|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

Çekeleşme 12: Ruh we täze görnüşe geçme


Gadymy döwürlerden bäri adam özüne ölümiň ömrüň soňy däldigine ynandyrmaga çalşyp gelýändir. Munuň netijesinde, onda ölümden soňra onuň ruhuna eýe bolýan başga bir adamyň ýa-da haýwanyň teninde ýaşamagyny dowam etdirýändigi hakda ynam döräpdir.
Biz adamyň ruhunyň özüniň içindäki deme (ýaşaýyş güýjüne) degişlidigini hem-de adam ölende (Eklesiast Kitaby 12:7) ruhuň Hudaýa dolanyp barýandygyny görkezipdik. Bu onuň ruhunyň daş-töweregimizde „eýe“ ýaly aýlanyp ýörmeýändigini hem-de şol adamyň şahsyýeti ýaşar ýaly başga adamyny ýa-da haýwany eýelemäge azat däldigini aňladýandyr. „Biziň her haýsymyz öz edenlerimize görä almytymyzy alarys“ (2 Korintoslylar 5:10). Eger-de biziň edýän işlerimiz we hüý-häsiýetlerimiz mundan öňki adamyň häsiýetiniň funksiýasy bolýan bolsa, onda biziň eden işlerimize görä (Ylham Kitaby 22:12) Taňrynyň hökümi we bize sylap-peşgeşini bermek hakdaky pikir öz manysyny ýitirýändir.


Ruh adamyň ölümi hem-de onuň doly beýhuşlygy bilen Hudaýa gaýdyp barýandyr. Şonuň üçin ölen bilen kontakt gurmaga edilýän her bir synanyşyk bu babatda Bibliýanyň öwredýän zatlaryna çynlakaý düşünişmezligiň bardygyny subut edýändir (ser. Işaýa 8:19-20). Bibliýa ölümden soň adamlaryň öz öňki öýlerine ýa-da şäherlerine islendik görnüşde dolanyp gelmeýändigini anyk aýdýandyr. Adamyň ölüminden soň munuň ýaly ýerlerde bolýan hiç hili „ruhlar“ ýa-da „eýeler“ ýokdur. Eýup 20:7-9 muny mundan başga has aýdyň aýdyp bilmezdi: „Onuň tezegi ýaly, ol hem ebedi ýok bolýandyr; ony görenler aýdarlar: „ol nirede?“ ... we ony tapmazlar... Ony gören göz, gaýdyp ony görmez; we onuň ýeri-de gaýdyp ony görmez“. Edil şunuň ýaly-da, Eýup 7:9-10 aýatynda: „Ölüler diýaryna düşen daşa çykmaz, dolanyp öz öýüne gelmez, we onuň ýeri hem ony indi bilmez“. Bu tassyklanmalar bilen ylalaşyk bizi özleriniň öýlerine barýarmyş diýlen ölen „ruhlary“ görmek hakdaky ähli gürrüňlerden daşda durmaklyga elter. Munuň ýaly „ruh görmeler“ ýalandyr.


 
Index