Bap 3: Soraglar

1. Taňry wadalaryndan haýsylary günä bilen dogrulygyň arasyndaky hemişelik göreşi öňünden aýdýar?
à) Nuha berlen wada
á) Erem bagynda berlen wada
â) Dawuda berlen wada
ã) Ybraýyma berlen wada.

2. Aşakdaky tassyknamalaryň haýsylary Erem bagyndaky wada babatda hakykydyr?
à) Lýusifer ýylanyň neslidir
á) Isa Mesih we imanlylar aýalyň zürýadydyr
â) Ýylanyň nesli Mesih tarapyndan waglaýynça ýaralanandyr
ã) Aýalyň zürýady Mesihiň ölümi bilen ýaralanandyr.

3. Ybraýymyň nesli nirede ebedi ýaşar?
à) Göklerde
á) Ýerusalim şäherinde
â) Ýerde
ã) Käbirleri Göklerde, käbirleri bolsa ýerde.

4. Aşakda görkezilenlerden näme Dawuda wada berlipdir?
à) Onuň beýik mirasgäriniň ebedi patyşalyk sürmegi
á) Onuň „zürýadynyň” Gökde Patyşalygy bina etjekdigi
â) Onuň zürýadynyň Hudaýyň ogly boljakdygy
ã) Onuň zürýady bolan Isanyň ýerde dogulmazdan öň Gökde ýaşajakdygyny.

5. Biz nädip Ybraýymyň zürýady bolup bileris?

6. Ýer hemişelik weýran edilermikä?

7. Hudaýyň wadalary nädip siziň 6 soraga beren jogabyňyzy tassyklaýar?

8. Barlyk Kitabynyň 3:15 aýatynda aýdylýan Erem bagyndaky wadany düşündiriň.

Öz jogaplaryňyzy awtor Dankan Histere elektron hat arkaly ýollaň info@carelinks.net