Turkmeni Bible
Literature
9.3 Biziň hem-de Özi üçin getirilen gurbanlyk
İewreı baş ruhanysy ilki bilen öz gänäleri üçin, soňra
bolsa, beıleki adamlaryň günäleri üçin gurbanlyk getirmeli bolupdy (İewreıler
5:1-3). Mesihiň gurbanlygynda hem edil şunuň ıaly ikitaraply
ugur bolupdyr. Mesihiň özünde asla hiç hili günä bolmasa-da, Onuň
tebigatynyň ynsan bolandygy zerarly ölümden gutulmaga mätäç bolupdyr. Hudaı
Mesihiň Öz-Özüni gurban getirendigini göz öňünde tutup, Oňa halas
bolmagy peşgeş berdi. Şeılelikde, Isa özüniň halas bolmagy
hem-de bizde hem halas bolmak mümkinçiliginiň bolmagy üçin gurban boldy.
Hoş Habarda bu barada köp gezek aıdylıar.
Aşakda Mesihiň gurbanlygynyň Özi hem-de biziň
üçin getirendigini subut edýän aýatlaryň sanawy getirilýär. Bu soraga bu
ýerde köp üns berilýär. Çünki men bu temanyň Rebbimiziň ynsanlygyna
dogry düşünmeklik üçin uly ähmiýetiniň bardygyny hasaplaýaryn. Mümkin
siz bu kitaby okap gutaranyňyzdan soň geljekde bu soragy has çuň
öwrenesiňiz geler. Şonda Size aşakda aýdyljaklaryň ählisi
gerek bolar.
- Baş Ruhany „...halk üçin bolşy ıaly, öz günäleri
üçin hem gurban bermäge borçludyr...şonuň ıaly Mesih“ bu babatda
Musanyň baş ruhanylyk işini berjaý etdi (Ýewreýler 5:3,5).
Bu ýerde „borçludyr“ diýlen söz grek dilinde aýratyn-da maliýe borçy bolmaklygy
aňladýandyr – biziň Rebbimiz babatda bolsa, bu Özüňe we şeýle
hem bize gutulşy satyn almak diýmekligi aňladypdyr. Mesih muny Özüniň
ynsan tebigatly bolandygy zerarly etmeli bolupdy (Ýewreýler 5:3). Bu Onuň
özünde şahsy günäleriň bolandygyny we mundan saplanmak üçin töleg
tölemelidigini aňladýan däldir. Emma bu pursaty juda göni bellemeli däldir.
Biz Onuň gurbanlyk gany bilen gutulandyrys. Edil şunuň ýaly-da,
Ol Özi üçin hem muny berjaý edendir.
- Mesih „beıleki ruhanylar ıaly, her gün öňürti öz günäleri,
soňra-da halkyň günäleri üçin gurban hödürlemäge mejbur däl. Çünki
Ol Özüni hödürlemek bilen, muny bir gezekde bitirdi“ (Ýewreýler
7:27). Ruhanylaryň iki görnüşli gurban getirmeleriniň hem-de
Mesihiň gurban getirmesiniň arasyndaky gabat gelmeleri Pawlusyň
nygtaýandygyna hiç hili şübhe ýokdur. Ol muny ýene-de Ýewreýlere 9:7
hatda nygtaýar ( 12, 25 aýatlary deňeşdir). Munuň tapawudy
Mesihiň muny diňe bir gezek, baş ruhanynyň bolsa, muny
her ýyl berjaý edendiginden ybaratdyr. Eger-de tapawut Mesihiň Özüni
diňe halk üçin gurban edendiginde bolan bolsa, onda by nygtalyp geçilerdi.
Emma aýdylyşy ýaly, Meshiň gurbanlygy halkyň günäsinden aýry
bolan Öz şahsy „günäsi“ üçin getirilendir – Onuň „günäsi“ biziň
günälerimiz bolan däldir. Isada birkemsiz, bigünä häsiýetiniň bolandygyny
bilmek bilen, „günä“ sözi bu ýerde ynsan aslyýetiniň günä mahsus bolan
häsiýetini beýan etmäge ýene-de bir mysaldyr. Metonimiýa boýunça, sebäp (günäli
aslyýet) hakda dowamly yzysüre hökmünde aýdylýandyr. Biziň Rebbimiziň
birkemsiz bolandygyny hem-de Onuň günäde aýyplanyp bilinmeýändigi ýene-de
nygtamalydyr.
- Hudaý „Goıunlaryň uly Çopany bolan Rebbimiz Isany
(Mesihi) ebedi ähtiň gany bilen ölümden direltdi“ (Ýewreýler
13:20), ýagny Reb biziň çopanymyz bolupdy. Ol şeýle hem goýunlary
öldüripdir we şeýdip özüni ölüme eltdi. Onuň gany arkaly Hudaý Ony
ýokara göterdi. Şeýlelikde, Mesih hem gurbanlyk bolupdyr hem-de ruhany
bolupdyr.
- Zekerýa pygamberiň kitabynda (9:9) şeýle aýdylypdyr:
„Patyşaň seniň (Isa) ıanyňa dogruçyl we gutuldyrıan
bolup geler“. Bibliýanyň iňlis dilindäki terjimesinde terjimäniň
başga mümkin bolan usulyna salgylanylýar: „gutuldyrýan“ sözüne derek
„Özüni gutuldyrýan“ sözuň ulanylmagy. Bibliýanyň AV
neşirinde bolsa, „gutuldyrmasy bar bolan“ diýilmegidir. Bu dürli
okalyşlar Rebbimiziň Özüni gutuldyrmagy bilen, bize-de gutulşy
getirendigini çaklamaga esas berýär. Haçdaky gurban arkaly Isa Özüniň
şahsy aslyýetini gutardy hem-de şeýtmek bilen, Ol biziň gutulmagymyzy
gazanmagy başardy. Bizi gutarmak baradaky kontekstiň çäginden daşda
Onuň ölümi hakda oýlanmak ýerlikli däldir.
- Kanun boýunça mallaryň gurban getirilmegi arkaly gan
dökülme babatdaky ähli salgylanmalaryň Mesihiň gurban getirmesine
dahylnyň bardygy barada oýlanmaklyk zerurdyr. Altar (gurban ýakylýan
ýer) Mesihiň simwoly bolup, ýylda bir gezek gan bilen tämizlenipdir (Çykyş
30:10). Bu Mesihiň Özüni Öz gany bilen mukaddeslendirjekdigini görkezipdir.
Hakykatdan hem Mesihi aňladýan bütin çadyr gan bilen ýuwulmaly bolupdyr
(Ýewreýler 9:23). Çadyryň göze ilýän goşlary günä golaý bolmagy
bilen, tämizlenmek talap edilse-de, olar hiç hili günä etmändi. Biziň
Rebbimiz bilen hem edil şeýle boldy. Baş Ruhany özüniň gullugynyň
başynda özüne gan sepeläp çykmaly bolşy ýaly, Mesih-de Özüniň
Göklerde biz üçin gullugyna başlamazdan öňürti Özüni gurban etmeli
bolupdyr (Lewit 8:23).
Isanyň Öz-Özüni gutarandygy Onuň hem günäli bolandygyny
aňladýan däldir. Şahsy günäli gurbanlygy getirmeklik gurbanlyk getirýäniň
günälidigini hemişe aňladýan däldir.