|
Çekeleşme 13: Biziň direlmegimiziň tebigy aslyýeti
Biz ebedi ýaşaýşyň we Taňrynyň tebigatyna geçişligiň imanlylara hökümden
soň beriljekdigini görkezipdik. Mesih ilki nobatda Öz höküminiň öňünde
jogapkärli bolanlary direlder hem-de olaryň ählisi Onuň huzuryna ýygnanyşanlaryndan
soňra olara höküm çykarmaga başlar. Ebedi tebigata geçişligiň hökümde
boljakdygy üçin, ähli direljekler ilki bilen ölme tebigatyna eýe bolarlar.
Eger-de olar direlende ölmez bedenli bolan bolsalar, onda sylag-peşgeşiň
paýlanýan hökümini geçirmegiň zerurlygy hem bolmazdy.
Hökümden soňra biz gönümel Hudaýyň Patyşalygyna girýändiris (Matta 25:34);
şuňa görä-de, imanlylar hökümden öň Hudaýyň Patyşalygynda bolýan däldirler.
„Et bilen gan Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilýän däldir (şonuň üçin)...
biziň barymyz üýtgediljekdiris... Sebäbi bu çüýreýän çüýremezlik donuny
geýmelidir, bu ölümli ölmezlik donuny geýmelidir“ (1 Korintoslylar 15:
50-51, 53). Şonuň üçin, eger diňe biziň Patyşalyga giren dessimizde ölümlikden
ölmezlik tebigatyna geçişligiň höküm ediljek ýerde bolup geçjekdigine
netije çykarmak bolar.
Emma Hudaý tarapyndan ruhlanan resul Pawlus „direlme“ sözüni „jan direlmesi“
manyda, ýagny, hökümden soň ebedi ýaşaýşyny aljak imanlylaryň direlmesini
köp aýdyp geçýär. Ol elbetde „hem dogrulary, hem egrileriň ölümden direljekdigine“
düşünipdir (resullaryň Işleri 24:15). Ol jogapkär bolan „ýagşylyk edenleriň
ýagşylyk üçin (gabyrdan çykjakdyklaryna) direljekdigine, şer iş edenleriň
höküm üçin direljekdigine“ (Ýahýa 5:29) akyl ýetiripdir.
Şeýlelikde, haçanda Pawlus „direliş“ hakda aýdanda, ol köplenç „jan direlmesine“
salgylanypdyr. Imanlylar öz gabyrlaryndan „jan direlmesinde“ çykarlar
– ýerden çykanlaryndan soňra olar höküm ediler we soňra bolsa, ebedi ýaşaýyş
peşgeşini alarlar. Bütin bu proses „jan direlmesidir“. Olaryň gabyrlardan
„çykmaklarynyň“ hem-de „jan bilen direlmegiň“ arasynda tapawutlyk ýokdur.
Pawlus „ölümden direlişe ýetmek üçin“ (Filipililer 3:11) mesihi durmuşda
ýaşamaga özüniň dyrjaşýandygyny aýdýar. Onuň jogapkär bolandygy üçin hökümde
hasabat bermek üçin direler. Onuň „direlşe ýetmek üçin“ dyrjaşandygy bolsa,
„direlşiň“ bu ýerde „jan direlmesine“ degişlidigini aňladýandyr.
„Direliş“ sözüniň „jan direlmesi“ (Luka 14:14 bilen deňeşdiriň) manysynda
ulanylyşynyň beýleki mysallaryny Luka 20:35; Ýahýa 11:24; 1 Korintoslylar
15:21, 42; Ýewreýler 11:35; Ylham 20:6 aýatlarda hem duş gelip bileris.
„Direli“ sözüniň ulanylyşy 1 Korintoslylar 15 bapda bolşy ýaly, 1 Korintoslylar
15:22 – „ölüler çüýremez bolup direljekdirler“ diýlen aýatynyň manysyna
düşünmäge ýardam berýär. „Ölüler“ sözüniň käte (aýratynda 1 Korintoslylar
15) hökümde ebedi ýaşaýşyny almak üçin direljek öli imanlylara degişlidigine
üns bermelidir: 1 Korintoslylar 15: 13, 21, 35, 42; 1 Selanikliler 4:16;
Filipililer 3:11; Ylham 14; 13; 20:5-6.
