| carelink ministries |
Mundan öňdäki bapda biz Isanyň ynsan tebigaty hem-de Onuň hem edil biz ýaly günä meýline duçar bolandygy baradaky soraga seredip geçdik. Onuň we biziň aramyzdaky tapawut Onuň günäni bütinleý ýeňendiginden ybaratdyr. Onuň hem günäli tebigatynyň bolmagyna garamazdan, onda-da Ol hemişe birkemsiz häsiýeti görkezipdi. Biz munuň ýaly keramata haýran galýarys we bu hemişe-de bizi geň galdyryp gezer. Täze Ähtde Isanyň birkemsiz häsiýeti telim gezek agzalyp geçilýändir:
Hoş Habarlarda Onuň pikirdeşleriniň Onuň häsiýetinden çykýan hem-de Onuň sözlerinde we işlerinden aýan bolýan birkemsizligi kabul edendikleri görkezilendir. Pawlusyň aýaly-da Onuň „dogry Adamdygyny“ (Matta 27:19) we jeza edilmä mynasyp däldigi bilen ylalaşypdyr; Mesihiň haçdaky görgülerini synlap duran rim ýüzbaşysy „Onuň, hakykatdan-da, dogry Adamdygyny“ kabul etmeli bolupdyr (Luka 47). Öň Isa Özüniň ýaşan döwründe ýewreýere şeýle sorag bilen ýüz tutupdyrlar: „Sizden haısyňyz Meni nädogrulykda aıyplar?“ (Ýahýa 8:48). Bu soraga hiç hili jogap bolmandy.
Özüniň gyşarnyksyz häsiıeti zerarly Isa Hudaı bedende aıan boldy ( 1 Timoteos 3:16). Ol eger-de Hudaı adam bolaıan bolsa, Onuň edäıjek hem-de diıäıjek zatlaryny berjaı etdi. Şonuň üçin Ol Hudaıyň birkemsiz keşbi boldy – göze görünmeıän Hudaıyň „keşbi“ boldy (Koloselilere 1:15). Şonuň netijesinde, adaty adamlara Hudaıy fiziki ıagdaıda görmäge zerurulyk ıokdur. Isa muny şeıle düşündiripdi: „Meni gören Atany-da görendir; Seniň“Atany (fiziki ýagdaýda) bize görkez“ diýmäň näme?“ (Ýahýa 14:9). Günäli dünýäde ýaşamak bilen, bize Mesihiň ruhy belentliginiň ähliumumylygyna we biçäkligine düşünmek hem-de ynsanyň öz häsiýetinde Hudaýyň dogrulygyny doly derejede aýan etmäge ukyplydygyna göz öňüne getirmek kyn düşýär. Muňa ynanmak üçin, Mesihiň Hudaýyň hut Özi bolandygy baradaky teologiki pikiri ýöne kabul etmekden, eýsem, has çynlakaý imany görkezmeklik gerekdir. Şonuň üçin „Mesihiň Taňrylygy“ we üçbirlik baradaky ýalan doktrinalaryň (taglymatlaryň) şeýle meşhurlygy düşnüklidir. Çünki şeýle usul aňsatlyk bilen kabul edilýändir.
Mesihde biziň tebigatymyzyň bolandygy üçin, Ol ölmeli bolupdy. Ol Merýemiň üsti bilen Adam Atanyň neberesinden bolupdy. Adam Atanyň ähli perzentleri bolsa, ölmeli bolupdylar (1 Korintoslylara 15:22). Adam Atanyň ähli perzentleri özleriniň şahsy dogruçyllyklaryna bagly bolmazdan, günä zerarly ölmeli bolarlar: „Ölüm Adam Atadan bäri hökümlik etdi... biriniň (Adam Atanyň) jenaýaty üçin köpler ölüme sezewar edildi... biriniň günäsi bilen köpler günäli boldular“ we şuňa görä-de, ölmeli bolupdylar (Rimlilere 5:14-19, ser. 6:23). Adam Atanyň neberesi hökmünde, Mesih günäli bolup „ýaradylan bolupdy“ we şuňa görä-de, Ol ölmeli bolupdy. Çünki Adam Atanyň ähli nebereleri günä zerarly ölüme mynasyp bolan günäkärler hökmünde kesgitlenilipdiler. Hudaý bu esasy üýtgetmedi hem-de muny Mesihe-de berdi. Hudaý „günäni tanamaıany...biziň üçin günä gurbany etdi“ (2 Korintoslylara 5:21).
Isadan başga, Adam Atanyň ähli beýleki nebereleri bu jezalandyrylma mynasypdyrlar. Çünki biziň her haýsymyz özboluşly günäkärdiris. Isa ölmeli bolupdy. Çünki Onda biziň ynsan tebigatymyz bolupdy hem-de Adam Atanyň nebereleriniň başynda bolan şol näleti Özüne alypdy. Ýöne Ol ölüme mysasyp bolan zatlary asla etmändigi üçin „Hudaı ölüm agyrylaryny çözüp, Ony direltdi, sebäbi ölümiň Ony saklamagy mümkin däldi“ (Resullaryň Işleri 2:24). Mesih „mukaddeslik ruhy boıunça ölümden direlmegi arkaly Hudaıyň Ogludygy gudrat bilen subut boldy“ (Rimlilere 1:4). Şeýlelikde, Özüniň gyşarnyksyz häsiýeti boýunça, Ol şöhrat bilen direldildi.
