carelink ministries
FREE Bible Basics Book offer!
 
Carelinks
Alcolinks
What Is The Gospel?
Bible Study
Books & Articles
Gospel News Magazine
Links
About Us & SPECIAL APPEAL

Turkmeni Bible Literature

 

9.2. Isanyň gany

Täze Ähtde biziň aklanmagymyzyň we gutulmagymyzyň Isanyň gany arkaly berjaý edilýändigi barada örän ýygy aýdylýandyr (mysal üçin, 1 Ýahýa 1:7; Ylham 5:9; 12:11; Rimliler 5:9). Mesihiň ganynyň ähmiýetini göz öňüne getirmek üçin, biz „her bir bedeniň jany Onuň ganydyr“ (Lewit 17:14) diýlen Bibliýanyň esasyna düşünmelidiris. Gan bolmazdan, ten ýaşamaz. Bu ýerde – ol ýaşaýşyň nyşany bolup durýandyr. Bu Mesihiň sözleriniň laýyklygyny düşündirýändir: „...Ynsan Oglunyň tenini iıip, ganyny içmeseňiz, sizde ıaşaıyş bolmaz“ (Ýahýa 6:53).

Günä ölüme eltýändir (Rimliler 6:23), ýagny, özi bilen jany alýan gan döküşligine getirýändir. Şol sebäli, ysraýyllylar her gezek günä batanlarynda günäniň ölüme eltýändigini ýatlamak bilen, her gezek gan dökmeli bolupdyrlar. „Mukaddes (Musanyň) Kanun boýunça zatlaryň hemmesi diýen ýaly gan bilen tämizlenýär. gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz“ (Ýewreýler 9:22). Munuň netijesinde, Adam Atanyň we How Enäniň öz tenlerini injir ýapraklary bilen örtüşleri göz öňüne gelýär. Muňa derek, Hudaý guzyny öldürip, olara öz günälerini örtmäge derini beripdir (barlyk Kitaby 3:7,21). Edil şonuň ýaly-da, Hudaý Kaýynyň toprak miwelerinden getiren peşgeşlerini alman, eýsem Aweliň getiren malyny kabul edipdir. Çünki Hudaý gan dökülmezden, günäleriň ötülip bilinmejek hem-de Hudaýa goýberilmejek esasy saklapdy ( barlyk Kitaby 4:3-5).

Bu mysallar Mesihiň ganynyň örän wajypdygyny görkezýändirler. Ýöne gynansakda, şeýle dessur bolupdyr: haçanda adamlar ölümden halas bolmagy almak niýet bilen Pasha gelenlerinde, olar öz gapylarynyň gabsasyna guzynyň ganyny çalypdyrlar. Bu gan adamlaryň öz günäleriniň üstüni basyrýan Isanyň ganyna salgylanypdy. Isa dogulandan soňraky döwürlerde ýewreýler Musanyň Kanunynda talap edilişi ýaly, öz günäleri üçin mallary gurban getiripdirler. Emma mallaryň munuň ýaly gany dökülmesi diňe terbiýe bermek maksatlarda mala aşyrylypdyr. Günä ölüm bilen jezalandyrylýandyr (Rimliler 6:23) we şonuň üçin, adam öz günäsi üçin maly öldürmeli däldir. Gurban getirilýän malda ýagşyny we ýamany bilmeklik düşünjesi ýokdur. Şonuň üçin bu günä eden adamy-da görkezip bilýän däldir. „Çünki öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleriň aırylmagy mümkin däldir“ (Ýewreýler 10:4).

