Çekeleşme10: „Britan Ysraýylyzmyň” talap etmesi
H.U. Armstrongyň „Ýönekeý hakykat” atly guramasynyň tarapdarlary Ybraýyma berlen wadalaryň eýýäm iňlis we amerikan halklarynda berjaý bolandygy baradaky ideýany öňe sürdüler. Olaryň pikirine görä, bulara Ýefrem we Manassiýa degişlidirler. „Britan Ysraýylyzm” hereketiniň agzalary Angliýanyň korollarynyň we korolewalarynyň Dawut patyşadan başlan Iudanyň neslinden gelip çykandyklaryny hasaplaýarlar. Özleriniň teoriýalaryny aklamak maksady bilen, olar ýewreýleriň Taňrynyň halky hökmünde ýüz öwürlendikleri, olaryň ýerine bolsa, britan halkalrynyň saýlanandygy barada netije çykarmaly bolupdyrlar.
3 bapda aýdylyp geçilen beýannamalara laýykda, bibliýa tarapyndan bu talap edilmeleriň hiç hili esasynyň ýokdygy aýdyňdyr. Aşakda olaryň köp sanly hatarynyň içinden munuň ýaly pikirleriň ýalňyşlygyny tassyklaýan diňe birnäçe mysal getirilýändir:
· „Bar adamlar günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldylar” (Rimlilere 3:23), şuňa görä-de, Mesih ähli milletiň adamlaryna halas bolmak mümkinçiligini bermek üçin öldi. Eger-de biz Mesihiň adyndan suwa çokundyrylma däbini berjaý edip, ruhy Ysraýylyň bölegi bolan bolsak, onda biziň haýsy milletden bolandygymyzyň tapawudy ýokdyr (Galatýalylara 3:27-29). Biz Hoş Habara ynanýan adamlary suwa çokundyryp, bütin milletlere wagyz etmek nesihatyny aldyk (Markus 16:15-16). Şeýlelikde, täze Ysraýyl diňe britanlardan bolman, eýsem ähli milletlerden bolan adamlardan ybaratdyr.
· Britan we amerikan halkarynyň gelip çykyşlaryny kesgitlemek örän kyndyr. Olar dünýäniň köp böleginden bolan garym-gatym adamlardan düzülendirler. Şonuň üçin bu ýurtlarda kimdir biriniň dogulmagy bilen, bu halkyň Hudaý tarapyndan saýlanandygyny aňladýan däldir.
· Britan ysraýyllylar özleriniň Hudaýa tabynlygyna bagly bolmazdan, Ybraýymyň nesline wada berlen merhemetleriň britan halklarda ýerine ýetirelendigini tassyklaýarlar. Ýöne bu diňe Hudaýa boýun bolnan ýagdaýynda Taňry merhemetleriniň adamlara injekdigi barada telim gezek aýdylýan pikire düýpli derejede garşy gelýär. Lewit Kitabynyň 26 we Ikinji Kanun Kitabynyň 28 baplarynda ysraýyllylaryň Onuň sözüne boýun bolan ýagdaýynda ýalkanjakdyklary we boýun bolmadyk ýagdaýynda bolsa näletlenjekdikleri nygtalýar. Britanlylaryň Hudaýyň sözüne boýun bolan we köplenç aç-açan boýun bolmadyklaryna bagly bolmazdan, Hudaýyň olara Öz merhemetlerini ýollandygy baradaky tassyknama Hudaýyň Öz ýalkamalaryny ýollaýan şertleriniň bozulmasyndan başga zat bolup bilýän däldir.
· Hudaýyň Öz Ysraýyl halkyndan ýüz öwürendigi hem-de ony britanlara çalyşandygy baradaky tassyknama Rimlilere 11:1-2 aýatlarda görkezilen pikirlere gapma-garşy gelýändir: „Hudaý Öz halkyny ret etdimi? Ýok! Çünki men-de (Pawlus) Ybraýymyň neslinden bolan ysraýylly…Hudaý Özüniň öňden tanan halkyny ret edenok”.
· Taňrynyň Patyşalygy geçmişde Ysraýylyň patyşalygy bolupdyr (2 Par. 9:8). Şalyk diňe olaryň boýun bolmandyklary zerarly agdarylypdyr, ýöne bu ýene dikeldiler (Ýezekil 21:25-27). Haçanda Isa ol ýerde Dawudyň tagtyna geçende (Luka 1:32), oll Ýerusalima dolanar (Miheý 4:8).
· Häzir dünýäniň çar tarapynda ýaýran Ysarýylyň adamlary ýene-de bir ýere ýygnanarlar: „Men halklaryň arasyndan Ysraýyl ogullaryny alaryn hem-de olary ähli ýerden ýygnap, olaryň öz ýerlerine getirerin. Bu ýerde Ysraýyl daglarynda Men olary bir bitewi halk ederin” (Ýezekil 37:21-22). Häzirki döwürde bu berjaý bolýar we ýewreýler (ýehudylar) öz ýerine gaýdyp barýarlar. Olaryň doly gaýdyp barmasy Patyşalygyň döwründe bolar. Ýewreýleriň öz topragyna gaýdyp gelişleriniň häzirki depginleri munuň örän ýakyn wagtda boljakdygyny görkezýär.
Bellik: Bu sorag bilen içgin gyzyklanýan adam „Britan Ysraýylmyň barlag işleri” atly kitapçany neşir edýänlerden mugt alyp bilerler.