| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
|
7.4. "Ozal başda Söz bardy" (Ýahýa 1:1-3) „Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy“ (Ýahýa 1:1-3). Eger-de bu aýatlara dogry düşünilse, olar soňky bölümde çykarylan netijeleri tassyklaýandyrlar hem-de has-da giňeldýändirler. Emma bu bölüme köp adamlar ýalňyş düşünýärler. Mundan ugur alyp, olar Isa heniz dogulmanka-da eýýäm ňö asmanda bolandygyny hasaplaýarlar. Bu aýatlara dogry düşünmeklik berlen kontekstdäki bu „Söze“ nähili many girizýändigi bilen baglanyşdyrylýandyr. Bu gös-göni adama degişli bolup bilýän däldir. Çünki adam „Hudaýda“ bolup we şol bir wagtyň özünde-de Hudaýyň özi bolup bilýän däldir. Bu ýerde „söz“ diýlip terjime edilýän „logos“ grek sözi öz-özünden „Isany“ aňladýan däldir. Bu adatça „söz“ hökmünde terjime edilýändir. Ýöne şol bir wagtda-da şeýle hem terjime edilip bilner: · Hasap; · Sebäp; · Habar; · Doktrina; · Niýet; · Wagyz-nesihat; · Причина; · Aýdyşyk; · Habarlar. "Ozal-başda" „Logos“ sözi içki oý-pikirleri daşyndan aýtmaklyga hem-de başga bir habaryň üsti arkaly bildirmeklige hem degişli bolup biler. Hudaýda ilkibaşdan bäri bu „logos“ sözi bolupdyr. Ýeketäk maksat Mesihe üns berlip gönükdirilen bolupdy. Biz Taňry Ruhunyň Öz oý-pikirlerini herekete girizýändigini görkezipdik. Şonuň üçin hem bu ýerde Onuň Ruhunyň we Onuň Sözüniň arasynda baglanyşyk döreýändir (ser. makala 2.2). Taňrynyň Ruhunyň adamlar bilen Öz niýetini işläp düzüp, Özüniň ýazylan Sözüni ilkibaşdan ruhlandyryşy ýaly, Mesih baradaky ideýa hem işlere we sözlere berlendir. Mesih Taňrynyň „logosy“ bolupdy we şonuň üçin hem Taňrynyň Ruhy Mesih hakdaky Taňrynyň niýetini onuň ähli işlerinde-de görkezýärdi. Bu Köne Ähtde Mesih hakda köp tötänliýekleriň bardygyny düşündirýär. Emma Mesihiň şahsyýet hökmünde „söz“ bolmandygyna aşa baha bermeli däldir. Söz Taňrynyň Mesih arkaly gutulma niýetini aňladypdy. „Logos“ („Söz“) köplenç Hoş Habarda Mesih hakda aýdylan zatlar babatda ulanylýandyr. Mysal üçin, „Mesihiň sözi“ (Koloselilere 3:16; Matta 13:19 bilen deňeşdiriň; Ýahýa 5:24; Resullaryň Işleri 9:10; 1 Selaniklilere 1:8 weş.m.). „Logos“ sözüniň diňe Onuň Özi hakda däl-de, eýsem Mesih baradaky taglymatdygyny belläň. Haçanda Mesih doglanda, bu „söz“ teniň we ganyň formasyna öwrüldi – „we söz jan-ten boldy“ (Ýahýa 1:14). Isa ýöne bir „söz“ bolman, eýsem „jan-ten bolan sözüň“ özi bolupdy; Ol mundan öň islendik wagt däl-de, eýsem diňe Merýemden Özüniň dünýä inmegi bilen „söz“ bolupdy. Mesih baradaky plan ýa-da habar Hudaýda dünýäniň başlangyjynda bolupdy. Ýöne bu aç-açan bolup, Mesihde hem-de biziň eramyzyň birinji asyrynda Hoş Habarda Ol hakdaky beýannamalarda berjaý boldy. Şeýlelikde, Hudaý bize Özüniň Sözüni Mesihiň üsti bilen aýtdy (Ýewreýler 1:1, 2). Mesihiň bize Hudaýy aýan etmek üçin Taňrynyň sözleri boýunça, Taňrynyň sözlerini aýdandygy hem-de keramatly işleri görkezendigi telim gezek nygtalýandyr (Ýahýa 2:22; 3:34; 7:16; 10:32; 38; 14:10,24). Pawlus „bütin