Şeýle sorag ýüze çykýar: haçanda ýewreýler günä edenlerinde, näme üçin olar mallary gurban getirmeli bolupdyrlar? Pawlus bu soragyň jogaplaryny şeýle jemleýär: „...kanun Mesih gelıänçä, biziň terbiıeçimiz boldy“ (Galatýalylara 3:24). Adamlaryň günäleri üçin gurban getirilýän mallar tegmiltsiz – asla kemsiz bolmalydylar (Çykyş 12:5; Lewit 1:3,10 we ş. m.). Bular „müınsüz we tegmiltsiz guzy“ ( 1 Petrus 1:19) bolan Mesihe salgylanylypdy. Şonuň üçin, bu mallaryň gany Mesihiň ganyny keşplendiripdi. Mallar günäler üçin gurbanlyk hökmünde kabul edilipdir. Çünki bular Mesihiň özüni birkemsiz edip, gurban getirendigini aňladypdyrlar. Hudaý Mesihiň Öz-Özüni gurban getirjekdigini bilýärdi. Şol sebäpli hem Hudaý Mesih gelmezden ozal ýaşap geçen Öz adamlarynyň günälerini bagyşlap bilipdir. Onuň ölümi „birinji äht astynda gutulyş üçin“ (Ýewreýler 9:15) bolupdy, ýagny, Musanyň Kanunynyň esasynda bolupdy (Ýewreýler 8:5-9). Bu Kanun boýunça berjaý edilen ähli gurbannyklar Mesihiň gelmegini hem-de adamlaryň günäleri üçin Onuň birkemsiz gurban bolmagyny öňünden aýdyp geçipdirler. Ol „Özüni gurban etmek bilen, günäni aradan aıyrmak üçin... göründi“ (Ýewreýler 9:26; 13:11,12; Rimliler 8:3; ср. 2 Korintoslylar 5:21).

7.3 bapda biz Köne Ähtiň, aýratynda Musanyň Kanunynyň Mesihiň gelmegini öňünden aýdyp geçendigini düşündiripdik. Bu Kanun boýunça, Hudaý bilen ýakynlaşyk baş ruhanynyň üsti arkaly berjaý edilipdir. Ol Köne Äht boýunça, Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem-de Täze Äht boýunça, Mesih arkaly araçy bolupdyr (Ýewreýler 9:15). „Mukaddes Kanun ejiz adamlary baş ruhany edip belleıär, kanundan soň gelen ant sözi bolsa Hudaıyň hemişelik kämilleşdirilen Ogluny Baş Ruhany edip goıdy“ (Ýewreýler 7:28). Baş ruhanylaryň özleri hem günäli adamlar bolandyklary üçin, olar adamlara çynlakaý bagyşlanmany berip bilmändirler. Olaryň günäler üçin getiren mallary günäli adamlaryň ýerini tutup bolanokdy. Ähli zatda günäli adamyny görkezip biljek hem-de edilen günä üçin laýyk gurbany getirip biljek birkemsiz adam gerek bolupdy. Adamlar bu gurbanlyga şärik bolmakdan özlerine peýda getirip biljekdiler. Edil şonuň ýaly hem günäli adamlara duýgudaşlyk bildirip, olar bilen Hudaýyň arasynda araçy bolmak üçin hem-de edil ýönekeý adamlar ýaly synaga sezewar edilmegi (Ýewreýler 2:14-18) üçin birkemsiz Baş Ruhany gerek bolupdy.

Isa bu talaba diýseň gabat gelipdi – „bize şeıle mukaddes, ıazyksyz, çirksiz, günäkärlerden arany açan... Baş Ruhany gerek bolupdy“ (Ýewreýler 7:26). Munuň esasynda hem Hoş Habary Mesihe biziň ruhanymyz diýýär: „Şu sebäpden Ol özi arkaly Hudaıa ıakynlaşıanlary bütinleı gutarmagy başarıar. Çünki olara töwalla etmek üçin hemişe diri“ (Ýewreýler 7:25). Mesihde ynsan tebigatynyň bar bolandygy zerarly, Ol „nadanlara, ıoldan azaşanlara ıumşak bolmagy başarıan, çünki özüniň hem ejizlikleri bar“ (Ýewreýler 5:2) bolan birkemsiz Baş Ruhanymyz bolýandyr. Bu Mesih babatda şeýle tassyknamany ýatladýar: adam sypatymyza „Özi hem girdi“ (Ýewreýler 2:14).

