|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

 

8.3. Isanyň aslyýet tebigaty

„Tebigat“ diýlen söz biziň hakyky nämäni göz öňüne getirýändigimize degişlidir. 1-nji bapda biz Bibliýanyň diňe iki aslyýet tebigat hakda aýdýandygyny görkezipdik – Hudaýyň tebigaty hem-de adamyň tebigatydyr. Hudaý Öz tebigatyna görä, ölüp bilýän däldir, synaga duçar bolup bilýän hem-de şuňa meňzeş zatlara sezewar bolup bilýän däldir. Mesih heniz ýaşaýarka, Onda Hudaýyň tebigatynyň bolmadygy aýdyňdyr. Şuňa görä-de, Onda doly derejede ynsan tebigaty bolupdyr. Biziň „tebigat“ sözüne eden kesgitlemämizden, Mesihde şol bir wagtda iki sany tebigatyň bolup bilmedigi aýdyňdyr. Mesihiň hem edil biziň öaly synaglara sezewar bolandygy wajypdyr (Ýewreýler 4:15). Onda diňe bulardan üstin çykmaga ajaýyp ukyplarynyň bolandygy zerarly, Ol biziň bagyşlanmagymyzy gazanyp bilipdir. Biziň synaga düşmegimiziň esasyny düzýän günäli islegler biziň öz içimizden (Markus 7:15-23), ýagny öz ynsan tebigatymyzdan (Ýakup 1:13-15) çykýandyr. Şonuň üçin Mesihiň bu synaglara döz gelip, üstin çykmagy üçin ynsan tebigatynda bolmagy zerur bolupdy.

Ýewreýler (2:14-18) hatynda bularyň bary şeýle sözler bilen aýdylandyr:

„Çagalaryň (biziň) et hem gandandygyna (ynsan tebigatyna mahsus bolan) görä, Özi (Mesih) hem olaryňky (biziň tebigatymyz) bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak...Çünki Ol, elbetde, perişdelere ýardam etmän, Ybraýymyz neslinden (tebigatyndan) bolanlara ýardam edýär. Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar“.

Bu parçada aýratynda Isada ynsan tebigatynyň bolandygy baradaky fakt nygtalýar: „Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi“ (Ýewreýler 2:14). Bu jümlede has ynadyrmak üçin üç sany söz ulanylandyr. Bularyň ählisi şol bir manyny berýändir. Ýewreýlere 2:16 aýaty Mesihde perişdeleriň häsiýetiniň bolmandygyny, Onuň Ybraýymyň neslinden bolandygyny hem-de onuň nesli boljak köp sanly imanlylary halas etmek üçin gelendigini nygtaýandyr. Edil şol sebäpli hem Mesihde ynsan tebigatynyň bolmagy zerur bolupdyr. Ol ähli zatda „doganlaryna meňzemeli boldy“ (Ýewreýler 2:17); çünki diňe Onuň Özüni gurban getirmeginiň üsti bilen Hudaý bize bagyşlanmany berip biljekdi. Şuňa görä-de, Isada doly derejede ynsan tebigatynyň bolmandygy hakda aýtmaklyk Mesih baradaky esaslaryň özüni bilmezligi aňladýandyr.

Eger-de sowa çokundyrylan imanlylar günä edäýseler, onda olar özleriniň günäsini boýun alyp, Mesih arkaly doga-dileg edip, Hudaýa gelip bilerler. Hudaý Mesihiň hem edil biziň ýaly bolup, synaglara sezewar bolandygyny aýdýar. Emma Ol munuň ýaly günäden üstin çykyp, birkemsiz boldy. Beýlekiler welin, muny başarmadylar. Şol sebäpli hem „Hudaý Mesihde“ sizi bagyşlap bilýändir (Efesliler 4:32). Şonuň üçin Mesihiň hem edil biziň ýaly synaglara sezewar bolandygyna hem-de munuň mümkin bolmagy üçin, biziň tebigatymyzyň Onda hem bolmaly bolandygyna düşünmeklik zerurdyr. Ýewreýlere 2:14 aýaty bu tebigat üçin Mesihde „etiň hem ganyň“ bolandygyny aýdyň aýdýar. Tebigata görä „Hudaý Ruhdur“ (Ýahýa 4:24). Onuň „Ruh“ hökmünde fiziki bedeni bolsa-da, Onuň „eti“ ýokdur (Luka 24:39). Mesihde „beden“ tebigatynyň bolandygy baradaky şol fakt Onuň ýaşan döwründe Onda asla hiç hili Hudaýyň tebigatynyň bolmandygyny aňladýandyr.