Mesih Özünde diňe ynsan tebigatynyň bolandygy üçin haçda öldi. Ol meýletinlik bilen Öz janyny biz üçin peşgeş berdi. Ol „biziň günälerimiz üçin“ ( 1 Korintoslylara 15:3) ölmegi bilen hem-de Özüniň ölümi bilen bize günäden halas bolmagy berip biljekdigini bilip (Efeslilere 5:2, 25; Ylham 1:5; Galatýalylara 2:20), Özüniň bize bolan söýgüsini aýan etdi. Isa birkemsiz bolandygy üçin, Ol günäden üstin çykyp bildi we ölümden direlip, ebedi ýaşaýşyny alan ilkinji adam bolmagy başardy. Şonuň üçin, kimde-kim suwa çokundyrylma hem-de Onuňky ýaly ýaşaýyş arkaly özüni Mesih bilen utgaşdyrýan bolsa, edil şonuň ýaly direlme we sylag umydyny alyp biler. Mesihiň direlmeginiň keramatly ähmiýeti hem mundan ybaratdyr. Bu biziň direldiljegimiziň hem-de kazyýetiň öňünde durjakdygymyz baradaky „subutnamadyr“ (Resullaryň Işleri 17:31). Şonuň üçin, eger-de biz hakykatdan hem Oňa çalymdaş bolaýsak, onda biz hem ebedi ölmez-ýitmezlik sylagy alarys. Biz „Reb Isany Direldeniň bizi hem Isa arkaly direltkekdigini (ynamly) bileris“ (2 Korintoslylara 4:14; 1 Korintoslylara 6:14; Rimlilere 6:3-5). Günäkärler hökmünde biz baky ölüme mynasypdyrys (Rimlilere 6:23). Ýöne Mesihiň birkemsiz ýaşaýşyny, Onuň ölüme boýun bolmagyny we direlmegini göz öňüne tutan Hudaý bize-de ebedi ýaşaýşyny berip biler. Çünki bu Onuň esaslaryna doly derejede gabat gelýändir.
Biziň günälerimiziň täsirlerini aýyrmak üçin Hudaý biziň Onuň halas edilme baradaky ähtlerine bolan imanymyz arkaly bizi „aklaıar“ (Rimliler 4:6). Biz günäniň ölümi getirýändigini bilýändiris. Şonuň üçin biz Hudaýyň bizi mundan halas etjekdigine çynlakaý ynanýandyrys. Biz aslyýetinde imanly bolmasak-da, Onuň bizi imanlylar hasap etjekdigine ynanmalydyrys. Mesih birkemsiz bolupdy. Şonuň üçin, eger-de biz çynlakaý Mesihde bolsak, onda biz birkemsiz bolmasak-da, Hudaý bize-de edil birkemsize garaýşy ýaly garap biler. „Biz Oňa bagly bolup, Hudaıyň dogrulygyndan paı alar ıaly, Ol günäni tanamaıan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi“ (2 Korintoslylara 5:21), ýagny, suwa çokundyrylma arkaly hem-de Mesihiňki ýaly ýaşamak bilen, Mesihde bolmak üçin. Şeýlelikde, kim „Mesih Isada“ bolsa, Ol ...dogrulygy w mukaddesligi we gutaryşy boldy“ ( 1 Korintoslylara 1:30). Şonuň üçin, indiki aýat bizi Mesihiň ýeten beýik işleri üçin, Oňa öwgüleri aýtmaga ruhlandyrýar: „Çünki: „Dogry adam iman bilen ıaşar“ diıip ıazylyşy ıaly, Hoş habarda Hudaıyň dogrulygy imandan imana aıan bolıar“ (Rimlilere 1:17). Şonuň üçin-de, Hoş Habara çynlakaý düşünmekligiň esasy bölegi bu sözlere düşünmekden ybaratdyr.
Bularyň bary Mesihiň direlmegi arkaly mümkin boldy. Onuň işleriniň üsti arkaly ebedi ýaşaýşa mynasyp boljak adamlaryň bütin hasylyndan Ol „ilkinji miwe“ ( 1 Korintoslylara 15:20) hem-de Taňry tebigatynyň beriljek näze ruhy maşgalasynyň „ilkinji perzenti“ bolupdy (Koloselilere 1:18; Efeslilere 3:15 bilen deňeşdir). Şuňa görä-de, Mesihiň direlmegi Mesihdäki imanlylara dogruçyllar hökmünde garamaga Hudaýa mümkinçiligi döretdi. Çünki olar Onuň dogruçyllygynyň gol astyndadyrlar. Mesih Isa „biziň günä-tagsyrymyz üçin ölüme berlip, biziň aklanmagymyz üçin hem direldildi“ (Rimlilere 4:25). Bu sözler „dogruçyl bolmaklyk“ diýen sözleri aňladýandyr.
