| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
|
8.2. Hudaý bilen Isanyň arasyndaky tapawut Hoş Habarlarda „Hudaýyň nähili derejede Mesihde bolandygyny“ aýdýan ýerleriniň hem-de ondaky Mesihiň ynsanlygyny nygtaýan parçalaryň arasynda nämäniň bardygynyň umumylygyny bellemeklik zerurdyr. Bu parçalar Isanyň Bibliýa laýykda Hudaýyň Özi bolandygy, yagny üçbirlik baradaky doktrinanyň ýalan tassyklaýşy ýaly „hakyky Hudaý, Ata Hudaý bilen bilelikde ýeketäk biribar“ baradaky ideýany tassyklamaga mümkin däldigini görkezýändir. („Hakyky Hudaý, Ata Hudaý bilen bilelikde ýeketäk biribar“ diýlen jümle biziň eramyzyň 325 ýylynda Nikeýde ýerleşýän Birinji Bütin Älem Soborynda ulanylypdy. Bu ýerde ilkinji gezek „üçbirlik“ ideýasy yglan edilipdi; irki döwrüň hristianlaryna bu nätanyş bolupdy). „Üçbirlik“ sözi Bibliýanyň hiç ýerinde gabat gelýän däldir. 9-nji bapda Mesihiň günäni nädip ýeňendigi hem-de Hudaýyň nädip muňa gatnaşandygy barada jikme-jik aýdylar. Ýöne ilki bilen ýene-de bir gezek halas bolmanyň (gutulmagyň) hakyky Isa Mesihe dory düşünmäge baglydygy hakda ýatlalyň (Ýahýa 3:36; 6:53; 17:3). Onuň günäniň hem-de ölümiň üstünden görkezen ýeňşine çynlakaý düşünen badymyza biz Onuň halas bolma niýetine goşulmak üçin suwa çokundyrylyp bilners. Hudaý we Isanyň arasyndaky garyndaşlyk taraplarynyň iň meşhur kesgitlemeliriň birini-de 1 Timoteos 2:6 duş gelýäris: „Çünki Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeketäk töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Mesih Isadyr“. Bu sözler hakda oýlanmalar bizi şu netijelere getirýär: · Diňe ýeketäk Hudaý bardyr we şonuň üçin hem Isanyň Hudaý bolmagy mümkin däldir; eger-de Ata-Hudaý we Isa hem Hudaý bolýan bolsa, onda iki sany Hudaýyň bar diýilmegidir. Ýöne „biziň Hudaýymyz ýeketäkdir“ (1 Korintoslylar 8:6). „Hudaý Ata“ – şonuň üçin hem ýeketäk Hudaý bardyr. Şonuň üçin-de üçbirlik baradaky ýalan doktrinasynyň bu hakda tassyklaýşy ýaly, „Hudaý Ogul“ diýlen aýratyn bir janly bolan zadyň bolmagy mümkin däldir. Köne Äht hem Ýahweni ýeketäk Hudaý, Ata hökmünde atlandyrýandyr (mysal üçin, Işaýa 63: 16; 64:8). · Bu ýeketäk Hudaý goşmaça bolup, töwellaçy hem bardyr. Bu ynsan bolan Mesih Isadyr „... ýeketäk we töwellaçy“. „we“ baglaýjysy Mesihiň we Hudaýyň arasyndaky tapawudy görkezýändir. · Mesih „töwellaçy“ hökmünde baglaýjydygyny aňladýandyr. Günäli adamyň we günäsiz bolan Hudaýyň arasynda günäsiz Hudaýyň Özüniň bolup bilmejekdigi aýdyňdyr. Ol diňe günäli ynsan tebigatyna mahsus bolan bigünä adam bolmalydy. „Ynsan bolan Mesih Isadyr“ diýlen jümle bu düşündirmäniň dogrulygyna bolan biziň ähli şübhelerimizi gürrüňsiz aradan aýyrýandyr. Mesih ýokaryk göterilenden soň, Ol hakda Pawlusyň ýazmagyna garamazdan, ol Ony „Hudaý Mesih Isa“ diýip atlandyrmandyr. · Täze Ähtde „Hudaýyň ynsan däldigini“ bize birnäçe gezek ýatladylýar (Sanlar 23:19; Osiýa 11:9) we şol bir wagtyň özünde bolsa, Mesihe aýdyň „ynsan ogly“ ýa-da „ynsan Isa Mesih“ diýilýär. Ol „hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly“ bolupdyr (Luka 1:32). Hudaýa „hemmelerden beýik“ diýmeklik diňe Onuň Özünde iň çäkli bolan belentligiň bardygy aňladýar diýmekdir. Isa „hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly“ diýmeklik bolsa, onuň Hudaýyň hut Özi diýmekligi aňladyp bilmeýändigi diýmekdir. Haçanda Hudaý we Isa hakda aýdylanda, Ata we Hudaý hakdaky sözleriň ulanylyşy bu Sözleriň şol bir zady aňladmaýandygyna şaýatlyk edýändir. Ogulda atasy bilen kesgitli bir derejede meňzeşligi bolup bilse-de, ol şol bir wagtda özüniň atasy bolup bilmez hem-de onuň bilen deň ýaşda hem bolup bilmez. Şunuň bilen birlikde, Hudaý we Isanyň arasynda göz-görtele tapawutlar bardyr. Bular Isanyň Hudaý bolmandygyny anyk görkezýändir:
Haçanda biz synaga duçar bolanymyzda, biz günä etmek ýa-da Hudaýa boýun bolmak ýaly saýlawyň öňünde durýandyrys. Biz köplenç özümize birinji saýlap alyp, Hudaýa boýun bolmaýarys. Mesihiň hem öňünde munuň ýaly saýlaw bolupdy. Ýöne Ol hemişe boýun bolmany saýlap alypdy. Şeýlelikde, Onuň günä etmäge-de mümkinçiligi bolupdyr. Emma hakykatda welin, Ol hiç haçan muny etmändir. Hudaýyň bolsa, nähilidir bir günäni etmäge mümkinçiliginiň bardygy hakda pikir etmeli däldir. Biz Mesihiň Dawudyň neslinden bolandygyny gördük (2 Patyşalyklar Kitaby 7:12-16). 14-nji aýat Mesihiň günä etmäge mümkinçiligi hakda aýdýar: „Eger-de Ol günä etse, men oňa jeza bererin“. |