milletlere“ Ol hakda Hoş Habarda wagyz etmek üçin Mesihiň görkezmesine tabyn boldy: „Isa Mesihiň wagzyna görä, gadym döwürlerden bäri ýaşyryn galan, ýöne şindi aýan boldy... bütin milletlere aýan edildi“ (Rimliler 14:24, 25; 1 Korintoslylar 2:7 bilen deňeşdiriň). Adam üçin ebedi ýaşaýyş diňe Mesihiň işleriniň üsti arkaly mümkin boldy (Ýahýa 3:16; 6:53). Ýöne eýýäm ilkibaşdan Hudaýda adama ebedi ýaşaýşyny bermek niýeti bolupdy. Çünki Ol munuň üçin Isanyň Özüni gurban getirjekdigini bilýärdi. Bu gurban getirmäniň doly ylhamy diňe Isa dogulandan hem-de ölenden soň geldi: „...Hudaýyň ezelden wada eden baky ýaşaýşynyň umydyna daýanýar.... wagyzda Hudaý Öz sözüni amatly wagtynda aýan etd“ (Titus 1:2-3). Biz eýýäm Taňrynyň pygamberleri hakda hemişe bar bolan ýaly aýdylýandygyny belläp geçdik (Luka 1:70). Çünki bu olaryň aýdan „sözüniň“ ilkibaşdan, ýagny dünýä ýaradylandan bäri Hudaýda bolandygynyň manysyndadyr. Isanyň tymsallary bu ylhamlaryň köpüsini açdy. Munda Ol Özi babatdaky weliligi berjaý etdi: „Agzymy tymsallar bilen açaryn; dünýä gurlaly gizlin zatlary beýan ederin“ (Matta 13:35). Mesihiň dogulmagy bilen „ten bolmak“ üçin, „ Sözüň...ilkibaşda Hudaýda bolandygynyň“ manysy hem mundan ybaratdyr. "Söz Hudaýyň Özi bolupdy" Häzir „Söz Hudaýyň Özi bolupdy“ diýle jümlä nähili many berlendigi baradaky soraga seredip geçeliň. Biziň planlarymyz hem-de pikirlerimiz biziň gös-göni öz-özümizi görkezýändir. Mysal üçin: „Men Londona gidýärin“ diýen sözlemi alalyň. Bu meniň niýetimi bildirýän „söz“ ýa-da maglumatdyr. Çünki bu meniň niýetimiň hut özüdir. Edil şonuň ýaly-da Taňrynyň Mesihdäki niýetine düşünmelidir. „Çünki ol içinden näme oýlanýan bolsa, şeýledir“ (Süleýmanyň tymsallary 23:7). Şonuň üçin hem Hudaý nähili pikir etse, Ol şeýledir. Taňrynyň sözi ýa-da pikiri Hudaýdyr: „Söz Hudaýyň Özüdi“. Munuň netijesinde, Hudaýyň hem-de Onuň sözüniň arasynda golaý baglanyşyk bardyr: parallelizm, Zebur 28:8 aýaty ýaly adatydyr: „Rebbiň sesi çöli titredýändir; Reb Kadeş çölüni titredýändir“ . Köplenç pygamberlerde bu zeýilli pikirler duş gelýändir: Siz Maňa gulak asmadyňyz diýýär Reb“ (Ýeremiýe 25:7). Fakta görä Taňrynyň bu sözleri bulary aňladýar: „Pygamberler arkaly aýdylan Meniň sözlerime gulak asmadyňyz“. Dawut Taňrynyň sözüni edil çyra we nur kimin kabul etdi (Zebur 119:105) we şol bir wagtda bolsa, ol Hudaý we Onuň sözüniň arasyndaky meňzeşligi görkezip, şeýle jogap berdi: „Sen, Reb, meniň çyram: Reb meniň garaňkylygymy ýagtyldýar“ (2 Patyşalyklar Kitaby 22:29). Şonuň üçin Taňrynyň sözüniň janly nusgada beýan edilip, edil şahsyýet barada aýdylýan ýaly (hakykatda beşle däl) „Onuň Özi“manysyny kabul edýändigi düşnüklidir (ser. Çekeleşme 5: „Janly nusganyň esasy“). Hudaý hakykatyň özüdir (Ýahýa 3:33; 8:26; 1 Ýahýa 5:10) we şonuň üçin Taňrynyň sözi-de hakykatdyr (Ýahýa 17:17). Isa şeýle usul arkaly Özüni Öz sözlerine şeýle golaý meňzedýär welin, Ol Öz sözüni janlandyryp beýan edýär: „Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäniň