|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

Çekeleşme 14: Ýokaryk göterilme
„Ewangelion“ ybadathanalarynyň arasynda Mesih dolanyp gelende imanlylaryň ýokaryk göge tarap göteriljekdikleri barada giňden ýaýran ynam bardyr. Bu ynam köplenç şol ýeriň ýok edilmek hakdaky ideýasy bilen baglaşdyrylýar. Çekeleşme 9 biz munuň ýaly garaýşyň ýalňyşlygyny görkezipdik. 4.7 bölümde biz şeýle hem Hudaýyň Patyşalygynyň asman däl-de, eýsem ýeriň boljakdygyny aýdypdyk. Bu dini ýalňyşlyklar 1 Selanikliler 4:16-17 aýatlaryň nädogry düşündirilmesine esaslanýandyr: „Çünki Rebbiň Özi...gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler. Ondan soňra biz, galan dirilerolar bilen bileRebbi howada garşylamak üçin bulutlar içinden alnyp göterileris. Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys“.


Hoş Habaryň diňe bir böleginiň esasynda çynlakaý netijeleri çykarmaga göz-görtele howp hakda aýtmazdan, bu ýerde imanlylaryň Göklere göteriljekdikleri hakda agzalmaýandygyny bellemelidir. Heniz imanlylar Mesihe gözi düşmänkäler Ol eýýäm asmandan iner. Mesih Ýerusalimda Dawudyň tagtynda mydamalyk şalyk sürer we biz hem Onuň bilen bile ýerde bolarys. Şonuň üçin, biziň Onuň bilen nirelerdir bir asmanda asyl-asyl ýagdaýda ebediligi geçirjegimiz mümkin däldir. „Howa“ ýer ýüzünden diňe birnäçe kilometr ýokary aralygyna çenli ýaýylandyr we şonuň üçin bu Hudaýyň ýeri bolup hyzmat edýän Göklere degişli bolup bilmez.
Hoş Habarda „göterileris“ diýlip terjime edilýän grek jümlesi gönümel manyda „alyp gidileris“ diýmekligi aňladýandyr; munda nähilidir bir kesgitli ugra bolan görkezmeler ýokdur. Lewit 6:4 we Ikinji Kanun 28:31 aýatlarda grek Köne Ähtinde (Septuaginta) bu jümle ogurlanan zadyň „äkidilmesini“ beýan edilende duş gelýär. Bu şeýle hem Resullaryň Işlerinde 8:39-40 duş gelýär: „Rebbiň bir perişdesi Filipusy göterip äkitdi. Wezir hem ony soň görmedi... Filipus Azotede peýda boldy“. Bu ýerde Filipusyň bir ýerden beýleki bi ýere adaty bolmadyk ýagdaýda geçirilendigi barada aýdylýar.


Haçanda Mesih gelende ähli jogapkärli bolanlar höküm ediljek ýere üýşerler; ýöne olara ol ýere özleriniň barmaklaryna ýol berilmez. Bu biziň şol ýere gös-göni howada geçiriljekdigimizi aňladýan hem bolmagy mümkindir.
Isa şeöle diýdi: „Ynsan Oglunyň görünjek gününde... ekin meýdanynda iki adam bolar: biri alnar, biri goýlar“ (Luka 17:30, 36). Bu hem garaşylmadyk ýagdaýda äkidiljek hakda oýlanmaga esas döredýär. Resullar çyn ýürekden: „Ýa Reb, nirede?“ diýip sorapdylar. Ol olara: „Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşüşýändir“ diýip jogap berdi. Garaguşlar howada uçup, maslygyň bar ýerinde oturyşlary ýaly, jogapkär bolanlar hem öz Reblerine duşmak üçin höküm ediljek ýerine geçiriler.


Biz ýene-de Mesihiň höküm etjek ýeri hakdaky öwgüdiň wajyplygyny nygtap geçmelidiris. Höküme ilki bilen jogapkär bolanlar gelmelidirler, olaryň içinden imanlylar sylaglanar. 1 Selanikliler 4:16-17 aýatlaryň ýüzleý okalmagy bizi ähli imanlylaryň asmana göterilip, olaryň ol ýerde Mesih bilen mydamalyk galjakdyklary baradaky netijä eltip biler. Emma, biz ähli jogapkär bolanlaryň hökümde bir ýere üýşüriljekdiklerini, mümkin olaryň ol ýere howada geçiriljekdiklerini we soňra bolsa, olaryň öz sylag-peşgeşlerini aljakdyklaryny bilýändiris.


 
Index