|
Çekeleşme 11: Syrat köprüsi
Rim katoliki ybadathanasy ölümden soňra Taňrynyň adamlarynyň janynyň „asmanyň“
we „ýeriň“ arasyndaky ýarym ýolda ýerleşýän syrat köprüsine gidip biljekdigini
öwredýär. Ybadathananyň aýtmagyna görä, bu ýer „päkleme“ üçin hyzmat edýär;
bu ýerde jan asmanda halas bolmaga ýaramly bolmak üçin öň ýany biraz wagtlap
ejir çekip gezer. Eger-de adam we onuň dost-ýarlary doga-dileg etseler,
şemler ýakyp, ybadathana hudaýolluna pul goýberseler, bu janyň syrat köprüsindäki
ejir çekmeli wagtyny gysgaltmagy mümkindir. Bu pikirleriň uly ýalňyşdygyny
şu mysallardan görmek bolar:
• Bibliýa munuň ýaly ýeriň bardygy hakda hiç zat aýtmaýar.
• Biz janyň içimizdäki nähilidir bir ölmez bölege däl-de, eýsem öz bedenimize
degişlidigini görkezipdik. Şonuň üçin „dowzah“ bu jezalar ýeri bolman,
eýsem gabyrdyr.
• Imanlylara hiç haçan asmanda halas bolma hakda wada berilmändir. Halas
bolma haçanda biz ölümden soňra biraz wagtlap „syrat köprüsinden“ çykanymyzda
berilmän, eýsem Mesih dolanyp gelende boljak hökümde bolar (Matta 25:31-34;
Ylham 22:12).
• Her bir adam aýratynlykda bolman, eýsem ähli imanlylar peşgeşleri şol
bir wagtda alarlar.
• Ölümden soňra syrat köprüsi doktrinanyň çak edişi ýaly aktiwlik bolman,
eýsem doly derejede beýhuşlyk bolar.
• Biz Meshiň adyndan suwa çokundyrylma arkaly günälerimizden saplanýandyrys
hem-de imanymyzy ölümden soň nähilidir bir ejir çekilýän döwürde berkidmän,
eýsem ömrümiziň häzirki dowamynda Onuň zähmetinde berkidýändiris. Bize
durmuşymyzdaky günäniň „köne hamyrmaýasyny aýyrmagymyzy“ buýurýarlar (1
Korintoslylar 5:7); wyjdanymyzy öli işleden päklemegimizi buýurýarlar
(Ýewreýler 9:14; 2 Timoteos 2:21). Şonuň üçin biz ölümden soň „syrat köprüsine“
baryp päklenmelimiş diýmän, eýsem häzirki durmuşymyzda päklenmelidiris.
„Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş gündir“ (2 Korintoslylar
6:2). „Syrat köprüsinde“ biraz wagtlap bolmak bilen halas bolunman, eýsem
diňe bu durmuşda suwa çokundyrylyp, Hudaýa boýun bolmagymyz we ruhy häsiýetleri
ösdürmegimiz biziň halas edilmegimize elter (Galatýalylar 6:8).
Beýleki adamlaryň bizi şemleri ýakmak arkaly halas etmek tagallalary we
katoliki ybadathanalarynyň beýleki hudaýýoly peşgeşleri biziň halas bolmagymyza
asla täsir etmez. „Öz baýlygyna bil baglaýanlar, mal-mülkleriniň köplügi
bilen öwünýänler! Ýöne adam öz doganynyň ebedi ýaşamagy üçin... onuň azat
edilmegini asla gazanyp bilmez, onuň üçin Hudaýa töleg töläp bilmez (Zebur
49:6-8).
|