carelink ministries
FREE Bible Basics Book offer!
 
Carelinks
Alcolinks
What Is The Gospel?
Bible Study
Books & Articles
Gospel News Magazine
Links
About Us & SPECIAL APPEAL

Turkmeni Bible Literature

 

8.4. Isanyň Ynsanlygy

Hoş Habarda Isanyň ynsan tebigatyny bütinleýin görkezýän köp sanly mysallar bardyr. Onuň bir gün ýadaw halda guýudan suw içmek üçin oturmaly bolandygy aýdylýar (Ýahýa 4:6). Lazar ölende bolsa, „Onuň (Isanyň) göz ıaş edendigi“ aýdylýar (Ýahýa 11:35). Mesihiň soňky jebir-jepalary hakda aýdýan aýatlar Onuň ynsanlygy barada has köp aýdýandyrlar: haçanda Ol Hudaýdan Özüni haçdaky ölümden halas etmegini dilände, Ol: „Häzir Meniň ýüregim gysýar“ diýip boýun alypdy (Ýahýa 12:27). Ol „doga edip, diıdi: „Eı Ata! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir; İöne Meniň isleışim ıaly däl, Seniň isleışiň ıaly bolsun“ (Matta 26:39). Bu Mesihiň „islegleriniň“ käbir ýagdaýlarda Hudaýyň isleglerinden tapawutlanandygyny görkezýändir.

Özüniň bütin ömrüniň dowamynda Mesih özüniň haçdaky iň soňky synagyna taıynlanmak bilen, erkini Hudaıyň islegine tabyn edipdir. „Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeıärin; eşidişime görä höküm çykarıaryn; Meniň hökümim hakdyr, çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni ıollan Atanyň yradasyny amala aşyrmaga dyrjaşıaryn“ (Ýahýa 5:30). Isanyň erkiniň hem-de Hudaýyň erkiniň arasyndaky bu tapawutlyk Isanyň Hudaý bolmandygyny ýeterlikli derejede subut edýändir.

Biziň üstin çykmaly bolan şol synaglaryň netijesinde, biziň bütin durmuşymyzyň dowamynda Hudaý baradaky bilimimiziň artýandygy hasaplanýar. Bu ýerde bolsa, Isa bize beýik göreldäni berýändir. Isada Hudaý hakda doly derejede bilim bolmandyr hem-de olary bizden artyk hem almandyr. Çagalykdan „Isa akyldarlykda, boıda ösüp,(ýagny, ruhy kämilliginde, Efeslilere 4:13 bilen deňeşdiriň) Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy“ (Luka 2:52). „Çaga ulalıardy, güıçlenip akyldarlykda ösıärdi“ (Luka 2:40). Bu aýatlaryň ikisi-de Mesihiň fiziki ösüşiniň onuň ruhy ösüşi bilen deň bilelikde gidendigi barada aýdýarlar. Onuň ösüş depgini hem fiziki hem-de ruhy derejede bolupdyr. Eger-de afanasiýan ynanýanlar toparynyň üçbirlik taglymatlary babatda „Ogul Ata bolýan bolsa“, onda ýokarda aýdylanlaryň ählisi mümkin bolup bilmezdi. Mesih hatda ömrüniň ahyrynda hem Özüniň ikinji sapar haçan geljekdigini takyk bilmeýändigini hem-de bu hakda diňe Atasynynyň bilýändigini aýtdy (markus 13:32).

