carelink ministries
FREE Bible Basics Book offer!
 
Carelinks
Alcolinks
What Is The Gospel?
Bible Study
Books & Articles
Gospel News Magazine
Links
About Us & SPECIAL APPEAL

Turkmeni Bible Literature

 

8.5. Hudaýyň Isa bilen ýakynlygy

Hudaýyň Isany nädip direldendigi baradaky soragyň seredilmesi biziň Hudaý bilen Isanyň arasyndaky ýakynlygy barada oýlanmagymyza getirýändir. Eger-de Olar üçbirlik doktrinasyny öňe sürýänleriň pikir edişleri ýaly „birmeňzeş deň derejede... birmeňzeş ebedi“ bolýan bolsalar, onda bize Olaryň bir-biri bilen deň derejedigini çaklamak galaýýar. Ýöne biz munuň beýle däldigini görkezýän ummasyz sanly mysallary getiripdik. Hudaý bilen Isanyň arasyndaky gatnaşyk edil är-aýalyň arasyndaky gatnaşyk kimindir: „Her erkegiň baıary Mesih, aıalyň baıary erkek, Mesihiň baıary Hudaıdyr“ (1 Korintoslylar 11:3). Erkegiň aýala baýar bolşy ýaly-da, Hudaý hem Mesihe baýardyr. Çünki olarda hem edil äriň we aýalyň arasynda bolşy ýaly, şolbir ýeketäk maksat bardyr. Şeýlelikde, aýalyň ärine degişli bolşy ýaly: „Mesih-de Hudaýyňkydyr“ (1 Korintoslylar 3:23).

Köplenç Ata Hudaýyň Mesihiň Hudaýydygyny aýdýarlar. Hudaý „Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaıy we Atasy“ (1 Petrus 1:3; Efesliler 1:17) hökmünde beýan edilýändigi baradaky faktyň özi-de Mesih hatda asmana göterilenden soňra-da, olaryň özara gatnaşygynyň edil Mesihiň öeräki wagtlaýyn ynsan durmuşynda bolşy ýaly bolandygyny görkezýär. Üçbirligiň tarapdarlary Mesihiň diňe ýerdäki wagtlaýyn durmuşyny göz öňüne tutmaklary bilen, Onuň Hudaýdan pes derejede goýulýandygyny aýdýandyklaryny nygtaýarlar. Täze Ähtiň hatlary Mesih asmana göterilenden birnäçe ýyl geçenden soň ýazylypdyr. Ýöne muňa garamazdan, olarda Hudaý Mesihiň Hudaýy we Atasy hökmünde aýdylýandyr. Isa edil öňküsi ýaly Atasyny Öz Hudaýy hasaplaýar.

„Ylham“ Täze Ähtiň iň soňky kitaby bolup, Mesihiň şöhratlandyrylandan we göge göterilenden azyndan 30 ıyl geçenden soňra ıazylypdyr. Emma onda hem Hudaı hakda edil „Öz Hudaıy we Atasy“ (Ylham 1:6) hökmünde aýdylýandyr. Bu kitapda direlen we şöhratlanan Mesih Öz hatlaryny Öz imanlylaryna geçiripdi. Ol Öz Hudaıymyň ybadathanasy... Öz Hudaıymyň ady... Öz Hudaıymyň şäheri“ (Ylham 3:12) barada aýdýar. Bu Isanyň häzir hem Atasy hakda edil Öz Hudaýy ýaly pikir edýändigini görkezýändir. Şonuň üçin Ol (Isa) Hudaý däldir.

Isa özüniň ýerdäki wagtlaýyn durmuşynda hem Öz Atasyna edil şunuň deý garapdyr. Ol „Öz Atama we siziň Ataňyza tarap, Öz Hudaıyma we siziň Hudaıyňyza tarap“ (Ýahýa 20:17) göteriljegi hakda aýdypdyr. Haçda Isa Özüniň ynsanlygyny doly derejede aýan etdi: „Hudaıym, Hudaıym, näme üçin meni terk etdiň?“ (Matta 27:46). Eger-de bu sözler Hudaýyň özi tarapyndan aýdylan bolsa, onda olara düşünmek mümkin bolmazdy. Isanyň „uly perıat, gözıaşlar bilen“ Hudaýa ýalbarandygy baradaky faktyň özi eýýäm olaryň hakyky gatnaşyklaryny görkezýändir (Ýewreýler 5:7; Luka 6:12). Hudaýyň Öz-Özüne ýalbaryp bilmejekdigi bolsa aýdyňdyr. Mesih hatda häzir hem biziň adymyzdan Hudaýa doga-dileg edýändir (Rimliler 8:26; 2 Korintoslylar 3:18 deňeşdir).

Mesihiň ýerdäki wagtalaýyn durmuşyndaky Hudaýa bolan gatnaşygynyň häzirki bar bolan gatnaşykdan umuman tapawutlanmandygyny eýýäm görkezipdik. Mesih Hudaýa edil öz Atasy hem-de Hudaýy hökmünde garapdyr we Oňa doga-dilegleri edipdir. Mesih direlenden we asmana göterilenden soňra-da, munuň ýaly gatnaşyk häzir hem saklanyp galýandyr. Ýerdäki durmuşynda Mesih Hudaýyň guly bolupdyr (Resullaryň Işleri 3:13, 26; Işaýa 42:1; 53:11). Gul hojaýynyň erkini berjaý edýändir we asla onuň bilen deň derejede bolýan däldir (Ýahýa 13:16). Mesih Özündäki güýjiň we erkiň Öz şahsy ukyplaryna degişli bolman, eýsem Hudaýdan alandygyny nygtapdyr: „Men Öz-Özümden hiç bir zat edip bilmeıärin... çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni ıollan Atanyň yradasyny amala aşyrmaga dyrjaşıaryn... Ogul Özünden hiç zat edip bilmez“ (Ýahýa 5:30, 19).