| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
Çekeleşme 15: Patyşalygyň hakykylygyKöne Äht pygamberliklerinde bolan edebi beýan etmeler köplenç teologlaryň we köp dürli konfessiýalaryň agzalarynyň äsgermezligine sezewar bolýar. Olar bu beýannnamalaryň ýazylan dilini has şertleýin hasaplaýarlar hem-de planetamyzyň oda ýanmagyny göz öňüne tutup, sylag-peşgeş beriljek ýer üçin başga bir ýeriň saýlanyljakdygyny ynandyrýarlar. Eger-de Bibliýanyň kesgitli ýerinde ruhy gönükdirilmeleriň bardygyny görkezýän anyk kesgitleme bolaýmasa, ony öwrenmegiň esasy düzgüni onuň mazmunyna hemişe göni manyda düşünmekden ybaratdyr. Mysal üçin, Ylham Kitabynyň birinji aýaty bize görnüşiň simwolika görnüşdedigini aýdýar (Ylham 1:1). Hekaýanyň diliniň özi hem beýan edilýän bölüme hakyky garamalymy ýa-da oňa simwoliki hökmünde düşünmeklige kesgitli görkezme berýär. Şeýlelikde, haçanda biz „ýer serhoş kimin yranýar“ (Işaýa 24:20) okanymyzda, munuň ýeriň simwoliki beýan edilmesidigi doly aýdyňdyr. Munuň tersine, haçanda geljekki Patyşalyk hakda aýdylanda welin, munuň dili göni manyda düşünmek üçin ýeňildir. Munuň başga manyda ýazylandygyna hiç hili aýlaw sözi-de ýokdyr. Hudaýyň Patyşalygynyň ýerde bolmagyna ynanmaga adamlar ukypsyz bolandygy sebäpli, Bibliýanyň öwgütleriniň garşysyna gidýän teoriýalar işlenip düzüldi. Ruhy ýa-da asmandaky Patyşalyk hakdaky bu teoriýalar jikme-jik beýan edilmeleriň ýoklygyndan we ýüzleý bolmakdan ejir çekýändir. Şonuň üçin biz olary örän kynlyk bilen aňymyza siňdirýändiris. Hakykatda, eger-de maýyp adamlaryň sagalmagy ýa-da çölüň bol hasylly ýere öňrülmegi hakdaky beýannamalar simwoliki manyda bolýan bolsa, onda: „Olaryň simwolikasy nämeden ybaratka?“ diýen sorag berilmelidir. Aşakda Hudaýyň Patyşalygy hakda bölümler getirilýär. Eger-de biz olaryň hakykatlygyna ynamly bolmaýan bolsak, onda biz Patyşalyk baradaky Hoş Habary („ýagşy habarlary) bilýän däldiris we şonuň üçin biz ondan özümize ýer hantama däldiris. Şu bölümler muny tassyklaýandyrlar:
Ylham 20:4 aýdylyşy ýaly, Patyşalygyň dowamlylygynyň 1000 ýyl boljakdygyna göni manyda düşünmelidir. Çünki munda şol döwrüň tebigaty barada aýdylan pygamberlikleriň sözleri göz öňüne tutulmalydyr. Hatda Ylham Kitabynda hem ähli zady göçme manyda kabul etmeli däldir. Üçünji adamlara gönükdirilen salgylanmalar munuň aýdyň mysalydyr. Ylham 4:4-9 Patyşalygyň sabat dünç güni hökmünde beýan edilmesi has ünsüňi çekiji bolup dyrýandyr. Ýöne „Rebbiň ýanynda bir gün müň ýyl ýalydyr“ (2 Petrus 3:8). Her haýsynyň dowamlylygy müň ýyldan ybarat bolan „alty“ günden soňra, Hudaýyň ýer babatdaky müňýyllyk Patyşalygynyň sabat „güni“ bolar. Dünýäniň ýaradylşynyň Bibliýa senesine laýyklykda, dünýä ýaradylandan bäri 6000 ýyl (ýagny, 6 „gün“) biziň eramyzyň 2000 ýylynda dolar (dünýäniň Mesih dünýä inmezinden 4000 ýyl ozal ýaradylandygyny hasaba almak bilen). Bu müňýyllyk Patyşalygyň başlangyjynyň biziň eramyzyň 2000 ýyl töwereginde mümkindigini aňladýandyr. Şonuň üçin biziň hemmämiz üçin wagt çäklidir. Mesihiň basym dolanyp geljekdigi sebäpli, biz özümizi Onuň gelmegine taýýarlamak üçin bu gysga durmuşyň her bir mümkin bolan pursatyndan peýdalanmalydyrys. |