Wagtyň nähilidir bir dowamynda biziň ählimiz Hudaýyň erkine tabyn bolmagy öwrenmelidiris. Mesih hem Öz Atasyna tabyn bolmagy öwrenmek üçin bu ýagdaýdan geçmeli bolupdyr. Ähli ogullar hem şeýle edýändirler. „Ol Ogul hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi (ýagny, Hudaýa boýun bolmagy), hem-de kämilleşdirilip (ýagny, ruhy taýdan kämil bolup), Sözüne gulak asanlaryň hemmesi üçin baky gutulyş çeşmesi boldy“, yagny, Özüniň doly hem-de gutarnykly ruhy ösüşiniň netijesinde şeýle boldy (Ýewreýler 5:8, 10). Filipililere 2:7,8 aýatlar (şeýle hem Ylham 27 seret) hem haçda ölüm bilen tamam bolan Isanyň ruhy ösüşiniň şol prosesi barada aýdýandyrlar. Ol „gul häsiıetini alyp, Özüni hiç etdi... ölümden öň, hatda haç üstündäki ölüme-de boıun egip, Özüni kiçeltdi“. Bu ýerde ulanylýan dil Isanyň gitdigiçe has boýun bolmak bilen, Özüniň ruhy ösüşine akyl ýetirme bilen öňe gidendigini we ahyrsoňy, haçda ölmek üçin, Hudaýyň islegine „boıun bolandygyny“ beýan edýär. Şeýlelikde, Ol Özüniň çeken jebir-jepalary babatda dogry çemeleşmesiniň netijesinde birkemsiz boldy.

Bu aýdylanlardan ugur alyp, dogruçyl imanly bolmak üçin, Isanyň hem dogry çemeleşmeli bolandygy aýdyňdyr. Hudaý Onuň munuň ýaly bolmagyna asla zor salmandy. Eger şeýle bolaýan bolsa, onda Ol ýöne bir oýnalýan gurjak ýaly bolardy. Eger-de Hudaý Ony haçda ölmäge mejbur eden bolsa, onda Mesihiň bizi söýýänligi baradaky hemişe nygtalýan sözler ýöne bir boş owaz ýaly bolardy (Efesliler 5:2,25; Ylham 1:5; Galatýalylara 2:20). Eger-de Isa Hudaý bolýan bolsa, onda Onuň birkemsiz bolup, haçda öläýmekden başga alajy bolmazdy. Isada şeýle saýlawyň bolandygy baradaky şol fakt bize Onuň söýgüsine has-da köp sarpa goýmaga hem-de Oňa bolan garaýşymyzy kesgitlemäge höwes döredýändir.

Hudaý Mesihiň meýletinlik bilen Öz janyny bermek kararyna begenipdir: „Janymy gaıtadan almak üçin pida edıänligim sebäpli Ata Meni söııär. Janymy Menden hiç kim almaıar, Özüm pida edıärin“ (Ýahýa 10:17,18). Mesihiň meýletinlik bilen ölümi kabul etmek kararyndan Hudaýyň hoşal bolandygy hem-de şol bir wagtyň özünde-de, Onuň adam ýaly ýaşaýan we simwoliki görnüşde günäli adamyň keşbini kabul eden Hudaýyň Özi bolandygy baradaky bu iki düşünjäni akyla sygdyrmak ýeňil däldir (Matta 3;17; 12:18; 17:5). Mesihiň boýun bolma mynasybetli Hudaýyň şatlygy baradaky sözler bolsa, Onuň boýun bolmazlyk hem-de boýun bolma baradaky karara akyl ýetirmek mümkinçiligi hakda ýene-de bir subutnama bolup ýardam berýändir.

Mesihiň Özüniň halas bolmagyna görkezen dyrjaşmasy

Isanyň ynsan tebigaty bolandygy sebäpli, Ol hem edil biziň ýaly agyr bolmadyk keselleri, ýadawlygy we ş.m. başdan geçiripdir. Munuň netijesinde, eger-de Onuň haçda ölmäýen ýagdaýynda-da, başga bir sebäplere görä, mysal üçin, garrap öljekdigini aýtmak bolar. Şunuň bilen baglylykda Isa Hudaýyň ölümden halas etmegine mätäç bolupdyr. Ol muňa gowy gör ýetirmek bilen „uly perıat, gözıaşlar bilen, dogalar hem ıalbaryşlar hödürledi we özüniň takwalygy üçin Onuň dilegleri eşidildi“ (Ýewreýler 5:7). Mesihiň Özüniň ölümden gutarylmagy üçin Hudaýa doga-dileg etmeli bolandygy baradaky fakt Onuň Hudaýyň Özi bolandygyny aýdýan her bir tassyklmaly mümkinçilikleri aradan aýyrýandyr. Özüniň direlmeginden soňra „indi ölümiň Oňa agalyk etmejekdigi“ (Rimlilere 6:9) baradaky sözler mundan öň Mesihiň hem ölümiň agalyk etmeginde bolandygyna ýaşatlyk edýär.