İewreı bolan baş ruhanylarynyň diňe Hudaıyň adamlary bolan ysraıyllylar üçin araçy boluşlary ıaly, Mesih-de ruhy ysraıyllylar üçin, ıagny, suwa çokundyrylan hem-de hakyky Hoş Habaryna düşünenleriň Baş Ruhanysydyr. Ol – suwa çokundyrylyp, gaıtadan doglanlardan ( 1 Petrus 2:2-5) hem-de Hoş Habaryň çyn umydy bolanlardan ybarat bolan (İewreıler 3:6) „Hudaıyň öıüne jogapkär uly Ruhanydyr“ (Ýewreýler 10:21). Mesihiň baş ruhanylygynyň ajaýyp aýratynlyklaryna bolan bu uly haýran galdyrma bizde Onuň adyndan suwa çokundyrylmaga isleg döretmelidir; çünki munsyz Ol biz üçin araçy bolup bilmez.

Mesihiň adyndan suwa çokundyrylmak bilen, biz özümize Onuň keramatlygyndan ähli peýdany alyp bileris. Hakykatda, biz özümize kesgitli bir jogapkärligi alandyrys we bütin ömrümiziň dowamynda hem muny ýöredip gitmelidiris. „Şu sebäpli Isa arkaly Hudaıa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edıän dodaklaryň miwesini hödürläliň“ (Ýewreýler 13:15). Hudaýyň Mesihi biziň ruhanymyz hökmünde ibermek niýeti üçin biz Ony şöhratlandyrmalydyrys. Şonuň üçin-de, Hudaýa minnetdarlygymyzy bildirmegimiz üçin, Oňa Mesih arkaly göni çykmak mümkinçiligimizden hemişe peýdalanmalydyrys. Ýewreýlere ýazylan hatda (10: 20-25) Mesihiň biziň Baş Ruhanymyzdygyny görkezýän jogapkärçilikleriň sanlary getirilýär: „Hudaıyň öıüne jogapkär uly Ruhanymyz hem bardyr“.

1. „Şoňa görä, ıüregimiz erbet ynsapdan tämizlenip, bedenlerimizi tämiz suw bilen ıuwlup, imanyň beren ynamy bilen çyn ıürekden Hudaıa ıakynlaşalyň“. Mesihiň mukaddesligine düşünmeklik biziň Onuň adyndan suwa çokundyrylmalydygymyzy („bedenlerimizi suw bilen ıuwup“) hem-de özümize hiç haçan erbet pikirleri goýbermeli däldigimizi aňladýandyr. Eger-de biz Mesihiň bizi gutuldyrýandygyna ynanýan bolsak, onda biz Hudaýyň hem bizi Onuň gurbanlygy arkaly bizi halas edýändigine ynamly bolup bileris.

2. „Umydymyzyň ykraryny berk saklalyň“. Biz Mesihiň mukaddesliginiň bize peşgeş beren hakyky öwüt-nesihatlaryndan daşlaşmaly däldiris.

3. „Birek-biregi söıgi, oňat işler üçin gaırata galdyrjak bolalyň; ıygnanyşmagymyzy goımalyň“. Bizi Mesihiň mukaddesligine düşünýänler hem-de ondan hemaýat alýanlar bilen pugta söýgi baglaşdyrmalydyr. Bu aýratynda, Mesihiň gurbanlygyny ýatlaýan gulluklarymyzy geçirmek üçin bilelikdäki ýygnanyşyklarymyz arkaly amala aşyrylýandyr ( ser. 11.3.8).

Eger-de biz suwa çokundyrylsak we Mesihde gezsek, onda bu aýdylanlar biziň hakykatdan hem gutulşa eýe boljakdygymyza bizi ynamly etmelidir. „Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ıaly, Hudaıyň merhemet tagtyna ynam bilen golaılaşalyň“ (Ýewreýler 4:16).