carelink ministries
FREE Bible Basics Book offer!
 
Carelinks
Alcolinks
What Is The Gospel?
Bible Study
Books & Articles
Gospel News Magazine
Links
About Us & SPECIAL APPEAL

Turkmeni Bible Literature

 

9.4. Isa biziň wekilimiz

Ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly, mallary gurban getirmeklik öz günälerini ýuwýan günäli adamlaryň deregini tutup bilmeýärdiler. Isa bolsa bize derek boldy. Çünki Ol „her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy“ (Ýewreýler 2:17). „Ol her ynsan üçin ölümi datdy“ (Ýewreýler 2:9). Haçanda biz günä edenimizde, meselem, haçanda biziň gaharymyz gelende Hudaý bizi „Isanyň haky üçin“ bagyşlap bilýär (Efesliler 4:32). Bu Hudaýyň bizi Mesih bilen, ýagny, meselem, gahary gelse-de, her bir meýilden üstin çykmagy başarmak ýaly günä etmek meýli bilen ýüzbe-ýüz bolan bize kybapdaş bolan adam bilen deňeşdirip bilýändigi üçin bolup geçýändir. Şonuň üçin, Hudaý biziň gahar-gazabymyzy bagyşlap bilýändir. Çünki biz Onuň dogrulyk goragynyň astynda Mesihdediris. Hudaý Özüniň şahsy dogrulyk esaslaryny saklamak bilen, bize Özüniň merhemetini görkezmek maksatyny diňe biziň geljekki wekilimiz bolan Mesih arkaly ýerine ýetirýär.

Eger-de Isa ynsan bolman, eýsem Hudaý bolan bolsa, onda Ol biziň wekilimiz-de bolup bilmezdi. Bu haçanda bir nädogry pikiriň beýleki bir nädogry pikire eltýändigini görkezýän ýene bir aýdyň mysalydyr. Şeýlelikde, hudaýçyllar Mesihiň ölümini düşündirmek üçin ummasyz çylşyrymly teoriýalary işläp düzüpdirler. Mesihilige razylaşmaýanlaryň meşhur teoriýasy şulardan ybaratdyr: adamyň günäsi ony Hudaýyň öňünde bergili etdi we şonuň üçin-de, onuň özi bulara töleg töläp bilmedi. Şonda Mesih haçda dökülen gany bilen her bir ynanýanyň bergisine töleg töledi. Hoş Habary wagyz edýänleriň köpüsi muny şeýle görkezýär: „Şeýtan tarapyndan atylmazdan öň, biziň ählimiz diwara hatara düzülenmişimiz. Şonda Isa-da goşulypdyr. Şeýtan ony bize derek atypdyr we indi biz azatlykdamyşyk“.

Şeýle ussatlyk bilen düzülen teoriýalarda bibliýa tarapdan hiç-hili goldaw ýokdur. Munda gapma-garşylyklar göz-görtele görnüp durandyrlar. Çünki, eger-de Mesih bize derek ölen bolsa, onda biz asla ölmezdik. Ýöne bizde ynsan tebigatynyň barlyg sebäpli, biz ahyrsoňy ölmelidiris; haçanda bize ölmez-ýitmezlik yglan edilende, günäden we ölümden gutulmasy ahyrsoňy  kazyýetde aýan bolar. Biz muny Mesih heniz ölükä alan däldiris. Mesihiň ölümi iblisi ýok etdi (Ýewreýler 2:14). Ýöne iblis welin, Ony ýoklap bilmez.

Eger-de Mesih Özüniň gany bilen borç üçin töleg tölän bolsa, onda biz özümize gutulşy almaga hakly ýaly bolardyk. Emma welin, gutulyş – bu Hudaýyň rehimdarlygy we geçirimligi bilen bize berilýän peşgeşdir. Şonuň üçin-de, eger-de biz Mesihiň gurbanlygyna borç üçin töleg hökmünde garasak, onda bu peşgeşiň asla ähmiýeti-de bolmazdy. Onda bu gaharly bolan Hudaýyň Isanyň fiziki ganyny görende ynjalandygy ýaly bolup görnen ýaly bolýarda. Ýöne biziň toba eden wagtymyz Hudaý Öz Oglunyň bize wekilçilik edýändigini görýär. Şonuň üçin, biz hem öz gezegimizde Mesihiň ganyna ýöne bir tumar ýaly ýapyşyp ýatman, eýsem ahli zatda Oňa meňzemäge ýykgyn edýändiris. Birtopar „hristian“ gimnleri we aýdymlary bu babatda ummasyz ýalan zatlary öz içine alýandyr. Iň ýalan bolan doktrina adamyň aňyna bibliýa taglymaty arkaly gös-göni girmän, eýsem aýdym-sazyň üsti arkaly aralaşýandyr. Bular ýaly usul arkaly başymyzyň bulam-bujarlyga aralaşmazlygy üçin biz hemişe hüşgär bolmalydyrys.

Gynansakda, „Mesih biziň ugrumyzda öldi“ (Rimliler 5:8) diýlen ýönekeý sözler örän nädogry düşündirilýär we bu Mesihiň bize derek ölendigini aňladýan ýalydyr. Rimliler 5 we 1 Korintoslylar 15 baplardaky aýatlaryň arasynda birtopar baglanyşyklar bardyr (meselem, 12 aýat = 1 Korintoslylar 15:21; 17 aýat = 1 Korintoslylar 15:22). „Mesih biziň ugrumyzda öldi“ (Rimliler 5:8) diýlen sözler „Mesih biziň günälerimiz üçin öldi“ (1 Korintoslylar 15:3) diýlen jümle bilen utgaşýandyr. Bu ýerdäki „üçin“ diýlen söz „biziň ugrumyzda“ diýlen sözi aňladýan däldir. Mesih „biziň günälerimiz üçin“ ölendir. Emma welin, olara „derek“ ölen däldir. Munuň netijesinde-de, Mesih biz üçin „töwallaçylyk“ edip bildi (Ýewreýler 7:25). Emma welin, Ol bize „derek“ töwallyçylyk eden däldir. „Üçin“ diýlen söz Ýewreýler 10:12 we Galatýalylara 1:4 aýatlarda „deregine“ diýmekligi aňladýan däldir.