| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
|
Bap 8 Isanyň tebigy aslyýeti 8.1. Isanyň tebigy aslyýeti: Giriş Hristiançylyk taglymatynda iň uly tragediýalarynyň biri-de bu Mesihiň mynasyp bolan hormat sylagyny almandygy bolmagy mümkindir. Çünki Ol Özüniň birkemsiz häsiýeti bilen günäden üstin çykyp, ýeňiş gazanypdy. Giňden ýaýran „üçbirlik“ imany Isany Hudaýyň Özüne öwürýändir. Hudaýyň synaga sezewar bolup bilmeýändigi (Ýakup 1:13) hem-de günä etmäge mümkinçiliginiň ýokdugy baradaky düşünje Mesihiň günäniň garşysyna göreşmeli bolmandygy baradaky düşünjä getirýär. Munuň üçin Onuň ýerdäki durmuşy toslama zat bolup bilerdi. Ol ýönekeý ynsan durmuşy bilen hem ýaşap-da bilerdi. Emma bu adamzada mahsus bolan ruhy we fiziki kynçylyklarynyň hakyky duýgusyzlygy bolmazdan bolardy. Çünki bular Onuň Özüne golaýlaşypda bilmezdiler. Mormonlar we Ýegowanyň şaýatlary ýaly toparlar bardyr. Olar Mesihiň Hudaý tarapyndan emele getirlip dünýä inderilen ýeketäk Ogludygy baradaky fakta bermelisi ýaly üns bermeýärler. Onuň şol bolşy bilen, Perişde ýa-da Ýsubuň öz hakyky ogly hem bolup bilýän däldir. Käbir adamlar Isanyň tebigi aslyýetiniň bütin durmuşynyň dowamynda heniz günä batmadyk Adam Atanyňky ýaly bolandygyny aýdýarlar. Bibliýada munuň ýaly nukdaýnazaryň nygtalmasy ýokdur; munuň üstesine-de, Adam Atanyň Hudaý tarapyndan ýer topragyndan ýaradylandygyny, Isanyň bolsa, Hudaý tarapyndan päk gyz bolan Merýemden dünýä inderilendigini göz öňüne tutmaklyk zerurdyr. Şeýlelikde, Isada ynsan-atasy bolmasa-da, ähli beýleki babatlarda Ol edil biziň ýaly bolupdyr. Ol edil biz ýaly bolupdyr. Adamlaryň köpüsi biziň ýaly günäli tebigi häsiýete mahsus bolan adamda birkemsiz kämil häsiýetiniň bolup bilendigini asla göz öňüne getirip-de bilmeýärler. Bu fakt bolsa, Mesihe bolan hakyky imany kabul etmeklikde kesgitli bir kynçylygy ýüze çykarýandyr. Mesihde biziňki ýaly tebigatynyň bolmagy bilen, özüniň häsiýeti boýunça, günäsiz bolandygyna hem-de hemişe günäli meýillerden üstin çykandygyna ynanmak aňsat däldir. Hoş Habarlarda Onuň birkemsiz durmuşy hakda aýdylanlar barada köp oýlanmak hem-de hakyky Mesihe doly derejede düşünmek we ynanmak üçin Onuň Hudaýdygyny inkär edýän Bibliýanyň ummasyz öwgütlerini okap çykmaklyk zerurdyr. Elbetde Onuň Hudaýyň Özi bolandygyny çak etmek aňsatdyr. Çünki munuň netijesinde, Ol kämil birkemsiz bolupdy. Emma munuň ýaly nukdaýnazar Mesihiň günäden we ynsan tebigatyndan üstin çykan ýeňşiniň belentligini peseldýändir. Onda ynsan tebigaty bolupdy. Edil bizde bolşy ýaly, Onda hem günä häsiýetler bolupdyr (Ýewreýler 4:15). Emma muňa garamazdan, Ol Taňrynyň ýollaryna wepadar bolup galmak hem-de günäden üstin çykmaga Ondan ýardam dilemek bilen, olary ýeňip geçdi. Hudaý Oňa uly höwes bilen ýardam berdi; çünki Hudaý Özüniň Ogly arkaly „dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy“ (2 Korintoslylar 5:19). |