üstünden höküm çykarjak bardyr; Meniň aýdan sözüm ahyret güni ony höküm eder“ (Ýahýa 12:48). Isa Özüniň sözi hakda edil hakyky şahsyýet ýaly, ýagny Onuň Özi ýaly aýdýandyr. Onuň sözleri janlandyrylan tymsalda beýan edilipdi. Çünki olar Isa bilen şeýle golaý derejede baglanyşykly bolupdy. Edil şonuň ýaly-da, 1:1-3 aýatlarda Taňrynyň sözi edil şahsyýet ýaly, ýagny edil Hudaýyň Özi ýaly janly tymsalda beýan edilýär. Söz babatda bize şeýle diýýärler: „Ähli zadyň başlangyjy Ondan başlandyr“ (Ýahýa 1:3). Emma hemme zady Hudaý Özüniň sözi arkaly ýaratdy (Barlyk 1:1). Munuň netijesinde, Taňrynyň Sözine hakda edil Hudaýyň Özi ýaly aýdýarlar. Mundan biziň ýüregimizde bar bolan Taňrynyň Sözi arkaly Hudaýyň bize şeýle ýakyn gelip bilýändigi hakda gowy pikiri almak bolar. Barlyk Kitabyň 1 aýatlaryndan Ýaradyjynyň Mesih bolman, eýsem Özüniň Sözi arkaly Hudaýyň hut Özi bolandygyny aýtmak bolar. Ähli zady Mesih ýaratman, eýsem Taňrynyň sözi bilen ýaradylandyr (Ýahýa 1:1-3). „Gökler Rebbiň sözi bilen, ähli gök jisimleri (ýagny, ýyldyzlar...) Onuň demi bilen ýaradyldy...Çünki Ol aýtdy we boldy...“ (Zebur 33:6, 9). Hatda häzir hem tebigatdaky ähli zatlar Onuň sözüne görä bolup geçýändir: „ol tabşyrygyny ýer ýüzüne iberýär; Onuň sözi tiz ýaýraýar. Gary ýagdyrýar, Öz sözüni iberip... suwlary akdyrýar“ (Zebur 147:15-18). Taňrynyň Sözi Onuň döredijilikli güýji bolandygy üçin, Hudaý ony Merýemiň göwresinde Isanyň döremegi üçin ulandy. Onuň Mukaddes Ruh arkaly tejribede berjaý edýän Sözi, Taňrynyň niýeti (Luka 1:35) Mesihiň göwrede emele gelmegine getirdi. Merýem Özüniň göwresinde Mesihiň dörejekdigi baradaky habara şeýle jogap bilen kabul etdi: „Maňa Seniň aýdyşyň ýaly bolsun“ (Luka 1:38). Biziň öň aýdyp geçişimiz ýaly, Taňrynyň Sözi/Taňrynyň Ruhy Köne Ähtde aýdylan Taňrynyň niýetini görkezýändir. Munuň hakykylygynyň derejesi Resullaryň Işleri 13:27 görkezilendir. Munda Isa Köne Äht welilikleriniň sözlerine deňelýändir: „(Ýewreýler) Ony tanamadylar, olar pygamberler sözlerini hem bilmediler“. Haçanda Mesih dünýä inende, bütin Taňrynyň Sözi (Ruhy) Isa Mesihiň şahsyýetinde berjaý boldy. Resul Ýahýa Taňrynyň ebedi ýaşaýşy baradaky planynyň resullaryň fiziki ýagdaýda görüp hem-de Oňa elini degirip biljek Isa Mesihde görzilendigi hakda ruhlandyryjy sözler bilen aýdypdyr. Ýahýa olaryň Taňrynyň Sözüni, Onuň Mesihdäki ähli planyny duýandyklaryny çynlakaý boýun alypdyr (1 Ýahýa 1:1-3). Biz fiziki ýagdaýda Mesihi görüp hem bilmesek, Oňa çynlakaý düşünmegiň üsti bilen Taňrynyň biz hakdaky planyna şeýle golaý düşünip hem-de ebedi ýaşaýşyna bolan ynamy ösdürip bilýändigimize şatlanyp bileris (1Petrus 1:8, 9). Biz öz-özümize: „Men hakykatdan hem Mesihi bilýärmikäm?“ diýen soragy bermelidiris. Birwagtlar Isa atly gowy adamyň bolandygyny ýöne bilmeklik ýeterlikli däldir. Diňe doga-dileg bilen Bibliýany öwrenmekligiň üsti bilen Ony öz Halasgäriňiz hökmünde tanamak hem-de suwa çokundyrylma arkaly Onuň bilen garyndaşlyk açmak mümkindir. |