Köp mezmurlar Isa hakda welilik edýändirler. Haçanda Zeburdan birnäçe aýatlar Isa hakda Täze Ähtde sitirlenenlerinde Zeburdaky beýleki köp aýatlaryň hem Ol hakda aödöandyklaryny oýlanmaga mümkinçilik döredýär. Munda Mesihiň Özüni Hudaýyň halas etmegine bolan dyrjaşmalary hakda şaýatlyk edýän köp ýerleri bardyr:

Mattanyň Hoş Habaryndaky 4:6 aýatda Zeburyň 91:11,12 aýatlarynda Isa hakda aýdylýan sözler getirilýär. Zebur 91:16 Hudaýyň Isa halas bolmany berjekdigini öňünden aýdýar: „Ony uzak ömürden doırup, (ýagny, ebedi ýaşaýyş bilen) gutaryşymy görkezerin“.

Zebur 69:21 Mesihiň haça çüýlenmegine degişlidir (Matta 27:34). Bu mezmur tutuşlaýyn Mesihiň haçdaky oý-pikirlerini beýan edýändir: „Meni gutar, eı Hudaı... maňa ıakynlaş, meni azat et... eı Hudaı, gutaryşyň meni beıgeltsin“ (Zebur 69:1,18,29).

Zebur 89 Taňrynyň Mesih babatda Dawuda beren wadasy barada aýdýar. 89:26 aýat Ol hakda öňünden aýdýar: „Ol Maňa "Sen Maniň Atam, Hudaýym we gutulyşymyň gaýasysyň" diýip gygyrar.

Mesihiň halas bolma baradaky Hudaýa eden doga-dilegleri kabul boldy. Hudaý tarapyndan Isanyň direlşi baradaky beýannamalar hem-de Oňa ölmez-ýitmez diýilýän şöhratlandyrmalarTäze Ähtiň wajyp temasy bolup durýandyr:

·        „Hudaı... isany direltdi... Hudaı Ony Başlyk hem Halasgär edip, Öz sagyna galdyrdy“ (Resullaryň Işleri 5:30,31).

·        „Hudaı... Öz Ogly Isany şöhratlandyrdy. Hudaı Ony ölümden direltdi“ (Resullaryň Işleri 3:13,15).

·        Isany Hudaý direltdi“ (Resullaryň Işleri 2:24,32,33).

·        Haçanda Isa Özüniň şöhratlandyrylmagyny Hudaýdan soranda, Onuň Özi bularyň baryny boýun alypdy (İahıa 17:5, 13:32; 8:54 deňeşdir).

Eger-de Isa Hudaýyň hut Özi bolan bolsa, onda bu sözleriň bary ýerliksiz aýdylan bolardy. Çünki Hudaý ölüp bilýän däldir. Eger-de Isa Hudaýyň hut Özi bolan bolsa, onda Oňa gutulşy soramyň geregi hem bolmazdy. Hudaýyň Isany beýgeldendigi baradaky hakykatyň özi Hudaýyň Ondan beýikdigine hem-de Hudaýyň we Isanyň arasynda tapawudyň bardygyna şaýatlyk edýändir. Mesih asla „Taňry we ynsan bolan iki tabigata mahsus bolan hakyky we ebedi Hudaý“ bolup bilmez. Emma munuň beýledigini Anglikan ybadathanasynyň 39 makalasynyň birinjisi nygtaýandyr. Sözüň öz manysy hem islendik bar bolan zatda diňe bir tebigatyň bolup bilýändigini görkezýändir. Biz Isada ynsan tebigatynyň bolandygy baradaky ýeterlikli derejedäki subutnamalaryň ýene-de has köpdüdigini çaklaýaýarys.