Adamlaryň Hudaýyň Sözi boýunça ýaşamaga bolan öňki synanyşyklary, ýagny synaglardan doly derejede ýeňip geçmeklikleriniň ählisi şowsuzlyga uçrapdylar. Şonuň üçin „Ol Öz Ogluny günä teni meňzeşliginde günä üçin ýollap, tende günä iş kesdi“ (Rimliler 8:3-5).

„Günä“ synaglary kanagatlandyrmak (günä etmek) ýaly adaty endige degişlidir. Çünki biz özümiziň tebigatymyzyň güýjüne görä, muny ýerine ýetirmäge ukyplydyrys. Biz eýýäm bu ýol bilen gidipdik hem-de gitmegimizi hem şindi dowam etdirýändiris. „Günäniň muzdy bolsa, ölümdir“. Bu kyn ýagdaýdan çykmak üçin adam daşky tarapdan kömege mätäç bolupdyr. Çünki onuň özi kämillige ukypsyz bolup çykdy; ten teniň günäsini ýuwup bilýän däldir. Şonda muňa Hudaý goşuldy hem-de edil biziňki ýaly, günä endiklerine mahsus bolan biziň „günäli tenimiziň „ keşbinde bolan Öz Ogluny bize peşgeş berdi. Mesih islendik beýleki adamdan tapawutlykda ähli synaglardan üstin çykdy. Ol hem edil biziň biziň edişimiz ýaly  şowsuzlyga-da uçrap bilerdi hem-de günä-de edip bilerdi. Rimliler 8:3 aýaty Mesihiň günäli tenden ybarat bolan ynsan tebigatyny beýan edýändir. Ýokardaky aýatlaryň birnäçesinde Pawlus tende „ýagşynyň ýaşamaýandygyny“ hem-de teniň Hudaýa boýun bolmagyň garşysyna göreşýändigini aýdýar (Rimliler 7:18-23). Munuň bilen baglylykda, Mesihde hem „günäli teniniň“ bolandygy baradaky sözler has uly haýran galdyrýandyr (Rimliler 8:3). Diňe şu sebäpli hem-de Onuň öz teninden üstin çykanlygy sebäpli biziň öňümizde tenimizden halas bolmak ýoly açyldy. Isa Öz tebigatynyň günäliligine örän gowy düşünipdi. Bir gün kimdir-biri Oňa Eý ýagşy Mugallym“ diýiýp ýüzlendi. Çünki bu adam tebigaty boýunça, Ol „ýagşy“ we bigünä öýdüpdi. Muňa Isa şeýle jogap berdi: „Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň?Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir“ (Markus 10:17, 18). Ýene başga bir wagt adamlar Mesihiň birtopar keramatly işlerini görüp, Onuň beýikligine ynanmaga başladylar. Emma bu Isa hiç hili täsir etmedi. Çünki „Ol ähli adamlary tanaýanlygy üçin Özüni olara ynanmaýardy. Ol adam babatda hiç kimiň güwäligine mätäç däldi, çünki ynsanda näme bardygyny Özi bilýärdi“ (Ýahýa 2:23-25). Mesihiň adam tebigaty hakda örän köp bilýändigi sebäpli, Ol adamlaryň Özüne öwgüleri aýtmaklaryny islemedi. Çünki Onuň tebigatynyň neneňsi derejede günäli bolandygyndan habarlydy.


 
Index