-pikirlerinde bolandygyny dogry aýtmak bolar. Ýewreýler 1:4-7, 13-14 Mesihiň Perişde bolmandygyny nygtaýandyr; ýöne Özüniň ölüme mahsus bolan ýönekeý durmuşyna garamazdan, Ol Perişdelerden az-kem aşak tutlandyr (Ýewreýler 2:7). Ol olardan has ýokary derejede şöhratlandyrylandyr. Çünki Ol „Taňrynyň ýeketäk Ogly“ bolupdy (Ýahýa 3:16). Biziň ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Hoş Habarda ýaşaýşyň ýeketäk formasynyň beden (ten) görnüşde bolýandygy aýdylypdy. Şonuň üçin Mesih dogulmazdan öň „ruh“ görnüşde bolup geçen däldir. 1 Petrus 1:20 aýatda Mesihiň dogulşy hakda „dünýä gurulmazyndan öň bellense-de, siziň üçin zamanlaryň ahyrynda aýan boldy“ kimin aýdylandyr.

„Hudaýyň pygamberleri arkaly Mukaddes Ýazgylarda öňden wada eden, ten boýunça Dawudyň tohumyndan (doguldyran) bolup, Mukaddeslik Ruhy boýunça ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Ogludygy gudrat bilen subut bolan Öz Ogly, Rebbimiz Isa Mesihe“ Hoş Habarda merkezi orun bellenipdi. (Rimliler 1:1-4). Mesih hakda beaýn edilme umumy görnüşde şeýle görünýändir:

1.    Köne Ähtde, ýagny Hudaýyň niýetindäki öňden aýdylmalar;

2.    Dawudyň tohumy kimin, päk gyz arkaly fiziki şahsyýet bolup doglan;

3.    Özüniň ölüme mahsus bolan durmuşynyň dowamynda görkezilen birkemsiz häsiýeti („mukaddeslik ruhy“);

4.    Ol direldildi hem-de ruhy peşgeşi bolan resullaryň wagyz nesihatlarynda ňhliumumy Taňrynyň Ogly diýlip yglan edildi.

Taňrynyň öňdengörüjiligi

Eger-de biz geljekde ähli bolup geçjek zatlaryň Hudaýyň bilýändigini kabul etsek, onda bize dünýäniň ýaradylmagynyň ilki başyndan başlap Hudaýyň planynda Mesihiň bardygy baradaky soraga düşünmäge aňsat bolar. Ol häzir hakykatdan hem ýok zatlar hakda edil hakyky ýaly pikir edip hem-de gürläp bilýändir (Rimliler 4:17). Şonuň üçin Ol şeýle diýip biler: „Men ilkibaşdan soňunyň näme boljakdygyny, we gadymy eýýamlardan heniz berjaý bolmadyk zadyaýan edip diýýärin: Meniň aýdanym berjaý bolar hem-de Maňa ýaramly bolan zatlaryň ählisini Men bitirerin“ (Işaýa 46:10).

Rebbiň Sözi Mesihi ilkibaşdan aýan edipdi. Ol hemişe Taňrynyň niýetinde bolupdy hem-de nähilidir bir wagtda Mesihiň fiziki görnüşde dogulmaly boljakdygy doly düşnükli bolupdy. Hudaý Özüniň wadasyny Mesihde berjaý etdi. Taňrynyň öňdengörüjiligniň takyklygy Onuň sözleriniň dogrulygynda görünýändir. Ýewreý bibleý dilinde „berjaý bolan pygamberlik zamany“ bardyr. Bu Hudaýyň eýýäm wada beren geljekki wakalary beýan etmek üçin öten zamany ulanýandyr. Şol bir wagtyň özünde-de häzirki zamany geljek zamany aňlatmakda ulanylyp bilner, mysal üçin: haçanda ybadathana Hudaý tarapyndan diňe wada berlen wagty „Dawud: „Ynha Reb Hudaýyň öýi“ diýdi“ (1 Paralipomenon 22:1). Dawudyň Hudaýyň wadalaryna bolan ynamy şeýle bolandygy üçin ol häzirki zamany geljek zamanyň manysynda ulanýar. Hudaý Öz wadalaryny Ybraýymda berjaý etjekdigine şeýle bir ynamly bolupdyr welin, Ol hatda oňa şeýle diýipdir: „Men bu topragy seniň nesliňe bererin“ (Barlyk 15:18). Bu heniz Ybraýymyň nesli hem bolmanka aýdylypdy. Nesliň dogulmazdan öň (Yshagyň/Mesihiň) Hudaý şeýle wada beripdi: „Seni köp milletleriň atasy etdim“ (Rimliler 4:17). Fakta görä, Hudaý heniň ýok zady eýýäm berjaý bolan zat hökmünde aýdypdy.