1 Selanikliler 4:16-17 aýatlarynda Mesihiň dolanyp gelmegi bilen baglanyşykly
wakalar görkezilýär:
9. Mesih adamlaryň gözlerine görnüp asmandan düşer.
10. Ölüler direlerler.
11. Şol döwre çenli diri bolan jogapkärli bolanlar höküme eltilerler.
Hemmeler bir ýere ýygnanyşanlaryndan soňra (Matta 25:31, 34; 13:41-43)
ebedi ýaşaýyş hakdaky bildiriş yglan ediler; şonuň üçin ölmezlik direlişde
yglan edilip bilmez, sebäbi iň soňky ähliumumy ýygnanyşygyň esasy bolar.
Biz ähli imanlylaryň şol bir pursatda (Matta 25:34; Ýewreýler 11:39-40)
sylag-peşgeşleri aljakdyklaryny görkezipdik. Eger-de ölmezlik direlişde
yglan edilen bolsa, onda bu mümkin bolmazdy. Çünki bu umumy diri jogapkärli
bolanlaryň ýygnanyşygyny esaslandyrýandyr.
Emma biziň wagta düşünişimiziň ýöne ynsan aklynyň ölçegindedigini bellemelidir.
Hudaý munuň bilen asla bagly däldir. Mesih gelende boljak wakalaryň aýratyn
hronologiýasyny işläp düzmek üçin ýerine ýetiriljek synanyşyklarda has
uzagraga-da aralaşmak mümkindir. Höküm ýerindäki direliş we biziň ölmezlige
geçişimiz „birden göz-açyp ýumasy“ (1 Korintoslylar 15:51) bolup geçer.
Eger zerur bolan ýagdaýda, Mesihiň dolanyp gelen pursadynda wagt ölçegi
başga bir ölçegde gider. Bu hem höküm edilenler üçin bolar. Bibliýanyň
umumy esasy her bir jogapkärli bolanyň hökümiň öňünde özüniň durmuşy hakda
hasabat berjekdiginden hem-de bu hakda biraz derejede özüniň kazysy bolan,
Reb Isa bilen gürleşjekdiginden ybaratdyr (Matta 25:44 we ş.m.; Eklesiast
Kitaby 3:17; 12:14; Luka 12:2-3; 19:23; Ýezekil 18:21, 22; 1 Timoteos
5:24-25; Rimliler 14:11-12).
Jogapkärli bolanlaryň ummasyzsygyny göz öňüne tutmak bilen, biz hemmämiziň
şol bir pursatda we şol bir wagtyň özünde-de, aýrybaşga höküm edilmegimiz
üçin wagt birliginiň saklanjakdygyny ýa-da örän galňadyljakdygyny bilmelidiris.
Bütin direliş we höküm edilme prosesiniň „göz-açyp ýumasy“ bolmagy üçin
bu stadiýada wagt ölçeginiň galňadyljakdygy sebäpli, köplenç bu direliş
wakasy imanlylara beriljek ebedi ýaşaýyş baradaky wakalar hökmünde hem
aýdylýandyr. Emma bu biziň gabyrdan höküm ediljek ýerine we soňra bolsa,
Taňrynyň rehimdarlygy bilen ebedi ýagdaýyna geçirilme tizliginde bolup
geçer. Mundan öň agzap geçen aýatlardan Bibiliýanyň öwgütleriniň esasynda,
ebedi ýaşaýyş direlişde berilmän, eýsem, höküm edilende beriljekdigini
bilmelidiris. Şol sebäpli hem, 1 Selanikliler 4:16 imanlylaryň surnaýyň
sesi bilen çagyryljakdyklary aýdýar. 1 Korintoslylar 15:52 hem olara ölmezligiň
berilmegi bilen baglaşdyryp, şol surnaý hakda aýdýandyr. Bu şeýle hem
Pawlusyň näme üçin direliş barada höküm ýerine çagyrylma baradaky ýaly
oýlanandygyny düşündirýär (mysal üçin Filipililer 1:23).
|