Hakykatdan hem Hudaýyň bizi birkemsizler ýaly hasaplamaga bolan niýetine ynamly bolmak üçin bize aklyň ýetýän oýlanyşykly iman gerekdir. Mesih bizi ahyret güni „şöhratynyň huzurynda tegmiltsiz“, „Öz öňünde mukaddes we tegmiltsiz we tämiz“ edip hödürläp biler (Ýahudy 24; Koloselilere 1:22 Efeslilere 5:27 bilen deňeşdir). Özümiziň günäli bolşumyz we hemişeki ruhy şowsuzlyklarymyz bilen bularyň baryna çynlakaý ynanmak üçin örän berk iman gerekdir. Ýöne „Haçly ýörüşde“ eliňi ýokaryk galdyrmak ýa-da bilimiň akademiki belentliklerine galmak bilen bu imana ýetilýän däldir.
Mesihe diňe dogry suwa çokundyrylma arkaly biz „Mesihde“ we Onuň päk imanly dogrulygynyň gol astynda bolup bileris. Suwa çokundyrylma däbi bilen biz özümizi Onuň ölümi we direlmegi bilen baglaşdyrýandyrys (Rimlilere 6:3-5) we şonda „aklanma“ ýa-da özümiziň dogryçyllar hökmünde kabul edilmegimiz arkaly günälerden azat bolýandyrys (Rimlilere 4:25).
Eger-de biz suwa çokundyrylmasak, onda biziň ýokarda agzap geçen keramatly işler biziň düşünjämiziň çäginden daşda galar. Suwa çokundyrylmada biz özümizi Mesihiň haçda dökülen gany bilen birleşdirýändiris; imanlylar „öz donlaryny Guzynyň gany bilen ıuwup, çuw ak“ (Ylham 7:14) edýärler. Obrazlaýyn aýdylanda, şonda olar Mesihiň päk imanyny görkezýän ak geýime bürenýändirler (Ylham 19:8). Biziň günälerimiziň netijesinde, ak geýimiň hapa bolmagy-da mümkindir (Ýahuda 23); eger-de biz muny suwa çokundyrylanmyzdan soň edäýsek, onda biz öz günälerimiziň Mesih arkaly ötülmegini Hudaýa ýüzlenip, geýimmizi ýene-de Mesihiň gany bilen ýuwmalydyrys we olary tämizlemelidiris.
İokarda aıdylanlardan ugur alyp, biz suwa çokundyrylmadan soňra gadam basan şol merhemetli ıagdaıda galmaga ıykgyn etmelidiris. Her gün yzygiderli birnäçe minudyň dowamynda öz edıän işlerimiz hakda oılanyp, günälerimizi ötülmegini sorap doga-dilegde geçirmeklik zerurdyr. Şeıle etmek bilen, biz özümiziň Mesihiň goragynyň astynda bolıandygymyza hemişe ynamly bolup bileris. Çünki şeıle etmek bilen, biz hakykatdan hem Hudaıyň Patyşalygyna gireris. Biz ömrümiziň soňky gününde ıa-da Onuň täzeden geljek gününde Mesihde bolmaga ıykgyn etmelidiris: „...öz dogrulygyma däl, eısem Mesihe bolan iman arkaly berlen, iman saıasynda Hudaıdan gelen dogrulyga eıe bolmalydyrys“ (Filipililere 3:9).
Özümize dogrulygy saımaklygyň netijesinde, imanyň telim gezek nygtalmagy öz işlerimize bil baglamak bilen, halas bolmaga asla umyt edip bilmeıändigimizi görkezıär. Çünki halas edilme diňe merhemet arkaly berilıändir: „Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaıyň sylagydyr“ (Efesliler 2:8, 9). Aklanmanyň we dogrulygyň „sylaglar (peşgeşler)“ (Rimliler 5:17) bolşy ýaly, halas bolma (gutulma) hem sylagdyr. Bizi Mesih arkaly imanlylar hasap edip we şeýdip, biziň gutulmagymyza ýol açyp, biziň üçin ähli zatlary ýerine ýetirýän Hudaýa öz işlerimiz bilen Mesihi gullukda özümiziň minnetdarlygymyzy bildirmelidiris. Öz işlerimiz arkaly gutuljakdygymyz barada oýlanmak düýbünden nädogrudyr. Gutulyş (halas bolma) – bu biziň gazanyp bilmejek sylagymyzdyr. Öz çekýän zähmetimize biz diňe öz söýgümizi hem-de uly minnetdarlygy siňdirýändiris. Çynlakaý iman gutulgysyz goşmaça önüm kimin, ýagşy işleri döredýändir (Ýakup 2:17).