Mesih Özüniň wagyz-nesihatlarynyň birinde Hudaýyň „ähli zady Onuň (Mesihiň) eline berendigini“ aýdypdyr (Ýahýa 3:35). Bu sözler aýdylan pursady bu edil beýle hem bolmandy. „Bar zady Onuň (Mesihiň) aýaklarynyň astynda goýduň... Ýöne welin hemme zadyň Oňa baglydygyny biz entek görmeýäris“ (Ýewreýler 2:8).

Hudaý Mesih arkaly Özüniň halas bolma niýeti hakda „gadymdan Öz mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdypdyr“ (Luka 1:70). Bu adamlaryň Hudaýyň niýeti bilen örän golaý baglanyşykly bolandyklary zerarly, olaryň hakykatdan hem ilkibaşda gös-göni manyda bolandyklary ýaly aýdylýar. Hakykatda welin, bu beýle bolmandy. Muňa derek, biz pygamberleriň Hudaýyň niýetinde ilkibaşdan bäri bolandyklaryny aýdyp bileris. Muňa ilkinji pygamber Ýeremiýe mysal bolup biler. Hudaý şeýle diýdi: „Men seni heniz ýatgydan çykmankaň tanadym, Men seni mukaddesledim; seni halka pygamber edip goýdum“ (Ýeremiýe 1:5). Şonuň üçin Hudaý Ýeremiýe hatda heniz dünýä inmänkä-de ol barada ähli zady bilipdi. Edil şunuň ýaly-da, heniz persiýa şasy Kir dogulmanka-da, Hudaý ony eýýäm şolwagt bar ýaly edip, ol hakda sözleri aýdyp bilipdir (Işaýa 45:1-5). Ýewreýler 7:9, 10 aýatlary heniz dünýä inmedik adamlaryň bardygy hakda aýtmak bilen, bu diliň başga bir mysaly bolýandyr.

Edil Ýeremiýanyň we pygamberleriň Hudaýyň niýetinde bolandyklary üçin, olar heniz dogulmankalar hem olaryň eýýäm barlygy hakda aýdyşlary ýaly, hakyky imanlylar heniz dogulmasalar-da, şolwagt olaryň barlygy hakda aýdýandyrlar. Şol wagt biz diňe Hudaýyň oý-pikirlerinden başga fiziki görnüşde hem bolmadygymyz aýdyňdyr. Hudaý bizi halas etdi hem-de „maksat hem merhemetine görä gutaryp, mukaddes ýaşaýşa çagyrdy. Bu merhemet bize ezelden Mesih Isada berlendir“ (2 Timoteos 1:9). Hudaý „bizi dünýä gurulmazdan öň Mesihde saýlady... bizi Öz ýagşy niýetli islegine görä, Mesih arkaly öňünden Özi üçin ogullyga belledi“ (Efesliler 1:4, 6). Adamlaryň ilkibaşdan bäri Hudaýa eýýäm mälim bolandyklary hem-de halas bolmaga „bellenilendikleri“ („öňünden kesgitlenendikleri“) baradaky bütin ideýasy olaryň dünýä gurlaly bäri ilkibaşdan Hudaýyň oý-pikirlerinde bolandyklaryny görkezýär (Rimliler 8:27; 9:23).

Bularyň ählisinden ugur alyp, Taňrynyň niýetinde berjaý bolmasynda Mesihiň fiziki taýdan şol wagt bolup bilmedigine garamazdan, Ol hakda Hudaýyň oý-pikirlerinde ilkibaşdan bäri bar ýaly aýdylmagy geň däldir. Ol „dünýä gurlaly bäri damagy çalnan Guzy“ bolupdy (Ylham 13:8). Şol döwür Isa gös-göni manyda ölmändi; Ol mundan 4000 ýyl gowragyndan soňra haçda gurban edilen „Taňrynyň Guzusy“ bolupdy (Ýahýa 1:29; 1 Korintoslylar 5:7). Dünýä ýaradylşyndan bäri Isanyň eýýäm öňünden saýlanylyşy ýaly (1 Petrus 1:20), imanlylar hem edil şonuň ýaly, ilkibaşdan saýlanandyrlar (Efesliler 1:4; „saýlandy“ diýlen şol bir grek sözi bu aýatlarda-da ulanylýandyr).


 
Index